27.02.2018 | Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy.Bu habar BMG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde 20-23-nji fewralda abraýly hökümetara guramasynyň nobatdaky80-nji mejlisi geçirilip, onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibi ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag geçelgeleriniň hem-de intermodal gatnawynyň ösdürilmegine, bu ulgama innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ulag ulgamynda döwletleriň halkara konwensiýalaryna gatnaşmagynyň giňeldilmegine degişli meseleleriň giň gerimini öz içine aldy.

Olar serhetlerden geçmek işini ýeňilleşdirmäge, ýolagçylaryň gatnadylyşynyň we ýükleriň daşalyşynyň howpsuzlygyny artdyrmaga gönükdirilendir. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.Ony BMG-niň ÝYK-nyň içerki ulag boýunça komitetiniň býurosynyň 81-nji mejlisinde tassyklamak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Intermodal gatnawlar we taryhy ulag ugurlarynyň orny: Beýik Ýüpek ýoly” diýen maslahat guraldy.Ol ulag kommunikasiýalar ulgamynda ýurtlar tarapyndan amala aşyrylýan taslamalara bagyşlanyldy. Şol ýurtlaryň içinden ençeme asyrlar mundan ozal gadymy ýol geçipdir.

Häzir ol täze hil derejesinde dikeldilip, döwletleriň we halklaryň arasynda pugtalanmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek pikirini özünde jemleýär.Mejlisiň esasy meseleleriniň biri geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 74-nji maslahatynda kabul edilen “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň durmuşa geçirilişine bagyşlanyldy.

Döwletleriň 74-siniň awtordaş bolup çykyş eden bu Rezolýusiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tekliplerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan halkara ulag meseleleri boýunça üçünji resminama boldy. 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda bu meselä bagyşlanyp ýokary derejedäki Halkara maslahaty geçirildi.

Onuň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.Bu resminamanyň esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi. 2015-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.

Onda 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda bolup geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça BMG-niň ilkinji Ählumumy maslahatyny geçirmek hakynda ýurdumyzyň teklibi doly goldawa eýe boldy. Şol maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat beýannamasy kabul edildi.

Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzyň belent halkara abraýyna, türkmen Lideriniň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.Bu teklipleriň möhümdigi we örän wajypdygy aýdyňdyr, çünki ulag ulgamy dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun tutýar.

Häzirki wagtda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de Durnukly ulag ulgamy boýunça nobatdaky Ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek babatda täze hukuk we guramaçylyk esaslary işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär.

Bu ugurda, şol sanda BMG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklernde umumy tagallalary jemlemekde işjeň orny eýeläp, Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, sebit we dünýä möçberinde ýaýbaňlandyrylan utgaşykly ulag düzüminiň kemala getirilmegine uly goşant goşýar. Üstaşyr akymlaryň logistikasynda biziň ýurdumyzyň kuwwaty Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli polat ýolunyň, Amyderýanyň üstünden häzirki zaman demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň ulanmaga berilmegini, Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy, Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz menziliniň tamamlanyp barýan gurluşygyny nazara alanyňda aýratyn-da, täsir galdyrýar. “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar bilen alamatlanýar.

Birnäçe gün mundan öň, 23-nji fewralda Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga tabşyryldy.Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Munuň özi hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan berkeýändiginiň, Owganystanyň parahatçylykly ösmegine Türkmenistanyň iş ýüzündäki goşandydygynyň, onuň durmuş-ykdysady düzümleriniň täzeden dikeldilýändiginiň, dostlukly döwletiň sebitleýin we dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan doly öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan täzeden gurlan derejesinde demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Turgundy bekediniň geçirijilik mümkinçiligi artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak, şeýle hem bu ýurda harytlary gysga we has amatly ýollar bilen getirmek mümkinçiligi açyldy.

Owganystanyň sebitde ýaýbaňlandyrylan ulag düzüminiň döredilmegine degişli taslamalara goşulyşmagy bilen bu ýurt öz geografiki artykmaçlyklaryny Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr halka hökmünde peýdalanmaga ajaýyp mümkinçilik alar.Serhetabat (Türkmenistan) Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen gatnaw ýollarynyň halkara ulgamyna goşmak baradaky pikiri durmuşa geçýär.

Polat ýollar we awtomobil ýollary Turgundy şäherini Aşgabat bilen, ondan aňry bilen hem Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzili bilen birleşdirýär.Soňra geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra Tblisiniň üsti bilen Ankara we Stambula çenli dowam eder.

Mälim bolşy ýaly, türkmen kenarýakasynyň üstünden TRASEKA halkara ulag geçelgesi geçýär we ýakyn geljekde Merkezi Aziýany hem-de Ýewropany baglanyşdyrýan “deňiz derwezeleri” sebitiň iri logistika merkezine öwrüler. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz düzüm bölegidir.

Raýat awiasiýasyna içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda möhüm orun berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy injener-tehniki pikirleri hem-de iň oňat dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda aeronawigasiýa düzümini ösdürmäge hem-de howa ýolagçylaryna hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berýär.Aşgabadyň iň döwrebap Halkara howa menziliniň gurulmagyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezeleri”, ykdym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr geçiriji nokat bolup hyzmat edýär.Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle taslama Balkan welaýatynda durmuşa geçirildi.Türkmenbaşy şäherinde bina edilen Halkara howa menzili Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasynda kemala getirilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýüzüne öwrüldi.

Ine, indi bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň döwrebap toplumy açyldy.Ol ýurtlaryň arasynda dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmaga hyzmat etmäge gönükdirilen ulag gatnawlarynyň ähmiýetli çatryklarynyň birine öwrüler.

Ol Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolar.Türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmeti bilen bina edilen howa menzili howpsuz, ygtybarly hem-de netijeli howa gatnawlaryny üpjün edip, sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzyň raýat awisasiýasynyň halkara we ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli ýakynlaşmagy, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini hem-de hilini artdyrmak üçin mümkinçilikler dörediler.

Täze howa menziliniň desgalary 600 gektardan gowrak ägirt uly giň meýdanda uzalyp gidýär.Giň ýolagçy terminalynda garaşmak, tiz bellige almak we ýolagçylary ugratmak üçin has oňaýly şertler döredilipdir.

Teleskopyki traplar, maglumat tablolar, halkara we şäherara aragatnaşyk nokatlary, goş-golamyňy saklanýan ýer olaryň hyzmatynda.Uçuşyna garaşýan ýolagçylar üçin zal oňaýly oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.Olaryň ygtyýarynda oňaýly kafeterieler, garbanyşhanalar, söwda nokatlary bar.

CIP-zal, Duty free dükanlar, Internet-kafe we beýleki hyzmatlar hem bar.Inženerçilik-tehniki we gurluş aýratynlyklary boýunça täze terminal ýurdumyzda ýokary tehnologiki howa menzil binalarynyň biridir.Guramak we dolandyrmak, howa gämileriniň ýerüsti hereketi, ýolagçylara hyzmat etmek, el goşlary we ýükleri işlemek ulgamlarynda ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda howpsuzlygyň we reglamentirlemegiň ähli ugurlaryny üpjün etmäge, howa menziliniň bäsdeşlige ukyplylygy bagly bolan möçberden we hilden başlap hyzmatlaryň ähli ulgamyny guramaga toplumlaýyn çemeleşme amala aşyrylypdyr.

Binada eskalatorlaryň 9-sy hem-de liftleriň 19-sy gurnalypdyr.Türkmenabadyň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3800 metr we ini 60 metrdir.Ol uçuşlary üpjün etmpegiň döwrebap ýerüsti serişdeleri—gondurmak ulgamy, uzak aralykdan ölçeýji radiomaýak, yşyk arkaly signal beriji we meteorologiki enjamlar bilen üpjün edilipdir, ähli görnüşli uçarlara, şol sanda uly göwrümli howa gämilerine hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Howa menzili iň täze enjamlar hem-de zerur bolan tehnikalary öndürijiler bolan dünýä meşhur kompaniýalarynyň abzallary bilen enjamlaşdyryldy.Howa hereketlerini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan merkezi diňe bir bellenilen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrýan uçarlara däl, eýsem, Türkmenistanyň gündogar sebitiniň howa giňişliginde üstaşyr uçup geçýän howa gämileriniň uçuşyna hem üznüksiz gözegçiligi üpjün edip bilýär.

Merkezleşdirilen ýangyç guýujy ulgam howa gämilerine tiz we ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýerüsti düzümlerine ugrukdyryjy ýodajyklar we duralgalar, howa gämileri üçin duralgalar girýär, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi, badalga beriş dolandyryş nokatlary hem-de beýleki desgalar guruldy.

Bu ýerde IKAO-nyň ikinji derejesi boýunça gonduryş ulgamy ulanylýar.Gelen we ugradylýan ýükleri işlemek üçin howa menziliniň degişli terminaly awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün edildi.Tehnologiki taýdan enjamlaşdyrylan kömekçi desgalaryň onlarçasy esasy gulluk desgalary bilen birlikde tutuş howa menzili toplumynyň takyk işlemegini hem-de ýokary hilli hyzmat etmegini üpjün eder.

Halkara howa menziliniň çäklerinde lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, üsti ýapyk awtoduralga ýerleşýär.Howa gämisiniň işini üpjün etjek hemme zerur ulgamlar, eltiji inženerçilik we ulag kommunikasiýalary çekildi.

Toplum gurlanda milli binagärligiň hem-de binagärlik bezeginiň döredijilik taýdan oýlanyşykly usullarynyň giňden peýdalanylandygyny bellemek gerek.Howa menziliniň girelgesiniň öňünde türkmen halysynyň gölüniň keşbinde owadan suw çüwdürimleri gurlupdyr, meýdany 37 müň inedördül metr bolan ýolagçy terminalynyň binasy bolsa ýokardan seredeniňde Oguz hanyň ýyldyzyna çalym edýär. Şu ýyldyz Türkmenabadyň howa menzilini Ginnesiň rekordlar kitabyna girizdi.

Bu innowasion taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şol sanda 2016-njy ýylyň sentýabrynda milli Liderimiziň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda aýdan teklipleri göz öňünde tutulyp işlenilip taýýarlanyldy.Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynda iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaýjy bolup çykyş etmän, eýsem-de, geljekki desganyň binagärlik pikiriniň bezelişinden, inženerçilik-tehniki taýdan üpjün edilişinden başlap, hereket edýänleriň hataryna goşulyp ulanmaga berilmegine çenli olaryň durmuşa geçirilşiniň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçiliginde saklaýar.

Milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de welaýatlar boýunça her iş sapary esasy gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy bilen içgin tanyşmak bilen hökman baglanyşykly bolýar. Şol saparlarda hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsünden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli ownuk zatlaryna çenli üns berýär.

Taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar hem-de dizaýnerler hereket etmekde döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň işleýiş häsiýetini ýokarlandyrmaga, olaryň daşky bezelişine, gurluşynyň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna degişli berýän oýlanyşykly tekliplerinden ugur alýarlar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli Liderimiziň bahasyz hyzmatlaryny, onuň dünýä belentliklerine çykaran Watanymyzyň şähergurluşygyna ägirt uly goşandyny ykrar edip, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan binagäri” diýen hormatly ady dakmak hakynda çözgüdi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýakyn geljek üçin kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda gatnawlary we çatryklary baglanyşdyrýan baş ýollar boýunça düzümleriň has-da giňeldilmegi ýaly wezipeler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksatlaryny amala aşyrmakda hem-de Ýewraziýanyň iki ykdysady giňişliklerini birleşdirmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Bu taslama Günorta we Gündogar ugurlarynda Hytaýa çykarmak bilen Hindistany, Pakistany, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryny halkara ulag ulgamyna birikdirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitine Ýewraziýa giňişliginde strategiki durnuklylygyň mäkäm halkasy, Türkmenistana bolsa ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar üçin ygtybarly hyzmatdaş we şol bir wagtda-da yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr çatrygy hökmünde garamagyň milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy bolup durýandygy barada netijä gelmek bolýar.

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-nyň içerki ulag boýunça komitetiniň býurosyna saýlanmak bilen döwrüň ählumumy meselelerini çözmek babatda strategiki başlangyçlary öňe ilerletmek üçin täze itergilere eýe bolýar.BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine hem ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk we logistika
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy