BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.Bu Kararnamalar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda möhüm orny eýeleýän Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, milli Liderimiz bu strategiýanyň esasy wezipelerini kesgitledi. Şolaryň hatarynda döwletiň we jemgyýetiň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi üçin amatly daşary şertleri üpjün etmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmek we ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky milli bähbitlerini yzygiderli goramak wezipeleri bar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirýän forumlary hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 17-nji fewralda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp “Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň wekilleri, döwletimizde işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine saldamly goşant goşýan Türkmenistan ählumumy başlangyçlary we taslamalary bilen çykyş edýär.Döwlet Baştutanymyz ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde diplomatik gullugyň hünärmenleriniň işine ýokary baha berdi.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler özygtyýarly döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösýändigini nygtadylar.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary bu gadymy ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça işi ilerletmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda Beýik Ýüpek ýoly dürli görnüşlerde gaýtadan dikeldilip, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň diplomatlary halkymyzyň gadymy taryhy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, türkmen hökümdarlarynyň ençeme asyrlar mundan ozal hem goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostluk hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdüripdir.
Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň ýadygärliklerinden tapylan köp sanly ýazuw çeşmeleri hem-de arheologik gymmatlyklar, şeýle hem beýik şahyrlaryň, filosoflaryň we döwlet işgärleriniň işleri munuň şeýledigini tassyklaýar.Giň hyzmatdaşlyga taýýarlyk, oňyn halkara tejribäni ornaşdyrmak hem-de sebit we dünýä derejesindäki meseleleri çözmekde işjeň parahatçylyk döredijilikli orny eýelemek döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlige eýe bolmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň hem-de umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülen türkmen Bitaraplygynyň aýdyň netijesidir.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda häzirki Türkmenistanyň çäginde gülläp ösen siwilizasiýalar, onuň dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň gözbaşlary barada gürrüň berilýär.
Bu strategik ähmiýetli halkara ýoly gaýtadan dikeltmegiň täze taryhy wezipä öwrülen häzirki şertlerde Türkmenistan özüniň diplomatiýasyny bu taslamany amala aşyrmak üçin ulanýar.Forumyň çäklerinde Daşary işler ministrligi tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. 20-nji martda Halkara gatnaşyklary instituty özüniň döredilen gününiň 10 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. “Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege” atly forum bu waka bagyşlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda instituty döretmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamyň kemala getirilmeginiň başlangyjyna öwrüldi.
Munuň özi daşary syýasat we halkara gatnaşyklar ulgamynda hereket edýän döwlet düzümlerinde häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň üpjünçiligine gönükdirildi.Bu çözgüt Türkmenistanyň dünýä giňişligine, halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şertini emele getirdi.
Bu bolsa ugurdaş bilimi we tejribesi bolan täze hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ýüze çykardy.Häzirki döwürde Halkara gatnaşyklary instituty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny alyp barýan, daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edýän we onuň milli bähbitlerini goraýan hem-de Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan türkmen diplomatlarynyň täze nesillerini kemala getirmek boýunça jogapkärli wezipäni çözýär. Ýokary okuw mekdebi döredileninden bäri 400-den gowrak hünärmenleri taýýarlady.
Olar häzirki döwürde döwlet düzümlerinde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda zähmet çekýärler.Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we diplomatik akademiýalarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmek institutyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.Forumyň işine ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, talyplar, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary hem-de bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär, giň hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.Aýdyň maksatlara we anyk ýörelgelere esaslanan daşary syýasaty alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ileri tutýan maksatlaryna, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlar bilen çykyş edýär diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Merkezi Aziýada we onuň çäkleriniň daşynda netijeli döwletara gatnaşyklary goldamak boýunça syýasy-diplomatik ugurlara we çözgütlere aýratyn üns berilýär.Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnama kabul edildi.
Olarda sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçelgelerini berkitmek, ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek ýaly tutuş adamzat üçin has möhüm bolan ugurlar anyklaşdyryldy.Häzirki şertlerde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmekde diplomatik işgärleriň ýokary hünär ussatlygynyň, çuňňur biliminiň we zehininiň, hemmetaraplaýyn taýýarlygynyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz diplomatiýanyň milli mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin döwlet derejesinde ähli zerur şertleriň üpjün ediljekdigini nygtady.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny we bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitleriň hormatyna hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etmek arkaly bu ýörelgeleri özüniň daşary syýasatynyň binýatlyk esasy hökmünde ykrar edýändigini nygtadylar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak hem-de degişli halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygy aýratyn nygtaldy. Şu ýylyň 8-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň BMG-niň missiýasynyň Owganystana goldaw bermek boýunça ygtyýarlyklaryny uzaltmak hakyndaky Kararnamasyny kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu resminamada döwletimiziň goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça amala aşyrýan çärelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.Onda Türkmenistanyň ulag we energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana çekilýän demir ýoluň gurluşygy, halkara taslamalar babatdaky başlangyçlarynyň, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) halkara ulag geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşygynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek çäreleri 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. 2018-nji ýylyň başynda bolsa bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça işlere badalga berildi. Şeýle hem Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýol gatnawlary açyldy.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu Kararnamany kabul etmekde alyp baran giň möçberli işlerini nazara almak bilen, amatly şertleri üpjün etmek hem-de ýokarda agzalan taslamalary we ylalaşyklary amala aşyrmak maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hem-de anyk esaslandyrylan daşary syýasat ugruny saýlap aldy.
Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Ol Türkmenistana uzakmöhletleýin meýilnamalary we Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklar strategiýasyny ynamly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Öňde durýan maksatlara ýetmekde ýokary hünärli diplomatik işgärlere, halkaraçy-hünärmenlere möhüm orun degişlidir.
Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ösdürmek, türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak üçin has oňyn şertleriň we ýagdaýlaryň döredilmegini üpjün eder.Maslahatyň dowamynda häzirki döwürde bu ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň yzygiderli ylmy gözlegler, daşary syýasat maksatnamalarynyň amaly meselelerini işläp taýýarlamak çäreleri bilen utgaşykly alnyp barylýandygy bellenildi. Şunlukda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty diňe bir mugallymçylyk ugry däl, eýsem, ylmy edara hem bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ýörelgelerini, täzeçil daşary syýasat başlangyçlaryny we tekliplerini çuňňur öwrenmek institutyň ylmy-barlag işleriniň esasy ugry bolup durýar. Ýokary diplomatiýa mekdebiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkezi hem-de Türkmenistanyň diplomatik gulluklary üçin edara ediş-tehniki işgärleri taýýarlamak baradaky Okuw merkezi açyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryny, onuň halkara başlangyçlary beýan edýän anyk we dürs maglumatlary bolan ösen islegleri kanagatlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajyplygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň Daşary Işler ministrliginiň “Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” ady bilen çap edilýän ylmy-amaly žurnaly hut şu wezipelere gulluk edýär. Şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda döwletimiziň daşary ýurtlardaky wekilhanalary dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyndaky strategiýasynyň, energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga bagyşlanan dürli çäreleri guradylar. Şolaryň hatarynda dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklar, söhbetdeşlikler, maslahatlar, sergiler bar. 2018-nji ýylyň bu şygary bilen baglylykda halkara medeni maksatly çäreler hem guraldy.
Hususan-da, 15-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik Ýüpek ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat hem-de fotosurat sergisi geçirildi. Çäräni Daşary işler ministrligi we Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy guradylar.
Dostlukly döwletiň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gadymy ýoly täze görnüşde dikeltmek baradaky teklipleri Türkiýe tarapyndan uly goldawa mynasyp bolýar. 5-nji iýunda Moskwada “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.
Tanyşlyk” atly medeni çäre geçirildi.Rerihleriň muzeýiniň (Döwlet Gündogar muzeýiniň şahamçasy) çäginde köpöwüşginli dabara ýaýbaňlandyryldy.Onda bu gadymy ýoluň sebitiň ýurtlarynyň özara ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhüm merkezi hökmünde türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen baglanyşykly mowzuk giňden beýan edildi.
Türkmen suratkeşleriniň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlap döreden işleri, şeýle hem halkymyzyň aýdym-saz we tans hem-de tagam taýýarlamak baradaky däpleri bilen tanyşlyk bu çäräniň maksatnamasyny düzdi. 11-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 23 ýyllygyna gabatlanyp, “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Forumyň işine ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, syýasatşynaslar, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde sergi hem guraldy.Ol sergi döwletimiziň daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň işi bilen tanyşdyrdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Milli Liderimiziň Gutlag hatynda, hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde wajyp ähmiýete eýedigi bellenilýär.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar. Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar.
Forumda edilen çykyşlarda 23 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy tapgyrlary hem-de ony durmuşa geçirmegiň netijeleri häsiýetlendirildi.Bu syýasat milli ösüşiň ähli ulgamlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak baradaky düýpli özgertmelerinde öz beýanyny tapdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ynsanperwer kömegini bermek baradaky kömekçisi Raşid Halikowyň çykyşynda şol maslahatyň parahatçylygy we howpsuz ösüşi ilerletmäge goşant bolmalydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýyl 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellemek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi oňyn başlangyçlary öňe sürýän we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmek üçin özüniň serişdelerini we mümkinçiliklerini hödürleýän Türkmenistanyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýän durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berýär diýip, R.Halikow belledi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd ÝHHG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk üçin deň derejede jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda parahatçylykly gepleşikler arkaly döwletleriň arasyndaky ähli jedelli meseleleri kadalaşdyrmak babatda Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlaryny doly goldaýandygyny belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän üstünlikli daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň we gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertidir.Bitaraplyk syýasaty halkara tejribede örän derwaýys bolmagynda galýar hem-de sebit we ählumumy howpsuzlyga salynýan wehim bilen baglylykda özüniň wajyp ähmiýete eýedigini subut edýär.
Foruma gatnaşyjylar häzirki döwürde öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek hem-de bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk, döwletleriň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini nygtadylar.
Bitaraplyk derejesi şeýle hem ýurdumyza halkara tejribesinde gapma-garşylyklary kadalaşdyrmagyň netijeli we parahatçylykly syýasy-diplomatik usullaryny işjeň ulanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.Dürli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda netijeli gatnaşyklary we sebit derejesindäki gepleşikleri alyp barmak üçin has oňaýly merkez bolmak bilen, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça goňşy Owganystanda ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça forumlaryň geçirilmegine, şeýle hem günorta goňşynyň ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegine hem-de onuň özara gatnaşyklaryň sebit we dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, foruma gatnaşyjylar nygtadylar.
Milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sepgitleri eýelemek maksady bilen, Daşary işler ministrligi bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we amala aşyrýar, halkara guramalaryň 47-siniň agzasy bolup durýar.Häzirki döwürde daşary ýurtlarda biziň döwletimiziň ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik wekilhanalarynyň 38-si hereket edýär.
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerinde ýerleşýän ilçihanalary şeýle hem beýleki ýurtlaryň onlarçasynda ata Watanymyza resmi taýdan wekilçilik edýärler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hemişelik esasda ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si hem-de halkara guramalaryň 15-siniň wekilhanalary hereket edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça “Diplomatik gulluk hakynda”, “Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hakynda”, “Diplomatik derejeler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we onuň daşary ýurtlardaky edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda geçirilen forumlar hem türkmen diplomatik gullugynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça köptaraply işleri alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.