24 ýyldan soň ýeňiş gazanan ilkinji fransuz

Formula 1 Dünýä çempionatynyň şu möwsümdäki 8-nji ýaryşy Italiýada geçirildi. Ýurduň Monza şäherçesinde geçirilen ýaryşda “Alfa Tauri” toparynyň fransiýaly Pier Gasli ýeňiş gazandy.Ol 53 aýlawy 1 sagat 47 minut 06,056 sekunt tamamlamagy başardy.

Bu 24 ýaşly sürüjiniň karýerasyndaky ilkinji ýeňşi boldy.Galyberse-de, Gasli bir Formula 1 bäsleşiginde 24 ýyldan soň, ýeňiş gazanan ilkinji fransuz sürüjisi hökmünde hasaba alyndy.Gasliden 0,4 sekunt soň pellehana gelen “McLaren” toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns kiçisi 2-nji ýeri eýeledi. “Racing Point” toparynyň kanadaly sürüjisi Lans Stroll bolsa, münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.

Bäsleşige ilkinji hatardan bat alan sanawyň lideri Lýuwis Hamilton 7-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi “pit-stop”-dan soň, garaşman ýola çykandygy üçin 10 sekuntlyk jerime aldy. “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen, şeýle-de Ferrariniň sürüjileri fransiýaly Şarl Lekler bilen germaniýaly Sebastian Wettel ýaryşy tamamlap bilmedi.

8-nji ýaryşdan soň, Lýuwis Hamilton 164 utuk toplap, liderligini dowam etdirýär. Italiýa “Gran Prisinde” 5-nji ýeri eýelän finlandiýaly Waltter Bottas 117, Maks Werstappen 110 utuk bilen 2-3-nji orunlary paýlaşýarlar.

Möwsümiň 9-njy bäsleşigi 13-nji sentýabrda ýene-de Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Hamilton Şumaheriň taryhy rekordyna şärik boldy
F1-iň täze möwsümi başlaýar
35 ýyllyk rekord täzelendi
Hamiltonyň 90-njy ýeňşi
Hamilton rekorda ymtylýar