Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.Onda Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş we ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.Wise-premýer 2017-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählumumy abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän we oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly esasda ýola goýulýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan ýygjam hem-de netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlar boýunça ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerinden netijeli peýdalanmak arkaly amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini nygtady.Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag pudaklarynyň ählisini ýokary depginde döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Bu pudaklar dünýäniň iň gowy ölçegleri boýunça işlemelidir.Milli Liderimiz häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine ünsi çekip, bar bolan mümkinçiliklerden doly we netijeli peýdalanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine çagyrylan Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebitdäki işleriň ýagdaýy, senagat düzümini ösdürmek hem-de gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen birlikde, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna kömek etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz göz öňünde tutulan işleriň hemmesiniň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada welaýatyň häkimine degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň işi, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga hem-de milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan giň möçberli hem-de jogapkärli wezipelere ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda parahatçylygy, asudalygy hem-de durnuklylygy saklamagy, ýurdumyzda kanunylygy we tertip-düzgüni üpjün etmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Hut şu ýagdaýlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak, onuň halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döredýär.Belent Serkerdebaşymyz Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de oňyn, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, halkymyzyň parahat durmuşynyň we abadançylygynyň esasy kepili hökmünde milli howpsuzlygy pugtalandyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny amala aşyrjakdygyny nygtady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy barada Şertnamany ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi.Sebit ähmiýetli bu taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat - Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin möhümdigini belläp, bu meselelere toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem wise-premýer ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda bar bolan ylalaşyga laýyklykda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ähli guramalaryň we kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýyna berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belläp, ýüze çykýan meseleleri degişli düzümleriň gatnaşmagynda çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.Mundan başga-da, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hereket edýän salgyt kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga gözegçiligi güýçlendirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde geçirilen işleriň netijeleri boýunça, dünýä tejribesinde synagdan geçen we halkyň milli aýratynlyklaryna laýyk gelýän maliýe ýygymlarynyň täze görnüşlerini girizmek teklip edilýär.Hormatly Prezidentimiz döwlet serişdelerini aýawly saklamak, salgyt, pul-karz we maýa goýum wezipeleri bilen baglanyşykly meselelere degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna we öňdebaryjy döwletleriň oňyn tejribelerine laýyklykda anyk işleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, býujete goşmaça salgyt we beýleki ýygym serişdeleriniň gelip gowuşmagyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu düzümiň işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň söwda, hyzmatlar ulgamynda, telekeçilik düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Hasabatyň dowamynda ýurdumyzda halkara derejedäki sergileri hem-de maslahatlary geçirmek, hususan-da, maý aýynda haly we dokma önümleriniň halkara sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХVIII mejlisini guramagyň meýilleşdirilýändigi we bu ugurda taýýarlyk işleriniň doly derejede ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, pudaklaryň maýa goýum işjeňliginiň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli pugtalandyrylmagynda hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde söwda we telekeçilik ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamlara häzirki zaman kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini netijeli peýdalanmak wezipeleriniň möhümdigini belläp, olaryň oňyn çözülmegi ugrunda birleşen tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, işewürler toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleriniň wajypdygyny, halkara derejedäki pudaklaýyn sergileriň ýokary guramaçylykly geçirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň hem-de Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodyň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz gazhimiýa toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, nebitgaz senagatyny köpugurly esasda ösdürmek, senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamyndaky maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin bu toplumlaryň aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Ahal we Balkan welaýatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümleri çykarmaga niýetlenen häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän toplumlarynyň gurluşygynyň bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýeti bardyr.
Döwlet Baştutanymyz täze senagat önümçiliklerini öz wagtynda ulanmaga bermek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyryp, wise-premýere daşky gurşaw üçin ekologiýa taýdan howpsuzlyk çärelerine netijeli gözegçilik ulgamyny ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, munuň dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeli özleşdirilmegi üçin bähbitlidigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler ýurdumyzda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, şol sanda tehnikanyň bökdençsiz işledilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
Wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň bol hasylynyň alynmagyny üpjün etmek boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gowaça ekişini öz möhletinde we ýokary hilli geçirmek üçin ähli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, ekerançylykda zerur agrotehniki kadalaryň ählisiniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň ýurdumyzyň gallaçylary üçin jogapkärli synagdygyny aýdyp, bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýokary derejede taýýarlanmagy, şol sanda maddy-enjamlaýyn üpjünçilik babatda ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda geçirilýän çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz meşhur ahalteke bedewlerine bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigini, munuň bolsa bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýändigini belläp, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň ahalteke tohumynyň arassalygyny saklamak, bu ajaýyp bedewleriň baş sanyny artdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýändiklerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2018-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere bu ekini ýetişdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hem-de pile taýýarlamak baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalar esasynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän arassa pagtadan ýokary hilli dokma önümleriniň we ýüpek matalaryň hem-de ýerli saryja goýnuň ýüňünden nepis el halylarynyň köp görnüşleriniň öndürilýändigi we daşarky bazara iberilýändigi bellenildi.
Pudagy döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de çykarylýan harytlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda hereket edýän kärhanalary öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen tapgyrlaýyn gaýtadan enjamlaşdyrmak çäreleri geçirilýär.
Wise-premýer welaýatlarda pile taýýarlamak möwsüminiň barşy barada hasabat bermek bilen, daýhan hojalyklary üçin bellenilen meýilnamalara laýyklykda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumynyň taýýarlanandygyny habar berdi. 2017-nji ýylda 250 müňden gowrak, eýýäm şu ýylyň dowamynda bolsa 119 müňe golaý tut agajy ekildi.
Taýýarlanylan pileleri maý aýynyň başynda döwlet ammarlaryna tabşyryp başlamak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde dokma pudagyny innowasiýa taýdan ösdürmekde bellenilen meýilnamalaryň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýedir hem-de ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ileri tutulýan orny eýeleýär.Döwlet Baştutanymyz ýüpekçiligiň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak meselelerine degip geçmek bilen, pile taýýarlamak ýaly möhüm işde kärendeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň we olary höweslendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ýüpekçiligiň türkmen halkynyň durmuşynda gadymy şöhratly ýörelgelere eýedigini nygtady.
Bu ugurda geçirilýän çäreler dokma kärhanalarynyň gymmatly çig mal bilen üpjün edilmegine, pudakda öndürilýän ýüpek önümleriniň içerki bazarda ýerlenilmegine hem-de daşary ýurtlara eksport edilmegine mümkinçilik açmalydyr.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Aşgabatda paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gowulandyrmak, şäheriň ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär.
Jemagat hojalygynyň, energetika pudagynyň işini döwrebaplaşdyrmak, gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda baglara we agaç nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly binalary gurmak boýunça meýilnamalaryň, bu ulgamdaky maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlarynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny, gök zolaklaryň döredilmegini üpjün edýän çäreleriň depginini ýokarlandyrmagy wise-premýerden talap etdi.
Milli Liderimiz şäherde baglara ideg edilişi bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň daşky gurşawy goramak, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de maý aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň maý aýynda Ýeňiş güni, Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem türkmen halyçylaryny we dokmaçylaryny sarpalamak çäreleri geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählihalk baýramçylyklary we möhüm wakalar mynasybetli medeni çäreleriň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Bu çäreler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine degip geçip, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny we maksadyny döredijilik taýdan açyp görkezmegiň olaryň öňünde durýan esasy wezipelerdigini nygtap, olaryň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu işleri döwrebap derejede guramak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permanyň taslamasy barada hasabat berdi. Ýurdumyzda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygy nygtaldy.
Döwletimiz olaryň saglygy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada hemişe alada edýär.Türkmenistanda her ýyl Ýeňiş güni ählihalk baýramy hökmünde bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu sene mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan dabaraly ýagdaýda pul we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşandygyny belledi.Türkmenistanlylar geljekki nesilleriň parahatçylykly we abadan durmuşy, tutuş adamzadyň bagtly geljegi ugrunda gaýduwsyz söweşip, deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň hem-de gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler.
Söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimiziň atlary minnetdar nesillerimiziň ýüreklerinde hemişelik ýaşar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň durmuşynyň geljekki nesiller üçin edermenligiň mekdebine öwrülendigini aýdyp, şol ýyllaryň wakalary baradaky hakydany aýawly saklamagyň biziň borjumyz bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň aýratyn senedigini aýdyp hem-de türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige ymtylyp, bu güni ýaşlary gaýduwsyzlyk hem-de edermenlik ruhunda terbiýelemek üçin uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyk hökmünde belleýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň uruş weteranlary we tylda edermenlikli zähmet çekenler barada mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygynyň hormatyna dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berip, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda parlamentiň komitetlerinde täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Döwletimiziň demokratik esaslaryny, ýerli häkimiýet edaralarynyň işini pugtalandyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş depginini ýokarlandyrmaga, şahsy telekeçiligi goldamaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylyk binýadynyň özünde iň gowy milli däpleriň dowamatlylygyny jemleýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimiziň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, raýat edaralarynyň ornuny pugtalandyrmak meselelerine deputatlaryň ünsüni çekip, ähli kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetimiziň bähbitlerine gönükdirilmelidigini nygtady. Çünki halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesi ilatyň bähbitlerini nazara almak bilen, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdyr.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda ýurdumyzyň birnäçe pudaklarynda kanunçylygyň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.Milli Liderimiz ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny we jogapkärlidigini belläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda kanunçylygyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň degişli derejede bolmagy üçin işgärleri seçip almagyň we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, durmuş-ynsanperwer hem-de hukuk ugry boýunça giň dünýägaraýşa eýe bolmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipedigini belläp, bu babatda Baş prokurora anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklarda düzgün-nyzamyň ýagdaýyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň durmuşynda atlaryň ornunyň hemişe uludygyny belledi.
Behişdi bedewler milletimiziň buýsanjy, göwün ganatydyr. Şoňa görä-de, biziň halkymyz: Säher turup, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy diýýär.Milli Liderimiz häzirki döwürde atçylyk pudagyny ösdürmegiň, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmagyň, atlaryň gadymy görnüşlerini dikeltmegiň, tohum arassalygyny gorap saklamagyň we baş sanyny köpeltmegiň biziň esasy wezipelerimiziň biridigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzda at çapyşyklaryny, milli at üstündäki oýunlary we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, şol sanda atçylarymyzyň halkara derejede uly üstünlikleri gazanýan konkuryny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem at çapyşyklary we atçylyk sporty boýunça ýaryşlar geçirilýär.Döwlet Baştutanymyz behişdi türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döretmek maksady bilen hem-de kökleri gadymyýete uzap gidýän atçylygyň watany bolan ýurdumyzda atlara hormat goýmagyň gadymy döwürlerden bäri däbe öwrülip gelýändiginden ugur alyp, Türkmen bedewiniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy diýip atlandyrmagy teklip etdi we degişli Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we uly üstünlikleri, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.