27.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Hasan Ruhaniniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Uçaryň ýanynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli egin-eşikdäki oglanjyk we gyzjagaz eýran Liderine duz-çörek hödürläp, gül desselerini gowşurdy.

Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady.Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini mähirli garşylady.Iki ýurduň Liderleri dostlukly salamlaşyp, ýörite gurnalan ýere geçýärler.Bu ýerdäki meýdanda mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani Hormat garawulynyň nyzama düzülen esgerleriniň öňünden geçýärler.

Türkmen Lideri eýranly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.EYR-nyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Eýranyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen Garaşsyzlyk meýdanyndan geçýärler.Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne ugraýarlar.Bu ýerde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejede türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Hasan Ruhanini türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk tejribesine, taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini nygtady.

Milli Liderimiz ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi.

Türkmenistan hem-de Eýran sebit we ählumumy derejede ileri tutulýan meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyn gelýändigini görkezýärler. Şunda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy tagallalary birleşdirip hereket etmek boýunça wezipeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwletleriň ikisi hem Hazarda oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde derejesiniň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýärler.Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işiniň dowam etdirilmelidigi barada aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça — ykdysadyýetde we söwdada, ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym hem-de medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça yzygiderli ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin belent mertebeli myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Hasan Ruhani Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de mähirli kabul edilendigi üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Nowruz baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde özüniň Aşgabatda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Belent mertebeli myhman bu nurana bahar baýramy mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýdyp, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan taryhy-medeni kökleriň häzirki döwürde hoşniýetli döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup durýandygyny nygtady.

Prezident Hasan Ruhani Eýranyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarlydygyny tassyklap, häzir ähli ugurlar boýunça türkmen-eýran gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.Hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge oňat mümkinçilikler bar. Şu babatda taraplar transmilli demir ýoly gurmak boýunça bilelikdäki iri taslamany amala aşyrdylar.

Taraplar halkara derejede üstünlikli gatnaşyk edip, birnäçe möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny görkezýärler.EYR-nyň Baştutany Aşgabatdaky häzirki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklara täze itergi we mazmun berjekdigine ynam bildirip, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljekki meýiller babatda onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky pikirlerini aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, halkara derejede mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Prezident Hasan Ruhani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna gelmäge çagyrdy.

Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşine hem-de EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygyň kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen-eýran dost-doganlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny belläp, bu saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki zamanyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça hem iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.Bu, aýratyn hem, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalar babatda anyk mazmuna eýe bolýar.

Bilelikdäki hereketlerimiz milli, sebit we ählumumy bähbitlere laýyk gelmek bilen, halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir.Türkmenistan we Eýran abraýly halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda özara utgaşykly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Eýran tarapy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna hemişe goldaw berýär. Öz nobatynda, Türkmenistan hem Eýranyň dünýä we sebit syýasatyndaky tutýan ähmiýetli ornuna hormat goýýar hem-de onuň oňyn tekliplerini goldaýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar hem-de 2017-nji ýylyň jemleri boýunça söwda-haryt dolanyşygynyň möçberi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Taraplaryň ikitaraplaýyn söwda-haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak üçin ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda tejribe alyşmak we anyk taslamalary amala aşyrmak boýunça umumy garaýyşlary bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda maýa goýumlar we işewürlik, daşary-söwda hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk üçin döredilen amatly şertleriň has-da giňeldilýändigi bellärliklidir.

Bular hem türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik açýar.Türkmenistan senagat tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribelerini hemmetaraplaýyn özleşdirýär. Şeýle ykdysady we ylmy-tehnologik ösüş netijesinde, ýurdumyzda täze kuwwatly pudaklar kemala gelýär hem-de döwrebap kärhanalar döredilýär. Şu babatda Türkmenistan öz harytlaryny dünýä we sebit bazaryna eksport etmekde eýranly işewürler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has artdyrmaga doly taýýardyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hem-de Eýran dünýäde nebite we tebigy gaza iň baý hem-de bu babatda dünýädäki kuwwatly döwletlerdir.Munuň özi häzirki zamanyň derwaýys meselesi bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny esaslandyrýar.

Türkmenistan dünýä energetika howpsuzlygyny sebit we milli derejede, şeýle hem ählumumy howpsuzlygyň ähli taraplary bilen berk baglanyşdyrýar.Hut şonuň üçin hem türkmen tarapy energiýa serişdelerini dünýä bazaryna päsgelçiliksiz we yzygiderli ýetirmek meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde köptaraplaýyn halkara-hukuk kararnamasy bilen berkidilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy energetika babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bilen garaýar.

Türkmenistan we Eýran ykdysadyýetiň beýleki möhüm pudaklarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda onuň anyk netijeleri hökmünde, ilkinji nobatda, iri ulag-üstaşyr taslamalaryny mysal getirip bolar.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bu ugurdaky bilelikdäki işleri Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelmek bilen, milli we sebit bähbitlerini öňe iterletmekde uly ähmiýete eýedir.Iri halkara taslamalaryň hatarynda Demirgazyk — Günorta ugry boýunça gurlan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly aýratyn nygtaldy.

Bu demir ýoluň işläp başlamagy hoşniýetli goňşuçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miwesidir.Sebäbi şeýle iri möçberli halkara taslamany diňe özara arkalaşykly we el-ele berip hyzmatdaşlyk edýän doganlar amala aşyryp biler.

Bu demir ýol tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag aragatnaşygyna oňyn täsir etmek bilen, Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak mümkinçiligini döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, iki döwletiň Hazaryň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk deňzi bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändiklerini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan we Eýran Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan gepleşiklere işjeň gatnaşyjy döwletler bolup durýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň öňe süren başlangyçlary esasynda Hazarda dürli ugurlar boýunça kenarýaka döwletleriň bäşisiniň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk şertnama-hukuk binýady emele gelýär.Türkmenistanyň we Eýranyň teklipleri esasynda Hazar sebitinde giň ugurda köptaraplaýyn özara hereketiň täze görnüşleri we gurallary döredilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy boýunça iri möçberli taslamany tamamlap barýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.Munuň özi geljekde Eýranyň Hazardaky Enzeli we Neka portlary bilen suw-ulag aragatnaşygymyzy has-da ösdürer hem-de Pars aýlagynda ýerleşýän Bender — Abbas portunyň üsti bilen halkara multimodal ýük daşalyşyny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Örän amatly geografik şertlere eýe bolan Türkmenistanyň we Eýranyň bu ugurda hem bilelikdäki taslamalary amala aşyryp biljekdigi gürrüňsizdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-eýran serhet geçelgelerinden geçýän ýüküň mukdaryny artdyrmak üçin ýeterlik mümkinçilikler bar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolan Hökümetara topar barada aýdylanda, onuň işiniň has giň gerim bilen alnyp barylmagy energetika, ulag hem-de aragatnaşyk, maşyngurluşygy we ýeňil senagat, oba hojalygy hem-de gaýtadan işleýän pudaklarynda has amatly şertleri döretmäge ýardam berer.

Türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň berk we binýatlyk esaslarynyň biri hem umumy medeni-ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzdyr.Olaryň çäkleri diňe geografik ölçegler bilen däl, eýsem, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur köklerimiziň nukdaýnazaryndan hem häsiýetlendirilýär. Şu sebäpli, biziň döwletara aragatnaşyklarymyzda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanan hyzmatdaşlyk hem uly orun tutýar.

Bilelikde geçirilýän medeni çäreler we ylmy maslahatlar halklarymyzyň ruhy taýdan özara baýlaşmagy üçin mümkinçilikleri üpjün edýär.Bu ulgamda oňat tejribe hökmünde meşhur taryhy şahslarymyzyň, ilkinji nobatda, alymlarymyzyň we şahyrlarymyzyň döredijilik mirasyna bagyşlanan bilelikdäki çäreler uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hemmetaraplaýyn rowaçlanjakdygyna berk ynam bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.Dostlukly döwletiň Baştutany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini nygtady.

Taryh baryp gadymy döwürlerden bäri biziň goňşy ýurtlarymyzyň arasynda medeni we ykdysady gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär.Bu gün taraplaryň esasy wezipesi bar bolan şertleri we mümkinçilikleri nazara alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, biziň gepleşiklerimiziň netijeliligi begendirýär, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, Prezident Hasan Ruhani nygtady.

Belent mertebeli myhman ýangyç-energetika ulgamynda gatnaşyk etmegiň hem-de onuň geljeginiň meselelerine aýratyn üns berilýändigini kesgitläp, häzir Türkmenistandan Eýrana elektrik energiýasyny ibermegiň üçünji ugrunyň açylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Munuň özi energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip, eýran Lideri aýtdy.Prezident Hasan Ruhani Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere taraplaryň umumy garaýşy barada aýdyp, nebitgaz pudagynda bu sebitde hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegini aýratyn belledi, bu bolsa iki döwletiň ykdysady taýdan ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýär.

Belent mertebeli myhman şeýle hem ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat etjek ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, şu gün degişli meseleler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça pikir alşyldy.Bularyň hemmesi türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam eder.

Prezident Hasan Ruhani Türkmenistanyň hem-de Eýranyň goňşy sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy, munuň iki tarapa-da bähbit getirjekdigi gürrüňsizdir.EYR-nyň Baştutany şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigini belledi. Şular bilen birlikde, belent mertebeli myhman medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry babatda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, agzalan ugurlarda tejribe alyşmagy ýola goýmak boýunça türkmen Lideriniň pikirleriniň uly ähmiýete eýedigini hem-de eýran tarapynyň olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine örän gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenstandartlary baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenstandartlary baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Oba hojalyk Jihad ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda sport babatda 2018 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna; Türkmenhowaýollary gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat awiasiýasy guramasynyň arasynda howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

EYR-nyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, şu günki gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtady.olaryň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidentiniň saparynyň netijelerine ýokary baha berip, uzak geljege gönükdirilen türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna uly itergi berlendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Möhüm halkara meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezýän taraplar döwletara syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň we Eýranyň hyzmatdaşlygynyň esasy maksady sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy hem-de gülläp ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň abraýly halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde özara netijeli hereketlerini mundan beýläk-de dowam etmek barada ylalaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, dünýä derejesinde Türkmenistanyň ýörelgesini goldaýandygy üçin, Eýrana minnetdarlyk bildirdi.Mälim bolşy ýaly, energetika howpsuzlygy, üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek ulgamynda ýurdumyz tarapyndan birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

Bu ugurda işjeň çäreleri görüp, türkmen tarapy bu işleri degişli resminamalaryň hem-de kararnamalaryň esasynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar. Şu babatda milli Liderimiz iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna yzygiderli geňeşmeleri geçirmek barada görkezme berlendigini habar berdi.

Gepleşikleriň gün tertibine şeýle hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny nazara alyp, söwda-ykdysady ulgamda, energetika pudagynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, şeýle hem ulag we telekommunikasiýa, oba hojalygy, gurluşyk we beýlekiler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi. Şu babatda kiçi we orta işewürligiň işi boýunça işewür gatnaşyklar hem möhüm ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, özara söwda-haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2017-nji ýylda ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak bolandygyny belledi.Häzirki günde Türkmenistanda Eýran kompaniýalarynyň 150-den gowragy işleýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz şeýle hem üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek ulgamynda gatnaşyklara ünsi çekdi. Şunda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýoly bilelikdäki tagallalary üstünlikli jemlemegiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Bu ýol häzir diňe biziň ýurtlarymyz tarapyndan däl, eýsem, beýleki döwletler tarapyndan hem ulanylýar.Energetika hem-de uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar bu ugurda işlemegi ylalaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda özara hereket etmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, biziň ýurtlarymyzyň ony parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzine öwürmegiň tarapdary bolup çykyş edýändiklerini nygtady.Bu ýerde kenarýaka döwletler işjeň hyzmatdaşlyk edýärler we bu iş, aýratyn-da, ekologiýa, biosfera hem-de beýleki ulgamlarda dowam etdiriler. Şu gün bu meseleler boýunça birnäçe taslamalar gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ylalaşyk gazanyldy.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak baradaky gürrüňlere ünsi çekip, bu möhüm meseleleriň hökümetara düzümleriň ugry boýunça ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hem-de Eýran geografik taýdan amatly ýerleşip, şunuň bilen baglanyşykly bar bolan mümkinçiliklerini öz halklarynyň, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine gönükdirmegi maksat edinýärler.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly, döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy hereket etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Taraplar şeýle hem asyrlaryň dowamynda toplanan uly taryhy-medeni tejribä daýanýan ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berdiler.

Häzirki duşuşygyň Nowruz baýramynyň baýram edilýän günlerinde bolup geçýändigi bellärliklidir, munuň özi özboluşly mana eýe bolan ruhlandyryjy ýagdaýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Halkara derejä eýe bolan bu bahar baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we biziň ýurtlarymyz, däp boýunça, ony ýokary derejede, giňden belleýärler.

Medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.Milli Liderimiz gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek babatda resminamalaryň iri toplumyna gol çekilendigini belläp, olaryň halklarymyzyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, pursatdan peýdalanyp, Prezident Hasan Ruhanä döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde onuň şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de oňa we tutuş eýran halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda milli Liderimiz şu günki ikitaraplaýyn duşuşygyň ýokary derejesini ýene-de bir gezek nygtady.

Munuň özi türkmen-eýran gatnaşyklarynyň doganlyk, özara hormat goýmak häsiýetiniň aýdyň tassyknamasydyr. Öz nobatynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany nurana Nowruz baýramyna gabat gelen ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, onuň netijeli häsiýetini nygtady.

Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Eýran we türkmen halklaryny taryhyň, medeniýetiň, diniň umumylygy hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär.

Bu gün taraplar netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan özara mümkinçilikleri has doly peýdalanmak üçin ynamly hereket etmäge taýýar. Şunda Türkmenistanyň we Eýranyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlenen uly mümkinçilikler bardyr diýip, Prezident Hasan Ruhani belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklara täze itergi bermek üçin Sarahs köprüsini açmak barada çözgüt kabul edildi.

Döwletara we hökümetara ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly hem ençeme ylalaşyklar gazanyldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly kuwwata, inženerçilik-tehniki hyzmatlar, elektroenergiýany üstaşyr ibermek ulgamynda, senagat pudagynda, maýa goýum işlerini işjeňleşdirmekde gatnaşyklar üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem Mary bilen Sarahsyň arasynda täze gatnaw ýoluny açmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigi habar berildi.

Taraplar eýran kompaniýalarynyň ýol gurluşygyna degişli bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy barada ylalaşdylar.EYR-nyň Prezidenti Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky meselä degip geçip, bu ýerde türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şol gatnaşyklary doly güýjünde peýdalanmak gerek.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda ylmy-barlag, medeni, tehnologik ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar hem gepleşikleriň netijeleri boldy.Iki ýurduň dostlukly halklary üçin ähmiýetli medeni wakalaryň biri Nowruz baýramydyr.

Bu baýram bu ugurda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, taraplar halkara derejede ýakyn gatnaşyk etmäge, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyr. Çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti häzirki gepleşikleriň ýakyn geljekde öz anyk miwelerini berjekdigine ynam bildirip, öz türkmen kärdeşine bildirilen myhmansöýerlik hem-de döwletara gatnaşyklar baradaky meselelere hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran dokumentleriniň toplumyna gol çekildi
Gündogaryň beýik şahyry
05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Kitap ruhy baýlygyň çeşmesi
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda