Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady.Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Singapuryň Çangi Halkara howa menziline geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň Shangri-La myhmanhanasyna ugraýar.Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.
Ertir — 27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler.Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar.
Innowasion ösüşe we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, öňdebaryjy ylym bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty nazara almak bilen, häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Singapur Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 23-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.
Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde biri-birleriniň netijeli başlangyçlaryny, tekliplerini goldamak bilen, halkara giňişlikde netijeli özara gatnaşyklary alyp barýandyklaryny bellemek gerek.
Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ulag we energetika diplomatiýasy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly düýpli meselelerde garaýyşlaryň ýakyndygyny we ugurdaşdygyny görkezýär. Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Singapuryň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda işewürler maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler, olarda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreler we ädimler babatda pikir alyşmalar boldy.
Häzirki wagtda Singapur Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde esasy maliýe, ykdysady we nebitgaz merkezleriniň biri hökmünde hakykatdan-da ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurduň iri senagat ulgamlaryny, hususan-da, elektron we nebithimiýa senagatyny, şeýle hem logistika ulgamyny döretmekde, daşary ýurt maýa goýumyny çekmekde hem-de halkara bazarlarda ýokary tehnologiýaly önümleri ilerletmekde toplan tejribesi örän gyzyklydyr. Öz nobatynda, baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň okgunly depginleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen bir hatarda ylmy-tehniki ulgam, innowasion lukmançylyk, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, syýahatçylyk industriýasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk alyp barmagyň möhüm ugurlarydyr.
Elbetde, däp bolan dostlukly döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, onuň jemleri boýunça hökümetara we ulgamara resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, ugurlaryň giň görnüşleri boýunça iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyna, gürrüňsiz, kuwwatly depgin berer, döwletara gatnaşyklaryň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döreder.
Singapur ösen bazar ykdysadyýeti bolan we dünýäde jemi içerki önümiň ilat başyna düşýän görkezijisi boýunça iň ýokary derejedäki ýurtlaryň biri bolup durýar.Bu ýurduň ösen döwletleriň derejesine çykan ykdysadyýeti bolan ýurt hökmündäki ösüşi Gündogar Aziýa gaplaňynyň hereketine deňelýär.
Bu ýerde elektronika önümçiligi, gämi gurluşygy, maliýe hyzmatlar ulgamy örän ösendir, şeýle hem durnukly bahalar saklanýar.Onuň ykdysadyýeti eksport önümleriniň hasabyna pugtalanýar.Aýratyn-da, bu ýerde durmuş elektronikasy, maglumat tehnologiýasy, farmasewtika we maliýe hyzmatlary ýaly ugurlar aýratyn ösendir.
Singapuryň ykdysadyýetinde transmilli korporasiýa möhüm orun eýeleýär.Onuň ykdysadyýeti dünýäde iň açyk we korrupsiýadan azat ykdysadyýet hasaplanylýar.Farmasewtika lukmançylyk önümçiligine iri maýa goýumlar çekilýär. Ýurtda Günorta — Gündogar Aziýanyň maliýe we ýokary tehnologiýa merkezi hökmündäki ösüşi bolan ýurduň strategiýasy amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda bu döwlet Aziýanyň öňdebaryjy söwda merkezidir we baha dörediji merkezdir. Ählumumy ösüşiniň netijesinde ol özüni Gündogar Aziýanyň maliýe we ýokary tehnologiýalar ýurdy hökmünde ykrar etdirdi.Hökümet goýumlaryň ýokary derejesini we hökmany pensiýa ulgamynyň üsti bilen maýa goýumy höweslendirýär.
Ol Merkezi ätiýaçlandyryş gaznasy hökmünde bellidir. Şunlukda, onuň býujetiniň agramly bölegi bilim we tehnologiýa ulgamyna gönükdirilýär. Şeýle hem bu ýurduň hökümeti Temasek döwlet maýa goýum topary bilen baglanyşykly kompaniýalara eýedir. Şunlukda, önümçilige aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçiligiň ähli ugurlary täjirçilik kärhanalary hökmünde işleýärler we jemi içerki önümiň 60 göterime golaýyny öndürýärler. Ýokary bäsdeşlige ukyplylyk derejesini saklamak üçin, aýlyk haklarynyň ýokarlanýandygyna garamazdan, hökümet senagatda we hyzmatlar ulgamynda goşulan bahany artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri höweslendirýär.
Maliýe hyzmatlary, telekommunikasiýalar düzümleri, elektrik beketleri açyldy we daşary ýurtly hyzmatlary ýerine ýetirýänlere goldaw bermek üçin bölek söwda bölümleri hereket edýär.Singapurda korrupsiýanyň bolmazlygy, ýokary hünärli işçi güýjüniň, şeýle hem ösen we netijeli düzümleriň hereket etmegi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Ýaponiýadan we Ýewropadan müňden gowrak transmilli korporasiýalar üçin ýurduň özüne çekijiligi ýokary bolup durýar.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işleýän daşary ýurt firmalaryny görmek bolýar.Halkara kompaniýalar ähli senagat önümleriniň üçden iki böleginden gowragyny öndürýärler we göni eksport söwdalaryny amala aşyrýarlar. Ýöne hyzmatlaryň käbir ulgamlarynda hökümet korporasiýalarynyň esasy orun eýeleýändigini bellemeli. Ýurduň önümçilik pudagynda elektron senagaty öňde barýar.
Ol umumy senagat önümleriniň 48 göterime golaýyny öndürýär.Nebiti gaýtadan işleýän senagat nebit we gaz enjamlarynyň önümçiliginiň ösüşini üpjün etdi.Singapur özi göterýän buraw enjamlarynyň dünýä bazarynyň 70 göterimini eýeleýär we onuň nebiti çykarýan, saklaýan hem-de ugradýan deňizüsti gurnamalar bazarynda eýeleýän orny hem şonça göterime deňdir. Ýurtda gämi abatlaýyş boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesiniň 20 göterimine barabardyr.
Singapur biotehnologiýa pudagyny işjeň ösdürýär.Düzüme 100 millionlarça dollar gönükdirilýär.Barlag we ösüş, ýokary hünärli işçi güýjüniň gaznalary döredilýär.Dünýäniň GlaхoSmithKline (GSK), Pfizer we Merсk & Сo ýaly iri derman öndüriji kompaniýalary Singapurda öz zawodlaryny açdylar.
Farmasewtika pudagy ýurduň umumy senagat önümçiliginiň 16 göterimden gowragyny eýeleýär. Ýurtda elektroenergiýa önümçiliginiň 98 göterimi gazylyp alynýan ýangyçlardan öndürilýär, galan 2 göterimi bolsa gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna alynýar.Singapur elektrik energiýasyny satyn almaýar we ony eksport etmeýär.
Bu ýerde iri nebiti gaýtadan işleýän kuwwatlyklar hereket edýär.Muňa mysal hökmünde Royal Dutсh Shell iri nebiti gaýtadan işleýän zawody görkezmek bolar.Singapur nebit önümlerini satyn almakda dünýäde birinji orunda durýar.
Ony eksport etmekde bolsa dördünji orny eýeleýär. Şeýle hem ol dünýäde nebiti gaýtadan işlemekden alnan önümleri eksport edýän iri merkezleriň üçüsiniň biri bolup durýar. Ýurduň nebit pudagy jemi içerki önüminiň 5 göterimine barabardyr.
Nebiti gaýtadan işleýän pudagyň netijeli işi himiýa senagatynyň işiniň, şeýle hem nebit we gaz enjamlarynyň önümçiliginiň ösüşini şertlendirdi.Singapur 2017-nji ýylda 13,48 milliard kub metr tebigy gazy satyn aldy we onuň 12,97 milliard kub metrini harçlady. 622,9 million kub metrini bolsa eksport etdi. Ýurtda onlarça aeroport hereket edýär.
Olaryň ikisinde uzynlygy 3 kilometrden gowrak bolan uçuş-gonuş zolagy bar. Ýurduň awtomobil ýollarynyň umumy uzynlygy 3,5 müň kilometre barabardyr.Onuň 164 kilometri ýokary tizlikli awtoýollardyr.Singapur deňiz flotunyň möçberleri boýunça dünýäde 6-njy orunda durýar. 2017-nji ýylyň maglumatyna görä, onuň deňiz flotunda 3 müň 558 gämi bolup, olaryň 722-si tankerlerden, 592-si gury ýük gämilerinden, 504-si konteýner daşaýjylardan we 134-si beýleki ýük gämilerinden ybaratdyr.
Singapuryň deňiz porty dünýäniň iri deňiz menzilleriniň dördüsiniň hataryna girýär, onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi, beýleki sebitler bilen deňeşdirilende, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar, bu portda yzygiderli gatnawlaryň iki ýüzden gowragyna hyzmat edilýär hem-de her gije-gündizde ýüzden gowrak gämini kabul edýär.
Ol örän möhüm üstaşyr geçelge bolup, bu ýerde dürli harytlary hem-de serişdeleri düşürmek-ýüklemek, şeýle hem nebit önümlerini kabul etmek we saklamak üçin niýetlenen terminallar bar.Singapur Günorta — Gündogar Aziýa sebitleýin konsepsiýanyň tarapdary bolup durýar we ASEAN guramasyny esaslandyryjy hökmünde onda işjeň orun eýeleýär.
Bu ýurt Aziýa — Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň agzasy bolup durýar.Bu forumyň Sekretariaty Singapurda ýerleşýär.Netijeli saglygy goraýyş ulgamy hereket edýär.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öz maglumaty boýunça Singapury altynjy orunda hasaplaýar.
Bejerişiň çykdajylarynyň 20 göterimden gowragyny näsaglaryň özleri töleýärler. Şeýlelikde, olar serişdeleriň tygşytlanmagyna möhüm ähmiýet berýärler. Ýurduň ilatynyň hemmesi diýen ýaly ýokary hilli agyz suwy we lagym ulgamy bilen üpjün edilendir.
Singapurda bilim ulgamy bilim syýasatyna gözegçilik edýän Bilim ministrliginiň garamagynda durýar.Ministrlik döwlet eýeçiligindäki mekdepleriň ösüşini we dolandyrylyşyny gözegçilikde saklaýar, şeýle hem hususy mekdeplerde maslahat beriş we gözegçilik wezipesini ýerine ýetirýär.
Hususy we döwlet mekdepleri üçin okuw maksatnamalaryny seçip almakda olaryň özbaşdaklyk derejesi boýunça tapawut bardyr.Munuň özi döwlet kömeginiň möçberlerinde, maliýeleşdirmekde, okuwçylaryň sapaklarynyň tertipnamasynda, şeýle hem okuwa kabul etmegiň düzgünlerinde aýdyň görünýär.
Mümkinçiligi çäkli bolan çagalar ýöriteleşdirilen mekdeplere gatnaýarlar.Olar Singapuryň Bilim ministrliginiň garamagyndadyr.Milli býujetiň 20 göterime golaýy bilim ulgamyna gönükdirilýär.Bu bolsa döwletiň we hökümetiň goldaw berýän hususy okuw mekdepleridir. Ýurduň parlamenti mekdep ýaşyna ýeten çagalar üçin hökmany bilim baradaky kanuny kabul etdi.
Okuw mekdeplerinde sapaklaryň köpüsi, aýratyn-da, matematika we dünýewi ylymlar iňlis dilinde okadylýar.Singapurda köp uniwersitetler, şol sanda döwlet uniwersitetlerinden Singapuryň milli uniwersiteti we Milli tehnologik uniwersitet hem-de hususy uniwersitetleriň ikisi — Singapur dolandyryş uniwersiteti (SMU) we UniSIM bar.
Milli tehnologik uniwersitet we milli uniwersitet doktorlyk derejesini almaklygy hem öz içine alýan diplomly we diplomdan soňky maksatnamaly giň bilim ugurlaryny hödürleýär.Uniwersitetleriň ikisiniň hem kuwwatly ylmy-barlag bölümleri bar.
Hökümet şol sanda erkin dine ynanmak ýörelgeleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.Singapurda birnäçe indus, budda we daos ybadathanalary, şeýle hem metjitler hem-de hristian buthanalary bar.Singapur medeniýetiniň dürli medeniýetleriň aýratynlyklaryny kabul etmäge gönükdirilendigi edebiýatyň, sungatyň, teatryň we sazyň görnüşleriniň köpdürlüligine getirdi. 2003-nji ýylda Singapurda täze Esplanada teatry (görnüş taýdan ýerli durian miwesini ýatladýan) guruldy we açyldy.
Bu köp orunlyk teatrda sahna oýunlary we beýleki çykyşlar guralýar. Şäheri köp sanly heýkeller, şol sanda Salwador Daliniň Nýuton heýkeli bezeýär.Singapur öz içine Singapur adasyny hem alýan adalaryň 63-sinde ýerleşendir. Şäher ekwatorda ýerleşýänligi üçin, bu ýerde howanyň ýylylyk taýdan üýtgeýşi az derejelidir. Ýanwaryň ortaça temperaturasy iýunyň temperaturasyndan 2oС aşakdyr (iň sowuk we iň yssy aýlara degişlilikde).
Howa ekwatorial häsiýetlidir, ýagyş köp ýagýar. Şäherde howanyň iň pes ýagdaýy +20oС, ýokary ýagdaýy +36,1oС barabardyr.