27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belleýär.Bu şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar.Türkmen topragynyň ähli künjeginde ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçýän ählihalk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş toplumlary, durmuş, medeni hem-de senagat maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şu günler ähli ýerde guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde häzirki döwrüň döredijilik we özgerdiji güýji anyk duýulýar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilen giňişleýin mejlisinde çykyş edip hem-de ýurdumyzyň geçen ýoluna baha berip, Garaşsyzlygyň milli buýsanjymyzdygyny, özygtyýarly Watanymyzyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň synmaz esaslarydygyny belledi.

Taryhy nukdaýnazardan uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz türkmenistanlylaryň ruhubelent we tutanýerli zähmeti netijesinde ýüzýyllyklara barabar ýoly geçdi. Ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyz dünýäniň kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň her senesi täze üstünlikleriň, şanly ýolda eýelenýän belent sepgitleriň beýanyny özünde jemleýär.Bu baýramçylyk hemmeler üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. 2017-nji ýylyň — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini bellemeli. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň uly üstünlige beslenmegi nobatdaky subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrýan hem-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat strategiýasy Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden hem-de beýleki möhüm maslahatlarda öňe süren we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl özygtyýarly Bitarap ýurdumyzyň 2018—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, 2018—2020-nji ýyllar üçin Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça komissiýasyna, 2017—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2016—2020-nji ýyllar üçin Ilat hem-de ösüş boýunça komissiýasyna we 2017—2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna saýlanandygy bellärliklidir. “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradylandygyny bellemek möhümdir.

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynda başlyklyk etmegi hem dünýä bileleşiginiň Bitarap döwletimiziň tutuş adamzadyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer däplerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 9—10-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolandygyny, onda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek boýunça wajyp çözgütleriň kabul edilendigini we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýakyn geljek üçin esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini bellemeli.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, we köpugurly esasda ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.Köp sanly medeni-durmuş, önümçilik, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde şu ýylyň dowamynda gurlup ulanylmaga berilmegi bu ugruň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Täze desgalaryň hatarynda şu aýyň dowamynda Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan binalar bar. Şonuň üçin-de, biz bu baýramy bir bitewi, agzybir maşgala hökmünde örän giň gerim bilen belleýäris.

Säher bilen ýurdumyzyň baş meýdançasyna müňlerçe aşgabatlylar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen ýüzlerçe myhmanlar ýygnandylar.Merkezi münberde ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, türkmenistanlylar bilen baş baýramyň şatlygyny paýlaşmaga gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar. Şeýle hem ýüzlerçe tomaşaçylaryň arasynda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Garaşsyzlyk meýdançasynda milli goşunymyzyň ähli görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.Sagat 10.00.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri fanfar çalýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlaryň ählisi milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk harby ýörişden başlanýar.Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli Ýaragly Güýçleriň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat soraýar.

Milli Liderimiz ýörişi başlamaga rugsat berýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukyby hemmetaraplaýyn berkidilýär.

Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertler döredilýär, täze nusgaly harby şäherjikler we serhet galalary, Watan goragçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin kaşaň ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň harby kuwwatynyň bir maksada eziz Watanymyzda parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek maksadyna hyzmat edýär. Çünki Türkmenistanyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir.

Esgerler hem-de serkerdeler döwletimiziň yzygiderli aladasyna mynasyp jogap berip, özleriniň söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrýarlar. Şu ýylyň awgust aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça geçirilen okuwlar munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň we mekdepleriň talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we şol wagt Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, ýygnananlaryň kalbynda eziz Watanymyza buýsanjyny goşalandyrýar.Mukaddes Tugumyz belentde parlap, hakyky watançylyk we Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň beýik döredijilik ruhy ýaly öçmejek gymmatlyklary alamatlandyrýar.

Meýdançada nyzama düzülen türkmen harbylary- serkerdeler, esgerler we talyplar eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar.Häzirki wagtda Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly däpleri aýawly saklamak bilen birlikde iş ýüzünde ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydyklaryny tassyklaýarlar.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar.Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşen baýdaklaryny alyp geçýärler.Söweşjeň baýdagy götermek hem-de goramak mukaddes borç bolup durýar. Ähli döwürlerde hem söweşjeň baýdaklar edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nyşany, goşunlaryň buýsanjy bolup hyzmat edipdir. Şoňa görä-de, olara mukaddeslik hökmünde garalýar, baýdaklaryň öňünde Watanymyza wepalylyk kasamy aýdylýar.

Türkmenistanyň halky hemişe eziz Watanymyza wepaly gulluk etmegi uly hormat-sarpa hasaplapdyr.Halkymyzyň şöhratly taryhy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.Gaýduwsyz hem edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirjek ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Goranmak ministrliginiň Harby instituty we onuň ýanynda ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultet, Harby-Deňiz instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty, Milli howpsuzlyk instituty, Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby we Harby-deňiz mekdepleri hereket edýär.

Olaryň öňünde milli harby işgärleriň täze neslini kemala getirmek boýunça möhüm wezipe durýar.Bu ýerde okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, häzirki zaman harby tehnikalaryny hem-de enjamlaryny dolandyrmagyň tälimlerini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Dabaraly ýörişi Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde tälim alýan ýaşlar dowam etdirýärler.Olar merkezi münberiň öňünden nyzamly ýöräp geçýärler.Soňra söweşjeň taýýarlygyň ussatlary bolan serkerdeler batalýony geçýär.

Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki belent borjuna wepaly serkerdeler milletimizi şöhratlandyran beýik türkmen serkerdeleriniň edermenliginden görelde alýarlar.Olaryň yzysüre mähriban topragymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek işine mynasyp goşant goşýan zenan harby gullukçylar geçýärler.

Münberiň öňünde türkmen harby uçarmanlary peýda bolýar.Olar häzirki zaman söweşjeň uçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, Garaşsyz Watanymyzyň parahat asmanyny goraýarlar.Soňra motoatyjy esgerler batalýony geçýär.Olaryň ýokary ussatlygy ýurdumyzyň howpsuzlygynyň kepili bolup durýar.

Deňiz batalýonynyň edermen esgerleriniň ynamly gadam urşuna syn edip, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygynyň ygtybarly ellerdedigine göz ýetirýärsiň.Esgerlerimiziň hem-de serkerdelerimiziň hereketleriniň takyklygy we gözelligi, baş münberiň öňünde geçýän esgerleriň hatarlarynyň sazlaşygy buýsanç duýgusyny döredýär.

Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda desantçylar, deňiz-pyýada, asmana atyjylar batalýonlarynyň, Raýat goranyş we halas ediş işleri batalýonynyň esgerleri bar.Söweşjeň baýdaklaryň astynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary buýsanç bilen gadam urýarlar.

Türkmen halkynyň buýsanjy hem-de bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan meşhur ahalteke bedewleri halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny paýlaşýar.Bedewler milli taryhymyzyň hem-de onuň täze eýýamynyň janly nyşanlarydyr, öňe, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamynyň aýdyň beýanydyr.

Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem behişdi bedewler Watan goragçylarynyň wepaly ýoldaşydyr hem-de ygtybarly kömekçisidir.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýakyndan goldaw bermeginde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň harby bölümlerinde atçylyk gulluklary döredildi.

Olar häzirki wagtda milli Liderimiziň hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň göreldesinden ruhlanyp, mynasyp gulluk edýärler.Ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň toparynyň ýörişi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaranyň bezegine öwrüldi.

Soňra häzirki zaman harby tehnikasynyň gözden geçirilişi başlanýar.Meýdançada yzly-yzyna goşunlaryň dürli kysymlarynyň mehanizirlenen kerwenleri hereket edýär.Kerweniň ýöriş hatarynyň öňüni ýörite maksatly “Combat Guard” kysymly harby awtoulag çekýär.

Onuň yz ýanyndan Döwlet serhet gullugynyň “Honda” kysymly motoulaglary geçýär.Milli goşunymyza gelip gowşan täze motoulaglar ýoluň ugrundaky päsgelçilikleri ussatlarça geçmegi başarýar.Kuwwatlylygy, tizligi hem-de ýokary geçijilik ukyby bilen tapawutlanýan bu tehnika Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar.

Olaryň hatarynda uçarmansyz uçýan “Orbiter 2B” kysymly enjamlar bar.Olar ýörite kameralar bilen üpjün edildi.Bu enjamlar gije-gündiziň dowamynda asmanda gözegçiligi amala aşyrmaga ukyplydyr.Iň täze tehnikalaryň bu görnüşi aňtaw maglumatlaryny ýygnamak maksady bilen, ýörite maksatly toparlar tarapyndan ulanylýar. Şu günki görkezilen harby motoulaglar hem ýörite maksatly bölümleriň harby wezipeleri bökdençsiz we çalt ýerine ýetirmegi üçin niýetlenendir. “Demir atlar” hemra nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edildi.

Munuň özi giňişlikde ýerleşýän ýeriň barada zerur maglumatlar bilen üpjün edýär we bellenen ugur boýunça ýoluňy dowam etmäge ýardam edýär.Olarda ýaraglaryň döwrebap görnüşleriniň goýulmagy bolsa islendik şertlerde harby hereketleri alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Soňra meýdançadan “MRZR-D2”, “MRZR-D4”, “DAGOR”, “ABJAN LRSOV” kysymly harby awtoulaglar geçýärler.Olar ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenendir.Bu ykjam, ýöne şol bir wagtyň özünde kuwwatly taktiki ulag serişdeleri islendik päsgelçilikli ýerlerde we çylşyrymly ýollarda hereket etmäge ukyplydyr.

