24.03.2018 | 25-nji martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler

Türkmenistan türkmen jemgyýetiniň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, türkmenleriň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda ygrarly bolan hem-de täze taryhy eýýamda ýene-de dabaralanýan halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerini has-da ösdürmek ugrunda täze möhüm ädim ätmäge taýýarlanýar.

Ertir — 25-nji martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar.Ildeşlerimiz öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek bilen Mejlise, wekilçilikli ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna has mynasyp wekilleri saýlarlar.

Görlüp-eşidilmedik ykdysady galkynyş, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen bir hatarda öz geljeginiň, milletiň we döwletiň geljeginiň döredijisi hökmünde ildeşlerimiziň jemgyýetçilik-syýasy gözýetiminiň derejesi we aňyýeti hem yzygiderli artýar.

Mejlisiň deputatlaryndan başga-da, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşler ýaly düzümlere ýurdumyzyň mizemez demokratik ýörelgelere daýanýan syýasy ulgamynda aýratyn orun berilýär.

Olar jemgyýetiň has mynasyp, durmuş taýdan işjeň agzalaryny birleşdirýär.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki saýlawlar demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýar.Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, häzirki saýlaw möwsümine taýýarlyk görmegiň barşynda uly möçberli işler geçirildi. Şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň wekilleriniň bolşy ýaly, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem çekildi.

Saýlawlara taýýarlyk döwletimizde hereket edýän Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugyň kadalaryna pugta laýyklykda amala aşyryldy.Bu gün ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda doly taýýarlyk yglan edildi. Şol uçastoklaryň her biri ses bermek üçin içi görünýän gutular, şol sanda göçme saýlaw býulletenleri hem-de hemme zerur bolan maglumat beriş we usulyýet gollanmalary bilen öz wagtynda üpjün edildi.

Ses bermek üçin ýörite otaglar, enjamlaşdyrylan ýerler bölünip berildi.Saýlaw uçastoklarynyň her biri ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahaty bilen Türkmenistanda ilkinji gezek ulanyljak saýlawlar gününde käbir saýlaw uçastoklarynda on-line ýagdaýda görkezmek mümkinçiligi häzirki saýlawlaryň täzeligi bolup durýar.

Bu bolsa saýlawlaryň ýokary derejede aç-açanlyk ýagdaýda geçýändigine, şeýle hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga ymtylmanyň uludygyna şaýatlyk edýär.Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Şol saýlaw toparlarynyň düzümine syýasy partiýalaryň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler.

Işjeňleriň tagallalary bilen ýerlerde ilat arasynda giňden düşündiriş işleri geçirildi.Mundan başga-da, adamlar saýlawlar gününde haýsydyr bir sebäbe görä, ýaşaýan ýerinde bolup bilmejeklerini nazara alyp, möhletinden öň ses bermek hukugyndan peýdalandylar.

Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleriň sanalmagynyň başlanýan pursadyna çenli möhürlenen ýörite gutularda saklanar.Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary kesgitlenilen we ylalaşylan tertibe laýyklykda geçirildi.Olaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen öňünden habar berildi. Şunda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz ediş işlerini alyp barmak üçin dalaşgärlere deň şertleriň hem-de mümkinçilikleriň berlendigini nygtamak möhümdir.

Saýlawlara milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň gatnaşmagy onuň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýda geçmegine ýardam berer. Şol synçylar üçin okuw maslahatlary geçirildi. Öňde boljak ähmiýetli syýasy waka barada aýtmak bilen, saýlaw möwsüminiň açyklyk we aýdyňlyk babatdaky halkara ýörelgelere eýerip, Türkmenistanyň saýlawlara syn etmek üçin giň dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini çagyrandygyny nygtamak gerek.

Türkmenistana Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri geldiler. Ýakynda Merkezi saýlaw toparynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň wekilçilikli toparynyň baştutanydyr.Ol tamamlaýjy tapgyryna gadam basan häzirki jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň alyp baran taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.

Umuman, saýlaw möwsümi asuda ýagdaýda, açyk bäsdeşlik ruhunda, kämil görnüşde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär diýip S.Lebedew nygtady hem-de GDA-nyň wekilçilikli synçylarynyň öz gutarnykly netijelerini we berjek bahasyny saýlawlara gözegçilik etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini belledi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy wekilçilikli synçylaryň çagyrylandygy we işlemäge döredilen şertler üçin Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi hem-de ýurtda bolup geçýän giň demokratik özgertmeler ýolunda ähmiýetli ädim bolup durýan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýlelikde, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz ediş işleri tamamlandy.

Ertir bolsa — ýekşenbe güni 25-nji martda sagat 7-den 19-a çenli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda açylan uçastoklary hem goşmak bilen, ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Polisiýa Türkmenistanyň şübheli’ adamlaryna telefon etmäge başlady
Ýuridiki konsultasiýalar. Polisiýa işgäri pasportyňy alyp bilýärmi? Aşgbatda propiskasyz ýaşamak mümkinmi?
Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna syn. Sentýabr 2017. AHTI-niň hasabaty
20.03.2018 | GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär