24.08.2018 | Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, oňa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çagyrylan hökmünde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanlary dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda Aral deňziniň giňişliginde suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary has-da gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bu ulgamda onuň hereket etmeginiň 25 ýylynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) uly goşandyny bellediler.

Taraplar sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde Aral deňziniň giňişliginde suw serişdelerini bilelikde we toplumlaýyn dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça ozal kabul edilen çözgütlere ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Prezidentler çuňňur taryhy kökleri, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň umumylygy bolan halklaryň köpasyrlyk dostlugy ruhunda döwletara suw akymlaryny peýdalanmak we goramak babatda deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Rezolýusiýasynyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 18-nji iýunyndaky “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” diýen Rezolýusiýasynyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2016-njy ýylyň 21-nji dekabrynda “2018 — 2028-nji ýyllar üçin “Suw durnukly ösüş üçin” diýen hereketleriň halkara onýyllygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine kanagatlanma bildirdiler.

Prezidentler Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň mejlisiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler.Döwlet Baştutanlary Aral deňziniň giňişligindäki umumy ileri tutulýan suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, sebitiň döwletleriniň hem-de halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny we mümkinçiligini birleşdirmek üçin Aral deňziniň giňişligindäki ýurtlara kömek bermek boýunça (ADGK-4) hereket etmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny bellediler.

Taraplar Aral deňziniň giňişligindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereket etmegiň maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanmagyny goşmak bilen, Aral deňziniň giňişliginiň gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge çemeleşmeleriň ýakyndygyny nygtadylar. Şol meseleler ADGK-4-i işläp taýýarlamak boýunça kabul edilen maksatnamada beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanlary Aral meselesiniň güýçlenmegine hem-de onuň ýaramaz täsirlerine, tebigy hadysalaryň sanynyň we ýygylygynyň artmagyna, howanyň dünýä derejesinde üýtgemeginiň şertlerinde buzluklaryň tiz eremegine aladalanýandyklaryny beýan etdiler hem-de BMG-niň institutlaryny, halkara we sebitleýin guramalary bu meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarlar.

Taraplar Aral deňziniň giňişliginde, aýratyn-da, ekologiýa çökgünligine sezewar bolan zolaklarda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegi üçin tagallalary jemlemegiň möhümdigini ykrar etdiler.Taraplar suwuň, howanyň hapalanmagynyň, ýeriň ýaramazlaşmagynyň azaldylmagyna, bag ekilen meýdanlaryň köpeldilmegine, tebigy heläkçilikleriň, şol sanda suw joşgunlarynyň, sil akymlarynyň, gurakçylyklaryň töwekgelçilikleriniň azaldylmagyna, şeýle hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge we beýlekilere gönükdirilen ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanlary Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini pugtalandyrmak üçin “2018 — 2028-nji ýyllar üçin “Suw durnukly ösüş üçin” diýen hereketleriň halkara onýyllygy” boýunça ýokary derejedäki Duşenbe maslahatynyň, Merkezi Aziýa halkara ekologiýa maslahatynyň hem-de “Aral heläkçiliginiň täsirlerini peseltmek boýunça bilelikdäki hereketler: täze çemeleşmeler, innowasion çözgütler we maýa goýumlar” atly Daşkent halkara maslahatynyň netijeleriniň ähmiýetini bellediler.

Prezidentler Durnukly Ösüş Maksatlaryny we BMG-niň tebigaty goramak baradaky Konwensiýalaryny amala aşyrmaga, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ösdürmäge hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň işlenip taýýarlanmagyny goldadylar.

Döwlet Baştutanlary Aral deňziniň giňişligi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiligi baradaky meselä garamagyň zerurdygyny bellediler hem-de AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine bu mesele babatda sebitiň döwletleri, BMG-ä agza döwletler, Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen geňeşmeleri geçirmegi tabşyrdylar.

Prezidentler sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakynda 2006-njy ýylyň 22-nji noýabryndaky Çarçuwaly Konwensiýa goşulyşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýada suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn we oýlanyşykly peýdalanmaga Taraplaryň özara gyzyklanýandyklaryny nazara alyp, Aral deňziniň giňişliginiň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermek üçin sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen hem-de sebitiň döwletleri gatnaşyjylar bolup durýan halkara ýörelgelere we kadalara laýyklykda, serhetüsti suw akymlarynda gurulýan gidroenergetika desgalarynyň möhümdigini bellediler.

Taraplar AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň suw hojalyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Syrderýanyň ähli giňişligi boýunça suwa gözegçilik etmek işlerini awtomatlaşdyrmak üçin donorlary çekmek babatda bilelikdäki işleri geçirmek baradaky ylalaşyklarynyň wajypdygyny bellediler.

Gazak tarapy Merkezi Aziýanyň suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak boýunça durnukly sebitleýin guraly döretmegiň mümkinçiligini işlemegi teklip edýär.Prezidentler täze çagyryşlara öz wagtynda täsir etmäge, şeýle hem Araly halas etmäge gönükdirilen sebitleýin taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, Aral ýakasyny we Aral deňziniň giňişligini ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmak ulgamynda, şeýle hem serhetüsti suw akymlarynyň suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we goramak, suw hojalygy, energetika we durmuş-ykdysady ösüş babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy doly möçberde üpjün etmäge ukyply bolan netijeli we durnukly institusional guraly döretmek maksady bilen, AHHG-nyň guramaçylyk düzümini hem-de şertnama-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanlary häzirki zamanyň çagyryşlarynyň hem-de wehimleriniň çözülmegine ösüp gelýän nesliň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak boýunça ýaşlaryň sebitleýin hereketiniň möhümdigini bellediler.

Sebitiň işgärler we ylmy mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, özbek tarapy sebitiň döwletleriniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleriniň Daşkentdäki institutynyň binýadynda suw serişdeleri we daşky gurşawy goramak, şeýle hem bilelikde düzgünara barlaglary geçirmek ulgamynda işgärleri bilelikde taýýarlamagy we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmagy guramagy teklip etdi.

Taraplar AHHG-nyň Müdiriýetine gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny işläp düzmegi hem-de onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdylar.Döwlet Baştutanlary AHHG-na, şol sanda ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmaga we Aral deňziniň giňişliginde durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen sebitleýin taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak arkaly sebit ähmiýetli meseleleriň toplumyny çözmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň özara gatnaşyk etmegi üçin köptaraply meýdança hökmünde garap, bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Taraplar Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler.Türkmenbaşy şäheri, 2018-nji ýylyň 24-nji awgusty.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy
Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlardan öýleri girewe goýup satyn almaga karzlar berler