27 ýaşynda kuboksyz gelipdi, 27-nji kubogyny asmana göterdi

“Real Madrid” toparynyň horwatiýaly weteran futbolçysy Luka Modriç UEFA Super Kubogyny 5-nji gezek gazanyp, Dani Karwahal bilen bilelikde, bu ugurda rekordy paýlaşýar. Bu kubok onuň “Real Madriddäki” 27-nji kubogy hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Luka Modriç “Real Madridiň” iň köp kubok gazanan futbolçysy bolup, ol Naçony (26 kubok) yzda galdyrdy.

39 ýaşyna golaýlap barýan Modriç mundan 12 ýyl öň 27 ýaşynda “Real Madride” “Tottenhamdan” transfer bolupdy. Ol şonda “Tottenham” bilen ýeke kubok hem gazanmandy. Ýöne häzirki wagtda ispan toparynyň düzüminde 27-nji kubogyny asmana göterdi.

Modriç “Realyň” düzüminde “La Ligada” 4, Çempionlar Ligasynda 6, UEFA Super Kubogynda 6, FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda 5, Ispaniýanyň Şa Kubogynda 2, Ispaniýanyň Super Kubogynda 5 gezek ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Super “Real Madrid”
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Iňlislere 1/8 finalda güýçli garşydaş garaşýar
“Atletikonyň” 11-nji çempionlygy, “Real” 11 ýyldan soň kuboksyz