24-25-nji martda Türkmenistanda şemalyň güýjemegine garaşylýar

24-25-nji martda Türkmenistanda şemalyň güýjemegine garaşylýar

24-25-nji martda Türkmenistanyň birentek sebitlerinde şemalyň güýjemegine garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şonuň bilen bagly howa tozanly bolup, çaňjaryp durar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda penşenbeden anna gününe geçilen gije şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Gündiz howa +19 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda penşenbe güni agşam güýçli şemal turar. Onuň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Anna güni agşam güýjän ýeliň tizligi sekuntda 15 metre ýeter. Şol günler sebitde howanyň gyzgynlygy +16 - +13 dereje bolar.

Daşoguzda güýçli ýel anna güni irden öwsüp başlar diýip howa maglumaty gullugy çaklaýar. Onuň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Şenbe güni günortanlar hem şemal güýçli bolar diýip çaklanylýar.

Mary welaýatynda anna güni ir ertirden giç agşama çenli güýçli ýel öwser. Onuň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Gündiz howa +33 derejä çenli gyzar.

Lebap welaýatynda anna güni günortanlar şemal güýçlenip başlar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şemalyň tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Gündiz howanyň gyzgynlygy +29 derejä ýeter.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine we çabga garaşylýar
Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar
Penşenbe güni Aşgabatda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Şu hepdede Türkmenistanda boljak howa: üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly
Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi