28.06.2018 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý gelip gowuşdy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň - ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.

Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr.Oba hojalygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Döwletimiz oba hojalyk pudagyna uly goldaw berýär.Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary, elewatorlary we degirmen toplumlaryny, saýlama bugdaý tohumyny taýýarlaýan kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga hem iri maýa serişdeleri goýberilýär.

Ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, tohumçylyk işini ösdürmäge uly üns berilýär.Oba hojalygynyň dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen anyk çäreler görülýär.

Döwlet tarapyndan berilýän karzlar hem-de salgyt ýeňillikleri oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin uly kömek bolup durýar.Hususan-da, daýhanlara ýer üçin iň pes möçberdäki tölegler bellenildi, olar salgyt tölemekden doly boşadyldy.

Kärendeçileri we daýhan birleşiklerini tehnika, tohumlar, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek işi ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň maliýe-ykdysady gurallary barada aýdylanda bolsa, daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, hususy telekeçilere ýörite tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin berilýän ýeňillikli karzlar barada ýatlap geçmelidiris.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamanyň, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, ähli sebitlerde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Ynha, eýýäm birnäçe ýyl bäri, Türkmenistanyň azyklyk dänäni daşary ýurtlara ibermegi okgunly döwlet ösüşiniň nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýete eýedir.Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda öz öndürýän gallamyz bilen içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmagyň hasabyna üpjün etmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Galla oragy dowam edýär, kabul ediş bölümlerine her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar.Gallaçylar ýetişdirilen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwy bilen öndürijilikli zähmet çekýärler. Ýeri gelende ýatlasak, şu ýyl ýurdumyzyň galla meýdany 760 müň gektara deň boldy.

Oba hojalyk ýerleriniň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzyl şaglawuk-25” , “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” we “Krupinka” görnüşleri ekilip, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşdylar. 2018-nji ýylyň galla oragynda bugdaý orýan kombaýnlaryň 1700-si işledildi.

Welaýatlarda dünýä belli şereketleriň “John Deere W540”, “TUCANO 430” (“CLAAS”) ýaly täze, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň onlarçasy meýdanlara çykaryldy.Galla oragynyň barşynda olar mehanizatorlaryň hem-de daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa) hem-de “Umax Trade GmbH” (Germaniýa) kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, serişdeleriniň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we beýleki serişdeleriň uly toplumyny satyn almak üçin şertnamalary baglaşdy. Şolary 2017 — 2020-nji ýyllaryň dowamynda üç tapgyrda getirmek göz öňünde tutuldy.

Kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara dänäniň daşalmagyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalaryň ýük awtoulaglarynyň 8 müň 700-den gowragy üpjün edýär.

Gazanylan üstünligi berkitmek üçin galla meýdanlarynda iş depgini birjik-de gowşadylmaly däldir, galla oragyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrmak boýunça gallaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin tutanýerli hem-de sazlaşykly zähmeti bilen bugdaý oragynyň depginini has-da güýçlendirmäge çalyşýarlar.

Ýene degişli makalalar

1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Türkmenistanda galla oragy badalga aldy