Häzirki wagtda milli goşunymyzda “NIMR” kysymly sowutlanan awtoulag hem bar.Onuň üstünde söweş alyp barmak üçin “Şerşen” kysymly tanka garşy raketalar, taktiki uçarmansyz uçarlar, 82 millimetrlik minemýotlar hem-de brauning kysymly pulemýotlar bar.

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden “BTR-80A” we “KARAKAL” kysymly kämil söweşjeň tehnikalar geçýär.Bu döwrebap harby tehnikalar ygtybarlylygy hem-de ýokary söweşjeň häsiýetnamasy bilen tapawutlanýar.Dabaraly ýörişe ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenen “Kirpi” kysymly täze sowutlanan harby awtoulaglar hem gatnaşýar.

Olaryň yzyndan meýdançadan “MAN” kysymly awtoulagyň üstünde “Orbiter 3B” kysymly häzirki zamanyň kämil uçarmansyz uçuş enjamy geçýär.Ikinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde “MAN” kysymly tirkegli awtoulaglar bar.Olaryň üstünde kuwwatly “T-90S” tanklary ýerleşdirildi.

Olaryň yz ýanyndan “BMP-3” kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň ulaglary hereket edýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde, raketa we artilleriýa goşunlarymyzyň tehniki kuwwaty berkidilýär.

Esasy söweş tehnikalarynyň hatarynda artilleriýa goşunlarynyň “2S-3 Akasiýa” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikasy bar.Ol duşmanyň dolandyryş nokatlaryny, sowutlanan tehnikalaryny hem-de şahsy düzümini hatardan çykarmak üçin niýetlenendir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň gözden geçirilişi üçünji mehanizirlenen kerweniň ýörişi bilen dowam etdirilýär.

Baş meýdançada “D-30” hem-de “D-20” kysymly gaubisa toplary hereket edýär.Olaryň kömegi bilen türkmen esgerleri dürli söweş wezipelerini ýerine ýetirip, öz hünär ussatlygyny kämilleşdirýär. Şu gün dabaraly harby ýörişde harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde satyn alnan “MSTA-B” kysymly tirkege alynýan toplar hem görkezilýär.

Olar artilleriýa batareýalaryny ýok etmek, goranyş desgalaryny weýran etmek, dolandyryş nokatlaryny aradan aýyrmak, duşmanyň janly güýjüni, ot açyş serişdelerini, ýaraglaryny hem-de harby tehnikalaryny ýok etmek üçin niýetlenendir.Bu ýerde TATRA “RM-70” , “BM-21A BELGRAD” we “SMERÇ” kysymly harby tehnikalar hem bar.

Artilleriýa goşunlarynyň düzümine täze kabul edilen bu kämil tehnikalar döwrebaplygy, takyklygy hem-de kuwwaty bilen tapawutlanýar.Olar uly çuňlukda ýerleşen nyşanlara zarba urmaga ukyplydyr.Nobat dördünji mehanizirlenen kerwene ýetýär, onuň düzüminde “Rode Şwars” kysymly döwrebap harby aragatnaşyk enjamlary ýerleşdirilen “Land Rower” kysymly harby awtoulaglar bar.

Soňra meýdançadan “FM-90” hem-de “Peçora-2 BM” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary geçýär.Olar ýerüsti we suwüsti nyşanalary ýok etmek üçin ulanylýar.Bäşinji mehanizirlenen kerweniň tehnikalarynyň ýörişini Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly “Toýota Hilux”, “Cobra”, “Mantra”, “PMV Survivor-II”, “KIRPI” kysymly awtoulaglary dowam etdirýär.

Kuwwaty, tizligi hem-de ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýan bu ulag serişdeleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini ygtybarly goramak üçin netijeli ulanylýar.Olaryň yz ýany bilen “IVECO” kysymly awtoulaglary serhetçi harby gullukçylar bilen dabaraly geçýär.

Olaryň binýadynda ýerleşdirilen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary we dikuçarlary, duşmanyň janly güýjüni ýok etmek, harby kerwenleri hem-de stasionar desgalary goramak üçin niýetlenendir.

Goşunlaryň beýleki kysymlary ýaly, içeri işler edaralary hem iň täze tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.Bu edaranyň gullugynda duran ýeňil sowutlanan awtoulaglaryň hatarynda “PMV Surivtor II”, “Toyota Tundra Crew Max”, “GMC Sierra 1500 CCSLE” kysymly awtoulaglar bar.

Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.Içeri işler edaralarynyň motoulaglary ýöriş hereketi bilen 26 diýen ýazgyny emele getirdi.Bu ýazgy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýar.

Soňra baýramçylyk ýörişi howada dowam etdirilýär.Uçuşyň ýokary ussatlygyny özleşdiren türkmen uçarmanlary döwrebap uçarlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň dikuçarlary eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär.

Meýdançanyň ýokarsynda Harby-Howa güýçleriniň “Mi-17 W5” uçarlary hem-de Döwlet serhet goşunlarynyň “Mi-8” kysymly dikuçarlary Döwlet baýdagymyz we Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň baýdaklary bilen peýda bolýar.

Olaryň yz ýany bilen “Mi-24” kysymly söweşjeň dikuçarlar uçup geçýär. “Agusta -109” hem-de “Agusta-139” kysymly dikuçarlar dabaraly gözden geçirilişiň özboluşly bezegine öwrüldi.Olaryň tehniki häsiýetnamasy daglyk hem-de geçmesi kyn ýerlerde gözegçiligi amala aşyrmaga kömek edýär.

Olar dünýäde iň döwrebap hem-de netijeli dikuçarlaryň biri bolmak bilen, edermen serhetçilerimize ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini ygtybarly goramaga ýardam edýär.Howada harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Eurocopter 365” kysymly dikuçarlary hem-de Içeri işler ministrliginiň “Eurocopter 145” dikuçarlary dowam etdirýär.

Meýdançanyň ýokarsyndan “Diamond-42” kysymly ýörite uçar uçup geçýär.Ol aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmek üçin niýetlenip, onuň kömegi bilen aňtaw uçuşlarynyň dowamynda ýazgy etmek we surata düşürmek mümkinçiligi bar.

Soňra asmanda “Su-25” hem-de “MIG-29” kysymly söweşjeň uçarlar peýda bolýar.Hut sesiň tizliginden ýokary tizlikde uçýan “MIG-29” kysymly uçarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ussatlygyny görkezendigini bellemelidiris.

Bu waka Watan goragçylarynyň her biri üçin harby-howa tehnikasyny dolandyrmagyň nusgalyk ussatlyk mekdebi bolup hyzmat edýär. Şu günki dabaraly harby ýörişe gatnaşan kuwwatly döwrebap ýerüsti we howa tehnikalarynyň ählisi döwletimiziň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, şu günki harby ýöriş Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipesiniň ykjam, ýokary taýýarlykly hem-de kämil derejede enjamlaşdyrylan, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga ukyply goşuny döretmekden ybaratdygyny görkezdi.

Görnüşi ýaly, häzirki wagtda ýaraglaryň we harby tehnikalaryň täze toplumlarynyň alynmagynyň hasabyna türkmen goşunynyň kuwwaty ep-esli artdy. Şunda dolandyryş, aňtaw, maglumat babatda garşy durmak, howa güýçlerine garşy goranmak ulgamlaryna, raketa we artilleriýa goşunlaryna hem-de ýörite maksatly güýçlere aýratyn üns berilýär.

Häzirki zaman hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, milli howpsuzlygy, sebitde parahatçylygy hem-de asudalygy üpjün etmäge ukyply Ýaragly Güýçlerimiziň bolmagy giň möçberli işleriň netijesidir. Ýurdumyzyň baş meýdançasynda baýramçylyk ýörişi ýene-de dowam edýär.

Döwlet münberiniň öňünde Goranmak ministrliginiň aýratyn hormat garawuly batalýony peýda bolýar.Batalýonyň esgerleri ýaragly nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny, şol sanda türkmenleriň gadymy söweş ýaraglarynyň biri bolan gylyçda dürli emelleri görkezýärler.

Soňra meýdançada Garaşsyzlyk binasynyň hem-de baş baýramymyzyň XXVI ýyllygyna bagyşlanan ýazgynyň şekilleri peýda bolýar.Dabaraly ýörişiň ahyrynda baş baýramçylyk mynasybetli özüniň ajaýyp sowgadyny taýýarlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri ussatlygyny görkezýär. ...

Münberiň öňündäki meýdança ajaýyp ahalteke bedewini çykarýarlar, onuň gözelligi baýramçylyk lybasy bilen utgaşýar.Behişdi bedew seýkin basyşy bilen haýran galdyrýar.Eziz Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan şu ajaýyp bedew sowgat berilýär.

Dabarany alypbaryjy Melehan atly bedewi milli baýramyň nyşany hökmünde kabul etmegi milli Liderimizden uly hormat bilen haýyş edýär.Bu saýlama bedew 2015-nji ýylda dünýä indi, ol Meleguşuň we Säheriň nesli bolup, onuň nesil daragty gözbaşyny ady belli Garlawaçdan we Gyrsakardan alyp gaýdýar, olar tohum atlaryň baş sanyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Goý, bu ajaýyp bedewiň batly gadamy toýuň bezegine öwrülip, ýelden ýüwrük bolsun!Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda türkmen atlarynyň şan-şöhraty täze belentliklere galdy.Halkara epizootiki edarasynyň Türkmenistana atlaryň kesellerinden azat zolak derejesini bermek hakynda güwänamasy, Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň kubogy, atçylyk sportyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurylan medal we diplom munuň aýdyň subutnamalary bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Halkara karantin merkeziniň açylmagy hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilen döwründe konkur boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleriniň altyn medal gazanmagy bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Halkymyzyň wepaly hemrasyna, ýurdumyzyň taryhynyň hem-de täze eýýamynyň üznüksiz arabaglanyşygynda janly rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzir hem ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň aýrylmaz alamaty bolup durýar. Şu günki uly dabarada hem biziň çakgan, dünýäde ussat çapyksuwar hökmünde tanalýan jigitlerimiz görkezme maksatnamasy bilen çykyş edýärler. Çür depesinde Türkmenistanyň parlaýan ýaşyl tuguny göterip barýan atlylaryň bedewiň üstünde emele getiren piramidasy bu çykyşyň esasyny düzdi.

