Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi 24 — 26-njy awgust aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda — Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda saparda bolýar. Pakistanyň baş diplomatynyň iki günlük sapary barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň mofa.gov.pk saýtynda habar berildi.
Pakistanyň DIM-niň saýtynda Şah Mahmud Kureýşiniň 25-nji awgustda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, şeýle hem Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendigi barada hem habar berilýär.
Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň mfa.tj resmi internet saýtynda Pakistanyň daşary işler ministri bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikleriň geçirilip, onuň dowamynda taraplaryň döwletara gatnaşylaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşylandygy, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallary birleşdirmek boýunça anyk gürrüňleriň edilendigi barada aýdylýar.