Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisine, ilki bilen, wise-premýer E.Orazgeldiýewi çagyrdy.Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatlarda gowaça ideg etmek işi dowam edýär, hatarara bejergi geçirilýär.
Gögeriş gazanylan ýerlerde ýekelemek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça iş meýilnamasy düzüldi. Ýetişdirilen hasyly ýygnamaga görülýän, şol sanda kombaýnlaryň we hasyly kabul ediş bölümlerine öz wagtynda daşamaga niýetlenen awtoulaglaryň, kabul ediş bölümleriniň, elewatorlaryň, ammarlaryň we beýlekileriň taýýarlyk derejesi barada hasabat berildi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzdan bugdaý oragyna girişmäge ak pata bermegi haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, galla oragyna görülýän taýýarlyk, gowaça we beýleki ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda edilýän ideg, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda ýerlerde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara we welaýatlaryň häkimlerine, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň gowy netije berýändigini belledi.Merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler we ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar.Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri has-da guwandyrýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda hem olaryň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Möhüm möwsüm bolan galla oragy ýakynlaşyp gelýär.Gallaçylaryň öňünde durýan indiki wezipe — köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 13-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berýändigini mälim etdi.
Asylly däbe görä, il içinde uly hormatdan peýdalanýan ýaşulular orak möwsümine başlap bersinler diýip, döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi. “Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy çagyrdy.Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasy düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bellenilen ileri tutulýan ugurlar nazara alyndy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we 2019-njy ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Bu işleri geçirmek üçin häkimlikler, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan zerur bolan maglumatlary hem-de hasaplamalary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri kesgitlenildi.Mundan başga-da, usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak hem-de degişli hünärmenler üçin maslahat-düşündiriş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hasabatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynda binalary we desgalary gurmagyň taslamasy barada hem habar aýdyldy.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýan Döwlet býujetiniň ähmiýetine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet girdejileriniň hem-de çykdajylarynyň möçberiniň we düzüminiň milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerine hem-de zerurlyklaryna kybap getirilmeginiň möhümdigini belledi.Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyna, bilim we saglygy goraýşyň ösdürilmegine gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynda binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň taslamasyna ünsi çekmek bilen, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Soňra wideoşekilli göni aragatnaşykda döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowyň 13 - 17-nji maý aralygynda Tailandda geçirilen BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Ykdysady hem-de durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmagy baradaky hasabatyny diňledi.
BMG-niň iri düzümleriniň biriniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek meseleleri girizildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň baş maksadynyň adamlaryň durmuşynyň hilini täze derejä çykarmakdan, ilatyň abadançylygyny gowulandyrmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdygyny, bularyň bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen sazlaşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu resminamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, ministre bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişini içgin seljermegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, ähli döwletlerde esasy gymmatlyk hökmünde yglan edilen adam ömrüniň dowamlylygynyň uzaldylmagy üçin şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi.Raýatlaryň ömrüniň uzalmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary görkezijisi hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýaşaýşyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň, raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmagyň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi.
BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlary atly maksatnamasynda hem bu meseleler esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenildi.Döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşiginiň bu resminamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň degişli milli maksatnamany kabul edendigini belläp, biziň esasy maksadymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakdan we pugtalandyrmakdan ybaratdygyny, munuň bolsa raýatlarymyzyň ömrüniň uzalmagyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işde parahatçylygy we abadançylygy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şert bolup durýandygyny, onuň döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge hasaplanylýandygyny belledi hem-de wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de 23 - 24-nji maýda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.Kongresde dünýä gaz senagatynyň ösüşi ýaly möhüm meselelere garaldy. Ýurdumyzda gazhimiýa ulgamynda amala aşyrylýan taslamalara hem-de tebigy gazy paýlamakda we ulanmakda işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Forumyň çäklerinde “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.Oňa gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly işewürler bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz daşary ýurt işewürliginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç çig malyny düýpli gaýtadan işlemek ulgamynda iri düzümleýin taslamalara maýa serişdelerini çekmäge, ýurdumyzda öndürilýän nebit we gaz önümlerini ýerlemegiň bazarlaryny giňeltmäge aýratyn üns berilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimiziň uly kuwwatyny doly güýjünde ulanmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz senagat toplumynyň pudaklarynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmek, ýerli çig malyň hasabyna ýokary hilli harytlaryň we önümleriň köp görnüşlerini çykarýan gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça goýlan wezipeleri çalt çözmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň önümleriniň içerki we daşarky bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan, tutuş ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmakda uly orun eýeleýän gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendemirönümleri” zawodyny döwrebaplaşdyrmak baradaky meseläniň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak, senagat harytlarynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek, bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary we täzelikleri ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de ösdürmek işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz şeýle hem senagat pudagynyň kuwwatyndan doly peýdalanmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra milli Liderimiz şol bir wagtda B.Jumaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.Ol Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan karbamid zawodynyň gurluşygynyň we tehnologik üpjünçiliginiň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz gazhimiýa pudagynyň iri kärhanasyny bellenen möhletde işe girizmegiň wajypdygyny aýdyp, B.Jumaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktory wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki dynç alyş günlerinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň bellenilýändigini aýdyp, tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň halyçylygyny hem-de dokma senagatyny ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşan pudagyň zähmetkeşleriniň birnäçesini döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlary üçin döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Milli Liderimiz öňümizdäki baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Türkmenbaşy etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoly boýunça demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýol gurluşygy ulgamynda maksatnamany ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekmek bilen, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze ýollary gurmagyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, olary göwnejaý derejede ulanmagyň möhümdigini nygtady.
Bu çäreleriň ählisi ulag gatnawyny amatlaşdyrmaga hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artýandygyny göz öňünde tutup, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça rejelenen görnüşdäki 2020-nji ýyla çenli Milli maksatnamany durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan, awtomobil köprüsiniň ähmiýetini aýratyn belledi.
Täze desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag we düzümleýin babatda ösmegine, ýerli ýaşaýjylara ýakynda ýerleşýän ilatly ýerlere gidip-gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ýollary ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanmagyň, ýokary derejeli awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygyna jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça amala aşyrylýan çäreler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmak, halkara gatnaşyklaryň gurallaryny we usullaryny kämilleşdirmek, Watanymyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürlik başlangyçlaryny işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wajyp meselelere ünsi çekdi.
Milli Liderimiz şu ugurda durmuşa geçirilýän işlere berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli anyk görkezmeleri berdi.Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa iýun aýynda geçiriljek baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Sport” teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma goýbermek barada daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak hem-de çykdajylary tölemek hakyndaky çözgüdiň taslamasyny hödürledi.
Iýun aýynyň baýramçylyk maksatnamasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, sahnalaşdyrylan oýunlar, sergiler hem-de bäsleşikler, Çagalary goramagyň halkara güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak ylmy we pudaklaýyn maslahatlar bar.
Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsüminiň açylmagy we Bütindünýä welosiped güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler barada-da hasabat berildi.Indiki aýda “Talyp joşguny — 2018” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçiriler.
Belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwal geçiriler we Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar.Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli däp bolan Medeniýet hepdeligi geçiriler.
Mundan başga-da, iýun aýynda sportuň welosport, tennis, futbol, göreş we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly maslahat geçiriler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we täze desgalaryň açylyş dabaralary mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şolaryň hemmesi mazmun babatda tapawutlanmalydyr hem-de türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny giňden beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ýola goýýan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara medeni çäreleriň we forumlaryň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada aýdyp, eziz Diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada radioda we telewideniýede gepleşikleri guramagyň hem-de metbugat neşirleriniň sahypalarynda makalalary çap etmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz uzak ýaşly adamlaryň köp bolmagynyň ýurduň abadançylygyny, parahat, asuda, bagtyýar durmuşy alamatlandyrýandygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sport” teleýaýlymynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň dünýäniň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň ýokary galmagyna kömek edýän we ýurdumyzda guralýan iri halkara ýaryşlary nazara almak bilen, hödürlenen resminamany makullady.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew welaýat merkezlerinde — Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda ýolagçy awtomenzilini gurmagyň taslamalary barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze desgalar we olaryň ýerleşjek ýerleri barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän şekiller hödürlenildi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap awtomobil tehnikalary bilen üpjün edilendigini, olaryň şäheriň içindäki we şäherara gatnawlarda ulanylýandygyny belläp, hödürlenen taslamalary makullady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.Wise-premýer ilata lukmançylyk hyzmatyny bermekde täze sanly tehnologiýalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keselleri bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, welaýatlardaky merkezlerde elektron resminama dolanyşygy ulgamy hereket edýär.Lukmançylyk maglumatlaryny gyssagly alyşmaga, näsaglara maslahat beriş hem-de bejeriş kömegini bermek üçin teleköprüleri guramaga mümkinçilik berýän telearagatnaşyk ýola goýuldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, dünýäniň ösen ýurtlarynda adamlaryň saglyk ulgamyndaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, aralyk geňeşmeleri hem-de saglyk ýagdaýyna gözegçiligi ýola goýmak, lukman bilen näsaglaryň arasyndaky gatnaşyklary amala aşyrmak maksady bilen ýörite SMS habarnamalaryny ibermek usuly giňden ulanylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Altyn asyr” öýjükli telefon aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen şeýle maglumatlary ugratmagyň meseleleri öwrenildi. Şeýle hem şu mesele boýunça göni aragatnaşyk arkaly saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ilatyň arasynda keselleriň öňüni alyş işlerini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, beden işjeňligini wagyz etmäge, ýaramaz endiklerden gaça durmagy höweslendirmäge, sagdyn iýmitlenmegiň esaslary hakyndaky ylymlary ýaýratmaga gönükdirilen täze hyzmatlary girizmek hakyndaky teklip hödürlendi.
SMS habarnamalary lukmançylyk barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegine ýardam eder.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teklibiň örän möhümdigini belläp, bu hyzmaty guramak işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, SMS-maglumatlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik işläp taýýarlamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz öýjükli aragatnaşygyň operatorlary arkaly habarnamalary ibermek ýaly usulyň netijelidiginiň lukmançylyk ulgamyndaky maglumatlary guramaga oýlanyşykly çemeleşilmegine baglydygyny belläp, lukmançylyk ulgamynda bolşy ýaly, aragatnaşyk hem-de maglumatlar tehnologiýalarynda iň gowy hünärmenleri işe çekmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem ministre ilatyň arasynda köpçülikleýin öňüni alyş işleri, şol sanda häzirki zaman usullaryny ulanmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra göni aragatnaşyga ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow çagyryldy.
Ol gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan anyk işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra göni aragatnaşyga çagyrylan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýtdy.Bellenilişi ýaly, onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine, demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanunçykaryjylyk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem deputatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmuny hem-de ähmiýeti, Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary hakynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýandyklary habar berildi.
Milli Liderimiz habary diňläp, ösüşiň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň esasy ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara alyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri çuňlaşdyrmak, raýatlyk edaralaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagalla etmelidiklerini belledi.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz deputatlaryň saýlawçylar, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmalydyklaryna ünsi çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow göni aragatnaşykda DIM-niň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamy boýunça halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu pudakda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli işler alnyp barylýar.Hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we netijeli häsiýete eýedigini bellemeli.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýewraziýa giňişliginde sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Şolaryň amala aşyrylmagy Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýar we täze düzümleýin desgalar gurulýar.Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasy (FIATA) bilen özara gatnaşyklar berkidilýär.Bu federasiýanyň ýolbaşçysy 2-nji maýda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly —täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahata gatnaşdy.
Häzirki döwürde ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Glattbrug şäherinde ýerleşýän bu federasiýanyň agzalygyna dünýäniň 150 döwletinden ugurdaş düzümler girýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda Türkmen milli logistik-ekspeditorçylyk assosiasiýasyny döretmek we onuň soňlugy bilen Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna girmegi baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça işjeň orny eýeleýändigini belledi.Häzirki şertlerde bu möhüm ugurdaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek sebit hem-de ählumumy derejedäki durnukly ösüşiň, oňyn goşulyşmak hereketleriniň möhüm bölegidir.
Bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, anyk başlangyçlary öňe sürýär we şol bir wagtyň özünde täze, has giň möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle taslamalaryň hatarynda maý aýynyň başynda ulanmaga berlen we Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegini şertlendirýän hem-de häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr we logistika ulgamyny kemala getirmekde wajyp orny eýeleýän Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz porty bar. Şeýlelikde, sebitara we yklymara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiz FIATA bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmen Milli logistik-ekspeditorçylyk assosiasiýasyny esaslandyrmak hakyndaky teklibi oňlap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri amala aşyrmagy hem-de Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamy boýunça işjeň başlangyçlaryny öňe ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ç.Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün Aşgabat şäheriniň gününiň uly dabaralara beslenip bellenip geçilýändigini aýtdy.Paýtagtymyz häzirki döwürde dünýäde iň owadan we durnukly ösýän, ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrüldi.
Aşgabat şäheri indi iri ylym-bilim, medeniýet we işewürlik merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar.Paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňelýär.
Biz täze keşbe eýe bolýan ak şäherimizi mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Öňümizdäki ýekşenbe güni Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belläris diýip, milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bu ugurlarda hem ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary, haly kärhanalary gurlup, ulanmaga berildi.Bu kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli dokma önümleriniň hem-de gözelligi, nepisligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarynyň önümçiligi talabalaýyk ýola goýuldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we döwletimiziň dokma senagatyny ösdürmek, ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatymyzy dünýä ýaýmak, pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin geljekde hem ähli zerur işleri geçirjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen paýtagtymyzyň ähli ilatyny, mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni hem-de ýetip gelýän Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisi jemläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlik, maşgala abadançylygyny we rowaçlyk arzuw etdi.