26.09.2018 | Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna Hormatly il ýaşulysy ady dakyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar.

Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar.Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan ýeňişlerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini has-da berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimize mynasyp edep-terbiýe bermekde ýaşuly nesil uly hyzmatlary bitirýär.

Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýar.Möhüm ähmiýetli başlangyçlara ýaşulularyň ak patasy bilen badalga berilýär. Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň ösüp, barha özgerýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançy, zähmetsöýer, halal, päk ahlakly we ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmaly: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdulkerim Ataýewe, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Berdi Begmyradowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Öwezgeldi Hajiýewe, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrberdi Bilişowa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Nowata obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Orazberdi Bäşimowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil geňeşliginiň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Orazmuhammedowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Polat Nurberdiýewe, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Rejepmyrat Allanurowa, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amangeldi Kerimberdiýewe, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hanbaý Saparowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginiň Täzeýol obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Arazgeldi Nuryýewe, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Döwletmämmet Azady adyndaky geňeşliginiň Alilioý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Gurbanowa, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jorakuly Inaýatowa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Dänew şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ahmet Abdyrahmanowa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn Asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurt Allakulyýewe, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Rysgally geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň ýaşaýjysy Atajan Çaryýewe, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Parahat geňeşliginiň Akgoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aman Çaryýewe, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Gowkyzereň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýarguly Hommaýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi