27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi.Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.Bu eýýam bolsa ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda düýpli özgertmelere beslendi.

Ine, indi 27 ýyldan bäri agzybir türkmen halky ata-babalarymyzyň mähriban topragynda parahatçylykly we bagtyýar durmuşda ýaşap hem-de döredijilikli zähmet çekip, şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam etdirýärler.Garaşsyzlygyň her bir şanly senesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ynamly öňe alyp barýan beýik döredijilikli ýolunda ýene-de bir sepgitdir.

Döwlet Baştutanymyzyň başlyklygynda Aşgabatda golaýda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisi şu ýylyň esasy wakalarynyň biridir.Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi we ýakyn geljek üçin döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylygyň öň ýanyndaky Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip hem-de geçilen ýola baha berip, şanly Garaşsyzlygymyzyň bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berendigini, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döredendigini belledi. Şu ýyllaryň içinde ýurdumyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde şu ýylyň dowamynda gurlan hem-de ulanmaga berlen köp sanly durmuş-medeni, önümçilik, ulag-kommunikasiýa we beýleki maksatly desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda şu aýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan iri senagat maksatly desgalar hem bar — Balkan welaýatynda gurlan, himiýa pudagynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren “Garabogazkarbamid” zawodyny hem-de Mary welaýatynda gurlan, ýurdumyzdaky ilkinji utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugry hem özüniň anyk netijelerini berýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki möhüm forumlaryň münberinden beýan edilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna mynasyp boldy. Şoňa görä-de, jemgyýetimiziň jebisliginiň, parahatçylygyň we abadançylygyň, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde biz bu baýramy uly agzybir maşgala bolup, giň gerimde belleýäris.

Türkmenistanlylaryň ählisiniň kalby döwletimize bolan buýsanç duýgusyndan doludyr. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi.Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri hem-de döwletimizde işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we daşary ýurtly işewürler bar.

Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.Sagat 10.00.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri fanfar çalýar.Baýramçylyk harby ýörişden başlanýar.Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Ýaragly Güýçleriň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat soraýar.

Milli Liderimiz ýörişi başlamaga rugsat berýär.Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we şol wagt Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. 27 ýylyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylyk we ösüş ýoly bilen öňe gidip, has belent sepgitleri eýeleýär hem-de garaşsyz ösüşiň täsin nusgaly döwleti hökmünde bütin dünýäde berkarar bolýar.

Meýdançada nyzama düzülen türkmen harbylary eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar.Häzirki döwürde döwletimiz Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärler kuwwatyny artdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin göwnejaý şertleri döretmek barada hemmetaraplaýyn alada edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda Milli goşunymyzyň ähli kuwwatynyň diňe parahatçylyga gulluk etmäge gönükdirilendigini bellemelidiris.Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir we onuň esasy maksady ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmen esgerleri döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnika we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.Yzygiderli guralýan taktiki okuwlar hem-de harby-watançylyk terbiýesi, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweşjeň tehnikanyň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmegiň hem-de dolandyrmagyň tälimlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler, hususan-da, şu ýylyň maý we awgust aýlarynda geçirilen çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar.Esgerler dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagy geljekki Watan goragçylarynyň buýsanjyna öwrülip, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Soňra münberiň öňünden Milli goşunymyzyň serkerdeler batalýony geçýär.Ata Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine goşant goşýan zenan harby gullukçylar baýramçylyk ýörişini dowam edýärler.Döwletli Diýarymyzyň goragynda sarsmaz gala bolup duran motoatyjy esgerler dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen barýarlar.

Olaryň yzysüre eziz Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýan Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam edýärler. Ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragçylary döwlet münberiniň öňünden nyzama düzülip geçýärler.Olar beýleki goşun kysymlarynyň harby gullukçylary ýaly, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda deňiz-pyýada batalýony bar.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Harby deňiz güýçleriniň abraýyny artdyryp, olar Hazarda ýurdumyzyň serhetlerini hüşgär goramak bilen, döwletimiziň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýärler.

Döwletimiz tarapyndan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, harby deňiz goşunlaryny ösdürmäge uly üns berilýändigi netijesinde, harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.Dabaraly harby ýörişi ýörite maksatly desant batalýony dowam edýär.

Ata Watanymyzyň, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňündäki mukaddes borjuny mynasyp berjaý edýän bu berk bedenli hem-de ruhubelent ýaş esgerler türkmenistanlylaryň kalbyny buýsançdan doldurýar.Garaşsyzlyk meýdanyndan artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi geçýär.

Olar harby okuw-türgenleşiklerde kuwwatly artilleriýa ýaraglaryna başarnykly erk edip, takyk ot atyş urgularyny amala aşyrmakda ussatlyk görkezýärler.Döwlet berkararlygymyzyň hormatyna guralýan dabaraly harby ýörişi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber aladasy netijesinde döredilen täze goşun kysymy — Territorial goranyş goşunlarynyň harby gullukçylary dowam edýärler. Ýurdumyzyň çägindäki döwlet we aýratyn möhüm desgalary goraýan bu harby gullukçylar başlaryny belent tutup barýarlar.

Baş meýdandan raýat goranyş we halas ediş batalýonynyň harby gullukçylary geçýärler.Onuň şahsy düzümi adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de şolaryň netijelerini aradan aýyrmakda dessin kömek bermegiň endiklerini ussatlyk bilen ele alýarlar.

Soňra münberiň öňünden Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly topary hem-de Serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleri batly gadam urup geçýärler.Däp bolşy ýaly, bu bölümler öňdebaryjy taktiki we iň täze tehniki serişdeleri ulanmak arkaly operasiýalara gatnaşýarlar. Ýörite bölümleriň esasy aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesi bilen baglanyşyklydyr. Ýörite maksatly toparlaryň işiniň esasy ýörelgeleri söweşjeň wezipeleri çözmekde çalt hereket etmeginden ybaratdyr.

Bilimiň we ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaş esgerleri ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Özlerine ynanylan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelýän ýokary hünärli hünärmenlere aýratyn üns berilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. Şolaryň esasy wezipesi Milli goşun üçin serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Şunda okatmagyň hiline we netijeliligine, döwrebap tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmak endiklerini ele almaga uly ähmiýet berilýär.

Içeri işler ministrliginiň institutynyň işi hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.Onuň talyplary meýdandan batly gadam urup geçýärler.Beýlekilerde bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde hem okuw-terbiýeçilik işi häzirki ýokary talaplara doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldaw bermegi boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň goşun bölümlerinde döredilen atçylyk bölümleriniň ýörişi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişiň hakyky bezegine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ata-babalarymyz özleriniň durmuşynda möhüm orun eýelän bedewlerine aýratyn üns beripdirler.Meşhur bedewler türkmenleriň buýsanjydyr we kalbynyň aýdymydyr, täsin sungat eseridir, edermen halkymyzyň dünýäniň genji-hazynasyna goşan ajaýyp goşandydyr.

Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda bolsa olaryň ýakyn dosty bolupdyr.Soňra döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi başlanýar.Meýdanda dürli goşun kysymlarynyň mehanizirlenen kerwenleri peýda bolýar. Şolaryň ýöriş hatarynyň öňüni Combat Guard kysymly harby awtoulaglar çekýär.

Olaryň yzysüre täze gelip gowşan, ýörite maksatly bölümler tarapyndan söweşjeň wezipeleri çalt hem-de bökdençsiz ýerine ýetirmek üçin niýetlenen täze motoulag serişdeleri geçýärler.Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehniki serişdeler islendik şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gözden geçirilişi MRZR-D2, MRZR-D4, DAGOR, AJBAN kysymly harby awtoulaglar dowam edýärler.Olar ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenendir.Bu ykjam we şol birwagtyň özünde kuwwatly taktiki ulag serişdeleri barmasy kyn ýerlerde jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge kömek berýär.

Häzirki wagtda “Land Rower” we NIMR kysymly sowutlanan awtoulag ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine kabul edilen kämil tehnikadyr.Dabaraly harby ýörişe gatnaşýan bu döwrebap harby awtoulagyň üstünde söweş alyp barmak üçin Şerşen kysymly tanka garşy raketalar, taktiki uçarmansyz uçarlar, 82 mm-lik minomýotlar hem-de brauning kysymly pulemýotlar bar.

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişde Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki kämil söweş tehnikalary bolan KARAKAL kysymly söweşjeň tehnikalar geçýärler. Şolaryň üstünde desant harby gullukçylar asmana atyjy göçme raketa toplumy bilen geçýärler.

Dabaraly harby ýörişi Al SHIBL 2 kysymly harby awtoulaglar dowam edýär.Bu harby tehnikalar Ýaragly Güýçlerimiziň düzümine täze kabul edildi.Dabaraly harby ýöriş bilen BTR 80A we Kirpi kysymly söweş tehnikalary geçýärler.

Meýdanda 2-nji mehanizirlenen kerwen peýda bolýar.Onuň düzüminde Rode Şwars kysymly häzirki zamanyň döwrebap harby aragatnaşyk enjamlary ýerleşdirilen Land Rower kysymly tehnikalar geçýärler.Soňra harby ýörişden FM-90 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem-de S-200 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary geçýärler.

Olar howa giňişligindäki hem-de suw üsti nyşanalary ýokary takyklyk bilen hatardan çykarýarlar. 3-nji mehanizirlenen kerweniň düzüminde dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary — Toyota HILUX, COBRA, MANTRA, PMV-SURVIVOR II, KIRPI kysymly awtoulaglary geçýärler.

Bu ulaglar kuwwatlylygy, tizlik häsiýetleri hem-de ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar.Soňra münberiň öňünden “IVECO” kysymly awtoulaglary geçýär, olarda oturdylan ZU-23 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary ýok etmek üçin niýetlenendir. 4-nji mehanizirlenen kerweniň nobaty gelýär.

Onuň düzüminde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň OTOKAR, PMV-SURVIVOR II, TOYOTA TUNDRA, GMS Sierra kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglary bar.Bu döwrebap awtoulaglar halkymyzyň asudalygynyň we rahatlygynyň, hukuk hem-de jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra meýdandan Içeri işler ministrliginiň motoulaglary geçýärler.Baýramçylyk ýörişi asmanda dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Harby howa güýçleri eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär.

Meýdanyň ýokarsyndan AGUSTA-109 we AGUSTA-139 kysymly dikuçarlary uçup geçýärler.Olaryň tehniki häsiýetleri Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryna daglyk we beýleki barmasy kyn ýerlerde gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Harby ýöriş Milli howpsuzlyk ministrliginiň Eurocopter — 365 hem-de Içeri işler ministrliginiň Eurocopter — 145 kysymly dikuçarlary bilen dowam etdirilýär.Soňra SU-25 kysymly söweşjeň uçarlar baş meýdanymyzyň howa giňişliginde peýda bolýarlar.

Harby uçarmanlarymyz ählihalk baýramçylygynda hünär ussatlyklarynyň ýokarydygyny görkezýärler.Munuň özi ata Watanymyzyň asmanynyň parahatlygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerdediginiň kepili bolup durýar. Ýörişe gatnaşýan bu döwrebap ýerüsti we harby-howa tehnikalary hem-de ýaraglary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy wezipesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga ukyply ykjam, goranyş ukyply Milli goşuny döretmekden ybaratdyr.

Bu babatda şu günki harby ýöriş yzygiderli döwrebap enjamlar hem-de harby tehnikalar bilen üpjün edilýän harby we hukuk goraýjy düzümleriň kuwwatynyň ep-esli artdyrylandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.Häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri Türkmenistanyň çäk bitewüliginiň, milli howpsuzlygynyň, parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.

Soňra döwlet münberiniň öňünde Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar.Olar Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylygyny nyzam emelleri bilen bezeýärler.Münberiň öňünde Hormat garawulynyň şahsy düzümi nyzam ýörişi bilen “27” belginiň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilini emele getirdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby orkestriniň joşgunly çykyşy baş baýramyň hormatyna guralan harby ýörişiň jemleýji çäresi boldy.Ine-de, dabaraly sazyň owazy dutaryň sazy bilen utgaşyp gidýär.Münberiň öňündäki baş meýdança Günüň şöhlesine altyn reňkde öwşün atýan, şaý-seplere beslenen ahalteke bedewini çykarýarlar. Ýigitler ajaýyp aty idip getirip, onuň gözelligini we syratlylygyny görkezýärler.

Soňra bedew ussatlyk bilen çarpaýa galyp, haýran galan tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar.Eziz Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň bähbidine çekýän tutanýerli zähmeti we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan bu ajaýyp bedew sowgat berilýär.

Dabarany alyp baryjy milli Liderimizden ählihalk söýgüsiniň beýany hem-de ähli beýik we asylly başlangyçlarynyň goldaw tapýandygynyň nyşany hökmünde ahalteke bedewini kabul etmegini haýyş edýär.Türkmen atlary bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ajaýyp baýramçylyklarynyň bezegine öwrüldi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda türkmen bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Şu ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankadaky” sirk sungatynyň I Halkara festiwalynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparlary bu halkara festiwalynyň baş baýragyna — “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp boldy.

Baş meýdana seýkin basyp, ýene-de bir ajaýyp, ak reňkli, kümüşsöw bedew çykýar.Ol özüniň owadanlygy hem-de syratlylygy bilen ýygnananlary haýran galdyrýar.Hormatly Prezidentimize degişli bolan bu Akhan atly bedew çarpaýa galyp, uzak aralygy geçmekde gazanan üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Akhan münberiň öňünde baş egýär we ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda çarpaýa galyp, birnäçe aralygy geçýär.Ahalteke bedewlerine bagyşlanan joşgunly şygyrlar ýaňlanýar. Öňünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip barýan ýigidiň yzyndan barýan atlylar topary türkmen halkynyň özüniň köklerine wepalydygyny hem-de geljege ymtylmagy, jebisligi, täze maksatlara ýetmäge okgunlylygy alamatlandyrýar.

Meşhur küştdepdiniň owazynyň astynda atlylar we milli lybasly gyzlar baş meýdana çykýarlar.Olar döwre gurap söýgüli halk tansyny ýerine ýetirýärler.Bu özboluşly çykyş gyzlaryň sazlaşykly hereketiniň syratly bedewleriň gözelligi bilen utgaşýandygy bilen haýran galdyrdy.

Sazyň owazy barha belentden ýaňlanýar we bedewler “tansçylaryň” wezipesini üstünlikli ýerine ýetirip, çykyşyň täsirini has-da artdyrýarlar.Soňra atlylar topary meýdandan ugraýar we bu ýerde Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan sahnalaşdyrylan edebi — aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar.

Meýdana birmahallar söwda ýollarynyň ugrunda köp bolan kerwensaraý çykarylýar.Bu ýerde durmuş gaýnap joşupdyr, dürli ýurtlardan adamlar duşuşypdyrlar, olar harytlary alyşmak bilen, arzuw-maksatlary barada pikir alşypdyrlar.Kompozisiýa folklor, tans we beýleki döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Olar köp adamly Gündogar bazarynyň özboluşly keşbini döretdiler. Ýigitleriň joşgunly tansy bu kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen söwda şäherleriniň täsin durmuşynyň ruhuny berip, gadymy döwürleriň durmuşyny beýan edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda şol döwürler barada gyzykly gürrüň berilýär.

Gadymy ýoluň taryhy-medeni ähmiýetini açyp görkezýän bu neşiriň ikinji kitabynyň çapdan çykmagy watandaşlarymyza baýramçylyk sowgady boldy.Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly diňe bir geçmişiň siwilizasion täsinligi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hem-de ulag, ynsanperwer ulgamda, sportda iri taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde emele gelýän täze ýagdaýdyr.

Bularyň ählisi Türkmenistana dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edip, gadymy döwürlerde bolşy ýaly, yklymyň halklaryny hem-de sebitlerini birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär.

Baş meýdanda “Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!” diýen ruhubelent sözler yzygiderli ýaňlanýar — Türkmenistana buýsanmaga hem-de beýik işleriň ýylýazgysynyň üstüni ýetirmäge zat köpdür. Ýurdumyzyň baş meýdanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri peýda bolýarlar.

Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler öň hatarda barýarlar. Ýöriş mahaly dabarany alyp baryjy döwletimizi ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň, raýat hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ägirt uly orny barada gürrüň berýär.

Golaýda Aşgabatda geçirilen ählihalk forumynda — Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.Biziň Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine saýlanylmagy ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göteren şanly waka boldy.

Soňra ähli welaýatlaryň wekilleri geçýärler.Olaryň yzysüre barýan awtoulagda mähriban ojagyň, jebisligiň hem-de nesilden-nesle geçirilip gelýän däpleriň nyşany bolan tamdyr ornaşdyrylypdyr. Ýörişi Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işgärleri dowam etdirýärler.

Münberiň öňünden paýtagtymyzyň binagärlik ajaýyp ýerleriniň, täze desgalarynyň, ýadygärlikleriň maketleri geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi has-da gözelleşdi.

Ilatymyzyň durmuşynyň ýaşaýyş derejesiniň üpjün edilmegi, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi şol özgertmeleriň esasy görkezijisi boldy. Şu ýyl paýtagtymyzda täze ýaşaýyş toplumlary, döwrebap binalar, seýilgähler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Ak mermerli Aşgabady wasp edýän ruhubelent goşgular ýaňlanýar, asmana köp sanly şarlar uçurylýar.Soňra meýdana ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleri çykýarlar.Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň intellektual ilerledijisi hökmünde garaýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu ulgamlarda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy olary halkara ölçegleriň talaplarynyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu meselä aýratyn üns berip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýdy. Şu maksatlar bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary ornaşdyrylýar. Şu ýyl paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döwrebap orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ençemesi ulanmaga berildi.

Bularyň ählisi innowasion ösüşiň esasyna öwrülen bilim ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, döredijilik, intellektual kuwwaty kämilleşdirmek babatda uly mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Soňra welosipedçileriň uly topary hatar bolup geçýär.Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar bar.Häzirki döwürde ajaýyp sport toplumlary we stadionlar, sebitdäki iri Olimpiýa şäherçesi olaryň ygtyýaryndadyr.

Dabarany alyp baryjynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosiped ýörişi we elbetde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça üstünlikli geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de ylgaw ýaryşy we welosipedli ýöriş şu ýylyň şanly wakalary boldy.

Bu sport çäreleri ýurdumyzyň bütin dünýädäki abraýyny has-da belende göterdi we bedenterbiýe-sport hereketiniň ösmegine täze kuwwatly itergi berdi.Münberiň öňünden geçip barýan awtoulagyň bezeginde Garagumuň keşbi döredildi.

Garagum çölüniň içinden ralliniň ýoly geçdi.Bu ýaryşlara gatnaşmak üçin dünýäniň 20 ýurdundan türgenler geldiler.Türkmen ýygyndysynyň ulaglarynyň şekilleriniň arasynda 100 belgili meşhur awtoulag aýratyn orun eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol awtoulagda ýaryşlaryň başlangyç tapgyryny geçip, bäsleşige badalga berdi.Türkmen topary hut şu awtoulagda 80-den gowrak toparyň arasynda 3-nji orny eýelemegi başardy.

Baýramçylyk ýörişiniň nobatdaky mowzugy Awaza bilen baglanyşykly boldy.Sary, ak we gök reňkler Gün şöhlelerini, ajaýyp çägeli suwa düşülýän ýerleri, mylaýym deňzi, ak ýelkenli gämileri hem-de Hazaryň kenaryndaky ak mermerli binalary ýatlatdy.

Milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlara gatnaşanlaryň lybaslary hem şol reňklerde boldy.Bezelen ulaglarda şu ýyl açylan “Awaza” akwaparkynyň attraksionlaryny, deňiz şypahanasynyň beýleki desgalarynyň şekillerini görmek bolýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu ägirt uly taslama tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boldy.Awaza diňe bir syýahatçylary we dynç alýanlary özüne çekmek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary derejeli halkara duşuşyklaryň, festiwallaryň, maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýyl bu ýerde akwaparkdan başga-da, saglygy goraýyş ulgamynda dürli innowasion hyzmatlary hödürleýän “Awaza” şypahanasy hem açyldy.

Awaza gelip görmäge çagyrýan aýdym hem-de deňiz tolkunlaryny ýatladýan joşgunly tans “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözleriň ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.Bu jümle Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly ýörişiň özenini düzdi.

Meýdana saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň wekilleri çykýar.Häzirki wagtda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň köp şahaly ulgamy ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýär.Döwletimiz şolaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylyşyna uly möçberdäki serişdeleri gönükdirdi.

Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrüldi, bu ýerde ýokary tehnologiýaly hassahanalar hereket edýär.Lebap welaýatynda köpugurly hassahananyň, Mary şäherinde welaýat çagalar hassahanasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky täze üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra münberiň öňünden ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamynyň işgärleri geçýär.Pannolar we maketler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini şöhlelendirýär.Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge ägirt uly maddy serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň mukdary ýokarlandyrylýar.Durnukly maliýe ulgamynyň, oýlanyşykly maliýe syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiligi ýokarlanýar.Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary öz zähmet ýeňişlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygyna bagyşladylar.

Söwda we telekeçilik ulgamlarynyň köpöwüşginli ýörişi dabaranyň täsirini has-da artdyrýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, söwda we hyzmatlaryň, hususy ulgamyň ösdürilmegi, bäsdeşlige ukyply bazar ykdysadyýetini döretmegiň möhüm şertidir.

Hususy kärhanalar — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan köp sanly durmuş hem-de senagat desgalary bu ulgamda döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri alyjylaryň ynamyna mynasyp boldy hem-de içerki bazarda mynasyp orun eýeledi, indi bolsa olar daşarky bazarlary ynamly özleşdirýärler.

Türkmen telekeçileri häzirki wagtda gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini öndürmekde netijeli işläp, daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýärler.Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçilerine täze giň möçberli taslamalary ynanmak bilen, şolaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär we hususy ulgamyň ösmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ýurdumyzyň baş meýdanyndan bu gün ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän müňlerçe adam geçýär. Şolaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, meşhur ussatlar we esasy hünärmenler, ýaş işgärler bar.

Dokma senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýän pudaklarynyň biridir.Dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary dünýäniň ýokary hilli önümlerini öndürýän, bäsdeşlige ukyply kärhanalarynyň hataryna goşuldy.Halyçylygyň ösüşi häzir täze itergä eýe boldy, welaýatlaryň ählisinde halyçylyk kärhanalarynyň ulgamlary giňeldilýär, deňsiz-taýsyz türkmen halylarynyň şöhraty barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň halyçylyk we dokma kärhanalarynyň işgärleri gadymy senediň däplerini dowam edip, baýramçylyk ýörişinde öz pudagyna mynasyp derejede wekilçilik etdiler.

Baş meýdanda joşgunly baýramçylyk aýdymy ýaňlanýar.Folklor-etnografiki topar onuň owazynyň astynda köpöwüşginli tansy ýerine ýetirýär.Topara gatnaşyjylaryň egninde owadan milli lybaslar, sport eşikleri, jinsi matasyndan tikilen egin-eşikler bar.

Munuň özi Türkmenistanda taýýar dokma önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini alamatlandyrýar. Önümçilik kärhanasyny ýatladýan awtoplatforma bilen bilelikde baş meýdana senagat pudaklarynyň işgärleri çykýarlar.Ykdysadyýetiň bu ulgamynyň ösdürilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda iri kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Munuň özi ýurdumyzyň senagatynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy.Häzirki döwürde ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar, himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar hem-de durmuşa geçirilýär.

Gurluşyk serişdelerini öndürmek pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde aýna önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy ulanmaga berildi.Onuň önümleri daşary ýurtly alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýar.

Münberiň öňünde owadan bezelen awtoulaglar peýda bolýar. Şolaryň birinde sahawatly türkmen topragynyň önümleri hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň harytlary ýerleşdirilipdir, beýleki ulagda bolsa dag gerişleri, şaglawuklar, tebigatyň goraghana künjeklerinde ýaşaýan haýwanlar şekillendirilipdir we ajaýyp ahalteke bedewi öň hatara çykarylypdyr.

Ekerançylykda we maldarçylykda öndürilýän önümleriň möçberi ýylsaýyn artýar, pudagyň düzümi giňeldilýär we täzelenýär.Häzirki wagtda Türkmenistanda ýetişdirilen pagta hasylynyň aglaba bölegi gaýtadan işlenilýär, türkmen döwleti şeýle hem bugdaýy daşary ýurtlara iberýär, azyk bolçulygy doly üpjün edildi. Şu ýyl döwrebap maldarçylyk toplumlary, miwe we gök önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar ulanmaga berildi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň golaýda bolan mejlisinde topraga aýawly we hojalyk gözi bilen garalmagyny höweslendirýän hem-de obasenagat toplumynyň ösüşiniň täze geljegini açýan täze oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Ýurdumyzda tebigaty goramaga, bioköpdürlüligi üpjün etmäge, sebit we ählumumy möçberde ekologiýa meselelerini çözmäge aýratyn üns berilýär.

Soňra münberiň öňünden raýat awiasiýasynyň işgärleriniň, demirýolçularyň, deňizçileriň we derýaçylaryň lybasyndaky adamlar geçýärler.Olary pudaklaýyn mowzuga laýyklykda bezelen awtoulaglar ugradýarlar.Howa we deňiz portlarynyň menzilleriniň binalary, otlular, köprüler, beýan edilen şekilleriň gapdaly bilen “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, demir ýol edarasynyň, suw ulagy gulluklarynyň işgärleri geçýärler.

Milli Liderimiz tarapyndan geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär.Türkmenistanda demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň, söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wezipeleri yzygiderli çözülýär.

Bularyň ählisi halkara howa ýollarynyň, ýerüsti we suw ulaglary arkaly ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. 2018-nji ýylda Türkmenabatda täze Halkara howa menzili ulanmaga berildi.

Ol özüniň täsin binagärlik çözgüdi arkaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädim boldy.Onuň düzümine “Balkan” gämigurluşyk zawody girdi.

Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin halkara guramalar tarapyndan hem birnäçe baýraklar gowşuryldy, portuň gurluşygynda döredilen emeli ada hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Mundan başga-da, türkmen ýol gurluşykçylary tarapyndan gysga wagtda Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýoly çekildi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň okgunly ösüşi ýaş aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen estrada aýdymynda beýan edildi. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň hem-de Milli kosmos agentliginiň işgärleri baýramçylygy ýokary netijeler bilen garşylaýarlar.

Türkmenistan eýýäm ýokary tehnologiýaly kommunikasiýalary ösdürmek maksady bilen, Äleme ikinji emeli hemrasyny çykarmaga taýýarlyk görýär.Munuň özi bolsa döwletimiziň ykdysady taýdan okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.Baş meýdanda nebitgaz pudagynyň işgärleri peýda bolýarlar.

Türkmenistanyň ägirt uly ýerasty baýlyklary ony dünýäniň esasy energetika döwletleriniň hataryna çykarýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin halkara turbageçirijiler boýunça giň möçberli taslamalaryň başy başlandy.

Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýörite awtoulagyň mowzuklaýyn bezeginde nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri — çöli ilkinji boýun egdirijileriň ýadygärliginden başlap, döwrebap buraw guýularynyň, gaýtadan işleýän zawodlaryň, turbageçirijileriň makedine çenli ýetilen sepgitler öz beýanyny tapýar.

Ony pudagyň iş lybasyndaky zähmetkeşleriniň hatarlary ugradýarlar.Olar özleriniň tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar. Ýörişi energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri dowam etdirýärler.Awtoulagyň üstünde artýan içerki islegleri kanagatlandyrmaga ukyply önümçilik desgalarynyň, türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ýetirýän ýokary woltly elektrik geçirijileriň maketleri ýerleşdirilipdir. Şu ýyl türkmen-owgan serhedinde, TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça täze elektrik energiýasyny geçirijisiniň düýbi tutuldy, Mary DES-inde bolsa kuwwaty 1574 megawat bolan bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi.

Joşgunly aýdym-sazlar we tans ýurdumyzyň senagat ösüşiniň depginini, häzirki özgertmeleriň kuwwatyny şöhlelendirýär.Soňra meýdanda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň wekilleri peýda bolýar.

Bu edaralaryň işgärleriniň gazanýan üstünlikleri äşgär görünýär.Olar paýtagtymyzyň hem-de tutuş ýurdumyzyň keşbini özgerdip, täze durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň ýüzlerçesi hem-de döwrebap ýollaryň müňlerçe kilometri bilen bezedi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda şähergurluşygy adamlar üçin oňaýly şertleri döretmäge ulgamlaýyn çemeleşmeler bilen tapawutlanýar.Paýtagtymyzdaky “Täze zaman” ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.Onuň desgalarynyň ýene-de bir tapgyry şu ýyl ulanmaga berildi.

Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgärleri hem baýramçylyga zähmet sowgatlary bilen geldiler. Ýurdumyz döwrebap awtobuslary we beýleki dürli awtoulaglaryň ýüzlerçesini yzygiderli satyn alýar.Munuň özi ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak işinde uly ähmiýete eýedir.

Dabaraly ýörişde ýaş nesliň hem-de medeniýet ulgamynyň işgärleriniň nobaty gelip ýetýär. Ýurdumyzyň baş meýdanyna iň gowy çagalar döredijilik toparlary çykýarlar, ýaş artistler şadyýan tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýärler, bagtyýar çagalyk hem-de eziz Watanymyz barada ruhubelent aýdym ýaňlanýar.

Biz olara — ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny dowam etdirýän ýaş nesle ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys. Şoňa görä-de, döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň täze we ýokary hilli bilim almagy, üstünlik gazanmagy, erkin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli hem-de ruhubelentlikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär we geljekde hem döreder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Sungat ussatlarynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň edaralarynyň işgärleriniň hatarlary hem köp sanly boldy.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem milli Liderimiziň bu ulgama ägirt uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirildi. Şu ýyl şeýle hem Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal, “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwaly geçirildi.

Mundan başga-da, türkmen medeniýeti we onuň baý mirasy yzygiderli geçirilýän döredijilik çäreleriniň çäklerinde daşary ýurtlarda giňden we işjeň wagyz edilýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp medeni taslamalary goldamak bilen çäklenmän, eýsem, şolaryň amala aşyrylmagyna iş ýüzünde ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli medeniýetimizi has giň halkara derejesinde wagyz etmek, milletara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek giň gerime eýe bolýar.

Häzirki wagtda Germaniýada “Margiana — Türkmenistanyň çäginde bürünç eýýamynyň patyşalygy” atly sergi dowam edýär.Milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginde abraýly baýraga — “Medeniýetleriň gatnaşyklary” ugry boýunça I derejeli diploma mynasyp boldy.

Baş meýdanda aýdym-sazly tans kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar — halk we estrada aýdymlary ýaňlanýar, bagşylar toparynyň çykyşy guralýar.Jebisligiň we halk joşgunynyň özboluşly nyşanyna öwrülen küştdepdi şolaryň hemmesini birleşdirýär. Ýurdumyzyň baş meýdanyndaky baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, eziz Watanymyza we beýik Garaşsyzlygymyza bagyşlanan köpöwüşginli aýdym-saz-tans kompozisiýasy bilen jemlenýär.

Dabaranyň ahyrynda ýene-de “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözler ruhubelentlik bilen ýaňlanýar.Milli baýramçylyk mynasybetli dabaralar tutuş ýurdumyzda, ähli şäherlerde we obalarda dowam etdirildi. *** Şu gün agşam Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsert boldy.

Bu ýere paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.Konserte estrada ýyldyzlary, ussat we ýaş aýdymçylar, folklor hem-de tans, hor toparlary gatnaşdylar.Kompozitorlar we şahyrlar baýramçylyga gabatlap täze aýdymlary döretdiler.

Artistler şeýle hem tomaşaçylaryň söýýän aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.Konsert tamamlanandan soň, baýramçylyk feýerwerki atyldy.Agşamky asmanda köpöwüşginli şöhleler peýda bolup, şatlykly baýramçylygyň ýatdan çykmajak täsirlerini galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanda Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany atly halkara maslahat geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI
Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi