Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp sanly adamlar täzelenişiň, täzeden döreýşiň baýramçylygyny belleýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halky we işewür toparlary Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze ugurlary kesgitleýärler. Ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini peýdalanyljakdygyna ynanýaryn.
Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!Hormatlamak bilen Donald Tramp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident, gadyrly doganym! Öz adymdan we türk halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny täze başlangyçlaryň, biziň ýurtlarymyzyň asyrlar aşyp gelýän umumy däpleri bolan dostlugyň, doganlygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, bitewüligiň we jebisligiň nyşany bolan bahar buşlukçysy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Balkan ýurtlaryndan Orta Gündogara, Anadolydan Merkezi Aziýa çenli Nowruz baýramyny uly şatlyk bilen belleýäris.Arzuw-umytlaryň, täzelenişiň hem-de agzybirligiň baýramy bolan Nowruz mynasybetli Ýer ýüzüne abadançylyk, söýgi we doganlyk baradaky arzuwlarymyzy aýdýarys.
Nowruz baýramynyň diňe bir ýurtlarymyza hem-de sebitlerimize däl, eýsem, tutuş adamzada üstünlik we parahatçylyk getirmegini dileg edýärin.Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna bolsa abadan we parahat durmuş arzuw edýärin!
Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!Baharyň, täzelenişiň we bagtyýarlygyň nyşany bolan hem-de tebigatyň we adamlaryň bitewiligini alamatlandyrýan Milli Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.
Nowruz baýramy özüniň ruhy galkynyşy, ýyly mähri bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar hem-de dostluk, raýdaşlyk, deňlik duýgularyny işjeňleşdirýär we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.Bu baýram ýüreklerde beýik duýgulary oýaryp, adamlary hoşniýetlilige çagyrýar hem-de nurana geljege bolan ynamy pugtalandyrýar.
Ol özünde ýokary gymmatlyklary jemläp, türki halklaryň medeni mirasynyň ruhy hazynasynyň sanawyna girdi.Bu ajaýyp baýramçylygyň her bir öýe ýagşylyk, bolçulyk we bagt getirmegini arzuw edýärin.Gagauz awtonomiýasyna yzygiderli üns we goldaw berýändigiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtmaga rugsat ediň!
Bilelikdäki işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de türkmen hem-de gagauz halklarynyň bähbidine dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanjakdygyna ynam bildirýärin. Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak hem-de iň gowy arzuwlar bilen, Irina Wlah, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk bölünişiginiň baştutany