24.08.2018 | Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi.Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlygy hökmünde kabul edýän ýurdumyza ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanda döwlet sapary bilen bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler.

Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlara asylly myhmansöýerlik däbine görä, duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Şu duşuşygyň öňüsyrasynda, 22-23-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 74-nji mejlisi, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň iş maslahaty hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi.

Olaryň gün tertibine köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli giň gerimli meseleler girizildi.Gaznanyň işini kämilleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geljegi nazara alyp, Aral deňziniň giňişligine degişli ýurtlaryň oňyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilip, ýörite işlenip taýýarlanylan konsepsiýa esasynda Türkmenistan AHHG-na başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aral baradaky wajyp meseleleriň Merkezi Aziýanyň çäginden daşary çykýandygy aýdyňdyr, şoňa görä-de, bu babatda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ulgamlaýyn döwletara gatnaşyklary üçin berk binýadyň döredilmegi zerurdyr.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň alyp barýan yzygiderli işleri dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG-niň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakyndaky rezolýusiýany kabul edendigini ýatlatmalydyrys.

Munuň özi Aral meselesiniň ählumumy häsiýete eýedigini hem-de ony çözmek üçin halkara tagallalaryny gönükdirmegiň zerurdygyny tassyklan waka öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň alyp barýan syýasatynyň hem-de öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemelidiris.

Türkmenistan öz tarapyndan Aralyň ýakasynda durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine işjeň ýardam edýär.

Bu bolsa diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy derejede uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyz ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda iri möçberli milli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirip, bar bolan uly tejribäni we döredijilikli kuwwaty umumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” Kongresler merkezine tarap ugrady. Şol ýere, belent mertebeli myhmanlar hem geldiler.Bu ýerde milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly kärdeşlerleriniň her birini foruma gatnaşyjylary “Awaza” kongresler merkeziniň eýwanynda mähirli garşylady.

Sammitiň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soň, AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlary Kiçi mejlisler zalyna bardylar, bu ýerde çäkli görnüşdäki ýokary derejeli bäş taraplaýyn duşuşyk boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Sammiti açyp hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynda belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslanlandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň şu günki duşuşygyna beren ünsleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gün geçiriljek giňişleýin görnüşdäki duşuşykda özara gatnaşyklarda toplanan tejribä, döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna hem-de Aral meseleleri boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine seretmek bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşylar. Çäkli görnüşdäki duşuşyk sebitiň gün tertibiniň has ähmiýetli we möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlygy bolmak bilen, AHHG-niň çäklerinde bilelikdäki işleri utgaşdyrmak üçin geljekde hem tagallalary birleşdirmegi teklip edýär. 2017-nji ýyldan başlap biz Gaznanyň Müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlislerini geçirdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki Sammite taýýarlyk görmegiň barşynda şu günki duşuşygyň jemleýji resminamasyny taýýarlamak boýunça köp işler geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň Konsepsiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasy ýaly resminamalar işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gaznanyň işini has-da kämilleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi, bu Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasy bölümleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin şu günki Sammitiň barşynda biz şu mesele boýunça kärdeşlerimiziň pikirlerini uly hormat bilen diňlemek isleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de şu ýylyň martynda Gazagystanda sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan öň türkmen tarapy sebit hyzmatdaşlygyna yzygiderli çemeleşmä geçmek barada pikiri öňe sürüp, bu meselä öz garaýşyny beýan etdi. Şunda esasy many-mazmun sebitde özara gatnaşyklar bilen bagly meselelere seretmek boýunça takyk guralan yzygiderli işlerde jemlenýär.

Ozaly bilen, öň teklip edilişi ýaly, sebitde geçirilýän Sammitlere taýýarlyk görlende ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilýän meselelere seretmek üçin ilki bilen bilermenleriň derejesinde maslahatlary geçirmegi zerur diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ikinjiden, bilermenleriň işiniň netijelerini jemlemek hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan bölümlerini kesgitlemek, şeýle hem maksada laýyk bolan halatynda döwlet Baştutanlarynyň Sammitine möhüm resminamalary işläp taýýarlamak üçin ministrleriň duşuşygyny geçirmek teklip edildi. Üçünjiden, ministrleriň maslahatynyň jemleriniň, taýýarlanan gün tertibiniň esasynda hem-de bäştaraplaýyn resminamalar bolanda döwlet Baştutanlarynyň Sammitini geçirmek teklip edildi.

Eger şeýle tejribe gowy tarapdan makullansa, onda geljekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşi ýaly instituty döretmek hakynda oýlanyp bolardy. Ýokarda beýan edilen Konsepsiýa türkmen tarapyndan teklip edildi, biz onuň seredilmegine çäksiz hoşallyk bilen garaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda şeýle çemeleşilende BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny yzygiderli geçirilýän Sammitleriň çäklerinde gepleşikler stolunyň başyna çagyrmagyň mümkin boljakdygyny aýratyn belledi.Soňra Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşlerine Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine söz berdi.

Olar öz çykyşlarynda AHHG-niň görnüşinde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belläp, netijeli sebit gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynda olary has-da ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň tekliplerini goldadylar.Sammitiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda dürli ugurlarda AHHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça taraplaryň teklipleri beýan edildi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlaryna netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere üstünlikleri we netijeli işlemegi arzuw etdi.Bu duşuşygyň geçirilmegi netijesinde giňişleýin düzümde mejlisi dowam etmek üçin asylly işiň başy başlandy.

Soňra Sammit Uly mejlisler zalynda AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň işine gatnaşmaga çakylygyň kabul edilendigi üçin hemmelere hoşallyk bildirdi Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki waka biziň ýurdumyza hormatyň subutnamasy hem-de Aral deňzi sebitinde ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýy gowulandyrmaga goşant goşmak isleginiň beýany bolup durýar. Şu günki duşuşyk Aral meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň mynasyp dowamy bolup durýar.

Onuň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň käbir deslapky jemlerini jemlemek, oňa umumy baha bermek, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze, anyk ugurlaryny, AHHG-niň halkara düzümleri, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň görnüşlerini kesgitlemek, Gaznanyň işini kämilleşdirmek bilen bagly bolan beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki duşuşygyň Aral deňzi meselelerini çözmek işinde aýdyň netijeleri gazanmaga umumy islegiň nobatdaky subutnamasy boljakdygyna ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz Sammite gatnaşyjylary onuň işine başlamagy bilen gutlady.

Bu Forumyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, onuň Merkezi Aziýa döwletleriniň jebisliginiň, sebitiň möhüm meselelerini çözmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň aýdyň beýany bolup durýar.Bu aýratyn-da, häzirki döwürde, biziň ýurtlarymyzyň döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen syýasy-diplomatiki häsiýetli çäreler toplumyny yzygiderli amala aşyrýan döwründe has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, şu günki Sammit biziň döwletlerimiziň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň barşynda nobatdaky möhüm tapgyr bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň duşuşygymyzyň ýubileý ýylynda—Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. 1993-nji ýylyň ýanwarynda AHHG-niň döredilmegi zerur bolan işleri amala aşyrmak babatda sebitiň döwletleriniň Aral meselelerine seretmäge girişmäge düşünýändigini we isleýändigini beýan edýän, öz wagtynda ädilen ädim boldy.

Bu çözgüdiň esaslydygyny wagt görkezdi diýip, milli Liderimiz belledi.Araly halas etmegiň Halkara gaznasy Aral pajygasynyň ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer täsirlerini ýeňip geçmek boýunça döwletara gatnaşyklary binýat boldy.

Ozal Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň AHHG-de başlyklyk eden döwürlerinde Gaznanyň işini işjeňleşdirmek üçin uly tagallalar edildi, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça çäreler görüldi.Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk eden döwletlere geçirilen işler üçin minnetdarlyk bildirip, gazanylan üstünlikleri belledi.

Wagt bir ýerde durmaýar, şonuň üçin Aral meseleleri bu gün häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze çemeleşmeleriň zerurdygyny şertlendirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Türkmenistan şundan ugur almak bilen, 2017-2019-njy ýyllarda Gaznada başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy.

Biz başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarladyk, onda işleriň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-2018-nji ýyllarda Aşgabatda AHHG-niň Müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlisleri geçirildi, AHHG-niň Ýerine Ýetiriji komiteti öz işini yzygiderli amala aşyrýar. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa halkara ekologiýa forumy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk etmeginde Gaznany esaslandyryjy döwletleriň milli bilermenlerini hem-de halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen, Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy diýip belledi. Şeýle hem Gaznanyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriniň Sebit meýilnamasyny kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistan AHHG-niň işini utgaşdyrmak ugrunda jogapkärçilik çekip, Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakynda sebitiň ýurtlarynyň Çarçuwaly Konsensiýa goşulmak işini çaltlandyrmak boýunça tagallalary edýär.Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Araly goramak meselesine eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez.

Ony üstünlikli çözmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze jemlenen, toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň yzygiderli gatnaşmagy zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-De-Žaneýroda geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (RIO+20) Türkmenistan BMG-niň işiniň aýratyn ugruny işläp taýýarlamagy, ony BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasy diýip atlandyrmagy teklip etdi, ol Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alyp bilerdi.

Aral deňzi sebitinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin AHHG-niň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ady agzalan maksatnamanyň esasy wezipesi bolup durýar.BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasy geljekde BMG-niň içerki suw howdanlarynyň meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin binýat bolup biler.

Häzir eýýäm şeýle Ýörite maksatnamanyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Milletler Bileleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlaryny türkmen tarapynyň teklibini goldamaga hem-de ony iş ýüzünde amala aşyrmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň ýene-de bir başlangyjyna ünsi çekdi.Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä Forumynda türkmen tarapy suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň täze görnüşi hökmünde “suw diplomatiýasyny” ilerletmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyz suw serişdelerini aýawly saklamak, olary oýlanyşykly we netijeli peýdalanmak bilen bagly ähli meseleleriň seredilmegine gönükdirilen yzygiderli gepleşikleri hut şonda görýär.

Türkmenistanyň bu teklibi häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygynyň töwekgelçilikleri azaltmaga gönükdirilen gurallarynyň gerekdigini belledi.Anyk ýazylan düzgünler, tertibiň özboluşly kodeksi zerur bolup, onuň ähli döwletleriň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanmagy hem-de ozaly bilen adamlaryň islegleri, olaryň adaty, asyrlarboýy emele gelýän durmuş gurluşy bilen şertlendirilendir. Şunda suw--dünýäniň ähli halklaryna degişli, tutuş adamzadyň umumy baýlygy diýen düşünjeden ugur alýarys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň suwa bolan elýeterliligi adamyň esasy hukugy diýip ykrar etmek hakynda başlangyçlaryny goldaýar diýip belledi. Şeýle çemeleşmäniň esasynda suw serişdelerini peýdalanmak üçin ählumumy hukuk hem-de olary netijeli dolandyrmak üçin jogapkärçilik durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak, aýratyn-da, howanyň üýtgemegi hem-de suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly meseleleri nazara almak bilen dolandyrmak meselesinde sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara alýan hukuk gurallarynyň döredilmegi Merkezi Aziýada möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerini öz içine alýan täze hukuk gurallary hakynda meselä ýakyn wagtda seretmegiň möhümdigine ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk diýen rezolýusiýasynyň taýýarlandygyny we ylalaşylyp kabul edilendigini ýatladyp, bu resminamanyň kabul edilmeginde beren goldawlary üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Rezolýusiýada BMG we AHHG ulgamynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň we utgaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi hem-de BMG-niň Baş sekretaryna, ýöriteleşdirilen edaralara we beýleki guramalara, Milletler Bileleşiginiň maksatnamalaryna we gaznalaryna, halkara maliýe institutlaryna Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekleri teklip edildi. Şeýle hem Gazna tarapyndan BMG-niň Baş sekretarynyň hasabaty üçin her ýylda maglumatlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu rezolýusiýanyň ähmiýetliligi aýdyňdyr.Onuň baş maksady Araly halas etmegiň meseleleri boýunça biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk etmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, türkmen Lideri nygtady.

Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara alyp hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine garalmagy hem-de olaryň çözülmegi ugrunda hemişe çykyş edip, bu meselelerde diňe sebitleýin ylalaşygyň gazanylmagynyň netijeli döwletara gatnaşyklar üçin ýeke-täk kabul ederlikli usul bolup durýandygyny dogry hasap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda suw we ekologiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy milli derejede iş alyp barmagyň degişli ýagdaýlaryna pugta daýanylmalydyr.

Bular biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-birinden bölüp bolmaýan işlerdir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunda her döwletiň öz eýeleýän ornuna we jogapkärçiligine doly derejede düşünmelidigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dürli pudaklarda milli meýilnamalary durmuşa geçirip, olary Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologiýa düzüm bölümleri, hususan-da, suw serişdeleriniň has oňaýly peýdalanylmagy bilen hemişe laýyk getirýär.

Suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagy Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr.Bu bolsa öz nobatynda ekologiýa abadançylygyny saklamak we daşky gurşawy goramak bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda suwarylýan ekerançylykda, gurluşykda hem-de gidrotehniki desgalary ulanmakda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň uly tejribesi toplanyldy.

Iri möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalygy ulgamyny netijeli ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky baş maksatnama durmuşa geçirilýär.Onuň çäklerinde täze suw arassalaýjy zawodlar gurulýar we ulanmaga berilýär. Ýokary ekologiýa ölçegleri nazara alnyp, deňiz suwuny süýjetmek boýunça işler alnyp barylýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen ýaşalýan ýerlerden şor we zeý suwlary sowýan akabalar ýeke-täk bir suw ulgamyna birikdirildi.

Bu örän täsin ulgam bolup, onuň bilen aýdyň tanyşmak bolýar.Häzir, bary-ýogy birnäçe ýyl geçen soň, tebigy biologiki ýagdaýlaryň netijesinde suw kabul ederlikli kadalara çenli arassalanyldy, ol ýerde ösümlikler hem-de balyklaryň we guşlaryň uly möçberi peýda boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, elde döredilen bu kölüň, aslynda örän çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň bina edilmegi bar bolan ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler uly ähmiýete eýedir.

Bu maksatlar üçin biziň ýurdumyzda halkara düzümleriň gatnaşmagynda, şol sanda bagy bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işleri hem birleşdirýän çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy hem-de durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mysal üçin diňe soňky 20 ýylda “Gök guşak” milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanda 90 milliondan gowrak bag ekildi.Umuman, Gaznanyň işlemeginiň 25 ýylynda ýurdumyzda birnäçe gidrotehniki desgalaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygy amala aşyryldy, Aral meselesiniň çözülmegine gönükdirilen tebigaty goraýyş, ekologiýa we beýleki çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, AHHG-ny esaslandyryjylar bolup durýan döwletleriň ählisini Araly halas etmegiň ynsanperwer maksatlaryna, Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak hem-de Aral ýakasynda ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemäge, bu ugurda ysnyşykly sebit we halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň hemişe ygrarlydygyna ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe söz berdi.Dostlukly döwletiň Baştutany şu günki duşuşygyň Araly halas etmegiň halkara Gaznasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny belläp, bu möhüm umumysebit meýdançasynyň hereket edip başlan ilkinji günlerinden başlap, Aral deňzi sebitiniň we Aralýakasynyň çylşyrymly durmuş-ykdysady, suw hojalyk we ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

AHHG-e halkara derejesinde işjeň gatnaşyklary saklaýar.Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Gaznanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýanynda synçynyň derejesine eýe bolmagyna ýardam etdi diýip, Prezident Nursoltan Nazarbaýew belledi.Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy we bähbidi bolup durýandygyny belläp, Gazagystanyň Lideri ähli döwletler tarapyndan çözgütleriň işjeň gözlenýändigini, netijeli pikirleriň we anyk taslamalaryň utgaşdyrylýandygyny aýtdy.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk halkara derejesindäki şanly waka bolup, suw serişdelerini we ekologiýany peýdalanmak meselelerinde sebitde birleşmek işine täze itergi berer.Bellenilişi ýaly, Sammitde täze ugurlar we wezipeler kesgitlenildi, olaryň çözülmegi Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu bolsa, bilelikdäki sazlaşykly hereketleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň sebitde hyzmatdaşlyk meselelerinde yzygiderli we ygtybarly hyzmatdaş bolup galýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy üçin gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa söz berdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany öz çykyşynda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak baradaky teklibi üçin türkmen Liderine ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Sooronbaý Žeenbekow durnukly häsiýete eýe bolýan sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn depginlerini belläp, şeýle birleşmeden ähli ýurtlaryň bähbit gazanýandygyny, Merkezi Aziýanyň bolsa, dünýäniň durnukly we ösýän sebitleriniň birine öwrüljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany netijeli çykyşy üçin Gyrgyz Liderine minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.Täjik Lideri çykyşynyň barşynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny döretmek hakynda 25 ýyl mundan ozal kabul edilen çözgüdiň möhümdigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, AHHG-niň çäklerinde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Aral deňzi sebitiniň meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmek hem-de sebit we halkara guramalary, hemaýatkär ýurtlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak, şol meseleleri çözmek üçin taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmaga serişdeleri gönükdirmek başartdy.

Täjigistanyň AHHG-niň işiniň ähli ugurlarynda netijeli gatnaşyklara hem-de özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Prezident Emomali Rahmon öňde goýlan maksatlary gazanmagyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy we onda aýdylan teklipler üçin ýokary derejeli täjik myhmanyna minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi. Özbek Lideri öz çykyşynda Gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň on ýyla golaý arakesmeden soň geçýän häzirki taryhy mejlisiniň guramanyň işinde täze sahypany açjakdygyny, Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Bu gün biz hyzmatdaşlyk etmäge pugta taýýardygymyzy ýene-de tassyklaýarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi.Aral meselesiniň ýaramaz täsirleriniň hötdesinden gelmek hem-de Aral ýakasynda durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak, umumy bähbitleri nazara almak bilen, sebitiň suw we ekologiýa meselelerini çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, Özbegistanyň Baştutany AHHG-niň bu ugurda ýeke-täk sebit guramasy bolup durýandygyny hem-de häzir ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň netijeli guralyna öwrülip biljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Baştutany özbek myhmanyna minnetdarlyk bildirip, eden çykyşlary üçin daşary ýurtly kärdeşlerine tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy. Şu gün geçirilen pikir alyşmalaryň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde geljekde bilelikde işlemäge ugurlary kesgitlemek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigine, aýdylan netijeli teklipleriň bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iş ýüzündäki anyk ädimlerde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammitiň işiniň tamamlanýandygyny yglan etdi.

Sammitiň işiniň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.Soňra Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň maslahatynyň işiniň netijelerini teswirläp, ilkinji nobatda, giňişleýin pikir alşandyklary, anyk netijeleri gazanmaga ymtylmalaryny we netijeli çemeleşmelerini görkezendikleri üçin daşary ýurtly kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki mejlisiň netijelerine baha berip, onuň özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýynda geçendigini, örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek diýip, türkmen Lideri aýtdy.AHHG-nyň işiniň dürli ugurlary, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, ony kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ugurlary we geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň barşynda AHHG bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, oňa ulgamlaýyn we uzakmöhletli häsiýet bermegiň zerurdygy nygtaldy.Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, şu ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda” diýen rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, şunuň ýaly, gatnaşyklar anyk mazmuna eýe bolmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan bu resminamanyň ähli düzgünleriniň takyk we öz wagtynda amala aşyrylmagy ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.AHHG-nyň halkara düzümler bilen gatnaşyklary babatda Aral meselesiniň BMG-niň işiniň aýratyn ugruna çykarylmagynyň wajypdygy bellenildi.

Bu teklip bilen Türkmenistan 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de Žaneýroda (RIO+20) durnukly ösüş boýunça maslahatda çykyş edipdi.Biz ony BMG-niň Aral üçin Ýörite Maksatnamasy diýip atlandyrdyk.

Ol özünde Aral deňziniň giňişliginde ýagdaýlary durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary jemläp bilerdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Biz şeýle hem suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň täze görnüşi hökmünde “suw diplomatiýasynyň” öňe ilerledilmegi ugrunda çykyş edýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi hem-de şeýle gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi babatda möhüm bolup durýar diýip belledi.

Suw we ekologiýa meseleleri boýunça gönüden-göni Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, bu babatda türkmen tarapynyň eýerýän ýörelgesi üýtgewsiz bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.Biziň ýurdumyz bu meseleleriň çözülmegi, birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbidini nazara almak bilen; we üçünjiden, halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy ugrunda çykyş edýär.

Umuman, Sammit biziň döwletlerimiziň Aral meselesini çözmekde hem-de sebitde ekologiýa meseleleriniň giň, ähli ugurlary boýunça bilelikdäki deňhukukly we hormat goýmak hyzmatdaşlygyna pugta gönükdirilendigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu gün hemmeler tarapyndan ýokary jogapkärçilik, öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna düşünilýändigi, şeýle hem möhüm ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmek babatda biziň ýurtlarymyzyň maksatlarynyň hem-de bähbitleriniň umumy bolup durýandygyna düşünilýändigi görkezildi.

Türkmenistanyň Baştutany duşuşyga işjeň gatnaşandyklary üçin AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentlerine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, häzirki Sammitiň üstünlikli işlemegine mynasyp goşantlaryny goşan ähli ýurtlaryň bilermenlerine, hünärmenlerine, diplomatlaryna hem minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejede geçen duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, şu Sammite çakylyk, myhmansöýerlik we onuň ajaýyp guralandygy üçin türkmen kärdeşine çuňňur hoşallyk bildirdi.Goňşy döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, şu günler bellenilýän nurana baýramçylyk Gurban baýramy bilen gutlady. Şu gün Aral deňziniň meseleleri boýunça hakyky ykbal ähmiýetli duşuşygyň geçirilendigini nygtap, Prezident Nursultan Nazarbaýew adamzadyň taryhynda iň iri ekologiýa heläkçiligi bolup durýan giň möçberli Aral meselelerine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Aral meselesiniň çözülmegi dünýä jemgyýetçiliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň , beýleki degişli düzümleriň goldamagynda umumy tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär.Häzirki duşuşygyň barşynda taraplar Gaznanyň işini kämilleşdirmek hakynda ylalaşdylar, ýaramazlygyň täsirlerine hötde gelmäge, Aral deňziniň sebitinde ylmy we toplumlaýyn çemeleşmegiň suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy, suw-energetika serişdelerini oýlanyşykly ulanmagyň esasynda ekologiýanyň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen netijeli teklipler aýdyldy.

Bu hem kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy.AHHG-ny esaslandyryjy döwletler umumy düşünje, özboluşly millilik mahsus bolan ýakyn goňşulardyr.Munuň özi halklarymyzyň abadançylygy üçin ykdysady hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmagyň zerurdygyny şertlendirýär, munuň üçin taraplar degişli çäreleri görýärler diýip, gazak Lideri belledi.

Gazagystanyň Baştutany Aral meselesi babatda geçirilen çynlakaý, giň gerimli ara alyp maslahatlaşmalara kanagatlanma, şeýle hem mundan beýläk AHHG-niň Sammitiniň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirip, möhüm waka hökmünde häzirki forumyň ähmiýetini nygtady hem-de netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş eden Prezident Sooronbaý Žeenbekow döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmaga teklibi üçin türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada syýasy gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär, suw- energetika gatnaşyklary boýunça degişli ylalaşyklary ýerine ýetirýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi. Şu gün Sammitiň barşynda AHHG-nyň işini kämilleşdirmek babatda Gyrgyzystanyň garaýşy beýan edildi diýip, belent mertebeli myhman çäkli görnüşdäki duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. “Araly halas etmek üçin biziň umumy maksadymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini we isleglerini deň nazara almak bilen, Gaznanyň we onuň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar” diýip, Prezident Sooronbaý Žeenbekow belledi.

Dostlukly ýurduň Baştutany sözüniň ahyrynda Merkezi Aziýa sebitinde ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, suw-energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gyrgyzystanyň açyk bolup galýandygyny belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň mejlisiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanandygyny belledi.

Biziň döwletlerimiz sebitiň ekoulgamynyň goralyp saklanylmagy üçin geljekki nesilleriň öňünde öz jogapkärçiligine aýdyň düşünýärler diýip, täjik Lideri Gaznanyň öňünde durýan uly wezipelere ünsi çekdi, olaryň amala aşyrylmagy, ähli taraplaryň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň ysnyşykly utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Täjigistan Gaznanyň işiniň ähli ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmäge we özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.Doganlyk döwletiň Baştutany soňky wagtda sebitde giň gerimli meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň oňyn meýilleriniň göze ilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Sebitleýin suw hojalyk we ekologiýa meseleleri boýunça taraplaryň netijeli garaýyşlary ruhubelentlik döredýär diýip, täjik Lideri suw-energetika we beýleki tebigy serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagy Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Prezident Emomali Rahmon howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.Sebitiň ilatynyň ösüşine aýratyn üns berildi.Ol suw serişdelerine bolan islegleriň artmagyna getirer.

Bu bolsa ýurtlarymyzy suw bilen üpjün etmek boýunça islendik meýilnamalary we maksatnamalary düzmek üçin esasy ýagdaý bolup durýar.Prezident Emomali Rahmon sözüniň ahyrynda bilelikde ösmegiň we hyzmatdaşlyk etmegiň asyrlardan gelýän däplerine daýanyp, ýurtlarymyzyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin hemme zerur işleri amala aşyryp biljekdiklerine ynam bildirdi. Öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, taryhy Sammit üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitiň öňünde durýan wezipelere täzeçe çemeleşmeginiň anyk mysalydyr. Özbek Lideriniň aýdyşy ýaly, şu gün çäkli we giňişleýin düzümde geçirilen mejlislerde örän açyk, anyk we ynanyşmak ýagdaýynda gepleşikler geçdi, anyk işlere geçmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Aral heläkçiliginiň meselesi düýpli oýlanyşykly çözgütleri talap edýär.Prezident Şawkat Mirziýoýew bular barada aýtmak bilen hem-de taraplaryň ýygy-ýygydan duşuşmaga umumy pikiriniň we meýilleriniň bardygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde hem-de Sammitde aýdylan teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmakda AHHG-a başlyklyk edýän Türkmenistanyň we hut türkmen Lideriniň birleşdiriji we utgaşdyryjy ornuny belledi. Özbegistanyň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýüzlenmegini tamamlap, geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma hem-de olaryň ýakyn geljekde anyk netijelerini berjekdigine ynam bildirdi.

Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de mähirli hoşlaşyp, Türkmenbaşy şäherinden ugradylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Ýene degişli makalalar

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny
Syýasat we jemgyýet: döredijiligiň we ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
11.10.2019 | Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy