25.09.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümi bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz daýhanlar üçin döredilýän şertleriň, tehnikalaryň netijeli işledilmeginiň we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini belledi we bu ýagdaýy düýpli seljerip, işleri degişli derejede ýola goýmagy talap etdi.Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyň dowamynda özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ö.Abdyrahmanowy Tejen şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden, K.Taýmazowany Altyn asyr etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin A.Tekedurdyýewi Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimz Tejen şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine O.Atamyradowany, Altyn asyr etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Atanazarowany we Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine K.Kiçiýewi bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýerlerde Oba milli maksatnamasyny yzygiderli ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Etrek, Serdar we Bereket etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigine ünsi çekip, ýol berlen kemçilikleri düzetmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze çemeleşmeler barada aýdyp, mili Liderimiz ähli agrotehniki çäreleriň hasyllylygy ýokarlandyrmak, ekin dolanyşygyny we tohumçylygy kämilleşdirmek esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilişine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.Milli Liderimiz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň, senagat kärhanalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe tabşyryklary berdi we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalara gözegçiligi güýçlendirmegi häkimden talap etdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ekerançylyk ýerlerinde agrotehniki çäreleriň geçirilişi, hususan-da, bugdaý ekişi, pagta ýygymy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim demirgazyk sebitde täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, welaýatyň Köneürgenç etrabynda we Ruhubelent etrabynda pagta ýygymynyň ýaramaz guralandygyny belledi we kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talabalaýyk ýola goýmagy häkimden berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň ýagdaýy, aýratyn-da, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew pagta ýygymy we bugdaý ekişi boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Häkim öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, dürli desgalaryň gurluşygy we sebitiň düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwaryş suwyny rejeli peýdalanmak, geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Welaýatda pagta ýygymynyň depginleri baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Atamyrat, Saýat we Birata etraplarynda pagta ýygymynyň pes derejede guralandygyny belledi.Milli Liderimiz kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin D.Mämmedowy Birata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana, şeýle hem özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin M.Bekiýewany Atamyrat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä S.Jepbarowany bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň barşy, umuman, sebitiň oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, sebitiň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we şanly senelere bagyşlanan köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara, tassyklanan meýilnama laýyklykda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baýramaly, Mary we Oguzhan etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň yza galýandygyny, ýygymda döwlet tarapyndan satyn alynýan kuwwatly tehnikalaryň netijeli işledilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy düýpli seljermegi we işleri ýola goýmak üçin ähli çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigine ünsi çekip, alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ç.Mylkyýewi Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä şol etrabyň häkiminiň orunbasary bolup işleýän B.Allanazarowy bellemek, şeýle hem A.Baýramowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä J.Muhammedowany bellemek baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sebitleriň oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky baýramçylygyna çenli üstünlikli tamamlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häkim halkara ölçeglere laýyk derejede Aşgabatda gurlan golf meýdançasyny dabaraly ýagdaýda açyp bermek barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa haýyş bilen ýüzlendi. Şeýle hem häkim Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň hem-de golf meýdançasynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanlylaryň amatly we oňaýly durmuşy üçin ýokary ekologiýa ülňüleriniň üpjün edilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş talaby bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz döredilýän ýaşyl zolaklaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegi, şol bir wagtyň özünde bar bolan bag nahallaryna degişli idegiň ýola goýulmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede geçirilmegi halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasynda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, Türkmenistanyň ýeten derejesiniň beýanyny tapmalydygyny belledi.

Hususan-da, häkime Aşgabatda golf meýdançasynyň açylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek sport baýramçylygy, şeýle hem golf boýunça halkara ýaryşlaryny guramak boýunça birnäçe anyk görkezmeler berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

06.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
14.08.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň kadalaşdrylyşy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri garaldy
02.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi