26.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Baýramaly şypahanasy

Häzir Türkmenistanyň şypahanasagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär, baýry şypahanalaryň durky täzelenýär, olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesinde üpjün edilýär.Baýramaly şypahanasy Türkmenistanda iň meşhur şypahanalaryň biridir, bu ýerde diňe bir türkmenistanlylar däl-de, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän adamlar saglygyny berkidýärler.

Bu şypahana Merkezi Aziýada we Ýewropada ýeke-täk böwrek kesellerini bejermek üçin niýetlenen şypahana bolup, bu ýerde esasan amatly howa şerti esasy melhemlik serişde bolup durýar.Mary medeni zolagynda, gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň golaýynda ýerleşýän bu şypahananyň howasynda hem taryhy wakalar janlanýan ýaly bolup duýulýar, bu hem gadymy mekanyň özboluşly nyşanydyr. Şypahananyň döreýiş taryhy örän gyzyklydyr.

Gurak howa, ajaýyp bejerijilik aýratynlyklaryna eýe bolan ýylylyk hem-de gün şöhlesi bilen nurlanan türkmen topragynyň bu täsin künjegi baradaky gürrüňler heniz XIX asyryň ahyrynda ýurdumyzyň çäklerinden çykdy. 1887-nji ýylda bu täsin howa zolakda patyşa maşgalasy üçin kabulhana görnüşindäki (Patyşa mülki) sagaldyş merkezini gurmak kararyna gelinýär. Şypahananyň binasy häzirki wagta çenli ilkibaşdaky keşbini saklap gelýär hem-de Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň goralýan desgalarynyň hataryna girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — melhemler mekany atly kitabynda beýan edilen Baýramaly şypahanasynyň melhemlik mümkinçilikleri babatda türkmen we daşary ýurt alymlary ylmy barlaglary geçirdiler.

Bu şypahana gül şemallary diýlip atlandyrylýan zolagyň merkezinde, bir tarapdan Garagum sährasy, beýleki tarapdan bolsa Murgap derýasy bilen goňşulykda, deňiz derejesinden 242 metr belentlikde, meýdany 44 gektara deň bolan giň goýry kölegeli seýilgähde ýerleşýär.

Onuň binalary hemişe gök öwüsýän ösümlikler bilen gurşalandyr Tomsuna howanyň gyzgynlygy kölegede 40 gradusdan geçýän, ýazyna we güýzüne bolsa 30-35 gradus, howanyň çyglylygy 10-dan 35 göterime çenli bolan bu künjegiň guraksy, yssy howasy, ýeriň üstüniň ýokary insolýasiýasy we buglanmasy, iýun aýyndan sentýabra çenli ýagyş-ýagmyryň ýagmaýandygy hem-de beýleki aýlarda hem az ýagýandygy — tebigat tarapyndan berlen şeýle şertler böwrek, garyn-içege, ýürek-damar we nerw ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermek üçin ýörite niýetlenen ýalydyr.

Häzirki wagtda hem böwrek kesellileri, esasan, howa bilen bejerilýär.Hususan-da, bu ýerde aeroterapiýanyň (yssygyzgyn howa bilen bejermek), geleoterapiýanyň (gün şöhleleri bilen bejermek) hem-de gidroterapiýanyň (suw bilen bejermek) mümkinçilikleri we bejeriş artykmaçlyklary giňden peýdalanylýar.

Bu şypahanada doly bejergi alyş tapgyry özüňi duýşuňy gowulandyrýar, zähmet ukyplylygyny ýokarlandyrýar, keselleriň ýitileşmeginiň öňüni alýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, bu sözleri anyk çäreler hem-de iş ýüzündäki hereketler, şol sanda ýurdumyzyň şypahana-sagaldyş ulgamyny ösdürmek, ony dünýä sagaldyş syýahatçylygynda mynasyp orunlara çykarmak boýunça çäreleri geçirmek bilen tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Baýramaly şypahanasynda bejeriş binasynyň durky düýpli täzelenildi hem-de täze binalar guruldy. 2010-njy ýylyň 5-nji maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Baýramaly böwrek şypahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda milli Liderimiz täsin bejeriş mümkinçiliklerine eýe bolan bu gadymy, taryhy sagaldyş zolaklarynyň biriniň durkuny täzelemek baradaky çözgüdiň bu ýerde bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek hem-de hilini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigini belledi.

Durky täzelenilen Baýramaly şypahanasynyň düzümine täze iki sany bäş gatly bina girýär, şolaryň her biri 250 orunlykdyr.Mundan başga-da, şypahana ozal bar bolan we durky doly täzelenilen Ýewropanyň, hususan-da, nemes öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen dört binany öz içine alýar.

Türkmenistan köp wagtdan bäri Germaniýadan lukmançylyk tehnikalaryny öndürijiler we ussat lukmanlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda nemes kärdeşleriň gatnaşmagynda ylmy maslahatlar, sergiler guralýar, tejribe, hünärmenler alşylýar. Şypahanada 200 orunlyk medeniýet öýi, 800 orunlyk naharhana, şeýle hem üç gatly sagaldyş merkezi, abadanlaşdyrylan seýilgäh zolagy bar.

Häzirki wagtda bu ýerde birwagtda müňe golaý adam bejergi alyp bilýär, olar üçin dünýä ülňüleri derejesinde ähli amatly şertler döredildi. Ýaşalýan binalarda bir we iki orunlyk, maşgala üçin üç orunlyk otaglar bolup, şolaryň her birinde wannalar bar.

Sagaldyş merkeziniň birinji gatynda suw bilen bejergi geçilýän otaglar, stomatolog lukmanyň otagy, ingalýasiýa we owkalama otagy, mineral suwly wannalar, hammam, howuz ýerleşýär.Onuň ikinji gatynda lukmanlaryň iş otaglary, mejlisler zaly, ozokeriti we parafini gyzdyrmak üçin enjamlar bilen üpjün edilen jaýlar ýerleşýär.

Binanyň üçünji gatynda döwrebap enjamlar, hususan-da, UZI, EKG, gastroskop abzallary bilen enjamlaşdyrylan jaýlar, şeýle hem fizioterapiýa, şol sanda barlaghana otaglary ýerleşýär, olarda ýokary hünär derejeli lukmanlar zähmet çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ähmiýetli şypahanalara bildirilýän ähli talaplara kybap gelýän sagaldyş merkezinde hünärmenler ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermelidir.Toplumlaýyn sagaldyş işlerinde howa wannalary, bejeriş duşlary, elektrik şöhlesi arkaly bejermek we bedenterbiýe maşklary bilen bejermek usullary, owkalama hem-de akupunktura usullary giňden peýdalanylýar.

Nefrologiýa keselli näsaglar üçin ýörite önümler (üzüm, garpyz, gök çaý) bilen duzsuz berhiz tutmak düzgüni işlenip düzüldi. Ýürek, damar keselli näsaglary bejermek üçin güýz-gyş möwsümi aýratyn peýdaly hasaplanylýar, olara balneoterapiýa teklip edilýär.

Sagaldyş netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mineral wannalar: sodaly, duzly, hoşboý ysly, deňiz we ýaprakly wannalar, duşuň dürli görnüşleri: ýagyş şekilli, sirkulýar we Şarkonyň duşy diýlip atlandyrylýan görnüşleri peýdalanylýar, olar adamyň tenine hem-de tutuş bedenine oňat täsirini ýetirýär.

Dyns alyş sagatlary şypahanada wagtyňy peýdaly geçirmekde aýratyn orun eýeleýär.Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahanalarda saglygyny berkidýän adamlar üçin sport bilen meşgullanmak babatda ähli şertleriň döredilmeginiň tarapdary bolup durýar.

Ine, Baýramaly şypahanasynyň çäginde hem tennis, woleýbol ýa-da badminton oýnamak üçin meýdançalar, howuzlar ýerleşdirildi, gadymy Merwiň ýadygärliklerine gezelençler göz öňünde tutulyp, bu ýerde dynç alýanlar seýilbaglarda hem aýlanyp, kitaphana baryp bilýärler.

Bu ýerdäki muzeýde orta asyr gymmatlyklary, hususan-da, biziň günlerimize çenli saklanyp galan palçykdan ýasalan bezeg önümleri bar.Lukmançylyk taryhyna degişli bölüm aýratyn gyzyklanma döredip, bu ýerde gadymy abzallar hem-de XIX asyrda neşir edilen dürli bejeriş-usulyýet edebiýatlary ýerleşdirilipdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösdürilýär hem-de ýurdumyzyň şypahana dürleri, şol sanda dünýäde meşhurlyga eýe bolan Baýramaly şypahanasynyň öňünde näsaglary bejermekde täze mümkinçilikler açylýar, bu ýerde olaryň hyzmatynda bejermegiň döwrebap usullary hem-de Türkmenistanyň amatly howa şertleri bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
23.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Baýramaly şypahanasy
Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
16.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
Türkmenistan — sagdynlygyň we bagy-bossanlygyň ýurdy