Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby Tokioda ýapon dilinde tanyşdyryldy, Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gullugynyň wekilleri 2023-nji ýyldaky hyzmatdaşlygyň jemini jemlediler, Türkmenistanda Ependi çeper filmi görkeziliş üçin taýýarlanylýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Tokiodaky Sukuba uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi. Oňa Sukuba uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hem-de türkmen talyplary gatnaşdylar.
2. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda geçirilen nobatdaky sanly ulgam arkaly iş duşuşygynda taraplar 2023-nji ýyldaky özara hyzmatdaşlygyň jemini jemlediler. Duşuşyga gatnaşyjylar ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek ýaly ozal göz öňünde tutulan taslamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
3.Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi Ependi atly çeper filmiň surata düşürilen materiallarynyň üstünde işleýär.Filmi maý aýynda ýaýlyma çykarmak meýilleşdirilýär.Filmde Gündogar degişmeleriniň we gülküli hekaýalaryň baş gahrymanynyň durmuşy barada gürrüň berilýär.
Ol terjimehal žanrynda surata düşürildi.Filmiň wakalary XIII asyrda Ependi atly şadyýan we ugurtapyjy adam hakyndaky ilkinji tymsallaryň ýaýran ýeri bolan gadymy köçelerde we bazarlarda bolup geçýär.
4. Şu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Aşgabatda howa durnuksyz bolar hepdäniň ortalarynda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna we gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna. Ahal we Balkan welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda ýagyn ýagar. Mary we Lebap welaýatlarynda hepdäniň ortalaryna durnuksyz howanyň bolmagyna garaşylýar. Daşoguz welaýatynda şu hepdäniň ilkinji günlerinde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
5. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Ýoko Kamikawanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşyldy.
Dünýäde
6. Ermenistanda dagyň belentliginde ýerleşýän Sewan köli soňky 7 ýylda ilkinji gezek tutşlygyna buz bilen örtüldi. Buz ýeterlik derejede berkänden soň, buzda typmagy halaýanlar köle gelip başladylar. Buzuň howpsuzlygyny barlamak meýletinçiler tarapyndan amala aşyrylýar. Käbir ýerlerde buzuň galyňlygy 7 santimetre golaýlaýar. Buzuň inçe ýerinde duýduryş belgileri ýerleşdirilýär.
7. Çikagonyň West Rosko Strit köçesindäki dünýäniň dürli künjeklerinden adamlaryň ünsüni özüne çeken asfaltdaky meşhur deşik näbelli bir adam tarapyndan möhürlendi.Asfaltdaky belkanyň ýa-da syçanyň yzyna meňzeş deşik 1990-njy ýyllarda tapyldy. Ýerli ýaşaýjylar muny alakanyň hini diýip atlandyrdylar we onuň ýanynda dürli sowgatlary teňňeleri, iýmitleri goýup başladylar, hatda ýadygärlik tagtasyny hem gurdular. Şeýle-de bolsa, golaýda bir zyýaratçy asfaltdaky deşigiň beton bilen möhürlenendigini gördi. Ýaşaýjylar bu ýadygärligi halas etmäge synanyşdylar, ýöne material eýýäm gatap ýetişipdi.
Sport habarlary
8. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli futbol çempionatynyň indiki möwsüminiň başlanjak senesini kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, täze möwsümiň ilkinji oýny 4-nji martda bolar. Öňümizdäki möwsümiň 4 aýlawdan ybarat boljakdygy öň habar berlipdi. Ilkinji üç aýlawyň senenamasy ýakyn günlerde çap ediler.
9. Özbegistan milli ýygyndysynyň futbolçylary Aziýa kubogynyň üçünji tapgyrynda Awstraliýa topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.Bu netije özbek toparyna Katarda geçirilýän ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik döretdi. Özbegistanyň ýeke-täk pökgsi oýnuň 79-njy minutynda Azizbek Turgunbaýew tarapyndan derwezä girizildi.
Awstraliýalylar birinji ýarymyň esasy wagtynyň üstüne goşulan goşmaça wagtda Martin Boýlyň 11 metrlik jerime urgusyny amala aşyrmagy netijesinde hasaby açdylar.
10. Türkmenistan milli ýygyndysynyň hüjümçisi Meýlis Diniýew Mogilev Cup-2024 dostluk ýaryşynda Minskiň Dinamo toparynyň derwezesine bir pökgi geçirdi. Gomelde synagda bolýan 23 ýaşly hüjümçi oýnuň 40-njy minutynda toparynyň ýeke-täk pökgüsini geçirdi. Diniýewiň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan Ahal toparynyň düzüminden synag üçin Gomele gelendigi ozal habar berlipdi.