Ata Watanymyzy, behişdi bedewleri ýetişdirmegiň we kemala getirmegiň, at münmek sungatynyň ajaýyp däplerini, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygy saklap galan halkymyzyň agzybirligini wasp edýän goşgy setirleri aýdylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň agasy - ussat atşynas Aba Annaýew hem öz nesilleriniň we asylly kärini dowam etdirijileriň minnetdarlyk bilen ýatlaýan seýisleriniň hataryna girýär.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine söýgüsini tüýs ýürekden beýan edip, ady rowaýata öwrülen atlaryň wagyz edilmegine, şöhratynyň has-da artmagyna örän uly üns berýär.Owadan atly ýöriş halkymyzyň belent ruhuny we jebisligini, agzybirligini, täze maksatlara ýetmekde ynamyny hem-de gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýar.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň şanyna geçirilýän dabara millionlarça adamlary birleşdirýär: dabaranyň teleýaýlymlar arkaly görkezilmegi ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan watandaşlarymyza paýtagtymyzda bolup geçýän ajaýyp waka göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.

Döwrebap tele we internet kommunikasiýalary dünýäniň alys künjeklerinde ýaşaýan adamlara hem türkmenistanlylaryň baýramçylyk ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi.Bu ýörişi ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri açýar. Ýörite awtoulagyň üstünde ýerleşdirilen ak öý türkmen halkynyň bitewüligini, taryhy köklere we milli dessurlara wepalylygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň baş meýdançasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri peýda bolýar. Ähli welaýatlardan gelen hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler olaryň başyny çekip gelýär. Ýöriş dabarasy alypbaryjynyň döwleti, onuň raýat we jemgyýetçilik edaralaryny ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanunçykaryjy edaranyň işine berilýän uly orun hakyndaky gürrüňi bilen dowam edýär.

Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda”, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaçalary girizmek hakynda” Kanunlara, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018—2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara hem-de özygtyýarly döwletimizi ösdürmäge täze itergi berjek beýleki birnäçe möhüm resminamalara gol çekmegi aýratyn möhüm waka öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara bileleşigine girmegi bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny has-da berkiden şatlykly waka boldy.

Soňra münberiň öňünden türgenleriň köp sanly hatary geçýär.Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri bar.Häzir olaryň ygtyýarynda ajaýyp sport toplumlary we stadionlar, sentýabr aýynda “Aşgabat 2017” oýunlary üstünlikli geçirilen sebitde iri Olimpiýa şäherçesi bar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýygyndy toparymyzyň medallaryň sany boýunça birinji orny eýelemegi şu ýylyň şanly wakasy boldy.

Bu oýunlara sportuň 21 görnüşinde ýygyndy toparlaryň 65-si gatnaşdy.Olimpiýa stadionyna bezeg berýän ahalteke bedewiniň şekiliniň hem-de şäherçäniň düzümine girýän sportuň suw görnüşleri boýunça merkeziniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini hem şonuň ýaly ajaýyp wakalaryň hataryna degişli etmek bolar. “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine mynasyp goşandyna şaýatlyk edýär. Ýakynda ýurdumyzyň sport düzüminiň üsti Türkmenistan üçin täze desga bilen ýetirildi.

Paýtagtymyzda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ilkinji golf klub açyldy. Şunuň ýaly meýdança deňiz şypahanasynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Hazaryň kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem gurlar.Sport baradaky joşgunly aýdymyň owazy astynda dabara gatnaşyjylar dürli maşklary ulanmak bilen, joşgunly tans çykyşyny ýerine ýetirýärler.

Gök asmana dürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi uçurylýar.Dabaraly ýörişi Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri dowam edýär.Münberiň öňünden paýtagtymyzyň ajaýyp desgalaryny, ýurdumyzyň baş şäherine bezeg beren täze binalaryň, ýadygärlikleriň şekillerini özünde jemleýän awtoplatforma geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi.Ilatyň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek, adamlara ähli eşretlere elýeterliligi üpjün edýän döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi şol özgertmeleriň esasyny düzdi. Şu ýyl ajaýyp binagärlik açylyş dabaralaryna beslendi.

Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyryna degişli täze binalar toplumy olaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.Ol döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümi bolan kottej jaýlaryny we köp gatly belent ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar.

Ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan goşgular aýdylýar, asmana ak reňkli howa şarlarynyň ýüzlerçesi uçurylýar.Soňra meýdança ylym we bilim ulgamynyň wekilleri çykýar, döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzy has-da ösdürmegiň intellektual hereketlendirijisiniň ornuny berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda başyny başlan düýpli özgertmeleri ony dünýä ölçegleriniň we talaplarynyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi.Dünýä derejesindäki ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi ileri tutulýan döwlet wezipesi hökmünde kesgitlenildi. Şu maksatlar bilen halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň täze ugurlary açylýar, olaryň ulgamy giňelýär. Şu ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň täze binasynyň, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy.

Bularyň hemmesi ýurdumyzyň innowasion ösüşiň esasyny düzýän bilim ulgamynyň kuwwatynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, bilim alýan ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, açylan giň mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ykdysadyýet düzüminiň, bank-maliýe ulgamynyň işgärleriniň ýörişi hem uly dabara beslendi.Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň görkezijilerini beýan edýän çyzgylar ägirt uly maliýe serişdeleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary her ýylda ýokarlanýar.Maliýe ulgamynyň durnuklylygy, salgyt syýasatynyň oýlanyşykly ýola goýulmagy netijesinde, Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlar üçin uly gyzyklanma bildirilýän ýurda öwrülýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny beýik zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Şeýle maglumatlar ýörişiň dowamyndaky owadan şekiller bilen utgaşýar.Soňra Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamynyň wekilleri dabaraly ýörişi dowam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamyny, hususy telekeçiligi ösdürmek bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertini emele getirýär.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk düzümleriniň täze söwda merkezlerini, köpsanly durmuş hem-de senagat maksatly desgalary gurup ulanmaga bermegi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri içerki bazarda möhüm orun eýeläp, alyjylaryň ynamyny gazandy.

Häzirki döwürde olar daşarky bazary ynamly özleşdirýärler.Türkmen telekeçileriniň döreden kärhanalary gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk harytlaryny öndürmekde daşary ýurtly kompaniýalar bilen mynasyp bäsleşik edip, netijeli iş alyp barýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Kanuny kabul edildi.

Ol Senagatçylar we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri hem-de işiň geljekki ugurlaryny üpjün edýär.Dabaraly ýörişiň dowamynda Awaza hem möhüm orun degişli boldy.Sary, ak we gök reňkler nurana güneşi, altynsow suwa düşülýän ýerleri, asuda deňzi alamatlandyrdy.

Hazaryň kenaryndaky ak mermerli binalar, ýelkenli gämiler ýörişiň dowamynda öz beýanyny tapdy.Horeografiýa toparlarynyň çykyşlary milli syýahatçylyk zolagyna, türkmen topragynyň jenneti mekanynyň ajaýyp künjeklerine bagyşlandy.Bu ýerdäki aýdym-sazly çykyşlar meýdançada deňiz tolkunlarynyň sesini, suw guşlarynyň owazyny janlandyrdy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň esasyny düzýän kaşaň myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň şekilleri bezegli ulaglaryň üstünde öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan bu iri taslama ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi.Türkmenistan täze syýahatçylyk merkezi we halkara işjeň dynç alşyň ýeri hökmünde özüni tanadýar.

Awazada dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara festiwallary, forumlar, maslahatlar geçirilýär. Şu ýyl bu ýerde täze düzümleýin desga bolan “Awaza” sport toplumy açyldy.Onda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar.

Soňra meýdançada ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri peýda bolýar.Olaryň ellerinde baýdaklar we Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň altyn çaýylan şekilleri bar. Ýurdumyzyň lukmançylygynyň ösüş derejesini janlandyrýan görnüşler ýörite gurnalan ulagyň üstünde görkezilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesi kepillendirildi.Döwletimiziň köp serişde sarp edip guran iň häzirkizaman lukmançylyk edaralarynda köpşahaly ulgam hereket edýär.Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrüldi.

Bu ýerde ýokary tehnologiýaly hassahanalar toplumy kemala geldi. Şu ýyl olaryň üstüni täze Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi ýetirdi.Mundan başga-da, ýurdumyzda sagaldyş merkezleri, täze saglyk öýleri, Marydaky iç keselleri şäher hassahanasy we beýleki desgalar ulanylmaga berildi.

Meýdança senagat pudaklarynyň önümçilik kärhanalarynyň işgärleri çykýar.Ykdysadyýetiň bu pudagynyň ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Geljek ýedi ýylyň dowamynda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça hem-de eksport ugurly ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegini ugur edinýän we geljek ýedi ýyla niýetlenen täze Prezident maksatnamasy bu ulgamyň ähli düzümleriniň doly döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de yzygiderli ösüşini üpjün eder.

Häzirki döwürde ýurdumyzda balyk hojalygyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.Himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär we elektron senagaty kemala gelýär.Münberiň öňünde özboluşly bezegler bilen üpjün edilen ulaglar peýda bolýar.

Olaryň birinde sahawatly türkmen topragynyň, ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň önümleri, beýlekisinde bolsa dag gaýalary, şaglawuklary, tebigatymyzyň dürli künjekleriniň haýwanat dünýäsini görkezýän tebigy şekiller ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oba hojalyk özgertmeleri anyk netijelerini berýär.

Ekerançylygyň, maldarçylygyň önümçilik kuwwaty ýyl-ýyldan artýar we pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar.Häzirki döwürde Türkmenistan ýetişdirilýän pagtanyň köp bölegini gaýtadan işleýär. Şeýle hem döwletimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bugdaýy eksport edýär. Ýurdumyzyň pagtaçylary baýramçylygyň öňüsyrasynda 1 million 50 müň tonna “ak altyn” ýygnap, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Şu aýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýer hakynda” Kodekse üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” Kanuna gol çekdi.

Munuň özi oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmekde, ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmakda aýratyn ähmiýetlidir.Türkmenistanda tebigaty, biodürlüligi goramak, sebit we ählumumy möçberdäki ekologiýa meselelerini çözmek ugurlaryna möhüm üns berilýär. Ýurdumyzyň baş meýdançasynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň işgärleri dabaraly ýörişe gatnaşýar.

Olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, halypalar, ussat hünärmenler we ýaş işgärler bar.Dokma senagaty sazlaşykly ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary dünýäde ýokary hilli taýýar önümleri öndürijiler bilen mynasyp bäsleşik edýärler.

Halyçylyk pudagynyň ösüşine täze itergi berildi. Ähli welaýatlarda haly önümçiliginiň kuwwatlyklary barha giňelýär.Meşhur türkmen halylarynyň şöhraty täze öwüşgin bilen belende galýar. Ýurdumyzyň haly we dokma kärhanalarynyň işgärleri öz pudaklarynyň aýratynlygyny giňden görkezýär.

Bu ulgamda gadymy senetkärçilik ýörelgeleri döwrebap görnüşde dowam edýär.Bezegli awtoulaglarda ajaýyp halylar, däp bolan milli ýörelgeler bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleri döwrebap lybaslary döretmäge ruhlandyrýar.Meýdançada baýramçylyk şowhuny emele gelýär.

Folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary owazly sazlar bilen utgaşýar.Soňra münberiň öňünden uçarmanlaryň, demirýolçularyň, deňizçileriň we derýaçylaryň lybasyndaky işgärler geçip başlaýar.Olaryň ýörişi pudaklaýyn aýratynlyga laýyklykda bezelen awtoulaglar bilen utgaşýar. Şeýle hem bu ýerde uçarlaryň, ýük we ýolagçy düzümleriniň, gämileriň şekilleri görünýär.

Olar “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, demir ýol edaralarynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň düzümlerini alamatlandyrýar.Milli Liderimiz geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň, söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri yzygiderli çözülýär.

Munuň özi halkara uçar ugurlarynyň, guryýer we suw ulaglarynyň üsti bilen ýük hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda Lebap welaýatynda Türkmenabat—Farap demir ýol we awtomobil köprüsi açyldy. Ýakynda Bereket şäherinde täze lokomotiw deposynyň ulanylmaga berilmegi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň batly depginleri döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgärleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylady.Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem ýüzlerçe häzirki zaman awtobuslary we beýleki ulaglar satyn alyndy.

Bu bolsa ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň we Milli kosmos agentliginiň işgärleri baýramçylyga beýik ýeňişler bilen geldi.. Ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, emeli hemranyň orbita çykarylmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşinden habar berýär.

Soňra nebitgaz pudagynyň işgärleri peýda boldy. Ägirt uly ýerasty baýlyklar Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy energetika ýurtlarynyň hataryna çykardy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin halkara turba geçirijileri boýunça giň möçberli taslamalar öňe sürüldi.

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.Burawlaryň we turba geçirijileriň şekilleri ýerleşdirilen awtoulaglarda nebitgaz pudagynyň ýeten derejesi aýdyň görünýär.Onuň ýanyndan pudagyň ýörite lybasdaky işgärleri barýar.

Olar özleriniň öndürijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýar.Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan joşgunly tanslar ýurdumyzyň ykdysady depginlerini, ýerasty känleriň senagat taýdan çalt özleşdirilişini beýan etdi. ...Dabaraly ýöriş dowam edýär.

Dürli önümçiligiň ýörite lybasly işgärleri, energetika pudagynyň hünärmenleri ýörişde ynamly gadam urýarlar.Ulaglarda önümçilik kuwwatlyklarynyň şekilleri ýerleşdirilipdir.Olaryň güýji bilen içerki sarp edijileriň islegleri doly kanagatlandyrylýar. Ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam ýurdumyzyň elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara ugradýar.

Baş meýdançada jemagat hojalygy ulgamynyň işgärleri, dürli gulluklaryň hünärmenleri peýda bolýar.Olaryň birleşen tagallasy bilen şäherleriň we obalaryň keşbinde amatlylyk hem-de arassaçylyk emele gelýär hem-de ähli künjeklerde täze durmuş döreýär. Şu ýyl Aşgabatda Jemagat hojalygy instituty talyplar üçin gapylaryny giňden açdy.

Ol pudak üçin ýokary hünärli işgärleri, watandaşlarymyzyň amatly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň ugurlar boýunça inženerleri taýýarlamaga girişdi.Soňra Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň işgärleri ýörişi dowam etdiler.

Bu pudaklaryň işgärleriniň tagallasy bilen, paýtagtymyzyň we tutuş ýurdumyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi.Täze ykdysady-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň binalary, täze döwrebap ýollar gurlup, ulanylmaga berildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň şäher gurluşygy tutuş gurşawy özgertmäge, amatly howa ýagdaýyny döretmäge bolan ulgamlaýyn çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar.Dabaraly ýöriş ýaş nesilleriň joşguny bilen dowam etdi. Çagalar şatlyk bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutladylar. Ýurdumyzyň baş meýdanynda iň gowy çagalar döredijilik toparlary, ýaşajyk artistler joşgunly tanslary ýaýbaňlandyrdylar we owazly aýdymlary bilen bagtyýar çagalygy, mähriban Watanymyzy wasp etdiler.

Pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerini we nesihatlaryny dowam edýän nesillere Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys.Hut şonuň üçin hem döwletimiz biziň geljegimiz bolan ýaşlaryň häzirkizaman bilimlerine eýe bolmaklary, üstünlik gazanmaklary, erkin we bagtly ýaşamaklary, döredijilikli we ruhubelent zähmet çekmekleri ugrunda zerur şertleri döredýär we mundan beýläk-de döreder diýip, milli Liderimiz belleýär.

Soňra ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň köp sanly edaralarynyň işgärleri meýdança çykýarlar.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň bu ugruň ösdürilmegine berýän ünsüniň netijesidir. Şu ýyl şeýle çäre Aşgabatda geçirildi.

Mundan başga-da, yzygiderli döredijilik çäreleriniň dowamynda türkmen medeniýeti daşary ýurtlarda, dünýäniň dürli döwletlerinde giňden we işjeň wagyz edilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk we doganlyk sazy” atly kitabynda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda sungatyň möhüm ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň berilýär.

Bu neşiriň otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň eminleriniň ýörite diplomyna mynasyp bolandygyny bellemeli. Şeýle hem milli Liderimiziň “Türkmenistan” atly kitaby “Meniň ýurdum” ugry boýunça geçirilen bäsleşikde birinji orny eýeledi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby bolsa GDA-nyň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň baş baýragyna — Gran-pri baýragyna mynasyp boldy.Bu şanly wakalar ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň buýsanjyny artdyryp, çeper döredijiligiň üsti bilen Watanymyzy has-da taryplamaga ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir möhüm medeni taslamalara ýolbaşçylyk etmän, eýsem, olaryň amala aşyrylmagyna hem goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli medeniýetimizi has giň halkara ölçegde wagyz etmek, medeniýetleriň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ýaly ugurlary ösdürilýär.

Meýdançada halkymyzyň birnäçe döredijilik däplerini özünde jemleýän köp sanly toparlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.Olar her sebite mahsus äheňde ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, agzybirligi we durmuş güýjüni görkezýän küştdepdi tansy hemmeleriň bir umumylyga jemlenmegini şertlendirýär.

Tansyň hereketi, ondaky ýerine ýetirilýän çykyşlar tomaşaçylarda şatlyk we ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Ýurdumyzyň baş meýdanyndaky dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, mähriban Watanymyza we Garaşsyzlygymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen jemlenýär.

Baýramçylyk dabarasy tutuş ýurdumyzda, ähli şäherlerde we obalarda ýaýbaňlandyryldy. *** Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralary agşamlyk “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada uly konsert bilen dowam etdi.Bu ýere paýtagtymyzyň müňlerçe ýaşaýjylary we myhmanlar ýygnandylar.

Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary, ussatlar we ýaş estrada aýdymçylary, şol sanda “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijileri gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň belli folklor we tans, hor toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýurdumyzyň kompozitorlarynyň we şahyrlarynyň baýramçylyk mynasybetli täze döreden bu ýerde geçirilen konsertde ýaňlandy. Şeýle hem artistler tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan häzirkizaman yşky-liriki we watansöýüjilik aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Konsert çykyşlary jemlenende Aşgabadyň asuda asmanynda älemgoşar öwüşginli feýerwerk peýda boldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň äpet halkasyny ýagtylandyrýan öwüşginler asmana atylyp, gök ýüzünde özboluşly şekilleri emele getirdi.Dürli öwüşginler gymmat bahaly dürdäneler kimin çarýana çaýyldy.

Bu özboluşly hem-de täsirli görnüşler baýramçylyk mynasybetli guralan şu günki dabaralaryň jemini jemledi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
27.09.2019 | Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistan italiýan harby uçarlaryny satyn aldy
Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy