26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 26-njy awgustda türkmen-singapur işewürler maslahaty geçirildi.Singapuryň Işewürler federasiýasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen forumda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy.

Ol söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak we bilelikdäki tagallalaryň täze ugruny kesgitlemek üçin ähmiýetli waka öwrüldi.Taraplar dürli pudaklarda Aziýa sebitlerini utgaşdyrmak ýagdaýy boýunça özara gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurt maýadarlary üçin döredýän amatlyklary daşary ýurt işewürlerini özüne çekýär.

Munuň özi halkara derejeli işewür toparlaryň wekilleriniň bu duşuşyga bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy.Oňa Singapuryň 40-dan gowrak iri kompaniýalarynyň wekilleri, nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk senagaty, ulag we aragatnaşyk ulgamy, gämi gurluşygy, söwda, bank işi, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Shangri-La myhmanhanasynyň maslahatlar zalynyň eýwanynda ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisi guraldy.Onda dokma senagatynyň önümleri, ýüplükler, matalar, taýýar önümler, şol sanda jinsi önümleri, sowgatlyk toplumlar, aşhana we hammam serişdeleri, ýüpek önümler we halylar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kärhanalarynda öndürilen önümler bar.

Sergide goýlan maglumatlarda we gollanmalarda görkezilýän önümler barada giňişleýin gürrüň berilýär.Nebitgaz senagatynyň, oba hojalygynyň we azyk senagatynyň bölümleriniň bezegi olaryň özüne çekijiligini artdyrýar.Sergide Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty öz bölümini ýerleşdirdi.

Onda portuň ýolagçy we söwda floty, ýükleri düşürmegiň, ýüklemegiň mümkinçilikleri, gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berýän şekiller bar.Lukmançylyk senagaty bölüminde derman serişdeleri bilen bir hatarda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan içgiler, fitoserişdeler, buýan köküniň şiresi, mineral serişdelerden taýýarlanylan kosmetiki önümler görkezilýär.

Türkmenistanyň telekeçileri hem Singapurda guralan sergide öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda öý hojalygyna degişli dokma önümleri, dürli lybaslar, ýuwujy serişdeler, deriden taýýarlanan gelşikli aýakgaplar, azyk harytlary, miwe suwlary, konditer önümleri bar. Şeýle hem gawundan taýýarlanan süýji önümleri sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.

Syýahatçylyk ulgamynda işleýän hususy syýahatçylyk kompaniýalary öz hyzmatlaryny hödürläp, ýurdumyzyň taryhy we ajaýyp ýerlerine gyzykly gezelençlere çagyrýar we ýurdumyzyň häzirki zaman binagärlik gözelliklerini görkezýär.Foruma gatnaşyjylar myhmanhananyň maslahat zalyna ýygnandylar.

Maslahaty Singapuryň Işewürler federasiýasynyň başlygy Teo Siong Seng açdy.Bellenilişi ýaly, bu federasiýa 25 müň 800 kompaniýany, şeýle hem ýerli we daşary ýurtly işewürler edaralaryny özünde jemleýär.Ol öz çykyşynda şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň we maýa goýum gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin oňyn şertleri döredýändigini nygtady.

Onuň aýdyşy ýaly, Türkmenistan bilen Singapuryň 2018-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 5 esse artdy.Merkezi Aziýada sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti we ägirt uly tebigy serişdeleri bolan Türkmenistan söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly ykdysady mümkinçiliklere eýedir diýip, Teo Siong Seng nygtady. Şeýle hem ol Singapuryň Işewürler federasiýasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagy, energetika, himiýa, gurluşyk, ulag we logistika we oba hojalygy ýaly ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Öz gezeginde Singapuryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň umumy ýagdaýy, onuň maýa goýum mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler, önümçilik pudagyna ylmyň, tehnikanyň gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we sanly ykdysadyýete geçmek meseleleri bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime, 2019-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça bu görkeziji 6,3 göterime deň boldy.

Her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri jemi içerki önümiň 30 göteriminden gowrakdyr. Şunlukda, daşary ýurt maýadarlarynyň paýy 13 göterime çenli ýetýär. 2018-nji ýylda ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň möçberleri ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna deňdir, onuň 64 göterimi önümçilik pudagyna gönükdirildi.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalygy, azyk senagaty, ulag we logistika, syýahatçylyk ýaly pudaklar geljegi uly ugurlar bolup durýar.Bu ugurlaryň her birine tutuşlygyna bolşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň we daşary ýurtlaryň iri maýadarlarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmagyny nazara almak bilen, iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde baha berildi.

Möhüm pudaklaryň mümkinçilikleri barada olaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda giňişleýin gürrüň berdiler.Onuň öňüsyrasynda Türkmenistandan gelen myhmanlary Singapur Respublikasynyň söwda we senagat döwlet ministri Koh Poh Kun mübärekledi.Ol ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar üçin oňyn şertleri döredýän şu günki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Koh Poh Kun Türkmenistandan gelen wekiliýet toparlarynyň birnäçesiniň şu ýyl Singapurda bolandygyny, şol sanda DIM-niň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Adalat ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigini belläp, bu syýasy çäreleriň täjirçilik babatda hem berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Bu gezekki forumyň täjirçilik maksatly gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin amatly binýada öwrüljekdigini belläp, söwda we senagat döwlet ministri iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.Ol Singapuryň kompaniýalaryny bu meselä çynlakaý çemeleşmäge çagyrdy. Şeýlelikde, Singapuryň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň, guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklara badalga berildi.

Singapuryň kompaniýalary himiýa senagatyndaky, şeýle hem hususy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler.Singapuryň Indorama kompaniýasy we Türkmenhimiýa döwlet konserni 2018-nji ýylyň başlarynda ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi we şolaryň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama şu gün gol çekiler.

Mundan başga-da ýene birnäçe resminama gol çekilmäge taýýar edildi. Şeýle hem Koh Poh Kun türkmen wekiliýetleri üçin Singapuryň Günorta-Gündogar Aziýada ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady.Singapur bu sebitiň merkezinde ýerleşip, goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary saklaýar.

Singapur Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa giňişligine çykmagy üçin amatly şerti üpjün eder.Bu ýerde Türkmenistanyň kompaniýalarynyň işewür bileleşikleri üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.Singapur bazaryna uly gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalary bu ýerde öz wekilhanalaryny açyp bilerler diýip, Koh Poh Kun aýtdy.

Biz iri söwda we maliýe merkezi bolup durýarys hem-de adam kapitalyna bolan mümkinçiligine eýediris. Şeýle hem Singapur Günorta-Gündogar Aziýada pugta işewür gatnaşyklar ulgamyna eýedir we ol Indoneziýada, Mýanmada, Tailandda, Wýetnamda Top-3 maýadarlaryň biri bolup durýar diýip, dostlukly ýurduň söwda we senagat ministri belledi.

Singapuryň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döreden bu forumda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy esasy üns berlen mowzuga öwrüldi.Bu pudakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda giň möçberli taslamalar amala aşyryldy.

Olaryň köpüsi diňe bir türkmen ykdysadyýetiniň bu pudagynyň ykdysady mümkinçiliklerini mundan beýläk-de açmak üçin däl, eýsem, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.Dürli slaýdlaryň üsti bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýeten derejesi, onuň düzümleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, olary çykarmak, gaýtadan işlemek, nebiti we gazy daşamak, gazy we ony gaýtadan işlemekden alnan önümleri, içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek boýunça ýöriteleşdirilen esasy bölümleri we kärhanalary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Orta Aziýada mawy ýangyjy ugratmak boýunça esasy ýurt hasaplanýan Türkmenistan energiýanyň önümçiligi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we ýakyn ýyllarda gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri bolan ýurtdur. Ýurdumyzyň çäklerinde entek doly işlenmedik känler bar.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek nebitgaz senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilýän esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.Daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyklara laýyklykda, ýurdumyzda Hazaryň ýalpaklarynda şeýle taslamalaryň dördüsi we gury ýerde üçüsi amala aşyrylýar.

Ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan Galkynyş käniniň tebigy gaz gorlaryna we serişdelerine berlen baha Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika ýurtlarynyň biri hökmündäki derejesini berkitdi. Şeýle hem munuň özi Britaniýanyň Gaffney, Cline & Associates garaşsyz kompaniýasy tarapyndan tassyklandy.

Galkynyş käniniň we beýleki iri gaz ýataklarynyň açylmagy bilen Türkmenistan mawy ýangyjyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäniň nebitgazly ýurtlarynyň hatarynda 4-nji orny ynamly eýeleýär.Hut Galkynyş käni geljekki eksport turbageçirijileri üçin tebigy gazyň esasy çeşmesi bolup durýar.

Häzirki döwürde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz önümçilik kuwwaty bolan senagat desgalary ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň gaz geçiriji ulgamyny ösdürmegiň we türkmen tebigy gazynyň täze ugurlaryny özleşdirmegiň çäklerinde 2015-nji ýylda uzynlygy 800 kilometre golaý bolan Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi ulanmaga berildi.

Ol Türkmenistanyň gündogar sebitiniň esasy känlerinde Hazar deňziniň kenarlaryna çenli aralyga gazyň ugradylmagyny üpjün edýär.Onuň ýyllyk geçirijilik kuwwaty 30 milliard kub metr tebigy gaza barabardyr. Şeýle hem singapurly işewürler Türkmenistanda ýakynda durmuşa geçirilen iri maýa goýum taslamalarynyň gerimine we täzeçil tehnologiýalaryna ýokary baha berdiler.

Olaryň hatarynda 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga berlen Gyýanlynyň polimer zawody bar.Toplum Koreýa Respublikasynyň LG International Corp, Hyundai Engineering we Ýaponiýanyň TOYO Engineering Corporation kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bina edildi.

Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 423 million dollaryna barabardyr.Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 386 müň tonna polietilene we 81 müň tonna polipropilene deňdir.Ahal welaýatyndaky 2019-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga berlen gazhimiýa toplumynyň Gaz benzine — GTG tehnologiýasy foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries kompaniýasy bilen Türkiýäniň Rönesans Endüstri Tesisleri kompaniýasynyň bina eden kärhanasy ýylda ekologiýa taýdan arassa EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän sintetiki benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüminde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öňdäki orunlary eýeleýär.

Häzirki döwürde bu döwrebap kärhana ägirt uly mümkinçiliklere we önümçilik kuwwatlyklaryna eýedir.Türkmenistanda öndürilýän senagat önümleriniň çärýek möçberi hut şu toplumyň paýyna düşýär we ol ýurdumyzyň esasy eksport kuwwatlylygy bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumynyň geljekki meýilnamalary barada aýdylanda bolsa, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy görkezildi.

Onuň umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, ýyllyk geçirijilik ukyby 33 milliard kub metre deň bolar.Strategik ähmiýeti bolan we halkara hyzmatdaşlar hem-de iri maliýe düzümleri tarapyndan goldanan bu taslama energiýa geçirijileriniň täze ugruny açmak bilen, onuň ägirt uly geljegi bardyr.

Ol Hindistanyň we Pakistanyň sazlaşykly ösýän iri ykdysadyýetlerini ýangyç bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem geljekde Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň yzygiderli ösýän bazarlaryna çykalgany üpjün eder.TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglylykda, Galkynyş känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyry boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ol ýerde gazyp alýan düzümi ösdürmek we ýylda 33 milliardlyk kuwwaty bolan harytlyk gazyň önümçiligi boýunça iki zawody gurmak meýilleşdirilýär.Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işleri bilen tanyşdyrylyş mahalynda ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalara aýratyn üns berlendigini nygtamaly.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşyl ykdysadyýetiň täzeçil ulgamyny döretmäge bildirýän esasy talaplary bolup durýar.Häzirki döwürde Türkmenistan gazhimiýa ulgamynda täze ugurlaryň üstünde işleýär.Munuň özi ýurdumyzyň ýokary goşulan bahasy bolan gazhimiýa önümleriniň bazarynda mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berer.

Plastik, sintetik süýüm, iri göwrümli organiki önümler, sintetik ýuwujy serişdeler we beýlekiler hut şu ugra degişlidir.Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda gazhimiýa toplumlaryny döretmek boýunça birnäçe taslamalara badalga bermek meýilleşdirilýär.

Olaryň ikisi Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde we biri Daşoguz welaýatynyň Ýylanly şäherinde, ýene biri bolsa Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde gurlar. Şeýlelikde, işewürler maslahatynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly hasaplanýan bloklaryny özleşdirmek, guýularyň nebit akymyny ýokarlandyrmak, nebit we gazhimiýa senagatyny ösdürmek, senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça hyzmat taslamalaryny ýerine ýetirmek ýaly ugurlarda maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin açykdygy bellenildi.

Singapur bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde dag magdan, gurluşyk, nebit, gaz we himiýa senagatlary boýunça taslamalar, şeýle hem gazturbinalaryna, gysyjy we sorujy enjamlara hyzmat edýän, abatlaýan bilelikdäki kompaniýalary döretmek babatdaky şertnamalar barada aýdyldy.

Singapuryň kompaniýalarynyň TOPH halkara gaz geçirijisiniň we ýangyç-energetika toplumyna degişli beýleki taslamalarynyň gurluşygyna gatnaşmagy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň bu ulgamdaky maýadarlaryň we olaryň maýa serişdeleriniň ygtybarly hukuk goragyny kepillendirýän kanunçylygy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini we netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty bu ýerde geçirilen işewürler maslahatynyň esasy mowzugyna öwrüldi.Ol ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnama, 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy, Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýaly, wajyp milli maksatnamalarda berkidilendir.

Olaryň esasy maksady we wezipeleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekden, senagat we hyzmatlar ulgamyny düzümleýin özgertmekden, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, hususy maýa üçin mümkinçilikleri giňeltmekden, döwlet — hususyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmekden, ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmakdan we täze iş orunlaryny döretmekden ybaratdyr.

Mundan başga-da ulag we aragatnaşyk düzümlerine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş yklymda wajyp ulag-logistik merkeze öwrülmegine mümkinçilik berýär.Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalarynyň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna möhüm orun degişlidir.

Ol halkara maliýe bazarlarynda Hökümet agentliginiň wezipesini ýerine ýetirýär.Işewürler maslahatynda bu bankyň işi barada ýörite tanyşdyrylyş geçirildi. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň jemleri boýunça Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda aktiwleriň möçberi we arassa girdejiniň derejesi boýunça iri banklaryň biri bolup durýar we hususy maýa serişdeleriň möçberleri babatda ikinji orny eýeleýär. Şeýle hem singapurly maýadarlar bankyň karz ulgamynyň düzümi bilen tanyşdyryldy.

Onda nebitgaz senagaty 61 göterim, himiýa senagaty 24 göterim, oba hojalygy 7 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamy 5 göterim we ykdysadyýetiň beýleki ugurlary umumylykda 3 göterim eýeleýärler.Türkmenistanda wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa serişdeleriniň umumy möçberinde Ýaponiýa 57 göterim degişlidir.

Koreýa Respublikasy 31 göterim bilen ikinji orunda durýar.Soňra Germaniýa, Hytaý we ABŞ ýaly ýurtlar bar. 2019-njy ýylda Awazada 11 — 12-nji awgustda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan daşary ýurtlaryň maliýe guramalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 575 million dollaryna golaý bolan ylalaşyklaryň bäşisine gol çekildi.

Bu serişdeler elektroenergetika we oba hojalygy pudaklaryndaky taslamalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kiçi we orta kärhanalarynyň, hususyýetçileriň taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.Bank tarapyndan işlenip taýýarlanylan orta möhletli işewürlik strategiýasynyň çäklerinde 2019 — 2024-nji ýyllar döwründe daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bank Singapuryň maliýe edaralary bilen korrespondentlik gatnaşyklaryny, söwdany maliýeleşdirmek we dokumentar işewürlik, taslamalary maliýeleşdirmek hem-de maýa goýumlar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bank işi we maliýe ulgamynda okuwlary hem-de okuw maslahatlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirilýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynda Singapuryň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň bilelikde maliýeleşdirilmegine aýratyn üns berildi.Nebitgaz, nebit we gazhimiýa, senagatyň himiýa pudaklary, ulag hem-de telekommunikasiýa düzümlerini ösdürmegiň taslamalary geljegi has uly ugurlar hasap edilýär.

DBS Bank Ltd bankynyň ýerine ýetiriji direktory Sary Çompaýsal singapur tarapynyň maýa goýum-maliýe hyzmatdaşlygy babatynda garaýyşlaryny beýan etdi.Ol şeýle hem serişdeleri babatynda Günorta-Gündogar Aziýada örän iri bank bolan özüniň wekilçilik edýän bankynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy, bu karz-maliýe edarasy, şol sanda sanly tehnologiýalary ulanmak ulgamynda öňdeligi üçin, 2019-njy ýylda Euromoney çaklamasy boýunça Dünýäniň iň gowy banky diýlip yglan edildi. 2018-nji ýylda bolsa bu bank The Bankeriň çaklamasy boýunça Ýylyň global banky we Global Financeniň pikirine görä, Dünýäde iň gowy bank diýen hormatly derejelere mynasyp boldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň Banklar assosiasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň DBS Bank Ltd. (Singapuryň ösüş bankynyň) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanda himiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Indorama Corporation Pte Ltd kompaniýasynyň (Singapur Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Indorama Corporation Pte Ltd kompaniýasynyň (Singapur Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Singapuryň Işewürler federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Singapur Pte Ltd Dolandyryş we ösüş institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň ýaly resminama Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen Singapuryň Pacific International Lines Pte.

Ltd.kompaniýasynyň arasynda hem gol çekildi, şunda ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gelindi.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça özara düşünişmek hakynda Vallianz Holdings we Sun Connect Pte.

Ltd.kompaniýalary bilen iki Ähtnama gol çekildi.Işewürler maslahatynyň ikinji bölegi Türkmenistanyň senagat toplumyna we ulag pudagyna, bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, şol sanda işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda hususy bölegiň 23 müň wekilini özünde birleşdirip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleri alyp barýan kuwwatly işewürler birleşigi bolup durýar.

Birleşmäniň ýanynda Telekeçilik mekdebi, Söwda öýi, Desgalary gurmak boýunça müdirlik, şeýle hem Rysgal banky, öz gazeti bar.TSTB-niň mekdebiniň we bankynyň şahamçalary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açyldy.Senagatçylaryň we telekeçileriň syýasy partiýasy döredildi, bu partiýadan saýlanylan deputatlar milli parlamentiň 10 göterimine deň bolup, olar türkmen telekeçiligine wekilçilik edýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Pekinde, Dubaýda we Wenada wekilhanalary bar.Mundan başga-da, birleşmäniň hemaýatkärliginde onuň agzalary Gyrgyzystanda, Gruziýada, Owganystanda, Hytaýda söwda öýlerini açdylar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde häzirki wagtda hususy bölegiň wekilleri ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýärler.

Oba hojalyk önümlerini hususy öndürijiler salgytlardan boşadylandyr, olara ýer böleklerinden uzakmöhletleýin tölegsiz peýdalanmak, şeýle hem ýeňillikli karz serişdelerini almak mümkinçilikleri döredildi.Netijede, jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýy 2018-nji ýylda 64 göterime deň boldy.

Karz we öz hususy serişdeleriniň, şeýle hem çekilen maýa goýumlaryň hasabyna telekeçiler tarapyndan dürli obasenagat desgalary guruldy, täze mebel kärhanalary, zawodlar we fabrikler işe girizildi.Geçen 10 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalary tarapyndan ABŞ-nyň 5,5 milliard dollaryna golaý maýa goýumy goýuldy, olaryň 2 milliardy oba senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen 150 müňden gowrak täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksporta ibermegiň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, Russiýanyň we Gazagystanyň bazarlaryna iberilýän gök-miwe önümleriniň möçberleri ep-esli artdyryldy.

Daşarky bazarlara iberilýän harytlaryň hatarynda miwe we gök önümlerden şireleri öndürmek üçin goşundylar, süýji-köke önümleri, ýumurtgalar, alkogolsyz içgiler, doňdurmalar we beýlekiler bar. Şeýle hem Hazar deňziniň kenaryndaky sebitde bekre balyklaryny köpeltmek, gara işbil we beýleki gymmatly balyk önümçiligi boýunça sebitde iri toplumda öndürilýän balyk önümleri eksporta iberilýär.

Telekeçileriň senagat pudagynda ýeten sepgitleri hem guwandyryjydyr.Aşgabadyň Abadan haly halyçylyk toplumy muňa aýdyň mysaldyr.Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýylda haly we haly önümleriniň bir ýarym million inedördül metrine deňdir.

Toplumyň önümleriniň esasy bölegi ýerli çig mal esasynda polipropilen ýüplüginden taýýarlanylýar. Şeýle hem birleşmäniň agzalary Ýaşlyk şäherçesindäki ýyllyk kuwwaty 30 müň tonna deň bolan kagyz kärhanasyny herekete girizdiler.Birleşmäniň agzalarynyň önümçilik işleri himiýa senagatyny öz gerimine alýar, bu pudak Türkmenistanyň mineral çig mal serişdeleriniň binýadynda ösdürilýär.

Bu baýlyklar ýerasty ýod-brom suwlary, Garabogazköl aýlagynyň duzlary, kaliý magdanlary we beýlekilerdir. Ýokary hilli ýod, sintetiki ýuwujy serişdeler, zyýansyzlandyryjy serişdeler, azyk duzy, boýaglar, gurluşyk ýelimleri, suwdan goraýjy serişdeler, gazbeton gurluşyk serişdeleri we beýlekiler ýaly himiýa önümçiligi boýunça iri kärhanalar guruldy, olaryň önümleri daşary ýurtlara iberilýär.

Birleşmäniň agzalary kaliý dökünleri (Kaliý hloridi we kaliý sulfaty), toplumlaýyn dökünler, tehniki uglerod, etil spirti önümçiligi boýunça zawodlaryň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarlar.Kaustiki we kalsinirlenen sodany, hlory, duz kislotasyny, natriý sulfaty, sementi we ýerli tebigy-mineral serişdelerden beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça maýa goýum taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Suwuklandyrylan gaz, karbamid we ammiak, grafitden elektrodlary öndürmek boýunça kärhanalary gurmak himiýa senagatynda hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar.Agyr senagat, metallurgiýa, altyn gazyp almak ulgamynda taslamalar maýa goýumlary özüne çekiji ugurlardyr.

Elektron we elektrotehniki pudaklary ösdürmek ugrunda hem işler geçirilýär.Telekeçiler elektron töleg terminallaryny we öwrediji kompýuterleri, planşetleri, routerleri hem öndürip başladylar.Işewürligi innowasiýa esasynda ösdürmekde sanly ykdysadyýetiň gurallarynyň ornuny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen IT-toplum döredildi, ýakynda bolsa Türkmen IT-Park öz işine başlady, olar ýurdumyzda sanly düzümleriň ösdürilmegine, ylmyň, önümçiligiň we maýa goýujylaryň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň innowasiýa häsiýetli önümleriniň halkara bazarlara çykarylmagyna gönükdirilendir.

Muňa şeýle hem birleşme tarapyndan geljek ýyl açylmagy meýilleşdirilýän Işewürlik we sanly tehnologiýalar uniwersiteti uly ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Singapuryň hünärmenleri täze ýokary okuw mekdebiniň geljekki talyplary bilen bilelikde maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda işläp taýýarlamalary düzmek üçin çagyryldy.

Bütin dünýäde ulag we logistika ulgamynyň okgunly ösüşini we ähmiýetini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň howandarlygynda Türkmen logistika assosiasiýasy döredildi.Türkmenistanyň ulag kompaniýalary göwrümi uly bolmadyk we agyr agramly ýükleri daşamak boýunça döwrebap tehnikalara eýedir, munuň özi ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde senagat taslamalaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek hem birleşmäniň işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, işewürler maslahatynda bilim, maglumat tehnologiýalary, syýahatçylyk, himiýa, ulag we logistika ýaly ugurlarda göni täjirçilik we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak meseleleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, işewürler alyşmalaryny işjeňleşdirmek, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň ýurdumyzyň çäklerinde guralýan sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagy, ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin telekeçileriň ýörite saparlaryny guramak işleri möhüm bolup durýar.

Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşi baradaky maglumat bilen tanyşdyryldy, bu pudakda garaşsyzlyk ýyllary içinde otuzdan gowrak maýa goýum taslamalary amala aşyryldy, netijede, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi.

Häzirki wagtda pudakda 70-den gowrak kärhana: dokma toplumlary, pagta egriji fabrikler, tikin, dokma, egirme, haly we aýakgap kärhanalary, gön we ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.Daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 13 kärhana işe girizildi. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterime golaýy GDA, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna eksport edilýär.

Tutuşlygyna garaşsyzlyk ýyllary içinde täze kärhanalaryň gurluşygyna hem-de hereket edýän fabrikleriň durkunyň täzelenilmegine ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý bolan serişde gönükdirildi. 2015 — 2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň dokma senagatynda önümçiligiň ösüşi 142,7 göterime deň boldy, degişlilikde şol döwürde onuň düşewüntliligi 6 göterimden 18,7 göterime çenli artdy.

Iberilen önümleriň möçberiniň ösüş depgini soňky bäş ýylyň dowamynda 122,1 göterime barabar boldy.Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Singapurda geçirilen işewürler maslahatynda bu görkezijileri beýan etmek bilen, ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport kuwwatyny geljekde hem ýokarlandyrmagy ugur edinýändigini, şeýlelikde, Aziýa kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar.

Baý tebigy serişdeleriniň barlygy, çäk taýdan amatly ýerleşenligi, Açyk gapylar syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň maýa goýum üçin amatlydygyny we onuň uly geljeginiň bardygyny görkezýär.Uzak möhletleýin netijeli milli ykdysadyýeti işjeňleşdirmäge täze badalga we depgin bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumyny çekmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Bu gün Türkmenistanyň himiýa pudagyny munuň üçin möhüm ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar, onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri hem Singapuryň işewürler toparlarynyň wekillerine beýan edildi.Häzir Türkmenhimiýa döwlet konserniniň düzümine senagat kärhanalarynyň 11-si girýär, olar ýurdumyzyň himiýa senagatynyň esasyny düzýär. Önümçilige iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar esasynda ýokary netijeli energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň öňünde goýlan ilkinji wezipeleriň hataryna girýär.

Häzirki wagtda bu pudak milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biridir. Şunda mineral dökünleriň önümçiliginiň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär, munuň özi çig mal binýadynyň mümkinçilikleri, içerki bazaryň önümleriň bu görnüşine uly islegi, oba hojalygynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Soňky 10 ýylyň dowamynda mineral dökünleri öndürmek boýunça ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklary 3 esseden gowrak artdy. Şu döwürde Mary we Garabogaz şäherlerinde täze häzirkizaman ammiak-karbamid toplumlary, Orta Aziýa sebitinde örän iri Garlyk kaliý dag-magdan toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň düzüminde kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçilik bölümi guruldy.

Bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin ABŞ-nyň 3,3 milliard dollaryndan gowrak maliýe serişdeleri gönükdirildi, şunda Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň dünýä belli kompaniýalary hyzmatdaşlar hökmünde çykyş etdiler.Türkmenhimiýa döwlet konserniniň ösüş maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda geljegi uly täze maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýod, brom we olardan alynýan önümleri öndürmek boýunça zawodlar, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň düzüminde garyşyk fosfor dökünleriniň täze önümçiligi, toplumlaýyn (N,P,K) dökünleri öndürilýän desgalar, Mary şäherinde mineral dökün hem-de himiýa önümlerini öndürmek boýunça gazhimiýa toplumy we beýlekiler bar.

Içerki bazar we eksport üçin uly islege eýe bolan himiýa önümleriniň önümçiligi şunuň ýaly taslamalara gatnaşyjylaryň ählisi üçin ykdysady taýdan bähbitlidir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ulag düzümini ösdürmek we onuň ýük gatnawlarynyň halkara ulgamyna goşulyşmagy boýunça alnyp barylýan syýasat iri deňiz portlary arkaly dürli ugurlar boýunça himiýa önümlerini eksporta ibermegiň wezipelerini çözmäge kömek eder.

Bu teklipleri işewürler maslahatynda çykyş eden Indorama Corparation Pte Ltd.kompaniýasynyň direktory Prakaş Kejriwal goldady.Singapurda ýerleşýän bu kompaniýa Aziýadaky iň iri himiýa holdingleriniň biridir.Häzirki wagtda bu kompaniýa polietilen, polipropilen, azot hem-de fosfat dökünlerini, poliefir, poliefir çig maly, dokma we lukmançylyk serişdelerini hem-de beýleki önümleri öndürýär.

Kompaniýa 30-dan gowrak ýurtda önümçilik kärhanalarynyň 70-den gowragyny dolandyrýar hem-de işgärleriniň sany 30 müňe golaýlaýar. Şu nukdaýnazardan, bu gün Türkmenistan geljegi uly hyzmatdaş hökmünde özüne çekiji döwletdir.

