Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi.Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär.
Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum guruldy.Mundan başga-da, “Aşgabat 2017” oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ýaryşlara gatnaşýan türgenlere doping gözegçiligini üpjün edýän garaşsyz gurama döredildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan köpçülikleýin sport hereketini adam mümkinçilikleriniň doly açylmagyna, saglygy goraýyş, bilim ulgamyndaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine, şahsyýetiň ruhy taýdan sazlaşykly we beden taýdan berk ösmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrýar.
Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginde islendik doping serişdelerini gadagan edýän ýörelgeleriň berk berjaý edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň hünärmenlerine doping barlaglary tehnologiýalaryny öwretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de doping-gözegçiligi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen okuw maslahaty geçirildi.
Olaryň netijeleri boýunça türkmen hünärmenlerine doping-gözegçileriniň şahadatnamalary gowşuryldy.Bu bolsa halkara sport bäsleşiklerinde türgenleriň doping gözegçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.Türkmen sportunyň tämizligini saklamak we sportda dopinge garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenistan Bütindünýä dopinge garşy agentligi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk edýär.
Bu abraýly halkara sport guramasy bilen alnyp barlan ýygjam işleriň netijesinde, 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentligi resmi taýdan açyldy.Bu agentlik Milli Olimpiýa komiteti, Sport baradaky döwlet komiteti, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan esaslandyryldy.
Entek Milli dopinge garşy agentliginiň bellige alynýan döwründe lukmançylyk departamenti we dopinge garşy Ýerine ýetiriji komitet bilelikde V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk babatda Aşgabatda kikboksing ýaryşlarynyň geçirilen pursadynda dopinge garşy barlag işleri geçirilip başlandy.
Aziýanyň Kikboksing federasiýasy bilen ylalaşykda agentlik synaglary ýygnamak usulyny işläp taýýarlady.Ol Bütindünýä Dopinge garşy Kodeksiň talap edýän ähli görkezijilerine laýyk gelýär.Milli dopinge garşy agentligiň hünärmenleri onlarça türgende doping-barlaglaryny geçirdiler. Şolaryň netijeleri Kataryň Doha şäherinde ýerleşýän Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň barlaghanasyna iberildi. Şeýle hem Mejlisde Türkmenistanyň sportda dopinge garşy göreş hakyndaky Kanunyny işläp taýýarlamak maksady bilen Milli dopinge garşy agentligiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Netijede, bu Kanuna Türkmenistanyň Mejlisinde garaldy hem-de 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekildi.Mundan başga-da, milli dopinge garşy kadalary we milli dopinge garşy maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de WADA tarapyndan tassyklanyldy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe Milli dopinge garşy agentlik “Autriç” bilim maksatnamasyny geçirdi, onuň maksady ýaryşlara gatnaşyjylary dopinge garşy guramalaryň işleri bilen tanyşdyrmakdan, dopingi ulanmagyň zyýanlary barada habardar etmekden ybarat boldy.
Bu maksatnama dürli ýurtlardan bir müňden gowrak türgen gatnaşdy.Milli dopinge garşy agentlik ýakyn wagtlarda 2017-2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli dopinge garşy maksatnamasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän doping gözegçiligi merkezi V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň degişli barlaglaryny üpjün edýär.Ol aýratyn goragly desga bolmak bilen, onuň çägine doping-gözegçiligi boýunça bellige alnan hünärmenler girip bilýär.
Bu bolsa her bäsleşigiň öňüsyrasynda türgenleriň tabşyran barlaglarynyň goraglylygyny we anyklygyny üpjün edýär.Mundan başga-da, bu merkeziň ýanaşyk ýerlerindäki desgalarda bolmak bilen baglanyşykly meseleler tertipleşdirildi.Doping gözegçiligi merkezinde halkara dopinge garşy guramalary tarapyndan makullanylan hem-de türgenlerden alnan barlag seljermelerinde dopingiň bardygyny has anyk ýüze çykarmaga ukyply iň täze enjamlar ornaşdyryldy.
Germaniýanyň “Roche Diagnostics GmbH” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Cobas E411” biohimiýa seljerijisi; Germaniýanyň “Susmex Europ GmbH” kompaniýasynyň “Susmex” gematologiýa immun-himiýa seljerijisi; ABŞ-nyň “Thermo Fisher Scientific” kompaniýasynyň taýýarlan “TSQ800EVO” gaz hromatografiýa enjamy, şeýle hem bu kompaniýa tarapyndan öndürilen “UltiMate 300” suwuklyk hromatografiýa enjamy hünärmenleriň ygtyýarynda bolar. “Aşgabat-2017” oýunlarynda doping gözegçiligini üpjün etmek boýunça köpsanly halkara guramalary we düzümleri işleýär.
Olar doping barlaglarynyň netijelerine takyk baha berýärler.Olaryň hatarynda Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy, Bütindünýä dopinge garşy agentligi, Beýik Britaniýanyň dopinge garşy milli agentligi, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we beýlekiler bar.
Biz Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri dopinge garşy maksatnamanyň üstünde işleýäris diýip, “Triwandi Çanzo” kompaniýasynyň wekili Bernadet O.Gallahan gürrüň berýär.Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Bütindünýä dopinge garşy agenitligiň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda dokuz aýyň dowamynda ägirt uly işler bitirildi.
Onuň dowamynda Türkmenistanyň milli dopinge garşy agentligi döredildi we sportda dopinge garşy göreş baradaky kanun işlenip taýýarlanyldy.Häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýa sebitlerinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de türgenleri barlamak ulgamynyň anyk we aýdyň netijelerini üpjün edýär. Şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi.
Oňa Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň, Beýik Britaniýanyň Milli dopinge garşy agentliginiň, “Triwandi Çanzo” kompaniýasynyň we beýleki halkara dopinge garşy guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.Dünýäniň dopinge garşy guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk netijesinde oňyn tejribe toplanyldy.
Bu bolsa Türkmenistanyň halkara bileleşigine işjeň goşulyşmagynyň, daşary ýurtlar bilen diňe bir sport ulgamynda däl, eýsem, syýasy, durmuş we ykdysady ugurlarda hem özara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhümdir.