25 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler

25  27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler

2023-nji ýylyň 25 27-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahaty geçiriler.

Bu çäre Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Türkmen Forumy hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda, GafneyCline kompaniýasynyň goldawy bilen geçirilýär.

Maslahatyň we serginiň maksady energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmekden, ählumumy energetika ulgamynyň soňky gazananlaryny gözden geçirmekden we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolar.

Maslahat bilen ugurdaş geçiriljek OGT EXPO sergisiniň ýerli we ählumumy nebit-gaz pudagynyň iň gowy üstünliklerini özünde jemlenmegine garaşylýar.

Halkara forumyň çäginde geçiriljek işewürlik duşuşyklary bolsa hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, nebithimiýa toplumlaryna täze maýa goýum taslamalary barada habardarlyk derejesini ýokarlandyrar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
Aşgabatda nebit-gaz pudagy boýunça halkara sergi (OGT-2024) açyldy
Dragon oil Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerinde emeli aňy ornaşdyrýar
OGT-2024-e 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşýar
Hyundai Engineering Aşgabatda geçiriljek OGT 2024 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär