Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň alymlary we hünärmenleri ony ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işleri geçirdiler.
Bu ylmy-barlag instituty degişli barlag işleri, gazy toplumlaýyn taýýarlamak we ugratmak, gaz çykaryjy enjamlary posdan goramak, olaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri bilen meşgullanýar, geologiýa-gözleg we buraw işlerini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça geotehnologik wezipeleri çözýär, dürli derejedäki çylşyrymly gaz we gaz kondensatly ýataklary işläp taýýarlamak, gazy gaýtadan işlemäge çenli dürli işlere gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz uglewodorod çig malynyň, esasan-da, tebigy gazyň gorlary boýunça öňde barýan dünýä döwletleriniň hataryna girýär. Şonuň üçin bu pudagy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan konsepsiýasy örän möhüm bolup durýar.
Onuň esasy maksady geologiýa kanunalaýyklyk bilimleriň esasynda uglewodorod toplanmalaryny ýaýratmak, nebit we gaz ýataklaryny gözlemek we anyklamak, olary döwlet balansyna geçirmek bolup durýar.Konsepsiýa talap edilýän möçberlerde we hilde uglewodorod çig malynyň çykarylmagyny, ugurdaş ýüze çykarylan gazylyp alynýan peýdaly zatlary, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegini we ýerlenilmegini nazara almak bilen ylmy taýdan esaslandyrylýar.
Möhüm wezipeleriň hatarynda pudagy senagat taýdan gurlan gaz ýataklary, şol sanda işläp taýýarlamagyň dürli derejelerinde bolan ýataklar bilen üpjün etmegiň, gazy çykarmagyň we ony ugratmagyň hasabyna, gazy gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak wezipesi durýar. Ýurdumyzyň gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudaklarynyň çig mal binýadynyň üstüni 2030-njy ýyla çenli ýetirmek üçin institut tarapyndan “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gündogar ugurda gazly, merkezi tarapda gaz we ugurdaş nebitli, şeýle hem Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde nebitli ýataklary gözläp tapmak maksady bilen geçirýän seýsmiki gözleg usullaryny (2D, 3D) hem-de geologiýa-gözleg buraw işlerini ylmy taýdan esaslandyrmak göz öňünde tutulýar.
Gaz çykarmagyň meýilleşdirilen möçberleri häzirki wagtda, esasan, “Galkynyş”, “Döwletabat”, “Malaý”, “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy”, “Ýelguýy”, “Bagaja”, “Gazlydepe”, “Körpeje”, “Nebitlije”, “Akpatlawuk”, “Çekişler” ýaly işlenip taýýarlanylýan ýataklaryň hasabyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň çäklerinde, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň hasabyna çykarylýar.
Geljekde sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin täze ýataklary ulanmaga bermegiň hem-de köne ýataklary abatlamagyň, şeýle hem geljegi uly nebit we gaz gorly sebitleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny özleşdirmegiň hasabyna gaz çykarýan kuwwatlyklary artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda kükürtsiz gazy we suwuk uglewodorodlara (nebit we kondensat) baý bolan ýataklary gözläp tapmaga uly üns berler.
Energetika kuwwaty pes bolan, daşarky bazar üçin gaz geçirijilere gaz bermegiň talaplaryny kanagatlandyrmaýan gaz ýataklaryny içerki bazaryň hajatlary üçin peýdalanmak göz öňünde tutulýar.Täze ýataklary özleşdirmek bilen bir hatarda gaz taýýarlamak, gaýtadan işlemek we ugratmak üçin önümçilik düzümini döretmek wezipesi örboýuna galýar.
Gaz pudagynyň täze kärhanalarynda tehnologiýalary we tehnologik akymlary awtomatlaşdyrmagyň derejesi onuň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegini üpjün etmelidir.Konsepsiýada energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we täze enjamlary ornaşdyrmagyň, guramaçylyk düzümlerini kämilleşdirmegiň, hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin olary gaýtadan taýýarlamagyň düzgüni hem göz öňünde tutuldy.
Tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň esasynda daşary ýurtlara ugradylýan tebigy gazyň belli bir bölegini turba geçirijiler arkaly, beýleki bölegini tankerlerde suwuklandyrylan we gysylan gaz görnüşinde ugratmak usulyny peýdalanmak baradaky meselä seredilýär.
Konsepsiýada “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynyň tehniki parkyny — awtoulaglary, traktorlary we beýleki tehnikalary suwuklandyrylan gaza geçirmek göz öňünde tutulýar.Geljekde gysylan gaz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we beýleki ulgamlarynyň kärhanalarynda peýdalanylar.
Alymlaryň pikirine görä, ýakyn geljekde adaty alynýan nebithimiýa önümleriniň (olefiniň, arenynyň, ahyrky birleşmeleriň) ornuna tebigy gazy işläp taýýarlamagyň tehnologiýasynyň gelmegi bilen baglylykda, nebithimiýa bazarynyň düzüminde düýpli üýtgeşmeler bolup geçer.
Iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy poliwinilhloridi öndürmäge, kaustik sodanyň, polistirolyň, polietilentereftalatyň we beýleki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.Gazhimiýa senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy onuň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, sintetik suwuk ýangyç, sintetik kauçuk we süýüm, polimer önümi, gurluşyk serişdeleri ýaly energetika taýdan netijeli görnüşleriň ösdürilmegine, şeýle hem himiýa senagatynyň beýleki önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň alymlarynyň we hünärmenleriniň alyp barýan işleri, hususan-da, ylmy maglumatlaryň we işläp taýýarlamalaryň bankyny döretmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga, öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna täze sepgitlere çykmaga gönükdiriler.