
26-njy awgustdan 68-nji Bagyr — Altyn asyr gündogar bazary ugry üýtgedilip we bu ugur boýunça awtobuslaryň Bagyr belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi boýunça hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap herekedini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen Altyn asyr gündogar bazaryna barýandygy aýdylýar.
Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.