Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirilip, oňa köp sanly dabaraly çäreler bagyşlandy.Behişdi ahalteke bedewi olaryň baş gahrymany boldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda nesilden-nesle aýawly geçirilip gelnen atçylygyň iň gowy däpleri dikeldildi hem-de tutuş taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemralary we dostlary bolup hyzmat eden behişdi bedewleriň dünýä dolan şöhraty täze belentlige galdy. Şu günki baýramçylyk dabaralaryna ençeme ýurtlardan gelen myhmanlar gatnaşdylar.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty atly ylmy maslahata hem-de ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka gatnaşyjylar bar.
Ahalteke atçylyk toplumynda bedewleriň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şol dabaralaryň hatarynda aýdyň wakalaryň birine öwrülip, şonda köpçülige ajaýyp ahalteke bedewleri görkezildi, emin agzalary olaryň içinden Parasat atly dor aty iň gowy bedew diýip saýladylar. Şeýle hem düýn döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.
Olar öz eserlerini behişdi bedewlere bagyşladylar. Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji dabaralarynyň merkezine öwrüldi.Bu ýere irden türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem daşary ýurtly alymlar we atşynaslar, işewürler ýygnandylar.
Köpetdag şaýolunyň ugrunda topluma tarap barýan ýolda baýramçylyk ruhunda bezelen ak öýler oturdyldy, şeýle öýler ýoluň topluma eltýän böleginde has-da köp.Bu ýere gelýänleri Türkmenistanyň Baýdagyny parladýan ýaşlar garşylady.
Atçylyk sport toplumynyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriň, çeper suratlaryň, neşir önümleriniň we beýleki işleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy.Olaryň hemmesini Ahalteke bedewi — milli baýlygymyz we buýsanjymyz diýen mowzuk birleşdirdi.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şu günler ýurdumyzda sapar bilen bolýan daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetleriň agzalary bar.
Hemmeler Halkara ahalteke atçylyk toplumyna gelen — ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy hem-de wagyz-nesihatçysy, ady ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň gülläp ösmegi bilen bagly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Döwletimiz bu pudagy ösdürmäge uly möçberde serişde goýberip, şolar halkara talaplara laýyk gelýän döwrebap, ösen düzümli pudagy döretmäge, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, ylmy-barlaglary geçirmäge, ýokary derejeli hünärmenleri — seýisleri, çapyksuwarlary, seçgiçileri, weterinarlary we beýlekileri taýýarlamaga gönükdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugra hem uly ähmiýet berýär, daşary ýurt iş saparlarynyň çäklerinde tejribe alşylmagy, şeýle hem Türkmenistanda iri halkara forumlaryň, pudaklaýyn sergileriň, dünýäniň iri atçylyk assosiasiýalarynyň we birleşmeleriniň agzalary bilen işewür duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy şol hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. Şu günler Aşgabada ýörite gelen ýurdumyzyň sarpaly dosty — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu baýramçylygyň hormatly myhmany boldy.
Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň dabaralara gatnaşýandygy üçin hem-de doganlyk iki halkyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerini berkitmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz kärdeşini daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň baştutanlary bilen tanyşdyrdy.Olar aýak üstünde bolan gürrüňdeşlikde şeýle ajaýyp dabaralara gatnaşmaga hem-de türkmen halky bilen ajaýyp bedewlere bolan buýsanjyny we şatlygyny, söýgüsini paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow aýlawa alyp barýan toplumyň ýodasyna düşdüler, onuň ugrunda dürli öwüşginli sergiler, konsert meýdançalary, halk döredijiliginiň, milli däp-dessurlaryň esasynda goýlan sahnalar ýaýbaňlandyryldy.Gadymy Gündogar bazarynda bolşy ýaly, bu ýerde halylar we ýüpek matalar joşgunly reňkleri bilen lowurdaýar, gelin-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri hem-de atlaryň owadan esbaplary, ýüzi ýazgyly keramiki önümler, çeperçilik taýdan ýonulan agaçlar, saz gurallary, ýadygärlik sowgatlary, el işleriniň özüne çekiji nagyşlary we beýlekiler kalbyňy şatlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bu ýerde öz sergi önümlerini, halk senetçileri we ussalar özleriniň yhlasly zähmeti talap edýän deňsiz-taýsyz işlerini hem-de ýasaýan önümleriniň döreýşini görkezdiler.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän dutarçylaryň deňinden geçip, tanyş oglanjygyny gördi hem-de ondan myhman üçin aýdym aýdyp bermegini haýyş etdi. Ýaş bagşy kanagatlanma bilen ýerine ýetirdi.Kiçijik artist Daşoguz welaýatynyň döredijilik mekdebine mahsus bolan häsiýetli aýratynlyk bilen joşgunly aýdym aýtdy, hormatly Prezidentimiz bolsa şu pursatda tatar Liderine ýurdumyzyň dürli sebitleriniň ýerine ýetirijilik usulynyň aýdym aýtmagyň neneňsi ýörite tilsimleri bilen tapawutlanýandygy, milli medeniýetimizde örän möhüm orun eýeleýän bagşyçylyk sungaty barada gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy diýen kitabynyň awtory hökmünde-de gürrüň berdi.Bu kitapda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üsti bilen halkymyzyň iň söýgüli sazandalarynyň biri bolan Şükür bagşy barada, sazlaryň, dessanlaryň halkyň pelsepesine we dünýägaraýşyna, türkmenleriň pikirlenişiniň we durmuşynyň keşbine edýän täsiri barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary ýoluny dowam edip, sergide görkezilýän halk döredijiliginiň eserlerini, däp bolan durmuş esbaplaryny uly gyzyklanma bilen synladylar.Demirden zähmet senetlerini ýasaýan ussa hem olaryň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň umumy mirasynyň bölegi hökmünde gadymy senetçilik aýawly saklanýar, olar ýitirilmeli däldir, çünki şeýle hünärmentçilik medeni-nesil yzarlaýan ugry özünde jemleýär.Dogrusy, häzirki döwürde durmuş we zähmet çekmek üçin ýönekeý önümlere bolan isleg ýok, ýöne senetçiligiň özi döredijilik taýdan meşgullanmagyň görnüşi hökmünde ýaşamagyny dowam edýär, şoňa görä-de, şeýle harytlary öndürýän ussalaryň atlary meşhurdyr, ussanyň ýasan işleri halk içinde giňden bellidir, olara buýurma berip, haýyş bilen ýüzlenýärler, olaryň seýrek hünärleriň syrlaryny kabul edýän şägirtleri hem bar. Şeýle hem häzirki zaman medeniýetini baýlaşdyrýan halk döredijiliginiň görnüşleri saklanylýar we ýaş nesillere ýetirilýär.
Atçylyk sport toplumyndaky sergide agaç çemçeler arkaly sazandarlyk edilmeginde aýdym aýtmak, pyýalalarda oýnamak arkaly sazy ýerine ýetirmegiň üýtgeşik görnüşlerini hem görmäge mümkinçilik boldy.Deri eýleýän ussatlaryň önümleri hem — dürli telpekler hem-de ýüpek ýaly ýumşak garaköli baganadan tikilen beýleki önümler, şol sanda kümüşsöw-mawy we altynsow öwüşginli aýratyn gymmat görnüşli önümler daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidentine bu täsin tebigy önümiň gadymdan bäri belli bolan bejeriş häsiýetleri barada gürrüň berdi.Bu önüm oňurga ýiliginiň nerw kökjagazlarynyň çişmesini, bogun çişmelerini we beýleki keselleri bejermäge ýardam berýär.
Göreş tutýan pälwanlaryň tutluşygy janköýerleriň goldamagy bilen dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.Milli göreş boýunça tutluşygyň ýeňijisine däbe öwrülen baýrak — köşek gowşuryldy.Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary toplumyň çäginde gurlan atyň heýkeliniň ýanynda saklanyp, atçylyk sport düzüminiň nusgalyk desgasyna hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky gözellige öwrülen bu şäherjigiň binagärligi hakynda gürrüň etdiler.
Estrada aýdymçylary we tans toparlary dabara gatnaşyjylary aýdym-sazly çykyşlary bilen garşyladylar.Aýdymlar we tanslar köp sanly myhmanlary jemlän uly we bereketli türkmen toýunyň keşbini döretdi.Ine-de, aýratyn özüne çekiji tomaşa hyrydarlyk bilen garaşyp duran hemme adamlar toplumyň çäklerinde gurnalan manežiň töweregine ýygnandylar.
Meşhur Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hemişe şeýle bolýar. Çykyşlardan öň oglanjyk bilen gyzjagaz maneže Rowaç atly taýy çykardylar, ol Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň ilkinji güni dünýä indi. Şonuň üçin milli Liderimiz oňa Rowaç diýen ady dakdy. Ösüp, kemala gelen hem-de maňlaýynda ak tegmil bolan taýyň keşbinde eýýäm syratly we ýyndam atyň sudury görünýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maneže geçip, Rowaja käşir iýdirdi we onuň bilen biraz salym gezelenç etdi.Rowaç Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň körpe çapyksuwary — gyzjagazyň görkezmesine gulak asyp, köpçülige ylgaýşyny, bir ýerde saklanyp, toýnak urşuny hem görkezdi.
Türkmen jigitleri hem-de olaryň ajaýyp tälim alan atlary köp ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy.Häzirki gün bu topar dünýäde at üstünde dürli hereketleri amala aşyrýan iň oňat topar hasaplanylýar.
Bu toparyň abraýly halkara bäsleşiklerde hem-de festiwallarda gazanan baýraklarynyň hatarynda diňe altyn baýraklar bar.Olaryň çykyşlary atlar bilen dürli hereketleri ýerine ýetirmek sungaty bilen akyllary haýran galdyrýar. Ýöne, esasy zat olaryň çykyşlarynda çapyp barýan atyň arkasynda ýerine ýetirilýän täsirli hereketleriň usullarynyň çylşyrymlylygy däl-de, eýsem, ynsan bilen atyň arasyndaky haýran galdyryjy özara düşünişilmegidir.
Artistler we bedewler bilelikde manežde bitewülik, joşgunly güýjüň kuwwaty bolup görünýär.Munuň özi töwerekde synlaýanlaryň ählisini joşdurýar.Muny şu günki çykyşyň tomaşaçylary hem doly derejede duýdular.Gözüňi aýryp bolmaýan, dogumly atçylaryň göz öňüne getirip bolmajak hereketleri ýerine ýetiren her pursadynda haýran galdyrýan ajaýyp şüweleňi, hakykatdan-da, tolgundyryjy duýgulary hem-de ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystandan gelen myhman tomaşa edilýän ýere geçdiler. Ýoluň ugrunda Rowaç diýen aty myhmana tanyşdyrmak hökmünde bedewi ýene-de bir gezek Prezidentleriň ýanyna eltdiler.Soňra aýlawyň hormatly Prezidentimize niýetlenen ýeri ýerleşen binasynda döwlet Baştutanymyz Tatarystan Resupblikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowy kabul etdi.
Bu ýerde şeýle hem milli Liderimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramyna Saud Arabystanyndan, Katardan, Bahreýnden gelen ýokary wezipeli myhmanlar bilen duşuşyklary geçirildi. Çapuw ýodalarynda bolsa baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi we inçe aýakly ýyndam bedewler badalga nokadyndan öňe okdurylyp, dessine tizliklerini artdyrmak bilen, tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekdiler.
Toýnaklaryň çalt-çaltdan urulýan dükürdileri söweşijileriň mähriban topragyny at üstünde mertlerçe goran örän alys döwürlerindäki ýaňy bolup eşidildi. Ýöne biziň günlerimizde ahalteke bedewleri parahatçylykly ýeňişler — sport, sirk we gözellik bäsleşikleri ugrunda güýç synanyşýarlar.
Biziň sport atlaryny taýýarlamaga degişli milli mekdebimiziň esasy aýratynlygy türkmenleriň atlara baş öwretmän, olary terbiýeleýändiklerindedir.Tejribeli seýisler atyň kesir gylygynyň ýüze çykmagynyň, eserdeňliginiň, gyzmalygynyň, baş bermezliginiň adam bilen onuň gatnaşyklarynda ynamyň ýetmeýändiginden habar berýändigini aýdýarlar.
Eger taýçanak dogry idedilende, ol hoşgylyk bolýar hem-de ynsanyň wepaly dostuna öwrülýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri şeýle hem seçgiçiligiň, tohum barlaglaryny alyp barmagyň döwrebap usullaryny ulanmak bilen, tohumçylyk işleriniň ylmy esaslaryny giňeltmäge gönükdirýär.
Biz dünýäniň iň oňat tejribesini öwrenip hem-de innowasiýalary ornaşdyryp, türkmen atşynaslygynyň däpleriniň nesilden-nesle geçijilik ýoluny, onuň özenini gorap saklamalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtaýar.Döwlet Baştutanymyzyň hut özi şu babatda görelde görkezip, öz agtyklarynda bedewlere bolan söýgini terbiýelemek bilen, diňe bir at çapmagy däl, eýsem, atlara ideg etmek başarnygyny, olar bilen türgenleşik geçmegi-de öwredýär.
Türkmenistanda gadymdan gelýän däpleri bolan çapyşyklar bolsa häzirki günde-de uly meşhurlykdan peýdalanýar.Tomaşaçylardan doly aýlawda atyň muşdaklarynyň, ýazgy edýän we surata düşürýän ýüzlerçe tele hem-de foto kameralaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň habarçylarynyň uly höwes bilen syn eden at çapyşygy iki sagatdan gowrak wagt dowam etdi. Şöhratly ahalteke bedewleri diňe tutuş gözelligi we kämilligi bilen ýene-de bir gezek ör-boýuna galman, eýsem, müňlerçe tomaşaça, hakykatdan-da, deňsiz-taýsyz sport häsiýetlerini — ýyndamlygyny hem-de çydamlylygyny görkezdiler.
Dürli aralyklara jemi ýedi at çapyşyk geçirildi. Şolaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşdyryldy. 1600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Kelete diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi A.Bajamow, çapyksuwary K.Polaýew) bu uzaklygy 1 minut 50,2 sekuntda geçip, iň gowy wagty görkezdi.
Ikinji orny Ýyldyzhan diýen gara at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi O.Annalyýew, çapyksuwary K.Nogaýew) eýeledi.Gahryman diýen dor at bolsa (Döwlet serhet gullugy, seýsi H.Gaýypnazarow, çapyksuwary H.Gurbanow) üçünji bolup geldi. 1600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bellenen menzili 1 minut 45,5 sekuntda geçen Aýhan diýen al ata (Döwlet migrasiýa gullugy, seýsi D.Taýlyýew, çapyksuwary S.Taýlyýew) taý tapylmady.
Ikinji ýere Kuwwatly diýen gara at (eýesi B.Çaryýew, seýsi B.Begliýew, çapyksuwary D.Berdimämmedow) mynasyp boldy. Üçünji bolup pellehanadan Ýakymly diýen dor at (eýesi I.Gaýypow, seýsi O.Babalyýew, çapyksuwary P.Babalyýew) geçdi. Üçünji çapyşyk hem 1600 metr aralyga geçirilip, onda 1 minut 50,2 sekunt wagt bilen birinji orny Garaýel diýen gara gysrak (eýesi A.Mansurow, seýsi G.Agamyradow, çapyksuwary B.Babajanow) eýeledi.
Ikinji orna Akmonjuk diýen gara gysrak (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Agamyradow, çapyksuwary A.Agamyradow) mynasyp boldy. Üçünji orny Baýyr diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Muhammedow, çapyksuwary Ş.Agamyradow) eýeledi. 1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda iň gowy wagt — 2 minut 00,2 sekunt bilen Parahat diýen gara at (Içeri işler ministrligi, seýsi Ö.Ýalkabow, çapyksuwary B.Begliýew) ilkinji bolup pellehanadan geçdi.
Onuň bilen barabar diýen ýaly sähelçe yza galyp, Selbigyz diýen dor gysrak (Nurana bedew hususy kärhanasy, seýsi D.Myratgulyýew, çapyksuwary I.Durdyýew) ikinji orny eýeledi.Aýkäbe atly al gysrak (Goranmak ministrligi, seýsi D.Saparow, çapyksuwary Y.Saparow) pellehanadan üçünji bolup geçdi.
Bäşinji çapyşyga goşulan bedewleriň 2200 metr aralyga güýç synanyşan ýaryşy, kiçi aralykda bolşy ýaly, dartgynly boldy.Bu çapyşykda arany aýdyň açyp, Turan atly akýal mele at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi Ş.Agamyradow, çapyksuwary B.Babaýew) ýeňiji boldy.
Ol bu aralygy 2 minut 35,7 sekuntda geçdi. Şondan 3 sekunt geçenden soň, pellehana ikinji bolup, Mejnun diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Muhammedow, çapyksuwary I.Atadurdyýew) geçdi.
Onuň yz ýany bilen bolsa Germaw diýen dor at (Senagat we kommunikasiýa ministrligi, aty taýýarlan M.Öwezgeldiýew, çapyksuwary A.Çaryýew) üçünji orny eýeledi.Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda iň güýçli atlary kesgitledi.
Altynjy çapyşykda birinji orny 2 minut 40,8 sekunt wagt bilen Baharly diýen gara at (Aşgabat şäher häkimligi, seýsi H.Durdyýew, çapyksuwary M.Seýidow) eýeledi.Ikinji orna Gujurly atly dor bedew (Aşgabat şäher häkimligi, seýsi H.Babalyýew, çapyksuwary B.Babalyýew) mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Dordepel diýen dor at (Aşgabat şäher awtoýollar müdirligi, seýsi O.Babalyýew, çapyksuwary E.Babalyýew) eýeledi.
Jemleýji, ýedinji çapyşykda esasy ýaryş Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bedewleriň arasynda ýaýbaňlandy.Iň oňat ýyndamlyk häsiýetlerini Dorgunan diýen dor at (seýsi M.Agamyradow, çapyksuwary B.Agamyradow) görkezdi.
Ol bellenen aralygy 2 minut 48,3 sekuntda geçmegi başardy.Ikinji orna Goşasakar diýen gyr at (seýsi A.Bajamow, çapyksuwary N.Annamyradow) mynasyp boldy.Gambar atly gara mele bedew (seýsi T.Pirmyradow, çapyksuwary B.Babaýew) bolsa pellehanadan üçünji bolup geçdi.
Soňra şu günki baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepde geçirilen uzak aralyga atly ýöriş hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatbahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Ahalteke bedewleri dünýä atşynaslygynyň taryhynda hem haýran galdyryjy çydamlylyk görkezip, uzak aralyklara ýörişlere gatnaşmak bilen şöhrat gazandy.Olaryň goýan ençeme rekordlaryny häzire çenli hem gaýtalamak başartmady. 24-nji aprelde paýtagtymyzyň günorta künjeginde dag eteklerinde uzalyp gidýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça geçirilen uzak aralyga ýöriş ýaryşy barada aýdylanda, otuza golaý ahalteke bedewlerinden 60 kilometr aralygy Ahalteke atçylyk toplumyndan Garasakar diýen bedew ilkinji bolup geçmegi başardy.
Onuň çapyksuwary Begenç Mämmedowa Ahal welaýat häkimliginiň adyndan 20 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy dabaraly gowşuryldy. Şol gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde ýigrimiden gowrak bedewleriň gatnaşmagynda päsgelçiliklerden bökmek, ýagny konkur boýunça ýaryşlar geçirildi.
Bedewler beýikligi 1,1 metrden 1,3 metre çenli 11 sany päsgelçilikleri bolan ugurlary aşmaly boldy. Şu gün bu ýaryşlaryň ýeňijisine — Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Toýçy diýen bedewde çykyş eden çapyksuwar Nikolaý Beglarýana hem baýrak — Aşgabat şäher häkimliginiň adyndan 20 müň amerikan dollary gowşuryldy.
Uzak aralyga atly ýöriş hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soň, şu günki baýramçylyk at çapyşyklarynda goýlan baýraklar ugrundaky ýaryşlaryň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler müňlerçe ýyllaryň dowamynda ussat seýisleriň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen ajaýyplyk bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň milli mirasymyzyň bahasyz gymmatlygy bolup durýandygyny bellemek bilen, bu gymmatlygy gorap saklamakdaky hem-de artdyrmakdaky aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täsin behişdi bedewleriň hiç öçmejek şöhratynyň olaryň gözelliginiň, görmegeýliginiň katdy-kamatynda täze öwüşginler bilen şugla saçmagy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Sylaglamak dabaralaryna köp sanly daşary ýurtly myhmanlar — esasy halkara sport, atçylyk sport guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Olaryň pikirine görä, degişli türgenleşik binýadynyň hem-de dünýä derejeli döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň bolmagy ýakyn geljekde Türkmenistanyň atçylyk sportunyň ykrar edilen dünýä merkezine öwrüljekdigini çaklamaga uly esas berýär.
Bu ýerde iri ýaryşlar, atçylyk festiwallary, ýaşlaryň spartakiadalary, dünýä derejeli açyk ýaryşlar we çempionatlar geçiriler.Ajaýyp dabaralaryň ahyrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi, soňra bolsa aýlawyň binasynyň ýanynda ýerleşen sahnada agtygy Kerimguly bilen Rowaç diýen aýdymy ýerine ýetirdi.
Aýdymyň sözleri türkmenistanlylara bellidir — ol milli Liderimiziň Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylymyzyň ilkinji gününde doglan taýçanaga bagyşlan adybir goşgusydyr, onuň sözlerine sazy bolsa döwlet Baştutanymyzyň agtygy ýazdy. * * *Ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler, konsertler tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gadymy milli mukaddesliklerini dowamata öwürmäge gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň şöhrat tuguny has-da belende galdyrýar. Şol mukaddeslikleriň hatarynda ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir.
Bu bolsa halkara ýaryşlarda we bäsleşiklerde, sirk festiwallarynda türkmen türgen-atçylarynyň her bir ajaýyp ýeňşi bilen, bu tohum atlaryň bütin dünýäden bolan köp sanly janköýerlerini hem-de bu atlara belent sarpa goýýanlary ýurdumyza çekýän her bir Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bolup geçýär.