26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi.Her ýylda geçirilýän bu çäre ähmiýetli waka bolmak bilen, ol ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň esasy ugry bolup durýar. 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär we ol arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak, şeýle hem alym-ippologlaryň we beýleki behişdi bedewlere gadyr goýýan hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça iş alyp barýan birnäçe atçylyk kärhanalaryny özünde jemleýän abraýly gurama bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinden assosiasiýanyň maslahatlaryna we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan beýleki çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolmaga, türkmen hünärmenleri bilen bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikler üpjün edilýär. Şeýle hem ahalteke bedewlerine gadyr goýýan muşdaklaryň, öz işinden kemal tapan hünärmenleriň arasynda guralýan duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň döremegini şertlendirýär we bilelikdäki taslamalar, wajyp teklipler we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrylýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz welosipedde Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi.Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtlardaky we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.

Foruma gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hormatly Prezidentimiz bilen surata düşmek dabarasyndan soňra hemmeler maslahat zalyna geçdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky IX maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady we maslahata gatnaşyjylara Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň watany bolan myhmansöýer, güneşli türkmen topragyna hoş geldiňiz diýip ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary astynda geçýär we ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösüşine laýyk gelýär.

Munuň özi dünýä ýüzünde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewlerini ösdürmek ýaly möhüm wezipelere doly laýyk gelýär.Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, onda ahalteke atçylygyny we halkara derejedäki atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garalar.

Häzirki döwürde bu guramanyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem degişli çözgütler kabul ediler.Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzümine täze agzalary kabul etmek dabarasy bolar.

Bu guramanyň döredilen pursadyndan bäri köp sanly daşary ýurtlaryň, şol sanda ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň wekilleri, ýuridik şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy atşynaslar bu düzüme agza boldular.Häzirki döwürde assosiasiýanyň düzümine dünýäniň 32 döwletinden ýuridiki we şahsy agzalaryň 147-si girýär.

Olaryň hatary ýyl-ýyldan artýar.Bu bolsa hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini alamatlandyrýar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, assosiasiýanyň döredilmegi dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny alamatlandyrýar.

Asyrlaryň dowamynda biziň pederlerimiz ynsan gylykly, ýelden ýyndam, eýesine wepaly atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns beripdirler. Şeýlelikde, bu atlar gözelligiň deňsiz-taýsyz nusgasyna öwrülipdir.Mälim bolşy ýaly, gözelligiň we çeýeligiň nusgasyna öwrülip, dünýä ýüzünde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleri halk seçgiçiliginiň netijesinde müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda emele gelipdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmen halky ahalteke bedewlerine bolan söýgi we oňa aýawly çemeleşmek ýaly asylly däpleri saklapdyr we biziň günlerimize çenli ýetiripdir.Olaryň gözelligi, çeýeligi, häsiýeti we wepalylygy barada birnäçe nakyllar, paýhasly jümleler, rowaýatlar we ganatly sözler döredilipdir.

Olar bagşylar, ozanlar we şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir.Halk döredijiligi Görogly şadessanynyň esasynda edermen esgeriň we söweşjeň bedewiň özara gatnaşygynyň nusgasyna öwrülen Gyratyň mukaddes keşbini ebedileşdirdi.Ahalteke bedewleri barada köp sanly ylmy işler, taryhy-çeper eserler döredildi. Şeýle hem olar barada daşary ýurtlaryň meşhur awtorlary eserler döretdiler.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralandyrylmagy halkymyzyň söýgüli bedewlere bolan çuňňur hormaty, olary ösdürip ýetişdirmegiň nusgalyk derejesi hakynda ähmiýetli çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu gezekki baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagy ahalteke bedewlerine bolan uly gyzyklanmany tassyk edýär.Asylly däbe görä, baýramçylygyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, at çapyşyklary we beýleki atçylyk sporty boýunça bäsleşikler geçirilýär.

Sport çäreleriniň maksatnamasyna uzak aralyga çapyşygyň goşulmagy özboluşly aýratynlyk bolup, ol ahalteke bedewleriniň diňe bir ýyndamlygynyň däl, eýsem, çydamlylygynyň aýdyň beýany bolup durýar.Umuman, bu işler ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da belende galmagy üçin zerur mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegini üpjün edýär.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary behişdi bedewleriň şanyna guralýan baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.Bellenilişi ýaly, munuň özi daşary ýurtly myhmanlar üçin milli atşynaslyk sungaty we ýurdumyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmak üçin oňat mümkinçilik bolar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we onuň işini kämilleşdirmek, atçylyk sportunyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň anyk netijeleri bilen ýerinde tanşyp bilerler.

Türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmeti netijesinde tohumçylyk-seçgiçilik işinde oňyn tejribe toplandy.Bu bolsa tutuş adamzadyň hazynasyna mynasyp goşantdyr we ol häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ahalteke bedewleriniň 600-sini saklamaga niýetlenen döwrebap atçylyk toplumy üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde degişli düzümler, şol sanda atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly beýleki desgalar bar.

Halkara ahalteke atçylyk we Aşgabadyň atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary döwrebaplaşdyryldy.Politrek düşegi bolan ýodalar tehnikanyň iň täze gazananlary bilen üpjün edildi.At çapyşyklaryny we beýleki ýaryşlary geçirmek üçin Aşgabadyň atçylyk sport toplumy dünýä ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyryldy.

Bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin aňrybaş amatly şertler döredildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Bu ýerde geçirilen ýaryşlar toplumyň mümkinçilikleriniň ýokary derejä eýedigini we onuň halkara talaplaryna doly laýyk gelýändigini äşgär etdi.

Onuň çäklerinde ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur we milli at üstündäki oýunlar boýunça bäsleşikleri, çapyşyklary geçirmek, bu ugurda ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen, okuw merkezi, açyk we ýapyk manežler guruldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän we 120 aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi guruldy.Munuň özi halkara kadalara laýyklykda, türkmen çapyksuwarlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagy üçin zerur şertleri üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak üçin beýleki döwletlerden gelen bedewleriň kesellerden arassadygyny barlamaga mümkinçilik berýär.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup durýar.Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz köp sanly halkara bäsleşikleriň ýeňijileri, festiwallaryň baýrak eýeleri bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyşlaryny aýratyn belledi. Ýakynda, şu ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Bahreýn Patyşalygynda geçirilen halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasynda bu topar üstünlikli çykyş etdi.

Geçen ýyl bolsa Galkynyş topary Sankt-Peterburgda geçirilen sirk sungatynyň birinji halkara festiwalda Gaetano altyn baýragyny eýeledi.Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldybermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek atçylyk sportunyň konkur görnüşi girizildi. Ýurdumyzyň türgenleri ahalteke bedewlerinde bu bäsleşikde ýeňiji bolup, altyn medaly eýelediler. Şeýlelikde, Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli ugurlar boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanýar.

Mundan başga-da, atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary, Türkmenistanyň halk atşynasy ýaly hormatly atlar döredildi we olar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň atşynaslaryna berilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrmagynda Behişdi ahalteke bedewleri atly žurnal neşir edilýär.Onda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän makalalarda behişdi bedewleriň taryhy, ony seýislemegiň däpleri, milli we dünýä tejribesi barada gürrüň berilýär.

Biz mundan beýläk-de ajaýyp bedewler bilen ykbalyny baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Milli Liderimiz dünýä ýüzünde türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasy bolan ahalteke bedewlerine gyzyklanmalaryň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Behişdi bedewleriň muşdaklarynyň we oňa gadyr goýýanlaryň, şeýle hem olary saklaýanlaryň sany yzygiderli artýar.Türkmen atşynaslary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklar ýola goýulýar.Ahalteke atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde assosiasiýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi.

Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamyndaky şöhraty dünýä dolýar.Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmegine bu tohumdaky atlaryň bahasyz goşandy bardyr.Biz mundan beýläk-de ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek işleriniň gerimini giňelderis.

Olary seýislemegiň usullaryny ýaş nesillere geçirip we gadymy atşynaslaryň mynasyp däplerini dowam edip, bu işleri yzygiderli kämilleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz bu gezekki maslahatyň ajaýyp ahalteke bedewleriniň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, dünýäniň dürli künjeklerinde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň arasynda tejribe alşylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň netijeli çykyşy foruma gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklendi.Soňra ABŞ-nyň Garagum ahalteke atçylyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Jessika Elizabet Eýle Keýte söz berildi.

Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IХ mejlisiniň açylmagy bilen gutlap, foruma gatnaşyjylaryň adyndan netijeli işiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn şertler üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň abraýynyň belende galmagyna we onuň derejesiniň berkidilmegine, arassa ganly tohum atlaryň saklanmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, şeýle hem degişli ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar.

At çapyşyklary, atçylyk sport ýaryşlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi Türkmen bedewiniň milli baýramynyň maksatnamasyna girizilip, olar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.Munuň özi döwletiň ahalteke atçylygyny ösdürmek meselelerine berýän ünsüniň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň atşynaslary ahalteke bedewlerini köpeltmek, bäsleşikleri, sergileri we beýleki çäreleri guramak işlerini alyp barýarlar diýip, Jessika Elizabet Eýle Keýt belledi we atçylyk kärhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde ABŞ-nyň bu ugur boýunça iş alyp barýan beýleki fermalary bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Hanym Keýt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, milli Liderimiziň tagallasy netijesinde dünýäniň ähli ýurtlarynyň atşynaslarynyň ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň watanyna gelip bilýändigini, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ylmy maslahatlaryna we baýramçylyk çärelerine gatnaşýandyklaryny aýratyn nygtady.

Bu ugur boýunça hünärmenleriň arasynda yzygiderli tejribe alşylmagy ajaýyp tohumdaky atlaryň has çuňňur öwrenilmegini şertlendirýär.Myhman çykyşyny tamamlap, hormatly Prezidentimizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň beýleki agzalary ýaly, hut özüniň türkmen Lideriniň asylly başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Netijeli çykyş üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz onuň alyp barýan işiniň ahalteke atçylyk ulgamyny halkara derejede ösdürmäge mynasyp goşant boljakdygyny nygtady.Soňra Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Awstriýadan gelen hususy atşynas Markus Mag Hubmanna söz berildi.

Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup, biz her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna guralýan dabaralara gatnaşýarys diýip, işewür belledi.Her gezek hem Türkmenistanda ahalteke bedewlerine berilýän uly ünsüň we hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň şaýady bolýarys.

Myhmanyň belleýşi ýaly, ýewropaly atşynaslar ahalteke bedewleriniň gözelligine, çydamlylygyna, häsiýetli aýratynlyklaryna ýokary baha berýärler we olary köpeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.Meniň behişdi bedewlere bolan söýgim ahalteke bedewlerini köpeltmek baradaky arzuwymy amala aşyrmaga mümkinçilik berdi diýip, jenap Hubmann sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde biz atçylyk sergilerine, ýaryşlara işjeň gatnaşýarys we ýokary netijelere eýe bolýarys.Ahalteke bedewleri bilen meşgullanýanlaryň, olary sport bäsleşiklerine we gözden geçirişlere taýýarlaýanlaryň sany barha artýar. Çünki, ahalteke bedewleri özüniň çydamlylygy, owadanlygy we üşükliligi bilen, Awstriýanyň bolşy ýaly, tutuş dünýäniň aýlawlarynyň tomaşaçylarynyň ünsüni özüne çekýär.

Soňra işewür Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýäniň beýleki ugurdaş düzümleri bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini belläp, munuň ahalteke bedewleriniň tohumyny gowulandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, taryhy köklerini çuňňur öwrenmäge, çapyksuwarlyk sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Ahalteke bedewlerine gadyr goýýanlaryň hemmesiniň birleşmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi hem-de atçylyk ulgamynyň dünýä ýüzünde ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygy üçin bu assosiasiýanyň ýolbaşçysy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirildi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, assosiasiýanyň agzalary mundan beýläk-de ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmäge, olaryň halkara derejedäki şöhratyny belende götermäge işjeň gatnaşarlar.Hoşniýetli sözleri we gyzykly hem-de manyly çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda awstriýaly atşynaslaryň baý tejribelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Siziň ahalteke atlary barada edýän aladalaryňyz uly hormata mynasypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.Soňra Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlar okaldy.Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine baýraklary gowşurdy.

Olar döwlet Baştutanymyzyň elinden ýokary döwlet sylagyny uly buýsanç we tolgunma bilen kabul edip, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.Hormatly atlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garagum ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýle Keýt, Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Asman teke ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mişel Josiana Henriette Wan Kasteren, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş kätibi Ýue Gaofeng, Aşgabat şäherinden hususy atşynas D.Mergenow, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi D.Saparow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Ybyk obasyndan hususy atşynas T.Amanmyradow, Daşoguz Döwlet athanasynyň tälimçisi Ý.Täžibaýew, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas I.Hudaýnazarow, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginden hususy atşynas B.Aşykgulyýew bar.

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi D.Saparow öz zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Ol ähli atşynaslaryň adyndan Arkadag Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiziň ägirt uly goşandyny belläp, Lýuksemburgyň Asman teke ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mişel Wan Kasteren özüniň owadanlygy, ajaýyplygy we belent ruhy bilen belli bolan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň gün-günden ýokarlanýandygyny nygtady.

Häzirki döwürde tutuş dünýä türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlere haýran galýar we olara, şol bir wagtyň özünde ykballaryny bu bedewlere bagyşlan atşynaslara hormat goýýar diýip, myhman sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly at üçin çuňňur hoşallyk bildirip, hanym Kasteren döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz sylaga mynasyp bolanlary ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda çekýän zähmetlerine minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk, täze hünär üstünliklerini arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz nobatdaky X ýubileý mejlisiniň geçiriljek ýerini kesgitlemek boýunça degişli çözgüdi kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda 2020-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisiniň Aşgabatda geçiriljekdigini yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki wekilçilikli forumyň işine dünýä belli atşynaslar, öz hünär ussatlygyny, bilim-başarnyklaryny ahalteke bedewleriniň ösdürilmegine gönükdirýän alymlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygyny halkara derejede ösdürmäge we kämilleşdirmäge goşant goşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.Assosiasiýanyň bu gezekki mejlisi dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalaryň düýpli artandygyny äşgär etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ahalteke atçylygyny we atçylyk sporty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna seredildi. Öňe sürlen işjeň teklipler netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gatnaşyklaryň özara baýlaşdyrylmagyny, tejribe alşylmagyny, pudak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleriniň ýaýradylmagyny şertlendirer.

Umuman, munuň özi assosiasiýanyň binýadynda atçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üçin amatly ugurlary açýar.Bu gurama soňky ýyllaryň dowamynda has-da giňedi we dünýäde uly abraýa eýe boldy.Arassa ganly ahalteke bedewleriň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek we olary seýislemek ýaly ugurlarda uly üstünlik gazanyldy.

Munuň özi hünäre bolan gyzyklanmalaryny, ygrarlylygyny esasy ugur edinýän alym-ippologlaryň tagallasydyr. Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisiniň tamamlanandygyny aýdyp, onuň ady rowaýata öwrülen bedewleri dünýä ýüzünde ösdürmek, bu bilelikdäki işiň ýörelgelerini täze, häzirki zaman şertlerinde kämilleşdirmek we Türkmenistanyň iri halkara atçylyk we atçylyk sporty merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bir bitewi strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrülendigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşan myhmanlary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara, şol sanda halkara sergi-ýarmarka we Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty ady bilen Aşgabatda geçirilýän XI halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Aşgabatda Ahal-teke atçylyk birleşiginiň mejlisi geçirildi, synçylar atlaryň 'syýasatyň pidasy' bolandygyny aýdýarlar
Nýu-Ýork metrosynda bir zenany ýakyp öldüren adam tussag edildi
Bank of America-nyň teswirinden soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan geçdi
Germaniýaly Jessika won Bredow-Berndl atly ýöreme boýunça ýaryşda altyn medal gazandy