26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda gadymy Marguş ýurduna amala aşyran syýahatymyzy jemlemek bilen, biz ägirt uly monitorda yşyk-lazer enjamy arkaly Kiçi we Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly ýadygärlikleriň döreýşini gördük. Şonda Olimpiýa stadionynda bolan ýurdumyzyň myhmanlarynyň biri “Bu gözellikleri nirede görmek bolýar?

Olar nirede ýerleşýär?..” diýen sowal bilen ýüzlendi. 6.Gadymy Merw şalaryň kalby Gadymy döwürlerden bäri Maru-Şahu-jahan (Mary - şalaryň kalby) diýlip tanalan beýik Orta Aziýa şäheri Murgap derýasyna ýanaşýan mes toprakda kemala geldi.

Onuň täsinligi dürli eýýamlara degişli bolan beýik şäherleriň bir ulgamyny düzmegindedir, şol bir wagtda beýleki gadymy şäherlerde köne ilatly ýerleriň ornunda täze şäherleri gurmak däbe öwrülipdi.Gadymy Merwiň şäherleri müňlerçe gektara barabar ýerleri eýeleýär.

Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala bularyň her biriniň aňyrsynda şalyklaryň we nebereleriň köpasyrlyk taryhy, uruşlaryň taryhy hem-de ýiti durmuş sarsgynlaryndan soň, şäheri döretmegiň, ösdürmegiň ýylýazgysy saklanýar.Häzir bolsa bu alymlar üçin hakyky arheologik jennet bolup, olar bu ýere dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýärler hem-de gadymy türkmen topragynda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, XIX asyryň ahyryndan başlap, Merwi öwrenen alymlaryň ylmy däplerini dowam edýärler.

Bu ýerde ýerleşen gadymy geçmişiň subutnamalarynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, Türkmenistanyň hökümetiniň karary bilen, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi. 1999-njy ýylda bolsa bu ýadygärlikleriň tutuş toplumy UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

Merw bir döwür Bagdat ýaly, Kair ýa-da Damask ýaly yslam dünýäsiniň paýtagtlarynyň biri hasaplanypdyr. Şol döwürde Merw Gündogaryň ajaýyp şäherleriniň biri bolupdyr.IX asyryň başynda onda Arap Halyflygynyň horasanly hökümdary, halyf Garun ar-Raşidiň ogly al-Mamun mesgen tutýar. 813-nji ýylda bolsa al-Mamunyň özi halyf bolýar, emma bu waka çenli ol uzak wagt Merwde ýaşaýar.

Taryhçylaryň belleýşi ýaly, şol döwürde Merw Halyflygyň paýtagtynyň wezipesini ýerine ýetiripdir diýen ýaly—tutuş Arap döwleti boýunça ähli görkezmeler we kesgitlemeler şol ýerden gelipdir. Şol wagt şäher öz taryhynyň gysga, emma ajaýyp döwrüni başdan geçiripdir.

Merw XI-XII asyrlarda gülläp ösýär, bu döwür Beýik Seljuk türkmenleriniň dolandyran döwri bolup, olaryň imperiýasy Amyderýanyň çöketliginden başlap, Ortaýer deňzine çenli uzalypdyr.Mälim bolşy ýaly, Mälikşanyň döwründe Merwiň harby-inženerçilik desgalarynyň durky täzelenýär. Şäher çalt depginler bilen ösüpdir.

Hut şol wagt “Şalaryň kalby” diýlip atlandyrylýar.Hakyky medeni ösüşiň döwri başlanýar, şonda Merwe musulman dünýäsiniň meşhur şahyrlary, suratkeşleri we binagärleri gelip, nesillere öz öçmejek eserlerini galdyrýarlar.Seljuklar döwründe Merw çalt depginler bilen ösüp, Merkezi Aziýanyň iň uly şäherine hem-de ähli musulman Gündogarynyň iri merkezine (onuň şäher ýakasy bilen tutýan meýdany 1800 gektara, ilat sany bolsa 150 müň adama ýetipdir) öwrülýär. Şol döwürde şäherleriň ählisiniň diýen ýaly 2-5 müň ýaşaýjysynyň bolandygyny nazara alanyňda seljuklar Merwiniň geriminiň näderejede bolandygy bellärliklidir. 1118-nji ýylda seljuklaryň soňky soltany Sanjar Merwi beýik imperiýanyň paýtagtyna öwürýär.

Bu ýere uç-gyraksyz genji-hazynalar akyp, galalary, metjitleri, köşkleri gurmaga mümkinçilik beripdir.Merw şäheriniň seljuklar bölegi Soltan galanyň merkezinde Türkmenistanda iri gadymy desga bolan Soltan Sanjaryň kümmeti seleňläp görünýär.

Orta asyr ýazgylarynda bolsa kän agzalýan binagärlik ýadygärlikleri onçakly köp däl.Soltan Sanjaryň kümmeti hakynda ilkinji maglumatlar orta asyr awtorlarynyň işlerinde duş gelýär.Belli arap syýahatçysy, geografiýaçy we taryhçy Ýakut al-Hamawy Merw şäherini mongol çozuşlaryna çenli -- XIII asyryň başynda görüp, bu desga barada şeýle ýazypdyr: “Onuň üstünde mawy reňkli gümmez seleňläp, ol bir günlük ýola barabar uzaklykdan hem görünýär”. Çingiz hanyň goşunlarynyň ýetiren weýrançylyklaryndan soň Merwiň onlarça ýyl harabalyk bolup ýatan wagtynda hem Soltan Sanjaryň kümmetini görenler şeýle ýazypdyr: “Bu dünýäde iň uly binadyr” (Raşid-ad-din, XIV asyr) hem-de “Älem-jahanyň iň beýik desgalarynyň biri, örän mäkäm bolansoň, zaýaçylyk oňa ýanaşyp hem bilmez” (Isfizari, XV asyr). 400 ýyldan soň - 1880-nji ýylda bu ýerde “Deýli nýus” Londan gazetiniň habarçysy Edmond O’Donowan bolup, ol, hususan-da, şeýle ýazypdyr: “Soltan Sanjaryň gubury zyýarat ýeri bolup, türkmenleriň hiç biri-de bu ýerde ruhy aram tapan hökümdara hormat goýman, onuň deňinden geçip bilmeýär”.

Soltan Sanjaryň kümmeti XII asyryň ortasynda köşkleri we metjidi öz içine alan toplumyň merkezi bölegi hökmünde gurlupdyr.Häzir bar bolan desga—1221-22-nji ýyllarda mongollar tarapyndan Merwiň weýran edilmeginden soň, bu toplumda şu güne çenli saklanyp galan ýeke-täk desga bolup durýar.

Onuň merkezindäki daşyň ýüzünde şeýle ýazgylar bar: bu ýer hijri ýyllarynyň bäşinji asyrynyň ahyrynda ýaşap geçen seljuklaryň nesillerinden, beýik şalaryň hataryndan bolan Soltan Sanjaryň ruhy siňen keramatly ýerdir.Ol öz döwründe Isgender (Aleksandr Makedonskiý) ýaly adalatly bolupdyr, alymlaryň we şahyrlaryň howandary bolupdyr hem-de onuň döwründe yslam dünýäsi ylymlar we sungatlar netijesinde gülläp ösüpdir we bagtyýar bolupdyr.

Soltan Sanjaryň özi barada aýdylan zatlar az däl.Hökümdar soltan Mälikşanyň kiçi ogly kakasy aradan çykandan çärýek asyr soň, tagta çykýar, onuň uly doganlary miras galan ägirt uly imperiýada merkezi häkimiýeti saklap bilmändirler.

Beýik döwlet böleklere bölünip başlapdyr.Emma şol döwre çenli Horasanyň hökümdary bolan Sanjar döwleti halas etmek üçin netijeli çäreleri görýär.Imperiýanyň paýtagtyny Yspyhandan Seljuklar döwletiniň ojagy bolan we onuň şöhratly ata-babalary Çagrybegiň we Alp Arslanyň guburlary ýerleşen Merwe geçirmek bilen, Soltan Sanjar bölünip aýrylan ýerleri yzyna gaýtaryp ugrapdyr.

Günbatary we Gündogary birleşdiren ägirt uly imperiýany diňe başarnykly dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmegi üçin şertleri döreden beýik neberäniň şan-şöhraty täzeden şugla saçýar.

Döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde dagynyk ýerleşen binalar bu ülkäniň beýikligine şaýatlyk edýär.Bir döwür bu ýerde durmuş gaýnap joşupdyr, köp mähelleli bazarlar daş-töwerege ýaň salypdyr, dünýäniň dürli künjeklerinden kerwenler gelipdir, üsti gümmezli we beýik minaraly ajaýyp binalar bagy-bossanlyga gark bolupdyr, doly suwly akabalardan ýakymly şemal öwsüpdir, içi kitapdan doly kitaphanalarda danalar ylmyň uç-gyraksyz giňişliklerine çümüpdir, Soltanyň köşgüniň ajaýyp zallarynda bolsa, bu ýerden müňlerçe kilometr uzaklarda ýerleşen ýurtlaryň we halklaryň ykballary çözülipdir.

Soltan Sanjaryň ajaýyp kümmeti şol beýikligiň subutnamalaryny asyrlaryň içinden geçirip, bize ýetirdi.Binagärlik pikiri, owadan bezelen jaýlar doly saklanyp galmadyk hem bolsa, kümmetiň netijeli çözgütleri dünýäniň bu sebitinde gurluşyk sungatynyň uzak wagt gülläp ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Alymlar türkmen-seljuk döwletinde iri gurluşyk birleşmeleriniň hem-de özboluşly nusgalaryny işläp düzen özbaşdak binagärlik mekdepleriniň bolandygyny ylmy taýdan esaslandyrdylar.Kümmetiň içindäki ýazgy binagär Muhammed ibn Atsyz as-Serahsiniň adyny ebedileşdirdi.

Bu ýazgydan ugur alanyňda, onuň aslynyň Sarahsdan bolandygyna hem-de belli sarahs toparyna degişli bolandygyna göz ýetirmek bolýar.Bu eýýamda sarahsly ussalaryň bina eden ýadygärlikleri diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, goňşy ýurtlarda hem saklanyp galypdyr.

On bäş ýyl mundan öň, kümmetiň durky düýpli täzelenip, bu işiň barşynda binanyň daşarky gümmezi gaýtadan döredildi hem-de gümmezasty egniň ýüz tarapy üýtgedildi, şeýle hem ýokarky ýarusyň galereýasy doly dikeldildi. Şeýlelikde, XXI asyryň başynda onuň ylmy taýdan dikeltmek işiniň düzgünlerine we talaplary boýunça gaýtadan döredilen täze keşbi emele geldi.

Bu ýerde işler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň ýitgisine ýol bermez ýaly ýerine ýetirildi.Dikeldiş işlerini geçirýän türkmen alymlary beýleki taslamalarda hem hut şeýle strategiýa eýerip, ýadygärligiň ruhuny, onuň özüne çekijiligini saklamaga çalyşýarlar.

Häzir Türkmenistanda Soltan Sanjaryň ady nusga öwrüldi: onuň heýkel portretleri Aşgabatda we Maryda oturdyldy, onuň keramatly keşbi bolsa, milli manadymyza bezeg berýär.Emma beýik hökümdaryň ady onuň kümmetiniň belent binasynda ýaňlanýar, şonda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan jahankeşdeler ýolgörkezijiniň gyzykly gürrüňlerini diňleýärler, zyýaratçylar bolsa Beýik Biribardan doga-dileg edenlerinde türkmeniň nesilbasyşy, Oguzhanyň, Soltan Sanjaryň atlaryny ýatlaýarlar. 7.

Oguzhan—türkmen halkynyň nesilbaşysy Olimpiýa stadionynda garaňkylykdan, sözüň doly manysynda, ganatly bedewler okdurylyp gelýärler.Olarda oturan atlylar ellerinde baýdaklary saklaýarlar.Atlylar topary çaltlyk bilen meýdançanyň daşyndan birnäçe öwrüm edýärler.

