24.07.2017 | Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki işjeňligini beýan etdiler

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk üçin şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.Daşary ýurtlaryň metbugatynda çap edilýän, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işiniň dürli ugurlaryny giňden beýan edýän makalalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Pakistanyň meşhur “Overseas Pakistani Friends” elektron gazeti gündelik sanlarynyň birinde Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegine bagyşlanan makalany çap etdi. Çökgünlikleri we syýasaty öwrenmek merkezi hem (“Ankara Center for Crisis and Polisy Studies “Ankasam”) (Türkiýe) öz saýtynda şu makalany ýerleşdirdi.

Okyjylar köpçüligine Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy hödürlenildi.Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüş meseleleriniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sebitiň döwletleriniň halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ähli ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň möhüm şerti bolan serhetýaka suw serişdelerini netijeli hem-de rejeli ulanmak bu gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Suw Ýer ýüzünde ýaşaýşyň çeşmesidir.Gadymy döwürlerden başlap, häzirki güne çenli suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň hem-de tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş taýdan ösüşine gönüden-göni täsir edýär.

Häzirki zaman şertlerinde suwuň sarp edilişiniň yzygiderli artmagy bilen, onuň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly mesele ýüze çykýar.Bu meseläniň oňyn çözülmegi bolsa sazlaşykly hem-de ýokary derejeli jogapkärçilikli we uzakmöhletli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär.

Türkmenistan “sebitde suw diplomatiýasynyň öňbaşçylarynyň” biri hökmünde çykyş etmek bilen, şeýle çemeleşmeleri görkezýär diýip, makalanyň awtory belleýär hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça sammitinde, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda bolan VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlaryna ünsi çekýär.

Makalada döwlet Baştutanymyzyň çykyşyna salgylanyp bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýada suw meselesi sebit proseslerini ösdürmegiň möhüm, kä halatlarda bolsa, kesgitleýji şerti hökmünde çykyş edýär. Şeýle şertlerde diňe sebitdäki ylalaşyklylyk sebitiň döwletleriniň netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin ýeke-täk kabul ederlikli binýat bolup durýar.

Bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriniň derwaýysdygyny şertlendirýär.

Makalada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döredilmeginiň taryhy we işi barada gürrüň berilýär.Bu gazna Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan döredildi. 2008-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesi berildi.

Munuň özi halkara guramalary, maýadar döwletler, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine oňyn täsir etdi.Hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasy”, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde tassyklanylan “Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak we Aralyň ýakasynda ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almak boýunça çäreleriň maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

Mundan başga-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň düzüminde Durnukly ösüş boýunça döwletara topary (DÖDT) hem-de Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary (DUSHT) döredildi.DÖDT-niň esasy wezipesi Araly halas etmegiň halkara gaznasyna agza ýurtlaryň daşky gurşawy goramak hem-de sebitiň durnukly ösüşi ulgamyndaky hereketlerini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Aşgabatda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binýadynda DÖDT-niň Ylmy-maglumat merkezi döredildi.Ol durmuş-ykdysady ösüş, Aral sebitiniň meselelerini çözmekde ylmy we ekologiýa taýdan hyzmatdaşlyk boýunça maslahatlary işläp taýýarlaýar. 2006-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda sebitiň ýurtlarynyň birnäçesi bilen Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakyndaky Çarçuwaly Konwensiýa gol çekilmegi Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň işinde möhüm waka boldy.

Sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, bitewi suw hojalyk syýasatyny işläp taýýarlamak, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek we olary goramak, suw serişdelerini hasaba almagyň hilini we takyklygyny ýokarlandyrmak hem-de suwy paýlamaga awtomatlaşdyrylan serişdeleri ornaşdyrmak, derýalaryň kenarlaryndaky sebitleriň suw üpjünçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görmek DUSHT-niň wezipeleriniň hataryna girýär. Şunda ýokarda agzalan Toparyň ýanynda “Amyderýa” we “Syrderýa” suw hojalyk birleşikleri hereket edýär.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň alyp barýan işi Araldaky kynçylykly ýagdaýyň netijelerine garşy göreşmäge hem-de Aralyň ýakasynda ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almaga, bioköpdürlüligi aýawly saklamaga we tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Gün tertibinde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek üçin hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak (PBAM-4), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, Aral deňzi sebiti boýunça bitewi sebitleýin maglumat ulgamyny hem-de maglumatlar binýadyny döretmek we beýleki meseleler durýar.

Bularyň ählisi sebitiň ýurtlarynyň ählumumy abadançylyk we rowaçlyk maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

AHEHG-ynyň Ýerine ýetitiji komiteti işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Sebit işçi toparynyň mejlisi
16.05.2018 | Sebit işçi toparynyň mejlisi
13.11.2017 | Türkmenistan “suw diplomatiýasynyň” esasy ugurlaryny döredýär
Türkmenistan “suw diplomatiýasynyň” esasy ugurlaryny döredýär
Türkmenistanda garagyş döwri başlandy