Garaşsyz bilermenleriň geçiren bazar seljermeleriniň görkezişine görä, oňyn özgertmeler ýurdumyzyň okgunly ösmegine esas döretdi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň, kuwwatly çig mal binýadynyň we maýa goýumlaryň ygtybarly kepilini üpjün edýän döwrebap hukuk ulgamynyň bolmagy türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýär.

Muny Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň bilermenleriniň aýan eden maglumatlary tassyklaýar, olar milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşe eýe boljakdygyny we maýa goýum derejesiniň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Işewürler maslahatynyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarda Singapuryň işewürleri bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk teklipleri aýtdylar hem-de Türkmenistanda durmuşa geçirýän pudaklaýyn maksatnamalara gatnaşmaga taýýardygyny, döwrebap önümçilikleri döretmek we enjamlaşdyrmak boýunça işewür tekliplerine, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegine goşant goşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň hem-de täzeçil usullaryna geçirilmeginiň wezipeleri singapurly işewür toparlar üçin has-da gyzykly boldy.Olar bu ugurda maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin oňyn binýadyň bardygyny tassykladylar. Şeýle hem häzirki döwürde harytlary ugratmagyň ýönekeý usulyndan has çylşyrymly we döwrebap usullaryna geçmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmat üpjünçiligi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, täze önümleri ugratmak üçin önümçilik we logistik ulgamy döretmek meseleleri wajyp bolup durýar.

Işewürler maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň dünýä ulgamyna goşulyşmagyny nazarlaýan strategiýasynyň ähmiýetini belläp, onuň anyk netijelere eýe bolýandygyny we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýandygyny hem-de has batyrgaý başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Singapur tarapynyň wekilleri maslahata gatnaşan kompaniýalaryň ählisiniň häzirki döwürde Türkmenistanda iş alyp barmaýan-da bolsalar, olaryň wekilleriniň duşuşykda gören we eşiden maglumatlaryndan ruhlanýandyklaryny bellediler. Çünki özara peýdaly we örän ähmiýetli ugurlar boýunça bilelikdäki işleri ýerine ýetirmek üçin köp ugurlar bar. Şu günki çärä gatnaşyjylar türkmen döwletiniň ähli ugurlar boýunça işewürligi we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açykdygyna anyk göz ýetirdiler.

Umuman, bu maslahat dünýä giňişliginde aýratyn möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ýola goýmaga we anyk ugurlary kesgitlemäge kömek etdi.Singapurly işewürler Türkmenistanyň ykdysady meýilnamalary bilen tanşyp, munuň üçin anyk esaslary, çynlakaý içerki mümkinçilikleri we iň esasysy bolsa şolary amala aşyrmak üçin durnukly syýasy erki gördüler. Şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Singapur Respublikasynyň ýustisiýa ministri, Çangi howa menzilleri toparynyň prezidenti we Singapur portunyň administrasiýasynyň ýolbaşçylary, Singapuryň Menejment uniwersitetiniň we Singapuryň ösüş bankynyň (DBS Bank Ltd) ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary geçirdiler. Ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Singapuryň Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri ministrliginiň Jemagat hyzmatlary boýunça geňeşiniň başlygynyň hem-de DP Architects kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň wekilleriniň Singapuryň Işewürler federasiýasynyň hem-de Enterprise Singapore kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Singapuryň milli ösüş ministri hem-de söwda we senagat boýunça uly döwlet ministri bilen duşuşyklary boldy.

Singapur Respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyk geçirildi.Beýik Ýüpek ýoly döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde baglanyşdyryjy merkez bolup hyzmat edipdir.

Häzirki taryhy şertlerde ýurdumyz yklymüsti ugurlaryň möhüm ulag geçelgesi hökmündäki wezipesini ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gezekki maslahat ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has giň gerimdäki halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmakda hem örän ähmiýetli bolup durýar.

Mahlasy, Türkmenistan bilen Singapuryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze derejä çykýar we oňa has köp kompaniýalar hyzmatdaşlyga çekilýär. Şeýlelikde, işewür gatnaşyklar, däp bolan ugurlarda bolşy ýaly, beýleki pudaklarda-da netijeli dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Türkmenistan-Singapur: köpugurly hyzmatdaşlygyň berk binýady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
28.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Daniýaly ýyldyz futbolçy Kristian Eriksen baradaky soňky habarlar
Elektroulaglar gysga wagtda zarýad alar