26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti 26-27-nji dekabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny sişenbe güni GDA-nyň Hemişelik Wekiller geňeşiniň Minskde geçirilen nobatdaky mejlisinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew metbugata mälim etdi.

S.Lebedew GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň soňky gezek duşuşyp, pikir alşanlaryna köp wagt hem geçmändigini, eýýäm geljek hepde bolsa Sankt-Peterburgda olaryň resmi däl duşuşygynyň guraljakdygyny belledi.S.Lebedewiň aýtmagyna görä, bu ýokary derejeli duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 26-27-nji dekabr aralygynda geçiriler. Şeýle hem GDA-nyň ýerine Ýetiriji sekretary bu sammitiň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Halkara synçylar saýlawlar boýunça jemleýji brifing geçirdiler
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek maslahatyna taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy
GDA-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary başlandy
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SLOWENIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY