28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, KamAZ paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, Tatneft paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, UK KER-Holding jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda täze üstünlikler baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny ýetirdi.Myhman toý-dabaralaryna gatnaşmagyň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinde gadymy döwürlerden bäri haýran eden ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligine we syratlylygyna nobatdaky gezek tomaşa etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, her ýyl ýokary derejede bellenilýän ählihalk baýramy milletiň agzybirligini we jebisligini, onuň ýokary medeniýetini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň üstünlikleri we gazananlary bilen tanyşdyrýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki halkyň öňden gelýän medeni gatnaşyklaryna we ruhy ýakynlygyna esaslanýan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belledi.

Ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşykda ýakyn we uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy hyzmatdaşlykda hem-de bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe topladylar. Şunda biziň ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň — KamAZ-yň, Tatneft açyk paýdarlar jemgyýetleriniň, Kazanyň dikuçar zawody açyk paýdarlar jemgyýetleriniň we beýlekileriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda KamAZ söwda we okuw-hyzmat merkezi hereket edýär.Bu dünýä belli awtomobil tehnikalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze açylýan mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň, sebitleri senagatlaşdyrmagyň, eksport önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleri netijeli peýdalanmagyň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, häzirki zaman ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegiň hasabyna artdyrmagy ugur edinýän toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda diýen ýaly, şol sanda maşyngurluşyk, ýangyç-energetika toplumy, energetika, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagaty ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler döreýär.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ünsüň berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we munuň üçin Tatarystan Respublikasynda döredilen aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring hem-de ylmy-barlag merkezlerini, nano we IT-tehnologiýalary ulgamynda gazanylanlary, kompozision serişdeleri we robot tehnikalaryny, sebitara logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ulanmaga taýýarlygyny tassyklady.

Biziň ýurdumyz amatly geografik we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen, ulag ulgamynda — awtomobil, demir ýol, deňiz, raýat awiasiýasy ulgamlarynda iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar we durmuşa geçirýär.Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň gyzyklanma bildirýän taraplar üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkez hökmünde garaýyş durýar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara, ylmy we okuw-bilim merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanda we Tatarystanda ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi gozgaldy.

Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi uludyr.Taraplaryň geljekde hem ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, şeýle gatnaşyklar özara uzak möhletleýin bähbitlere hem-de netijeli döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategiýasyna doly laýyk gelýär.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow birek-birege mähirli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar, doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
ТУРКМЕНО-ТАТАРСТАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ
Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Aşgabatda Daşkent seýilgahiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, Türkmenistan we Tatarstan KAMAZ hem-de Tatneft taslamalary boýunça haryt dolanyşygyny artdyrmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmen-rus işewürlik maslahaty dowam edýär