Meýdançanyň merkezinde Oguzhanyň ägirt uly keşbi peýda bolýar.Türkmen halkynyň nesilbaşysy ellerinde ýaýy we üç sany peýkamy saklaýar.Atlylaryň altysy—Oguzhanyň ogullary onuň töwereginde jem bolýarlar. Şol pursatda asmandan olara tarap gün peýkamlary inýär.

Atlylar asmandan inen peýkamyň her biriniň töwereginden öwrüm edýärler, şol pursatda ýeriň aşagyndan, göýä, biziň hakydamyzyň jümmüşinden Oguzhanyň beýik nesilleri—eziz Watanymyzyň şöhratly ogullary Gorkut ata, Görogly, Togrul beg, Alp Arslan, Ärtogrul Gazy, Magtymguly...

peýda bolýarlar.Türkmenleriň şan-şöhrata beslenen taryhynyň Oguzhandan başlanýandygyny her bir okuwçy bilýär.Onuň ady oguzlar bilen deňeşdirilýär—bu etnonim baryp biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllygyň çeşmelerinde bellige alyndy.

Türkmenleriň taryhy geçmişi barada şaýatlyk edýän ýazuw ýadygärlikleriniň köp sanlysy saklanyp galypdyr.Olaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda iň gadymy eserleriň nusgalary: gadymy oguz dessanlary, öçmez-ýitmez “Gorkut ata” eposy, Orhon-ýeniseý ýazgylary, Mahmyt Kaşgariniň “Sözlügi”, Ýusup Balasagunynyň “Rehnetli bilim” kitaby we beýlekiler bar. Şeýle hem orta asyr taryhçylarynyň düýpli eserlerini, meşhur syýahatçylaryň ýol ýazgylaryny we aýry-aýry terjime neşirlerini görkezmek bolar. Ýöne, Oguzhan baradaky garaýyşlar “Oguznama” ady bilen birleşdirilen folklor rowaýatlarynda has äşgär beýan edilýär. “Oguznama” türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni mirasyny öwrenmekde has gymmatly çeşme bolup durýar.

Onda oguz türkmenleriniň taryhy, edebiýaty, dili, medeniýeti, etiki we estetiki ölçegleri boýunça baý hem-de köptaraply maglumatlar jemlenendir. “Oguznama” kitaplarda sahaplanan golýazmalar görnüşinde aýawly saklanyldy hem-de dilden-dile geçirilip, ussat türkmen bagşylarynyň özboluşly repertuarynyň esasyny düzdi. “Oguznamanyň” esasy bölegi türkmen dilinde döredildi we dünýäniň iri golýazma ýygyndylarynda saklanylýar.

Gadymy türkmen ýazuwynyň we edebiýatynyň has gymmatly ýadygärlikleriniň hatarynda Parižiň we Kazwiniň kitaphanalarynda saklanylýan “Oguznamanyň” nusgalary, Raşid ad-Din Fazlallahyň “Ählumumy taryh” kitaby (XIV asyr), Dana Atanyň “Oguznamasy”, osman taryhçysy Ýazyjyoglunyň, Nusaýda ýaşap geçen Salar Baba Gulaly-ogly Hyrydarynyň (XVI asyr) eserleri, şeýle hem Abulgazi Bahadurhanyň “Türkmenleriň şejeresi” atly düýpli işi (XVII asyr) we beýlekiler bar.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň “Oguznama” poemasy (XVIII asyr) türkmenleriň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir.Rowaýata görä, Oguzhanyň alty ogly—Günhan, Aýhan, Ýyldyzhan, Gökhan, Daghan we Deňizhan diýen ogullary bolupdyr.

Teatrlaşdyrylan sahnada hut şol ogullary ellerinde ýaýy we üç sany peýkamy saklap duran Oguzhanyň daşynda jemlenýär.Oguzhan özüniň ýerini hem-de ýaýy we peýkamy ogullarynyň arasynda paýlapdyr. Üç bölege bölünen ýaý uly ogullarynyň üçüsine, peýkamlar bolsa üç kiçi ogluna, “üç ok” tiresine ýetipdir.

Oguzhanyň 24 agtygy bolupdyr.Rowaýata görä olar türkmenleriň 24 tiresini esaslandyrypdyr.Olardan—Oguzhanyň agtyklaryndan türkmen halky gözbaş alypdyr.Türkmenleriň ata-babalarynyň yslamy kabul edendigi hakyndaky rowaýat hem Oguzhanyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Alymlar Oguzhanyň rowaýata öwrülen keşbinde türkmen halkynyň taryhyň has irki döwürleriniň: turan-massaget, hun-gadymy türki, oguz-türkmen döwürleriniň öz beýanyny tapandygyny belleýärler, ýagny eposda türkmen milletiniň döremeginiň tutuş taryhy ýoly şöhlelenýär. “Oguznamanyň” stili, bir tarapdan, ylmy häsiýete, beýleki bir tarapdan bolsa çeper häsiýete eýedir.

Ol gadymy oguz etniki jemgyýetiniň taryhy wakalaryny, hadysalaryny, genealogiýasyny, çeper döredijiligini has doly şöhlelendirmäge ýardam edýär. “Oguznamanyň” ähli görnüşleri diýen ýaly oguz-türkmenleriniň nesil daragty-Oguzhanyň ogullarynyň we agtyklarynyň atlary, olaryň totem nyşanlarynyň görnüşi hem-de many-mazmuny we beýlekiler barada birmeňzeş maglumatlary özlerinde jemleýär.

Rowaýatlar bizi türkmenleriň şöhratly nesilbaşysy Oguzhanyň agtyklary bilen genalogiki taýdan baglanyşdyrylýan etniki tire-taýpa dowamatlylygyň gözbaşlaryna getirýär.Edebi çeşmelerde bar bolan, biziň günlerimize çenli saklanyp galan maglumatlar aýdyň suratda jemlenýär.

Onda hakyky ýagdaý hem-de çeperçilik hyýaly zatlar özara sazlaşýar. Ýöne, muňa garamazdan Oguzhan baradaky dessanlar toplumyny (“Ergenekon”, “Bozgurt”, “Alp Är Tönge”, “Tumarşah”, “Şu”, “Şirak”) umumy mazmunyny dikeltmäge, olarda beýan edilen wakalaryň yzygiderliligini, takmynan bolsa-da, dikeltmäge mümkinçilik bar.

Oguz dessanlarynyň aglabasy watançylyk, gahrymançylyk ruhunda ýazylypdyr.Oguz baradaky dessanlaryň toplumy ahlak-didaktiki häsiýete eýedir we azatlyk hem-de mähriban topragyň garaşsyzlygy ugrundaky göreşde ar-namyslylyk, asyllylyk, watançylyk hem-de gaýduwsyzlyk ýaly esasy düşünjeleri açyp görkezýär. “Ergenekon” dessanynda oguz-türkmenleriniň şöhratly taryhynyň sahypalary, öz döwletini elden giderenden soň, edermen taýpalaryň örän kyn ýagdaýa düşendigi, ýöne soňra, ähli güýjüni bir ýere jemläp, daglary ýumrup, öz azatlygyny gorandygy barada gürrüň berilýär.

Beýleki dessanlar hem gahrymançylyga ýugrulandyr.Hususan-da, “Tumarşa” dessanynda patyşanyň gojaman Hazaryň kenarynda hem-de jöwzaly Garagumda görkezen edermenligi barada gürrüň berilýär.Türkmenleriň irki ýazuw ýadygärlikleriniň ählisi diýen ýaly şygyr görnüşinde ýazylypdyr. “Gorkut ata” eposy “Oguznama” toplumynyň hem-de oguz dessanlarynyň özboluşly dowamy boldy.

Alymlaryň çaklamasyna görä, bu epos bir ýarym müň ýyl mundan ozal peýda boldy we oguz-türkmenleriniň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy.Biziň günlerimize çenli “Gorkut atanyň” golýazmalarynyň iki nusgasy saklanyp galypdyr: olaryň biri Drezden kitaphanasynyň (Germaniýa) gorlarynda, beýlekisi bolsa Watikanyň kitap ýygyndysynda saklanýar.

Drezdendäki golýazma nysgasy XVI asyrda taýýarlanylypdyr.Köp wagtyň geçendigine garamazdan, Oguzhanyň ady türkmenleriň aňynda we kalbynda saklanyp galypdyr.Onuň adyny okuw kitaplarynyň we ylmy işleriň sahypalarynda, nakgaşlaryň suratlarynda hem-de häzirki zaman şahyrlarynyň eserlerinde tapmak bolýar.

Indi ol Türkmenistanyň paýtagtynda köşkler toplumynyň--döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi kabulhanasynyň, şäheriň esasy ýollarynyň biriniň, “Türkmenfilm” kinokompaniýasynyň, Aşgabadyň ýaşlar hokkeý toparynyň, Mary welaýatynyň etraplarynyň biriniň atlarynda ebedileşdirildi.Oguzhanyň ägirt uly heýkellerini ýurdumyzyň paýtagtyndaky Garaşsyzlyk binasynyň golaýynda hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky suw çüwdürimler toplumynyň merkezinde görmek bolýar.

Onuň keşbi hümmeti 100 manada barabar bolan türkmen manadynda hem-de ýadygärlik şaýy pulunda ýerleşdirilipdir.Galyberse-de, Oguzhanyň sekiz gyranlyk Ýyldyzy tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýrandyr.Ol Döwlet Tugrasynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ştandartynda şekillendirilipdir.

Oguzhanyň ýyldyzy uly binalaryň hem-de kiçi binagärlik desgalarynyň taslamalary düzülende, ýurdumyzyň arhitektorlary we dizaýnerleri tarapyndan giňden ulanylýar.Arhitektorlar nyşanlaryň dilini ussatlyk bilen ulanyp, ägirt uly şekilleri döredýärler.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa toplumynyň ähli desgalarynda gadymy türkmen nyşanlaryna aýratyn orun berlipdir.Häzirki wagtda şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat 2017” oýunlary tamamlanýar.

Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde Oguzhanyň Ýyldyzynyň ulanylmadyk ýekeje-de häzirki zaman desgasyny tapmak bolmaýar.Olaryň arasynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Bu desga hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. “Ginnesiň Bütindünýä rekordlary” kompaniýasynyň wekilleri telediňiň merkezi bölegini bezeýän Oguzhanyň ägirt uly Ýyldyzyny dünýädäki iň uly ýyldyzyň binagärlik şekili hökmünde ykrar etdiler.

Paýtagtymyzdaky “Bagt köşgüni” hem mysal getirmek bolar. Şol ýerde ägirt uly globus alty sany oktagrammanyň birleşmesinden emele gelen gözenek bilen gurşalypdyr. Şeýle bezeg äheňi köçe çyralarynda, suwa düşülýän howuzlarda hem-de gül aýmançalarynda giňden ulanylýar.

Türkmenistana ilkinji gezek gelýän adamlaryň ählisini haýran galdyrýan şeýle köp sanly mysallaryň aňyrsynda jemgyýetde bolup geçýän durmuş ähmiýetli wakalary hem-de döwrüň ruhuny beýan edýän jemgyýetçilik we şahsy islegleri kanagatlandyrmak üçin has oňaýly, adamyň ýaşamagy üçin has amatly, sazlaşykly gurşawy döretmek baradaky tagallalar durýar.

Oguzhanyň ýyldyzy Türkmenistanyň hakyky “ýüzüne” öwrüldi.Atly ýigit ajaýyp ahalteke bedewinde Olimpiýa stadionynda gala görnüşindäki Taryh Diňine eli alawly çykanda, onuň ýokarsynda Oguzhanyň ägirt uly Ýyldyzy ýalkym saçýardy.

Asylly türkmen däbine görä, atly ýigit Taryh Diňiniň ýokarsynda üç öwrüm edip, atyny çarpaýa galdyryp, alawuny Oguzhanyň Ýyldyzyna degirdi, ondan ägirt uly atyň heýkeliniň depesinde ornaşdyrylan Olimpiýa çanagyna iki sany uçgun okduryldy we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawuny ýakdy.

Ýene degişli makalalar

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri