25.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn günlerde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bagly köp sanly möhüm çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki mejlisde birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň söwda ugry boýunça sebitleýin tehniki kömek taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy barada hasabat berdi. 2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyrylmagy bellenilen bu taslamanyň esasy maksady CAREC maksatnamasynyň agza ýurtlaryny halkara bazarlara işjeň çekmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, söwda we hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar.

Ony üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, halkara we milli hünärmenleri çekmek bilen degişli ylmy barlaglary geçirmek, tegelek stollary, maslahatlary we geňeşmeleri, iş saparlaryny guramak meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýanyň ösüş bankynyň BMGÖM hem-de birnäçe abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda başyny başlan CAREC maksatnamasyna 2010-njy ýylda goşulan Türkmenistanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly sebit ykdysady birleşmesine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunda söwda ýardam etmek möhüm ugurlaryň biridir.

Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.Galyberse-de, söwda ulgamynda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin mäkäm binýady üpjün eder.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz CAREC maksatnamasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk we goýberiş-sazlaýyş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýylda 1 milliard 785 million kub metr mawy ýangyç gaýtadan işleniler hem-de ýangyjyň 600 müň tonnasy, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy çykarylar.

Häzirki wagtda bu desgada esasy tehnologik desgalaryň synaglary geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilmegi ýola goýlan täze awtomobil ýangyjy ekologiýa standartlaryna laýyk geler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazdan ýangyç öndürýän, dünýä tejribesindäki ilkinji zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini nygtady.

Kärhananyň işe girizilmegi tebigy serişdeleri netijeli ulanmagyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegi, bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy üçin nebitgaz ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky meýilnamalar düzülende, mundan beýläk hem ylym bilen baglanyşykly, ekologiýa taýdan howpsuz önümçilikleriň döredilmeginden, döwrebap tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki çözgütleri ornaşdyrmakdan ugur alynmalydygyny nygtady.

Ykdysady babatda ýurdumyzda öndürilýän önümiň ýokary hiliniň we ekologiýa taýdan arassalygynyň hasabyna ony ýerlemegiň bazarlaryny giňeltmäge mümkinçilik peýda bolar. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz ulgamyndaky innowasion taslamalar daşky gurşawy goramak ulgamynda wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Munuň özi bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň açylyşyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde ulanylýan belgiler barada aýdyp, olaryň häzirki wagtda dünýäde emele gelen halkara belgiler ulgamyna laýyk gelmelidigini belledi.

Ony işläp taýýarlamakda, halkara tejribede umumy ykrar edilen ýörelgelerden hem-de daşary ýurtlarda toplanan tejribeden ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň içerki bazarlaryny balyk önümleri bilen üpjün etmek we onuň eksport möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan balyk kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygy hem-de häzirki wagtda şolarda abatlaýyş, durkuny täzelemek we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, Hazar deňzinde balyk tutýan uly göwrümli gämileriň 3-si abatlanyldy.Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynda sowadyjy hem-de doňduryjy ammarlar abatlanyldy hem-de täzeleri gurlup, jemi 133 tonna balyk saklamaga mümkinçilik döredildi.

Balyklary senagat usulynda ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda emeli suw howuzlaryny gurmak, balyk köpeldýän inkubatorlary döretmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ähli sebitlerde balygy gaýtadan işlemek boýunça hereket edýän önümçilikler döwrebaplaşdyryldy we bu pudaga täze kuwwatlyklary girizmek boýunça işler geçirildi.

Altyn asyr Türkmen kölünde hepdede ortaça 1,5 — 2 tonna balyk tutulmagy ýola goýuldy.Balyk kärhanalarynda 450 iş orny döredildi. Şu işleriň netijesinde, 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 744,6 tonna balyk önümleri öndürildi.

Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden köpdür.Welaýatlarda we paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen balyk dükanlary hem-de söwda nokatlary açyldy. Şolarda täze we doňdurylan balyklaryň, duzlanan, kakadylan hem-de gaplanan balyk önümleriniň dürli görnüşleriniň satuwy guraldy. Şol önümlere isleg barha artýar.

Gaplanan balyk önümleriniň eksporty ýola goýuldy: 2019-njy ýylyň 3 aýynda 48 tonna önüm daşary ýurtlara ugradyldy.Eksportyň ugurlaryny giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça işler dowam edýär.Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen, hususan-da, balykçylyk pudagynda innowasion tehnologiýalar esasynda önümçilikleri döretmek babatda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça bellenen wezipeleriň çözülişi barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 30 tonna forel balygyny ösdürip ýetişdirýän hojalygy, Kaka etrabynda geotekstil we geomembrana düşelen howuzlary, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýylda 100 tonna balyk ösdürip ýetişdirýän kärhanany gurmak işleri dowam edýär.

Türkmenabat şäherinde balygy gaýtadan işleýän kärhana gurulýar, Mary welaýatynyň Oguzhan ýaýlasynda taýýar önüme çenli doly önümçilik ulgamyny ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.Umuman, ýurdumyz boýunça täze balyk kärhanalarynyň 10-synyň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hususylaşdyrmak işleriniň ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat toplumynyň netijeliligini artdyrmaga hem-de telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň giň ulgamyny döretmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň hem-de bazar ykdysadyýetiniň gurallaryny işjeň ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berip, taýýar önümleriň hiliniň ýokary ölçegleriniň berjaý edilmeginiň üýtgewsiz baş ugur bolup galýandygyny nygtady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Pürçekow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşigiň geçirilendigini, şonuň netijeleri boýunça Dost gurluşyk, söwda, önümçilik hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň saýlanyp alnandygyny habar berdi.Agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygyny 2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suwuň her bir damjasyny rejeli hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň suw serişdelerini goramak, suw hojalyk desgalary gurlanda tygşytlaýjy tehnologiýalary we ulgamlary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny ulanmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle kärhanalaryň gurluşygy Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň häzirki zaman talaplaryny nazara almak arkaly gurulmalydygyna ünsi çekdi.

Kämil enjamlar suwuň ýokary hilli arassalanylmagyny hem-de sarp edijilere — kärhanalara, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ýaşaýyş jaýlaryna bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmelidir.Döwlet Baştutanymyz tehnologik işleriň ählisiniň ýokary derejede kompýuterleşdirilmeginiň şeýle desgalaryň aýratynlygy bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Garabogazsulfat önümçilik birleşiginiň binýadynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Wise-premýer kärhanada B markaly natriý sulfatynyň hem-de bişofitiň öndürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli gurluşyk işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.Onuň ägirt uly eksport kuwwaty bimöçber tebigy serişdelere, pudakda döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine esaslanýar.

Dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Oba hojalygyny hem-de obasenagat toplumyny özgertmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde mineral dökünlere isleg has-da artýar.

Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň baý tebigy çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman kärhanalaryny döretmek, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän ýokary hilli mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak öňde goýlan esasy wezipedir.

Milli Liderimiz çig mal çykarmak we dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça ýurdumyzy öňdäkileriň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa maý aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat bilen çykyş etdi.Maý aýynda bellenilýän Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Soňky jaň baýramçylygy, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler we bäsleşikler, aýdym-saz dabaralary hem-de sahna oýunlary, wagyz-nesihat çäreleri we sport ýaryşlary guralar.

Maý aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maý aýynda geçiriljek dabaralaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýetini belläp, şolary ýokary derejede guramak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Ähli çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrjak halkara medeni çäreleri we beýleki dabaralary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow öňde boljak şanly senelere, şol sanda Ýeňiş güni mynasybetli weteranlary sylaglamak baradaky dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda jemgyýetçilik-medeni watançylyk çäreleri, maslahatlar we aýdym-sazly çykyşlar guralar.

Uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, şeýle-de zähmet weteranlary bilen ýaşlaryň duşuşyklary guralar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekip, ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini, gazanan parahatçylygyny gorap saklaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan bu baýramçylygyň öçmejek nyşanyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gazaply uruş döwrüniň şaýatlary bolan watandaşlarymyzyň hem-de zähmet weteranlarynyň ýaş nesil bilen duşuşyklaryny guramak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ylalaşdyryjylyk syýasaty watandaşlarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenliginiň şanyna öçmejek ýadygärlik bolup durýar diýip, milli Liderimiz 9-njy maýyň hormatyna geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çärelere we ýurdumyza geljek ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 15 — 16-njy maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler. Şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Watanymyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmagyň esasy gurallarynyň biridir.Aprel aýynyň ahyrynda we geljek aýda ýurdumyza birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň saparlary göz öňünde tutulýar.

Maý aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda türkmen-gruzin hem-de türkmen-german syýasy geňeşmeleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda ýurdumyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň hem-de türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlislerini, türkmen-belarus işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Mundan başga-da, geljek aýda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň maýynda özara gatnaşyklaryň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlaryny, şeýle hem degişli çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem netijeli daşary syýasy strategiýany üýtgewsiz durmuşa geçirip, döwletara görnüşde, şeýle hem sebit we dünýä derejelerinde netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini nygtady. Şunda milli Liderimiz ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin bar bolan we açylýan täze mümkinçilikleri amatly amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maý aýynda göz öňünde tutulýan halkara çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny ösdürmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.Döwlet Baştutanymyz deputatlar düzüminiň ünsüni parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni we dünýä ülňülerini öwrenmegiň hem-de milli kanunçykaryjylyk tejribesine ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we milli kanunçylygy halkara kadalar bilen sazlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatda ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny aýtdy.Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň goranyş ukyplylygyny has-da berkitmek hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmezligini, kanunçylygy we düzgün-tertibi, türkmen topragynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, milli kazyýet ulgamyny we prokuror gözegçiligini, gümrük düzgün-kadalaryny kämilleşdirmek, döwlet migrasiýa syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzda kanunçylygy we tertip-düzgüni berk berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümde ýokary derejeli gulluk we ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralmagy, ýollarda sürüjiler we pyýadalar üçin oňyn şertleriň döredilmegi ýaly ugurlara gözegçiligi güýçlendirmek barada ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň döwrebap gulluklary we ýokary derejeli ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinadan gelip çykýan möhüm wezipelere ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleri harby-watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, harby düzümlerde düzgün-tertibiň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet önümçiligi ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, kazylaryň gelýän netijelerinde kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynda kanunçylyk namalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň öňde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärli we ak ýürekden çemeleşmelidiklerini belläp, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror barlaglarynyň geçirilişine degişli derejede çemeleşilmeginiň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda Baş prokurora anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde eziz Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň söweşjeň taýýarlygyny hemişe ýokarlandyrmagy, esgerleriň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy hem-de boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň, işgärleri içgin seçip almagyň zerurdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow hereket edýän kanunçylygy seljermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň oňyn tejribesini hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerini seljermegiň durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp ugrudygyny belledi hem-de ministre bu meselä jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyza gelmegini kadalaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana iş we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň berk hasabyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini belläp, migrasiýa çäreleri babatda halkara ülňülerine laýyk derejede hyzmaty üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary, şol sanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bagly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňledi.Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisiniň ýokary hilli hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz ganatly bedewleriň hormatyna guralýan çäreleriň welaýatyň ähli künjeklerinde türkmen toýuna mahsus derejede dabaraly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz öňümizdäki baýramçylyk mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitiň obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmeginiň wajypdygyna hem-de türkmen bedewiniň şanyna guralýan toý dabaralaryna ünsi çekip, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz meşhur türkmen bedewleriniň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini nygtady.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk hojalyklaryndaky wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli baýramçylyga bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi we şu mynasybetli göz öňünde tutulan medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň ählisini öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini we hil babatda ýokary talaplara laýyk gelmelidigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylan ähli köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edilmegini talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda gowaça ekişiniň depginini artdyrmak hem-de bu möwsümi amatly agrotehniki möhletde tamamlamak üçin zerur bolan ähli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakyndaky hem-de Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlaryň hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini baýraklar bilen sylaglamak hakyndaky Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gözelligi we ýyndamlygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydygyny we özboluşly medeni baýlygydygyny nygtady.

Dünýäniň atçylyk sungatyny kemala getirmekde ahalteke bedewleriniň ägirt uly goşandy bardyr.Biz ata-babalarymyzdan miras galan atçylygyň gadymy däplerini mynasyp dowam edip, geljekde hem milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak bilen, bu asylly işi ýaş nesillerimize geçirip, olaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekip, atşynaslary, seýisleri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasyny degişli derejede geçirmek barada görkezme berdi.Olara asylly zähmeti üçin hormatly atlar dakylýar we sylag-serpaýlar ýapylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň meýdanlarynda dowam edýän, bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljekki bereketli hasylynyň düýbüni tutýan işleriň ähmiýetini belläp, şolaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakyn günlerde göz öňünde tutulan köp sanly möhüm baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtlulary türkmen myhmansöýerligi bilen kabul etmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, baýramçylyk çärelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmegiň, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda baýramçylyk söwdasyny guramagyň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Biz merdana halkymyzyň meşhur ahalteke bedewlerini kemala getirmekde we ösdürip ýetişdirmekde bitiren taryhy hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmen bedewiniň milli baýramyny döretdik.Ahalteke bedewiniň şekilini Döwlet tugramyzda ýerleşdirdik hem-de ýadygärliklerde ebedileşdirdik diýip, milli Liderimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylary, olaryň üsti bilen türkmenistanlylaryň ählisini baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynyň ýene-de bir jildini ýazyp gutarandygyny habar berdi.Bu kitap behişdi bedewlerimiziň ýatdan çykmajak täsin gözelligine bagyşlanýar.

Täze neşir eýýäm beýleki dillere hem terjime edildi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz onuň daşary ýurtly myhmanlarymyza hem gowşurylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyzyň gutlag sözleri hem-de türkmen bedewleri baradaky täze kitabyň çapdan çykandygy hakdaky habary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.12.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi