Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar.
Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi.Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wakasyna örän taýýarlykly geldi.
Bu bolsa özüniň oňyn netijesini hem berdi. Şu günler dünýäniň onlarça halklarynyň dillerinde “Türkmenistana şöhrat!” diýen sözler ýaňlanýar.Aziýa ýaryşlary hoşniýetli erkiň dabaralanmasyny dünýä äşgär edip, ajaýyp ýeňşiň köp öwüşginli nury hökmünde Ýer ýüzüne ýaýrady.
Agşamara paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy.Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň bir ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň ajaýyp paýtagty barada giňişleýin maglumatlary ýaýratdylar.
Olar özlerinde galan täsirler barada aýdyp, myhmansöýer we bereketli ülkämizi dünýä üçin täzeden açdylar. Žurnalistleriň, türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, köp sanly hormatly myhmanlaryň umumy pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziadany däl-de, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hem mynasypdyr.
Munuň üçin bu ýerde iň häzirki zaman sport düzümlerini öz içine alýan, şeýle ýokary talaplara laýyk gelýän ähli şertler bar.On gün mundan ozal Olimpiýa stadiony ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň taryhynyň häzirki döwür bilen baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän milli ruhy gymmatlyklary, ynsanperwer ýörelgeleri beýan edýän sahnalaşdyrylan çykyşlaryň merkezine öwrüldi.
Munuň özi Parahatçylyk, Rowaçlyk we Abadançylykdyr.Oýunlara badalga bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Häzirki döwürde sport ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge ägirt uly goşant goşýan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrülmelidir” diýip belledi.
Türgenler — parahatçylygyň ilçileri. Özleriniň ussatlygy hem-de başarnygy bilen olar adalatly bäsleşiklerde Olimpiýa hereketiniň beýik ýörelgelerini tassyk edýärler we ýaşlara işjeň, döredijilikli durmuş ulgamyny döretmekde, beýleki halklara bolan dostlukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde nusgalyk görelde görkezýärler diýip, döwlet Baştutanymyz oýunlaryň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary göreris, türkmen topragynda guralýan bu oýunlara gatnaşyjylaryň halkymyzyň myhmansöýerligine, hoşniýetliligine has aýdyň göz ýetirmegi üçin ähli tagallalary ederis diýip, şonda milli Liderimiz belläpdi.
Bu sözler doly derejede durmuşa geçirildi.Paýtagtymyz giň möçberli sport baýramçylygynyň merkezine öwrüldi.Bu günki dabara sport baýramçylygynyň jemlemesi bolman, eýsem, onuň netijeleri arkaly özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýan giň möçberli çäre hem bolup durýar. ...
Stadionyň meýdançasynda Aziadanyň milli ýygyndy toparlarynyň dabaraly ýörişi başlanýar.Mälim bolşy ýaly bu oýunlar Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň wekilleriniň 6 müňe golaýyny jemledi. Ženewada Türkmenistanyň teklibi esasynda Adam hukuklary baradaky geňeşiň ýakynda geçen maslahatynda “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene bir üstünlikli tarapydyr.
On bir günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, ýaryşlar örän gyzykly pursatlara, janköýerler üçin ýatdan çykmajak wakalara baý boldy.
Ol açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanmalary has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.Ilkinji günlerden başlap, Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi sakladylar we medallaryň sanawy boýunça birinji orny eýelediler. Şunda, türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň umumy sany 245-e ýetdi.
Olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.Dabarany alypbaryjy stadiona hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň gelendigini yglan edýär.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi we AOG-nyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekleýärler.AOG-nyň ýolbaşçysyna söz berilýär.Ine, “Aşgabat 2017” oýunlary tamamlandy, emma biz bu ýerde geçiren ajaýyp wagtymyzy hiç wagt ýatdan çykarmarys diýip, şeýh Ahmad Al- Fahad Al-Sabah aýtdy.
Ol türkmen paýtagtynyň gözelligi we sport desgalarynyň dünýä derejesine laýyk gelýändigi, türkmen halkynyň myhmansöýerligine haýran galýandygy barada aýtdy.Oýunlar uly üstünliklere beslendi.Bularyň ählisi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ünsüniň netijesidir diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Aşgabadyň has iri sport ýaryşlaryny guramaga ukyplydygyna ynam bildirdi.
Bu ýerde, ajaýyp şäherde biz täsin oýunlara tomaşa etdik.Iň gowy ýatlamalary özümiz bilen alyp gideris diýip, şeýh sözüni dowam etdi.Ol türgenlere ýüzlenip, olaryň her biriniň öz ýurduna hem-de Watanynyň Baýdagyna mynasyp derejede wekilçilik edendiklerini belledi.
Türgenler ýaryşlary bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar we Aziadanyň taryhyna täze sahypany ýazdylar, sebäbi bu oýunlarda Okeaniýanyň türgenleri ilkinji gezek, şeýle hem bosgunlaryň topary çykyş etdiler.Munuň özi häzirki zaman dünýä sportuna ýene bir uly goşantdyr. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah ýokary ussatlyk derejesini görkezip, köp sanly altyn medallar alan türkmen türgenlerine hoşallyk bildirip, siz öz janköýerleriňize şatlyk paýladyňyz hem-de beýleki ýurtlaryň türgenlerine myhmansöýerlik görkezdiňiz diýip aýtdy. Şeýle hem oýunlaryň hemaýatkärlerine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine goldaw hem-de üns üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Aşgabada tutuş Ýer ýüzünden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelip, öz täzelikleri hem-de telewizion reportažlary bilen türkmen paýtagtyny giň halkara köpçüligine ajaýyp görnüşde beýan etdiler diýip, ol aýtdy.
AOG-nyň ýolbaşçysy meýletinçilere aýratyn hoşallyk bildirdi.Siz hoşniýetliligiňiz bilen bu ýere gelen köp sanly myhmanlar üçin ýürekdeşlik ýagdaýyny döretdiňiz, Beýik Ýüpek ýoly döwründen ata-babalaryňyzdan miras galan ajaýyp myhmansöýerlik däplerini dowam etdiňiz. Şol döwürlerden bäri bolsa iki müň ýylyň geçendigini belläp, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti ýurtlary we halklary birleşdirýän köpri hökmünde bu ýoluň taryhy keşbiniň Aşgabatda gaýtadan dikeldilýändigini nygtady. “Aşgabat 2017” oýunlary siziň ýurduňyza we paýtagtyňyza täsin gezelenç hökmünde hemmeleriň ýadynda galar diýip, şeýh Ahmad Al- Fahad Al-Sabah ähli türkmenistanlylara we türkmen Liderine ýüzlendi: “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňde-soňda geçirilenleriň iň gowusy hökmünde taryha giren bu yklymlaýyn ýaryşlaryň uly üstünlige beslenmegi bilen Sizi gutlaýaryn! Şu gün oýunlar tamamlandy. Ýöne biziň dostlugymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynanýaryn.
Aşgabat, biz seniň bilen ýene-de görşeris.Sebäbi biz seni örän söýýäris!”.Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň adyndan bu guramanyň baştutany hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna, oýunlaryň guramaçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.Milli Liderimiz ähli türgenleri we tälimçileri geçirilen oýunlarda görkezen üstünlikli çykyşlary bilen gutlap, olara mundan beýläk-de täze üstünlikleri hem-de uly sport ýeňişlerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň marş sazy ýerine ýetirilýär.Joşgunly sazyň owazy astynda Olimpiýa stadionynda AOG-nyň Baýdagy düşürilýär we dabaraly ýagdaýda meýdançadan äkidilýär.
Dabarany alypbaryjylar bu oýunlaryň ähli günlerinde AOG-nyň Baýdagynyň belentde parlandygyny aýdyp, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baýdagynyň dostlugyň we raýdaşlygyň esasy nyşany hökmünde hemişe parlap durmagyny arzuw edýändiklerini aýtdylar.Ahalteke bedewiniň ägirt uly şekiliniň ýokarsyndaky çanakda on günläp ýanyp duran oýunlaryň alawuny öçürmek pursady gelip ýetdi.
Wagty yzyna sanamagyň sekuntlary tiz geçýär, ony sanamaga ähli tomaşaçylar agzybirlikde goşulýarlar.Dabara gatnaşyjylar Köpetdagyň dag gerişlerinden öwüsýän mylaýym şemaly duýdular.Türkmeniň Altyn güýzüniň ýumşak şemaly öçüp barýan alawyň hem-de sahnanyň merkezindäki ojagyň üstünde ýüzärligiň ak tüssesini ýaýradýar.
Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, ýagşy dessurlara berilýän ak patadyr.Tüsse stadion boýunça ýaýraýar hem-de barha ýokaryk göterilip, asman giňişligine siňip gidýär...Oýunlaryň alawy on günläp paýtagtymyzyň aýdyň gijelerine şugla saçdy.
Ol ýagşy umyt-arzuwlaryň, hoşniýetliligiň, dostlugyň we mähriň baş nyşanydyr.Bu alaw ak mermerli Aşgabadyň dürli öwüşginleri bilen utgaşyp, türkmen halkynyň kalbynyň ýürek ýylysyny bütin dünýä ýaýratdy.Bu şeýle-de bolmaly, çünki ol türkmen topragynyň milli baýlygyny goýnunda saklaýan we ägirt uly gory bolan kän hasaplanylýan “Galkynyş” ojagynyň kuwwatyny, ýylysyny özünde jemleýär.
Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galasynyň ýanynda badalga alan atly ýöriş 500 gün dowam etdi.Atly ýigitler ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça ýol geçdiler.Olary hemme ýerde aýdym-saz, tans, sport çykyşlary bilen şatlykly garşyladylar.
Mary welaýatynda aýratyn dabara guraldy, bu ýerde oýunlaryň açylmagyna laýyk on gün galanda alawy ýakmak dabarasy boldy. Şonda milli Liderimiz dabara ak pata bermek bilen, ýagtylygyň we durmuşyň dabaralanmagynyň beýany hökmünde alawyň ähmiýetini belledi.
Hakykatdan-da, gadymy döwürlerden bäri alaw tämizligiň, täzelenişiň hem-de galkynyşyň, ylhamyň, aň-paýhasyň, şeýle hem maşgala abadançylygynyň, mertebäniň we ýeňşiň alamaty hasaplanylýar.Biz halkymyzyň asylly däplerine eýermek bilen, V Aziýa oýunlarynyň alawyny örän iri “Galkynyş” gaz ojagynda ýakmagy karar etdik, ýakyn geljekde bu ojagyň energiýa serişdeleri diňe bir biziň halkymyzyň däl-de, eýsem, beýleki ýurtlaryň halklaryna hem ýylylyk we abadançylyk getirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Alawyň ýakylyş dabarasy hem çuňňur many-mazmuna eýe boldy.Atly ýigitleriň biri asmana tarap ýaýyndan ok atdy.Ok belende, Güne tarap okdurylyp, onuň şöhlesinden ot aldy hem-de ak öýüň üçegindäki boşlukdan ondaky ojaga ot berdi. Şol ojakdan hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy, alaw 17-nji sentýabrda paýtagtymyza, Olimpiýa stadionyna getirildi. ...
Bu alaw kalplarymyzy ýylatmagy dowam etmek bilen, ýaryşa gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýakymly ýatlamalary, oňyn täsirleri berkider. Şeýle hem bu alaw beýik maksatlaryň berkidilýändigini, parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň, agzybirligiň hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň sazlaşygyny özünde jemläp, umytlaryň nurana ýolunyň hemişe dowam edýändigini alamatlandyrýar. Ähli ýaryşlara gatnaşyjylara, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri bolan türgenlere iň gowy arzuwlar aýdyldy.
Goý, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň “Sagdynlyk.Ruhubelentlik.Dostluk.” şygary tutuş dünýäde has belentden ýaňlansyn!Stadionda jemleýji çykyşlar başlanýar.Meýdançanyň merkezinde tümlükden ägirt uly monitor çykýar.Onuň töwereginde tüýdükçiler owazly sazlary çalýarlar. Şeýle hem meýdançada deprekçileriň hereketi başlanýar.
Onuň öwüşgini Gün şöhlelerini ýatladýar.Deprekçiler hem toplumyň daşynda halka bolýarlar.Joşgunly milli sazlar häzirki zaman öwüşgininde ýaňlanýar.Meýdançanyň tutuş giňişliginde adamlaryň hatarlary emele gelýär.Toplumyň içinde bolsa syrly hereketler döräp başlaýar...
Dürli öwüşgin atýan toplumyň içinden lazer şöhleleriniň kömegi bilen bedewler emele gelýär, olar öz tizliklerini barha çaltlandyrýarlar.Stadionyň meýdançasynda bedewleriň kölegeleri geçip gidýär.Olar, göýä diýersiň, bulutlaryň astynda çapyşýan mysaly.
Bedewler özleriniň ýokary tizlikleri bilen tutuş “dünýäni” aýlanmaga başlaýarlar...Bu görnüşlerde “bedewiň aýagynyň astynda ýer aýlanýar” diýen jümle öz beýanyny tapýar.Häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda meýdança küşt tagtasyna, woleýbol ýa-da tennis meýdançasyna, ringe, ylgaw ýodasyna, tans meýdançasyna we bowuling üçin zala öwrülýär.
Artistler özleriniň taýýarlan çykyşlarynyň üsti bilen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna giren sportuň dürli görnüşlerini şekillendirýärler.Tomaşaçylar bu ýerde diňe bir bedenterbiýe hereketlerini, çydamlylygy, çeýeligi we tizligi däl, eýsem, hakyky sungat ýörelgelerini gördüler.
Munuň özi adam we onuň gatnaşyklarynyň özgerýän sungatydyr.Sazlaşykly utgaşýan reňkleriň öwüşgini kämilleşdirilen akrobatika hereketleri bilen bezelen tanslar arkaly goşulyp, sportuň kuwwatyny beýan edýär.Onuň özboluşly gurluşy bolsa belli ugry, maksada okgunlylygy we polat erki açyp görkezýär.
Welosipedçileriň çykyşlary hem tomaşaçylarda unudylmajak täsirleri galdyrdy.Bu çykyşy goýujylar örän gyzykly usuly oýlap tapdylar we sahnalaşdyrdylar, ol sazlaşykly reňkleriň, sazyň, ýagtylygyň we neon tigirjikleriniň aýlanmagynyň goşulyşmagy netijesinde emele geldi.
Bu köp öwüşginli okgunly ýöriş biziň ýurdumyzda welosiped sportunyň barha meşhurlyga eýe bolýandygyny çeper beýan edýär.Köpçülikleýin welosipedli ýörişler däbe öwrüldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hereketiň başyny başlady.
Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça ýurdumyzda hatda “welosiped güni” ady bilen ekologiýa çäreleri hem geçirdi.Soňra ekranda Türkmenistanyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri, özboluşly milli mirasymyz barada söhbet açýan wideoşekiller görkezildi. Şunda türkmenleriň nagyşly milli lybaslaryny, zergärleriň şaý-seplerini, bedewleri we laçynlary, türkmen tebigatyny hem-de onuň köp dürli haýwanat dünýäsini, köp öwüşginli bahar çemenzarlyklaryny we Watanymyzyň jomart topragynyň miwelerini görmek bolýar.
Ekran arkaly hekaýat kem-kemden häzirki döwre geçýär: Şekillerde ýurdumyzyň köp sanly iri täze desgalary, onuň ykdysady kuwwaty, strategiki häsiýetli pudaklaryň: obasenagat toplumynyň, dokma, nebitgaz, elektroenergetika, ulag we beýleki pudaklaryň mümkinçilikleri beýan edildi.
Wideoşekilli gezelenç paýtagtymyzyň asmanda seleňleýän köşk toplumlary, bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleri, ajaýyp giň ýollary, belent binalar we elbetde, täsin Olimpiýa şäherçesi bilen tamamlanýar.Emma Aşgabat agşamlaryna aýratyn bezemendir, şonda şäher dürli öwüsýän göwher daşlaryny ýada salýar.
Türkmenistanyň ajaýyp gazananlary barada söhbet açýan bu wideoşekil tamamlanan sport ýaryşlarynyň has aýdyň we çekeleşikli pursatlaryny beýan edýän şekiller bilen dowam etdirilýär.Meýdançanyň merkezinde ýokardan daş-töweregi şöhlelendirýän tegelek uly göwrümli ekran peýda bolýar.
Onda hem-de meýdançada tebigatyň görnüşleri — şemala ýuwaşja yranýan gök otlar, açylyp barýan güller şekillendirilýär.Meýdana elleri uly gowaça gozaly gyzlaryň 500-si çykýar. Çykyş edýänler açylan gülüň ägirt uly keşbini emele getirýärler.
Bu sahnalaşdyrylan görnüşiň dowamynda pagta jadyly görnüşde topbak bulutlara öwrülip, asmana göterilýär, şemal öwüsýär we ilkinji ýagyş damjalaryň sesi eşidilýär.Onuň damjalaryny bulutlardan düzülen ýüpüň üstünde howa gimnastikaçylary döredýär.
Bu şahyrana usulda döredilen sahnada tebigatyň hemişelik ýaşaýşy beýan edilýär. Ýaz ýagşynyň topragy janlandyryşy we täze hasyllaryň kemala gelşi görünýär.Nurana gülleriň şekilindäki gyzlar türkmen topragynyň gülleýşini alamatlandyrýan liriki tansy ýerine ýetirýärler.
Ine, bulutlar bölündi we asmana äpet howa şary galýar.Ol “Aşgabat 2017-niň” oýunlarynyň tumarynyň şekili bilen bezelipdir.Onuň sebedinde adamlar bolup, olar belentlikden mähriban topragyň özgerşine syn edýärler.
Wakalaryň soňraky barşynda Olimpiýa stadiony gök reňke beslenip, tolkunlaryň owazy eşidilýär.Tolkunyň üsti bilen bir gyz ýüzüp barýar, onuň mylaýym owazyny çägesöw kenara okdurylýan tolkunlar gaýtalaýar. 200-e golaý çykyş edýänler deň ýagdaýda tolkunlaryň sazlaşykly hereketini emele getirýärler.
Stadionyň meýdançasynda windserferler peýda bolýarlar.Olaryň yşyk öwüşgini deňiz giňişligine öwrülýär.Onuň ýüzünde dynç alýanlaryň ýelkenli gämileri ýüzýär we bagtyýar adamlaryň aýdymy eşidilýär.Munuň özi biziň şypahana merjenimiz Awazadyr... Ýene-de görnüşler üýtgeýär.
Liriki sazyň owazy küşdepdiniň joşgunyna geçýär.Merkezde ýalkym saçýan silindr ýokary galanda, gadymy köklere wepalylygyň, mukaddes ojagyň nyşany bolan ak öý görnüp, gözlere röwşenlik berýär.Ol türkmenlerde myhmansöýerlik däp-dessurlary bilen baglanyşdyrylýar.
Milli nagyşlar bilen bezelen ak öýüň daşynda ýigitleriň tolgundyryjy tanslary ýaýbaňlanýar.Olaryň kölegeleri ak öýüň ganatlaryna düşýär.Ondan meýdanyň çar künjegine tarap ýiti şöhleler ýaýrap gidýär.Sahna gyzlar çykýar, joşgunly tans ýaýbaňlandyrylýar.
Olaryň depginleri adamlary umumy joşguna baglanyşdyrýar.Gadymy küşdepdi tansynyň halkyň bitewiligini alamatlandyrýandygy ýöne ýerden däldir.Onda ägirt uly birleşdiriji ruh bar.Soňra sahna örän täsirli nagyşlara baý bolan behişdi türkmen halysyna öwrülýär.
Stadionyň merkezinde silindr görnüşli ekran ýene-de aşak inip gelýär.Onda Aşgabat Aziadasynyň şekili bolan Wepaly alabaýynyň şekili peýda bolýar.Ine-de, hemişe şatlykly we hoşniýetli ýagdaýy döretmäge kömek edip, türgenleri ýeňşe ruhlandyran, tomaşaçylary şatlandyran, myhmanlary güler ýüz bilen garşylan bu myhmansöýer gahryman bilen hoşlaşyk pursady ýetip gelýär.
Arkasynda oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary pasyrdaýan Alabaý, göýa, “Ýene-de duşuşýançak! Ýoluňyz ak bolsun! “Täze duşuşyklara çenli, dostlar!” diýýän ýaly, baýdajyklaryny galgadýar.Alypbaryjy ähli ildeşlerimiziň hem-de türgenleriň adyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýär.
Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, täze belent maksatlary durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw edilýär. Şunuň bilen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi dabaraly ýapylyşy tamamlanýar.Agşam bolsa Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň uly konserti boldy.
Konserti “Dostluk aýdymy” atly çykyş açdy.Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň folklor we tans toparlary, belli çagalar aýdym-saz toparlary gatnaşdy.Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara Özbegistan Respublikasynyň “Farhod we Şirin” topary, Russiýanyň meşhur aýdymçysy Nýuşa, Liwanyň wokal aýdymçysy Elissa, belli türkiýeli ýerine ýetiriji Mustafa Sandal, britaniýaly aýdymçy we sazanda Jon Niman hem gatnaşdy.
Konsertiň jemleýji bölüminde baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň hemmesi “Aşgabat 2017-niň” senasy hökmünde kabul edilen hem-de ählihalk söýgüsine mynasyp bolan milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistan!” atly aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.
Aýdym-sazly çykyşlaryň jemleýji bölegi bolan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyň tamamlanmagy bilen, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda älemgoşar öwüşginli feýerwerkler peýda boldy.Sport baýramçylygynyň jemlenýändigini äşgär eden bu ajaýyp görnüşler paýtagtymyzyň asuda asmanynda köp öwüşginli yşyklardan özboluşly sungat eserine çalymdaş şekilleri döretdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa stadionyna baryp gören wagtynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell bilen duşuşyklary geçirdi. ... “Aşgabat 2017” oýunlary taryha öwrüldi.
Ol ýurdumyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen girdi.Oýunlaryň Türkmenistan, tutuş Aziýa we Ýer ýüzi üçin ähmiýetine doly derejede baha beriljekdigi gürrüňsizdir.Häzirki dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan öz üstüne hyzmatdaşlygy gapma-garşylyga garşy goýmak, parahatçylykly gatnaşyklary dabaralandyrmak, deňeçerligi çylşyrymly ýagdaýlara garşy goýmak ýaly asylly wezipäni aldy we ony abraý bilen berjaý etdi. Şol wezipeleriň çözgüdini diňe bir gözlemek ýa-da tapmak däl, eýsem, olary halkara derejesinde utgaşdyrmak we dünýä jar etmek döwletli tutum bolup durýar. Ýurdumyz dünýäde bolup geçýän wakalara işjeň seslenip, beýik başlangyçlary öňe sürýär. Örän jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Ynsanperwer ulgamda, şol sanda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek Türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi we Migrasiýa baradaky halkara guramasy ýaly iri halkara guramalary bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde bu ulgamdaky möhüm meseleleriň iş ýüzündäki çözgüdine gönükdirilen onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyz adam hukuklary babatda esasy konwensiýalaryň we teswirnamalaryň birnäçesine goşuldy.
Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň agzasy bolup durýar.Milli derejesinde migrasiýa meselesiniň hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň möhümdigi nazara alnyp, ýurdumyzda degişli kanunçylyk namalary kabul edildi.
Olar migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini kesgitleýär we olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýär.Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we milli ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistanyň Hökümeti bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin zerur şertler döredýär.
Türkmenistanyň müňlerçe adamlara raýatlyk bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabat Aziadasyna bosgunlaryň ýygyndy topary geldi. Ýaryşlaryň geçirilýän pursadynda onuň agzalary oýunlara işjeň gatnaşandyklary üçin Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan sylaglandylar.
Munuň özi BMG-niň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” kabul eden Jarnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrundaky möhüm ädimdir.Bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe çykyşynda V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnama üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýeňil atletika boýunça şöhrat gazanan, häzirki döwürde belli jemgyýetçilik işgäriniň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu başlangyjy bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözgüdine täze itergi berer, çünki, hormat goýmak we ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän sport parahatçylygyň we özara düşünişmegiň berkidilmegini üpjün edýär.
Paýtagtymyzda guralan hem-de ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary şol ägirt uly goşandyň esasy nusgalarynyň biridir. Ýurdumyz dünýä giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar.
XXI asyr özüniň wezipeleri, häzirki zamanyň wehimleri bilen dünýä gurluşyny köp babatda üýtgetdi we diňe syýasaty, ykdysadyýeti däl, eýsem, medeni durmuşy, jemgyýetiň ruhy durmuşyny, etikany, filosofiýany üýtgedýän täze özgertmeleriň zerurdygy baradaky düşünjäni öňe sürdi. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan milli ýörelgäniň, içeri ösüşiň we daşary syýasatyň diňe bir netijesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milli bähbitleriň oňyn usullarynyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň nusgasydyr.
Bu oýunlar hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny eçilip, mähriban Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyran giň möçberli baýramçylyk çärelerine öwrüldi.