Paýtagtymyzda, Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet özbaşdaklygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralar geçirilýär.Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler.Baýramçylyk konserti ajaýyp zalda türkmenistanlylary hem-de bu şanly gün paýtagtymyza gelen ýurdumyzyň myhmanlaryny birleşdirdi.
Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary,Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelenler bar.
Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar türkmen sungatynyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşgünliligini beýan etdi.Bu gezekki konsert Garaşsyz Watanymyza, biziň döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny we şolaryň esasynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini görkezýär.
Baýramçylyk konserti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Mähriban ýürekli Gahryman ogul!” diýen watançylyk aýdymy bilen açyldy. “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň dürli döwürlerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi we oňyn başlangyçlary bilen baglanyşykly tutumlaryny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsertiň joşgunly başlangyjy eziz Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň nyşany bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary bilen dowam etdi. “Bagtyýar çagalyk” atly aýdym-sazly çykyşda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” tans toparlarynyň çagalary öz zehinlerini açyp görkezdiler.
Konsert maksatnamasyna belli sazandalaryň we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tanymal estrada aýdymçylarynyň hem-de döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary girdi.Döredijilik ussatlary bilen bir hatarda bu ýerde öz zehinlerini sungat ýoluna başlaýan artistler görkezdiler.
Köşgüň sahnasynda milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlar we häzirkizaman eserleri ýaňlandy, eziz Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän özboluşly aýdym-tansly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Asyrlaryň içinden geçip, şu günlere gelip ýeten özboluşly däp-dessurlarymyzy beýan edýän etnografik çykyşlar baýramçylyk maksatnamasyna sazlaşykly utgaşdy.Nusgawy kino sazlaryna ýüzlenmek şu günki konsertiň tapawutly aýratynlygy boldy.
Türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde zalyň sahnasynda türkmenistanlylaryň täze nesilleriniň söýýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyna kybapdaş çykyşda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilmine ýazan sazy ýerine ýetirildi.
Ol ady rowaýata öwrülen filmi hem-de milli Liderimiziň eserini sungatyň ylalaşdyryjylyk maksady bilen birleşdirdi.Tomşaçylar milli medeni mirasyň “altyn gaznasyny” düzýän “Aýgytly ädim”, “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Ýuwaş gelin”, “Mukamyň syry”, “Meniň dostum meleguş”, “Keçpelek”, “Şasenem we Garyp” we beýleki kinofilmlerden aýdymlary aýratyn mähir bilen kabul etdiler.
Olar näçe ýyl geçse-de jadylaýjy mährini ýitirmeýär. “Göreldeli” harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyza bagyşlanan “Watan goragynda” diýen aýdym aýdyň çykyşlaryň birine öwrüldi.Artistler öz zehinleri we ýokary derejeli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy baýramçylyk aýdym-sazlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy we sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi. “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym konsertiň jemini jemledi.
Onuň sazy we belent ruha beslenen sözleri milli Liderimiziň zehini bilen dünýä indi.Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bagtly eýýamyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda röwşen geljege gadam urýan ýurdumyza bolsa buýsanjyny alamatlandyrdy.
Konserte gatnaşyjylar bu aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çuňňurbuýsanjy alamatlandyrýan: Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!diýen buýsançly sözleri uly joşgun bilen gaýtaladylar.