Aşgabadyň “Altyn asyr” topary türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edip, täze sahypa açdy.Aziýanyň ikinji derejeli kubogy ugrunda aýgytlaýjy duşuşyk soňky dört ýylda Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyr” bilen AFK-nyň Kubogynyň soňky eýesi “Air Force Club” toparynyň arasynda Basra şäherinde geçirildi.
Iki topar hem finalda oýnamaga hukuk gazandy.Bu ýolda “Air Force Club” topary, ilki bilen, “Al-Jazira” (Iordaniýa), “Malkiýa” (Bahreýn) we “Al-Suwaik” (Oman) toparlaryndan ybarat bolan toparçalaýyn tapgyrda üstünlik gazandy.
Soňra Günbatar Aziýa sebitindäki ýarym finalda iki duşuşygyň netijesi boýunça Liwanyň “Al-Ahed” toparyndan üstün çykdy.Türkmenistanyň çempiony final ýolunda ençeme çylşyrymly päsgelçiliklerden geçmeli boldy.Ilki bilen “Altyn asyr” Merkezi Aziýa sebitindäki “D” toparçada ýeňiş gazandy.
Ol ýerde AFK-nyň 2015-nji we 2017-nji ýyllardaky ýaryşynyň iki gezek finalçysy, Täjigistanyň alty gezek çempiony Duşenbäniň “Istiklol”, Gyrgyzystanyň soňky iki ýylynyň güýçli topary Oş şäheriniň “Alaý”, Türkmenistanyň wise-çempiony we kubogynyň eýesi “Ahal” toparlary bilen duşuşdy.
Soňra Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri, ilki bilen, Interzolagyň ýarym finalynda Hindistanyň “Bengaluru” (3:2 — Bengalorda, 2:0 — Aşgabatda), yz ýanyndan Zolagara finalynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň güýçli “April 25” toparyndan iki oýnuň netijesi boýunça üstün çykdy.
Phenýanda geçen ilkinji duşuşyk deňme-deň — 2:2 hasabynda tamamlandy.Aşgabatda geçen jogap oýnunda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — 1:1. Ýöne myhmançylykda derwezä geçirilen pökgüleriň köp bolmagynyň hasabyna “Altyn asyr” topary finala çykmaga hukuk gazandy. “Toparymyzyň AFK-nyň Kubogy — 2018 ýaryşyndaky üstünlikleriniň aňyrsynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bar.
Her bir oýunçymyz ýurdumyza ýeňiş bilen dolanmak isleýär.Biz eýýäm finala çykyp, taryha girdik.Sebäbi mundan öň türkmen toparlarynyň hiç biri hiç haçan toparçadan çykmandy” diýip, duşuşygyň öňüsyrasy geçirilen metbugat maslahatynda çykyş eden “Altyn asyr” toparynyň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew aýtdy.
Türkmenistanyň çempionlarynyň halypasy, şeýle hem “Altyn asyryň” futbolçylarynyň taryhy döretmäge we finalda ýeňiş gazanmaga ynamlydygyny belläp geçdi.Onuň yrakly kärdeşi Basim Kasim hem metbugat çykyşynda ahyrky oýnuň ýurtlarynda geçirilýän wagty, onuň toparynyň ýaryşyň taryhynda het-trik etmek mümkinçiligini elden gidermejekdigini nygtady. “Air Force Club” toparynyň AFK-nyň Kubogy — 2018-iň finalyna Yragyň Premýer ligasynyň soňky dört oýnunda gazanan ýeňişleri bilen gelendigini, munuň bolsa olaryň taýýarlyklydygyna şaýatlyk edýändigini toparyň baş tälimçisi belleýär. “Altyn asyr” — güýçli garşydaş. Ýöne biz AFK-nyň Kubogyny üçünji gezek gazanmaga ykjam taýynlykly we meniň toparym muny başarar” diýip, “Air Force Club” toparynyň baş tälimçisi B.Kasim aýtdy.
Bu tälimçiniň ýolbaşçylygynda “Air Force Club” topary AFK-nyň Kubogynyň soňky iki finalynda ýeňiş gazanyp gelýär — 2016-njy ýylda Hindistanyň Bengaluru (1:0), 2017-nji ýylda täjikleriň “Istiklol” (1:0) toparlaryndan üstün çykdy, ýöne “Altyn asyr” häzirki ýaryşda bularyň ikisini hem ýeňlişe sezewar etdi. Şoňa görä-de, geçiriljek duşuşyk uly gyzyklanma döredýär.
Birnäçe sport synçylary finalyň öň ýanynda güýçleriň ýagdaýyny seljerip, toparlaryň ikisiniň hem deň däl şertlerdedigini bellediler.Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň çözgüdi boýunça jemleýji oýun Yrakda “Air Force Club” toparynyň janköýerleriniň goldamagynda geçirildi.
Biziň futbolçylarymyz üçin ýeňil bolmadyk şeýle ýagdaýda, köp zat oýnuň başlanýan ilkinji pursatlaryndaky ýagdaýlara baglydy.Ilkinji minutlardan ýer eýeleri myhmanlara agyr oýun görkezdiler.Olar başa-baş göreşe ynamly girýärdiler we tiz wagtdan tomaşaçylaryň güýçli goldamagynda garşydaşyň derwezesine yzly-yzyna hüjüm amala aşyrdylar. “Altyn asyryň” derwezesiniň alkymynda ilkinji howply pursat 5-nji minutda döredi. Şonda goragçy Zafar Babajanow özüne güýçli urgyny kabul edip, emele gelen çylşyrymly ýagdaýy düzetmegi başardy.
Yrakly futbolçylar goragçynyň el bilen oýnandygyna emini ynandyrjak bolup, ondan 11 metrlik jerime urgyny talap etmäge başladylar. Ýöne Katardan bolan FIFA-nyň emini öz ynamyny üýtgetmedi. 10-njy minutda türkmenistanlylar ilkinji hüjümlerini guramaga synanyşdylar, ýöne soňky pursatda Wahit Orazsähedow pökgüden dogry peýdalanyp bilmän, pursady sypdyrdy. Ýene 5 minutdan bolsa “Air Force Club” toparynyň kapitany Ahmad Hammadi pökgini dürs kabul edip, hasaby açmaga hakyky mümkinçilige eýe boldy.
Emma, takmynan, on bir metr töwerekden pökgi onuň urgusyndan soň, ýeňillik bilen derwezebanyň eline düşdi. 3 minut geçensoň, “Altyn asyryň” derwezesine ýene-de bir urgy uruldy, ýöne bu gezek pökgi derwezäniň ýokarsyndan geçdi.
Göräýmäge, garşydaşyň başyny başlan çynlakaý hüjümlerine hötde gelip, Türkmenistanyň çempiony göreşiň barşyny deňleýär, emma 22-nji minutda garaşylmadyk ýerden ýyldyrym çakana meňzedi: hiç bir aladasyz, asla çylşyrymly bolmadyk ýagdaýda goragçy Mekan Saparow pökgini depip bilmän goýberýär, derwezeban bilen ýekeme-ýekä çykan Ahmad Hammadi ony arkaýynlyk bilen tora gönükdirýär. Şeýle ýönekeý geçirilen gol biziň futbolçylarymyzy biraz ruhdan düşüren ýaly etdi, olar arakesmä çenli garşydaşyň derwezesiniň öňünde hiç hili howply pursat döretmediler.
Duşuşygyň ikinji ýarymy başlanan badyna, “Altyn asyryň” oýny düýpli özgerdi.Ilkinji nobatda bolsa, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen futbolçylarynyň arasynda köp pökgini derwezä geçiren iň oňat türgenimiz Altymyrat Annadurdyýewiň hüjümde örän işjeň oýnamagynyň hasabyna, toparymyzyň oýny düýpli üýtgedi. 50-nji minutda ol jerime meýdançanyň çep burçundan derwezäniň ýokary burçuna gönükdirip, pökgini urdy.
Diňe böküp pökgini burçdan urulýan ýagdaýa getirýän tarapa gönükdirmegi başaran derwezebanyň ussatlygy myhmanlara hasaby deňlemäge mümkinçilik bermedi.Göräýmäge, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri indi garşydaşlary “gysaýjak” ýalydy.
Emma meýdançadaky ýagdaý ýene-de duýdansyz üýtgedi. 57-nji minutda sag künjekden burçdan galdyrylyp urlan pökgini Ibrahim Baýeş biziň goragçymyzdan böküp kelle bilen urmakda üstün çykyp, pökgini kellesi bilen derwezäniň burçuna gönükdirdi. “Air Force Club” hasapda 2:0 öňe saýlandy.
Ykbal “Altyn asyra” duşuşygyň barşyny üýtgetmäge ýene-de bir mümkinçilik döretdi. 65-nji minutda yrakly futbolçy öz jerime meýdançasynda pökgini el bilen oýnany üçin emin ýer eýeleriniň derwezesine 11 metrlik jerime urgy belledi. Ýöne Selim Nurmyradow 11 metrlik urgyny derwezäniň ýokarsyndan geçirdi.
Emma bu şowsuzlykdan soň hem türkmenistanlylar hüjüm etmeklerini dowam etdiler.Olar her bir pökgi ugrunda göreşip, duşuşygyň barşyny üýtgetmäge synanyşdylar.Oýnuň ahyrynda Türkmenistanyň çempiony hüjüm yzyna hüjüm etdi. Ýöne, gynansak-da, hasaby üýtgetmek başartmady.
AFK — 2018 Kubogynyň finalyndaky ýeňlişe garamazdan, “Altyn asyr” öz oýny bilen şu ýaryşda janköýerlerde ýakymly duýgulary döretdi hem-de köp ýurtlaryň hünärmenlerine türkmen futbolynyň barha ýokarlanýan derejesi barada aýtmaga mümkinçilik berdi. Çünki mundan ozal türkmen futbol toparlary hatda toparçadan hem çykyp bilmeýärdiler, indi bolsa Aziýanyň iň abraýly futbol baýraklarynyň biri ugrunda göreşip biler!
Final duşuşygyndan soň, geçirilen sylaglanyş dabarasynda “Altyn asyryň” futbolçylaryna AFK — 2018 Kubogynyň kümüş medallary gowşuryldy.Munuň özi türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek gazanylan üstünlikdir!