25.04.2018 | Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde

“Margiana - Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiýa sergisi Germaniýanyň paýtagtynyň Täze muzeýinde ikinji gün oňa gelýänleri kabul edýär.Germaniýanyň iri muzeý merkezinde guralan bu sergide ýurdumyzyň gadymy taryhyna Ýewropada ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigi öz beýanyny tapdy.

Türkmen topragynda mundan dört müň ýyla golaý ozal emele gelen siwilizasiýanyň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýän ýüzlerçe taryhy tapyndylar berlinlilere we bu şäheriň myhmanlaryna Türkmenistanyň örän baý medeni mirasy barada gürrüň berýär.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler ozal näbelli bolan Margiana ýurduny dünýä üçin açan hem-de bu ýerde görkezilýän sungat eserleriniň we gadymy adamlaryň durmuşyna degişli esbaplaryň aglabasyny ýüze çykaran alymy uly mähir bilen ýatladylar.

Alymlaryň bürünç asyry diýip atlandyran döwrüni häzirki zaman bilen köp zatlar baglanyşdyrýar.Türkmen we nemes ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň belleýişleri ýaly, Margiananyň gadymy ýaşaýjylarynyň dürli görnüşli durmuş esbaplary, däp-dessurlary we düşünjeleri türkmenleriň köp müňýyllyk medeniýeti bilen ýakyndyr. - Biziň ýurdumyzda hemmeler Sarianidini tanaýarlar.

Ol türkmen topragynda altmyş ýylyň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, biziň gadymy geçmişimiziň täze sahypalaryny açdy.Bu alym ýönekeý adamlaryň uly hormat-sarpasyna we döwletimiziň ykrar etmegine mynasyp boldy, biz onuň hyzmatlaryny birnäçe gezek ýokary döwlet sylaglary bilen belledik.

Arheologiýa ýurdumyzda ylmyň geljegi uly ugurlarynyň biridir, şunda zehinli barlagçylaryň täze nesilleri üçin uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilikler bar. Şonuň üçin hem Wiktor Iwanowiç Sarianidi ýaly zehinli adamlaryň öz şägirtlerine bilimlerini we tejribelerini bermegi örän möhümdir — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Mundan 44 ýyl ozal meşhur alym türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Garagum çöllügindäki bu täsin ýurdy açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirip başlady.Onuň şägirtleri bu işleri häzire çenli hem dowam etdirýärler, netijede, müňlerçe adamlar ozal düýbünden nämälim bolan bu gadymy gündogar patyşalygynyň harabalyklarynda bolup gördüler.

Bu ýere gelýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar, sebäbi taryha biperwaý garamaýan adamlaryň ählisi öz gözleri bilen gadymyýetiň bu syrly galyndylaryny, rowaýata öwrülen künjegi, ozaly bilen bolsa Margiananyň paýtagty — Goňurdepäni görmek isleýärler.

Medeniýet ulgamynda türkmen-nemes hyzmatdaşlygynyň netijesi bolan Berlindäki sergi heniz ýurdumyzda bolup görmedik ýewropalylar üçin bu gadymy patyşalygy açmagyň ýolunda möhüm sepgit boldy, indi bolsa olar örän ösen ekerançylyk medeniýetiniň hem-de Türkmenistanyň gadymy ýaşaýjylarynyň maldarçylykda eýelän ornuna şaýatlyk edýän gadymy gymmatlyklary synlamaga mümkinçilik aldylar.

Arheologlar Margianada biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň soňky asyrlarynda ilkinji adamlaryň peýda bolandygyny resminamalaýyn takyklykda kesgitlediler.Köpetdagyň demirgazyk etekleriniň ilatyna köp asyrlaryň dowamynda ýer we suw serişdeleri ýeterlik bolupdyr, şol sebäpli hem olar diňe ýakynda ýerleşýän çäkleri özleşdiripdirler.

Emma III müňýyllygyň ahyrynda Ýakyn we Orta Gündogarda gurakçylyk döwri başlanýar, şonda ýagyş-ýagmyryň ýagmasy has azalýar, derýalar gurap başlaýar, netijede, ýyl-ýyldan gallanyň hasyllylygy peselýär.Gurak ýerlerde ýaşamagyň mümkin bolmandygy üçin adamlar gurap galan sürümli ýerleri, dogduk depäni taşlap, ekerançylyk we maldarçylyk üçin ýaramly tebigy şertleri bolan ülkäniň gözlegine çykmaga mejbur bolýarlar. Şeýle ýagdaý ählumumy häsiýete eýe bolup, Ortaýer deňzinden Ind jülgesine çenli giňişligi öz gerimine alypdyr.

Häzirki wagtda biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda Gadymy Gündogaryň örän giň çäklerinde onlarça obalaryň we şäherleriň ýaşamagyny bes edendigi baradaky köp sanly subutnamalar, şol sanda arheologiýa tapyndylary toplanyldy.

Haçan-da Köpetdagyň etegindäki zolagyň barha köpelýän ilaty hem mes toprakly ýerleriň örän ýetmezçilik etmegini duýup başlan wagtlarynda täze ýerleri gözlemegiň zerurlygy peýda boldy.Olar Tejen derýasynyň ugry bilen onuň çöllüklerde siňip gidýän deltasyna düşüp, Murgaba çenli ýetipdirler hem-de akymyň ugry boýunça aşaklygyna tarap, köp sanly obalary döredipdirler.

Megerem, bu beýik göçhä-göçlük ondan aňryk gündogara, Amyderýa çenli dowam edendir we Günorta Türkmenistanyň taýpalary Baktriýanyň mes toprakly derýa boýundaky düzlüklerinde mesgen tutandyrlar, ol ýerlerde boş sürümli ýerler ýeterlik bolupdyr.

Ol ýerler joşgunly derýalaryň suwy bilen suwarylypdyr.Arheologlaryň häzirki Özbegistanyň, Täjigistanyň günorta sebitlerinde hem-de Owganystanyň demirgazygynda ýüze çykaran köp sanly tapyndylary Margianada tapylan taryhy gymmatlyklar bilen örän meňzeş bolup, Baktriýa bilen Margiananyň medeni umumylygynyň bolandygyna hiç hili şübhe galdyrmaýar.

Täze özleşdirilen ýerlerde köşkler we ybadathanalar gurlupdyr, olar arheologlaryň Margianada ýüze çykaran desgalaryna çalymdaşdyr. Ähli keramiki önümleri küýzegärlik usuly arkaly ýasalypdyr, olar küýzegärlik peçlerinde örän ýokary gyzgynlykda bişirilipdir we ýokary hile eýe bolupdyr.

Bürünç asyryň Margiana ýadygärlikleri, esasan, uly bolmadyk obalardyr, olarda ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar ýaşapdyrlar.Olaryň obalarynyň golaýyndaky mes toprakly ýerler Murgabyň suwy bilen suwarylypdyr, bugdaýyň we arpanyň, darynyň, merjimegiň hem-de nohudyň bol hasyly ýetişdirilipdir.

Almanyň, armydyň, üljäniň, üzümiň bol hasyly alnypdyr.Eýýäm şol döwürlerde gawun ýetişdirilipdir.Derýa boýundaky çemenzarlyklar, gür otluk meýdanlar san-sajaksyz ownuk we gara mal sürülerini bakmak üçin oňaýly öri meýdanlary bolupdyr.

Düýeler ýük maly hökmünde peýdalanylypdyr.Gurply margianalylaryň atlary hem bolupdyr, olar naýbaşydyrlar, ýöne ulag hökmünde hem peýdalanylypdyr.Goňurdepede häzirki wagtda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän gazuw-agtaryş işleri özüniň täsinligi bilen haýran galdyrýan täze açyşlara beslenýär.

Bu şäheriň gülläp ösen döwründe onuň nähili atlandyrylandygy barada maglumatlar ýok.Emma tapyndylar bu ýerde adam siwilizasiýasynyň döreýşi barada ençeme möhüm maglumatlary bilmäge mümkinçilik berýär.Goňurdepede ýüze çykarylan tapyndylaryň köpüsi dünýäde tapylan ilkinji gymmatlyklar bolup durýar.

Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň soňky asyrlarynda ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilen Goňruň galasynyň we köşgüniň binagärlik keşbi bu ugurda üýtgewsiz we örän gadymy ýörelgeleriň bolandygyna şaýatlyk edýär.Gadymy Margiananyň gala gurluşygy we köşk binagärligi özboluşlylygyna we aýratynlygyna garamazdan, Mesopotamiýanyň, Kiçi Aziýanyň we Ortaýer deňziniň gurluşyk medeniýetiniň ulgamyna kybap gelýär.

Margianada ylma mälim iň gadymy bolaýmagy ähtimal bolan ot ybadathanasy hem bolupdyr.Berlin sergisinde margianaly ussalaryň iň täsin, haýran galdyrýan senetkärlik işleri görkezilýär.Goňurdepe patyşalarynyň ähli guburlarynda diýen ýaly tapylan nakgaşlyk äheňli diwar mozaika pannolary hem şeýle häsiýetlidir.

Has gadymy ýadygärlik desgalarynda hem, soňky döwrüň ýadygärliklerinde hem şeýle täsin usulda ýerine ýetirilen binagärlik tapyndylary hiç haçan ýüze çykarylan däldir. Şeýle usul diňe bir Orta Aziýanyň günorta sebitlerinde däl-de, Müsür, Mesopotamiýa ýa-da Hytaý ýaly örän gadymy siwilizasiýa merkezlerinde hem mälim däldir.

Goňruň patyşa guburlaryndaky ähli “merhumlar öýleriniň” öňki diwarlary köp şekilli ajaýyp nagyşlar bilen bezelendir, olaryň köpüsi saklanyp galypdyr.Ol şekilleriň aglaba bölegi nakgaşlyk äheňlidir, olaryň käbir bölekleri bolsa mozaika usulynda ýerine ýetirilipdir.

Häzirki wagtda köp sanly rejeleýjileriň we beýleki hünärmenleriň tagallalary bilen olary taýýarlamagyň usullary öwrenilýär. Şekillerde beýan edilýän wakalar, şeýle hem Margiananyň we Baktriýanyň köp sanly möhürlerinde we amuletlerinde şekillendirilen görnüşler Margianada ýaýran mifleriň “beýanlarydyr” ýa-da olaryň özboluşly “nusgalarydyr”.

Sergide görkezilýän daşdan ýa-da demirden ýasalan amuletlere we möhürlere gadymyýetde jadyly güýç berlipdir, olar öz eýelerini durmuşyň dürli külpetlerinden gorapdyrlar.Adatça, olaryň iki tarapy hem ýönekeý geometriki nagyşlar bilen bezelipdir.

Emma olaryň käbirleri hakyky, şeýle hem hyýaly guşlaryň, adamlaryň we beýleki jandarlaryň şekilleri, çylşyrymly görnüşler bilen hem bezelipdir.Amuletler bilen bilelikde mis-bürünç möhürleri diýlip atlandyrylýan şeýle şekilli önümler hem giňden ýaýrapdyr.

Köp halatlarda möhürlerde giňden ganatyny geren hem-de başyny belent tutýan bürgüdi; uzyn şahly dag tekelerini, ýyrtyjy ýolbarslary we gaplaňlary; ýa tagtda oturan, ýa-da ýyrtyjy haýwana atlanan, ýa-da ýylanlaryň we aždarhalaryň ikisi bilen bir wagtda garpyşýan, şol sanda ganatly adamlary görmek bolýar.

Bular margianaly senetkärleriň döreden eserleriniň hemmesi däldir, olar dört müň ýyl mundan ozal öz naýbaşy sungatyny kemala getiripdirler.Goňurda ýokary sungata degişli ençeme tapyndylar ýüze çykaryldy.Sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýän uly uzyn kümüş gap hem şolaryň hataryndadyr.

Onda relýef usulynda uly takyklykda iki örküçli düýeleriň ikisi şekillendirilipdir.Tagma görnüşli kiçijek surat hem (iki ýaý we üçburçluk) bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.Ol tagma haýwanlaryň çep budunyň golaýynda goýlupdyr, şeýle hem gabyň düýbünde çekilen düýäniň şekili täsindir.

Diňe bir bu tapyndyda gaýtalanmaýan şekiliň häsiýetli aýratynlygy beýleki dört şoňa meňzeş kümüş gaplarda hem gaýtalanýar, olar düýäniň üstünde ýerleşdirilen ýaýdyr.Uly altyn küýzäniň düýbündäki şekil hem şeýledir, onuň şondan başga hiç hili bezegi ýok.

Hut iki örküçli haýwanlaryň şekilleriniň uly üns bilen relýef, şeýle hem grafika görnüşinde işlenilmegi bu önümleriň başga ýerden getirilmändiginiň ynamly subutnamalarydyr, sebäbi Margianadan we Baktriýadan başga ýerlerde şunuň ýaly düýeler ýokdur.

Bu jandarlary diňe olary gören hem-de bilýän adamlar öz eserlerinde şeýle ynandyryjy şekillendirip bilerler.Düýeleriň daralan ýüňleri, olara oňat ideg edilişini, buýsançly ýörişini suratlandyrýan bu şekillerde, şeýle hem Goňurda döredilen beýleki eserlerde bu jandarlaryň hojalyga örän peýdaly bolandygyny, şeýle hem olaryň diňe bir ýük mallary hökmünde peýdalanylmandygyny görkezýär.

Serginiň köp sanly eksponatlarynyň hatarynda tegelek bürünç möhür hem bar.Onuň üstki tarapy merkezden ýaýrap gidýän sekiz burçly ýyldyzlaryň dördüsi bilen bezelendir, munuň Türkmenistanyň häzirki wagtdaky tugrasynyň görnüşini ýatladýandygy täsin ýagdaýdyr.

Sekizburçluk şekilleriň bezeg bölegi hökmünde ulanylmagyna hiç wagt gabat gelinmändi diýip bolmaz.Orta asyrlaryň aramgähleriniň we metjitleriň mawy reňkli timarlanylyşy hut olary ulanmak arkaly ýerine ýetirilendir.Orta asyrlardan has öňki döwürlerde hem şeýle usul mälimdir.

Baktriýada we Margianada ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda hem bezegi üçin sekizburçluklar peýdalanylan şol möhürleriň uly bolmadyk böleklerini tapmak mümkindir.Emma bu möhür diňe bir adaty sekizburçlugy şekillendirmeýär: şunda geometriki figura merkezden ulalyp başlaýar hem-de barha giň meýdany eýeleýär.

Gadymy topragymyzyň Margiananyň sungatynyň şeýle ajaýyp nusgasyny saklap galandygy ýakymly täsinlikdir.Ussat daş ýonujylaryň çeper ellerinden dürli şaý-sepler (monjuklar, dür düzümleri, kosmetiki gapjagazlar we çüýşejikler) çykypdyr.Köp halatlarda olaryň üstüne ýukajyk altyn örtügi çaýylypdyr, şeýdilende olar hakyky altyndan ýasalan önümler ýaly görnüpdir.

Monjuklar dürli görnüşli ýarym gymmatly daşlardan: pöwrize daşyndan, serdolikden, lazuritden, agatdan taýýarlanypdyr.Mäkäm berkidilýän enjamlar ulanylyp, reňki, görnüşi boýunça sazlaşýan täsin zynjyrlar ýasalypdyr, bularyň ählisi gadymy türkmen ussatlarynyň örän nepis çeperçilik usullaryna we ýokary senetkärlik ussatlygyna şaýatlyk edýär.

Ozaly bilen dini ynançlara niýetlenen heýkeljikler bürünç eýýamynyň Baktriýa we Margiana ýurtlary üçin mahsus ýene bir aýratynlygydyr.Olar oturan adamlary şekillendirýär.Giň eşige dolanan adam bedeni gara reňkli jisimden sünnälenipdir, şol bir wagtda onuň kellesi we elleri ak alebastrdan, kä wagtlar bolsa mermerden edilipdir. Şeýle senetkärlik nusgalary bilen bir hatarda gadymy küýzegärler ýumşak çeýe palçykdan täsin reňkler bilen bezelen birmeňzeş heýkeljikleri taýýarlapdyrlar. Şeýle adam şekilleri Türkmenistanda — Goňurdepede geçirilen ylmy gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykaryldy.

Taryhçy alymlaryň köpüsi bu şekiller haýsydyr bir hudaýlary aňladýar diýip hasaplaýarlar.Beýleki birileri bolsa olaryň ählisiniň guburlardan tapylandygy üçin merhum bolan adamynyň ruhunyň heýkeldäki beýanydygyny çaklaýarlar.Gadymy senetkärler öý haýwanlarynyň süňklerinden dürli görnüşli ýönekeý nagyşly temençeleri sünnäläp ýasapdyrlar.

Aýal-gyzlaryň öz saçlaryny berkidýän bezeg temençeleri dürli heýkeltaraşlyk şekilleri bilen bezelendir.Margiananyň ýadygärliklerinden tapylan taryhy gymmatlyklar dört müň ýyl mundan ozal ýurdumyzyň ilatyny bir umumy dünýägaraýşyň birleşdirendigini görkezýär.

Munuň özi aýry-aýry, özbaşdak hudaýlara ynançlar bolman, görnüşi ýaly, däp-dessurlaryň we garaýyşlaryň bir bitewi ulgamyny emele getiripdir.Gadymy Marguş ýurdunyň dürli ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda alnan ähli maglumatlar bu ýerde ýaşan taýpalaryň arasynda has giçki döwürde zoroastrizmiň — otparazlygyň esasyny emele getiren däp-dessurlaryň, adatlaryň, ýörelgeleriň, garaýyşlaryň giňden ýaýrandygyna gürrüňsiz suratda şaýatlyk edýär.

Indi iki ýüz ýyla golaý wagt bäri dünýäniň ähli alymlary Ýer ýüzünde dörän ilkinji diniň — zoroastrizmiň watanyny gözlemek işleri bilen meşgullanýarlar.Barlagçylar öz subutnamalaryny getirip, olary, gör, nirelerde ýerleşdirmediler. Ýöne Margianadan alnan arheologik maglumatlar gadymy Gündogaryň başga hiç bir ýerinde bu ýurduň ilatynyň däpleriniň we adatlarynyň zoroastrizm dini bilen baglanyşyklydygyny görkezýän anyk subutnamalaryň şunuň ýaly kän däldigini görkezýär.

Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda şeýle ýörelgeleriň münlerçe ýyl mundan ozal Türkmenistany hem-de onuň töweregindäki beýleki ýurtlary gurşap alan Marguşyň gadymy şalygynda yzlary galan zoroastrizm zamanyndan bäri dowam edip gelýändigini belleýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde ýurdumyz abadan, parahatçylykly we okgunly ösýän döwlet hökmünde öz abraýyny berkidýär.Türkmen halkynyň baý taryhy, medeni mirasy ýurduň özüni dünýä tanadýan ajaýyp gymmatlygyna öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, geçen eýýamlaryň ruhy taýdan dikeltmek we gymmatly subutnamalaryny saklamak işinde Watanymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda halkara turizmi örän netijeli serişde bolup hyzmat edýär.

Goňurdepe XXI asyrda unudylmagyň jümmüşinden çykýar.Germaniýadaky häzirki sergi bolsa eýýamlaryň bölünmez arabaglanyşygynyň nesilleriň we bütindünýä medeni mirasynyň umumadamzat gymmatlygynyň dowamatlylygynyň ajaýyp alamatyna öwrülýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we rus alymlary Türkmenistanda gadymy astronomik möhür tapdylar
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Miras žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär
25.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Goňurdepe