26-njy gezek çykdy

Daga dyrmaşýanlara ýolbeletlik edýän (şerpa) nepally Pasang Dawa dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewereste 26-njy gezek çykyp, Kami Ritanyň rekordy bilen deňleşdi. Dawa wengriýaly daga dyrmaşyja ýolbeletlik etmek üçin Ewereste çykdy. Bu syýahata Imagine Nepal Treks kompaniýasy hemaýatkärlik edipdir.

53 ýaşly Kami Rita geçen ýyl Ewerest dagyna 26-njy gezek çykyp, öz rekordyny täzeläpdi. Ol täze açylan möwsümde hem ýene-de Ýeriň iň beýik nokadyna aýak basmagy meýilleşdirýär.

Beýikligi deňiz derejesinden 8 müň 848 metr bolan Ewerest dagyna adatça aprel aýyndan başlap çykmaga rugsat berilýär.

Daga ilkinji gezek 1953-nji ýylda täze zelandiýaly alpinist Edmund Hillari bilen nepally şerpa Tensing Norgeý çykypdy. Nepalyň Hökümeti bu şanly wakanyň 70 ýyllygyny bellemegi maksat edinýär. Ýurt şu ýyl 470 adama daga dyrmaşmaga rugsat berdi. Bu kyn syýahatda nepally ýolbeletler kömek edýär.

Nepal bilen Tibetiň arasyndaky Gimalaý dagynyň eteklerinde ýaşaýan ýerli halka şerpa diýilýär. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerdäki ýolbeletlere hem şerpa diýlipdir.

Aknur Paşşykowa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ewerest dagyna çykdylar
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler
Ewereste ýetmek üçin 82 gün welosipedde
Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi
Ewerestde meteorologiýa stansiýasy gurlar