Türkmenistanda
1. 27-nji aprelde Aşgabatdaky Rus Öýüniň çäklerinde we A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde Ýeňiş diktanty atly bütindünýä çäresi geçirildi, çärä 250-den gowrak adam gatnaşdy. Bu çäre Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda gurnaldy.
2. Aşgabadyň Halkara howa menziline Airbus kompaniýasynyň ikinji ýük uçary gelip gondy. Fransuz kompaniýasynyň howa gämisi dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin enjamlaşdyrylandyr. Milli däp-dessurlara görä, uçara un sepildi, ýüzärlik tütedildi, uçarmanyň kürsüsine bolsa ajala daňyldy. Airbus uçarlary Türkmenistana özüniň halkara ýük gatnaw ugurlaryny giňeltmegi dowam etdirmegine mümkinçilik berer.
3.Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynda ýaýbaňlandyrylan at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy Toyota Land Cruiser ýeňil awtoulagy ugrunda ýaryşyldy. Ýaryşyň maksatnamasy ähli welaýatlardan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda 8 çapyşykdan ybarat boldy.
Baş baýraga Mary welaýatyndan çapyksuwar Rozyýew mynasyp boldy, onuň çapan Edepli atly bedewi 1 müň metr aralyk boýunça guralan çapyşykda birinji gelmegi başardy.
4. Tokioda Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň baş direktory, professor Tomiko Içikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar akademiki we ylmy hyzmatdaşlygyň, geljegi uly ugurlary boýunça düzümleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
5. Çalık Enerji türk kompaniýasy Garagum çölüniň merkezinde ýerleşýän Altyn asyr Türkmen kölüniň kenarynda häzirki zaman ekologik obanyň gurluşygyny amala aşyrar.Türkmen köli dünýädäki iň uly emeli suw howdanlarynyň biridir.
Taslama Aşgabatdan 264 km uzaklykda ýerleşýär, onuň gurluşygy, takmynan, ABŞ-niň 4,5 milliard dollaryna barabardyr.Kölüň doly kuwwatlygyna çenli dolmagy üçin 15 ýyla çenli wagt gerek bolup biler, şondan soň Altyn asyr 2000 inedördül kilometr meýdany tutar, onuň iň ýokary çuňlugy bolsa 70 metr bolar.
6. 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş (ITTC) atly maslahata gatnaşmak üçin eýýäm 900-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, halkara guramalarynyň wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň hem-de iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
7. Florensiýada senetçiligiň halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu çärä Türkmenistandan keşdeçi Aýnabat Şarafowa gatnaşýar. Turkmen Art Studio-nyň diwarlygynda sungat önümleri, suratlar we milli eşikler hödürlenýär.
Dünýäde
8. 26-njy aprelden başlap Özbegistandan Indoneziýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi. Iki ýurduň arasyndaky howa gatnawy koronawirus pandemiýasy sebäpli üç ýyl ozal mejbury ýagdaýda togtadylypdy. Daşkentden Jakartada uçuşlar hepdede bir gezek Boeing uçarlarynda amala aşyrylar.
9. 27-nji aprelde Türkiýäniň Antalýa şäherine güýçli gar ýagdy. Käbir ýerlerde gar örtüginiň galyňlygy birnäçe sagadyň dowamynda 10-15 santimetre ýetdi. Garyň ýagmagy güýçli ýagyş bilen başlandy we kem-kemden gara öwrüldi. Agşam garyň ýagmagy peseldi, ýollardaky ulag dyknyşyklarynyň we heläkçilikleriň öňüni almak başartdy diýip, SonDakika habarlar agentligi habar berýär.
Sport habarlary
10.Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň maksatnamasy anna we şenbe günleri iki sany duşuşygy öz içine alar. 28-nji aprelde Altyn asyr öz meýdançasynda Merwi kabul eder, birinjiligiň häzirki çempiony Ahal bolsa Köpetdag bilen duşuşar. 29-njy aprelde paýtagtyň Aşgabat topary Energetik bilen güýç synanyşmak üçin Mary welaýatyna ugrar, Arkadag futbol topary bolsa Aşgabatdaky Nusaý stadionynda Şagadamy kabul eder.
11. Futbol boýunça Italiýanyň Kubogynyň finalçylary kesgitlenildi. Florensiýada futbol boýunça Italiýanyň Kubogynyň ýarymfinalynyň jogap duşuşygy geçirildi, şonda Fiorentina iki oýnuň jemi boýunça Kremonezäni ýeňip, finala çykdy. Çempionatyň 24-nji maýda Rimde geçiriljek esasy oýnunda florensiýalylar Milanyň Inter topary bilen duşuşarlar.