Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy.Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Wekiliýetiň düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz golaýda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň bir böleginiň Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýändigini, goşmaça elektrik beketleriniň we desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň has-da artdyryljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmeginiň doganlyk ýurduň Bathyz welaýatynyň we ýanaşyk sebitleriniň ykdysady taýdan ösmegine, hususan-da, täze ýaşaýyş-durmuş maksatly we önümçilik desgalaryny gurmaga hem-de täze iş ýerlerini döretmäge uly itergi berjekdigini belledi. Şunuň netijesinde bu işleriň ählisi owgan halkynyň abadançylygyna hyzmat edip, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam eder.
Täze desganyň açylyş dabarasyna Owganystanyň birnäçe welaýatlarynyň ýolbaşçylary hem-de ilaty, türkmen wekiliýeti gatnaşdylar.Bu dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagy bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Onda türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny nygtady.Uzak taryhy döwrüň dowamynda ata-babalarymyz bize parahatçylykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ajaýyp däplerini miras goýupdyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ilkinjileriň hatarynda biziň özbaşdaklygymyzy goldanlaryň biri de Owganystan Yslam Respublikasydyr.Geçen döwür içinde Türkmenistan we Owganystan döwletleri özbaşdaklyk şertlerinde ykdysady, syýasy we medeni taýdan netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezip gelýär.
Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilendigini belläp, dabaraly açylýan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merwiň çäklerinden günorta şöhratly Balha, Hyrada tarap uzalyp gitmeginiň ýurtlarymyzyň arasynda bu gadymy we şöhratly ýoluň dürli ugurlary boýunça gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta deň bolan bu elektrik geçirijisi Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň ilkinjisidir.Bu ugurlaryň işe girizilmegi Owganystanyň dürli sebitlerine türkmen elektrik energiýasyny ýokarlandyrylan möçberde ibermäge mümkinçilik berer.
Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň eýýäm millionlarça kilowatt sagady iberildi. Şunuň netijesinde, owgan sarp edijileriniň ýaşaýyş- durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, täze önümçilikleri hem-de iş orunlaryny döretmek üçin şertler döredildi. Ýaş owganystanlylaryň ýüzlerçesi energetika hünäri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystandaky ýagdaý babatdaky çemeleşmeleri hem-de geçirýän işleri bar bolan meseleleri diňe parahatçylykly diplomatik usullar we serişdeler bilen kadalaşdyrmaga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça halkara gatnaşyklarynyň netijeli we täsirli görnüşini işläp taýýarlamak oňyn ädimleriň biri bolup durýar.
Türkmen döwleti esasy halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň howandarlygynda durmuşa geçirilýän sebit we sebitara maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Şunda milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ählumumy ykdysadyýetiň ornunyň pugtalandyrylmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydyr.
Gymmat bolmadyk, ygtybarly häzirki zaman energiýa çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.Dünýä bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibine laýyklykda edilýän tagallalar üçünji müňýyllygyň şu Maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň iň baý döwletleriniň biri bolan Türkmenistan olary diňe bir içerki sarp edijilere ygtybarly we bökdençsiz ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, daşarky sarp edijiler üçin hem elýeterli bolmagyny maksat edinýär. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berlendigini ýatlatmalydyrys.
Bu waka sebitiň döwletleriniň arasynda ählumumy möçberindäki taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasynyň barşynda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Owganystanyň Türkmenistany hoşniýetli dost hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şol syýasat bolsa sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk ygrarly bolandygy Bitarap Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkarar bolmagyna uly goşant goşýar, giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirýändigi hoşallyk bilen bellenildi.
Munuň özi diňe bir türkmen-owgan däl, eýsem, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň-da möhüm şerti bolar.Elektrik energetikasy ulgamy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Prezident Aşraf Gani Owganystanyň bu ugurda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna yzygiderli kömek berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan halkynyň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna hem-de döredijilikli halkara başlangyçlaryna, şol sanda owgan meselesine degişli başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini nygtady.
Prezident Aşraf Gani türkmen-owgan hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň oňat netije berjekdigine ynam bildirdi hem-de owgan halkynyň Owganystanyň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegini uly şatlyk duýgusy bilen kabul edýändigini nygtady.
Owgan Lideri ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.Bu taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýär.
Soňra Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şonuň çäklerinde türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda podstansiýany we elektrik geçirijisini gurdular. 110 kW “Rabatkaşan — Kalaýnau” elektrik geçirijisiniň uzynlygy Türkmenistanyň çäginde 60 kilometre barabardyr.
Ol Tagtabazar etrabyndaky 110 kW “Rabatkaşan” podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Kalaýnau şäherindäki 110 kW “Kalaýnau” podstansiýasyna çekildi.Onuň uzynlygy Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde 52 kilometr bolup, umumy uzynlygy 112 kilometre deňdir.
Täze gurlan 110 - /20 kW “Kalaýnau” transformator bekedinde 110 kW açyk paýlaýjy gurluş, bir sany kuwwatlylygy 22,5 MWA bolan 110/20 kW transformator, 5 sany 20 kW çykyş fiderleri gurnaldy. 20 kW çykyş fiderleriniň 4-si Kalaýnau şäherine elektrik energiýasyny bermek üçin howa elektrik geçirijilerine kabeller bilen baglaşdyryldy.
Iki sany 20 kW fider bolsa ätiýaçda durýar. Ýerli hünärmenlerden alnan maglumatlara görä, häzirki wagtda Kalaýnau şäherinde ilata elektrik energiýasy dizel generatorlary arkaly berilýär.Bu ýerde jemi 55 sany 20/0,4 kW transformator beketleri bolup, olar bir sany 400 kWA, alty sany 315 kWA, on sany 250 kWA, on iki sany 160 kWA, ýigrimi alty sany 100 kWA toplumyndan ybaratdyr.
Owgan tarapy şu elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasynyň çäklerinde “Kerki — Hamýap — Garkyn” elektrik geçirijisini gurmak hakynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda meýiller hakynda teswirnama” gol çekilmegini ruhubelentlik bilen kabul etdi.
Teswirnama laýyklykda, türkmen serhedinden Owganystanyň Hamýap etrabyna we ondan Garkyn etrabyna çenli güýjenmesi 110 kW bolan elektrik geçirijisini, şeýle hem Hamýap we Garkyn etraplarynyň hersinde güýjenmesi 110 kW bolan bir sany elektrik bekedini gurmak boýunça Owganystanyň Energetika we suw hojalygy ministrligi bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanylar.
Dabara gatnaşyjylar türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu asylly başlangyçlarynyň ählisiniň, döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän parahatçylyk we açyklyk syýasatynyň iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge hyzmat edýändigini nygtadylar.Bu döwletleriň halklaryny gadymdan gelýän doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde taslamalaryň birnäçesini, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça taslamany amala aşyrýandygy bellenildi.Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda türkmen elektrik energiýasyny goňşy ýurda eltýän elektrik geçirijiler bar.
Demirgazyk goňşymyz owgan raýatlaryna bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda muzdsuz kömek berýär diýip, dabarada çykyş eden owganystanlylar hoşallyk bilen bellediler.Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisini ulanmaga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar köpugurly sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi netijesinde, goňşy ýurduň geljekki ösüşiniň, owgan halkynyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly esasynyň goýlandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler döwlet Baştutanymyza Owganystanyň parahatçylykly ösüşinde yzygiderli kömegi hem-de goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan halkynyň muňa ýokary baha berýändigini we doganlyk türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny aýtdylar. Şeýlelikde, şu günki waka Bitarap Türkmenistanyň sebitiň umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezi bolmak bilen, parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol ýörelgeler bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň özenini düzýär.