Şu gün ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy.Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 11-nji ýanwarda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Türkmen Awtoban ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmegi hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň birinji aýynda kabul eden bu çözgüdi ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornuny artdyrmagyň, onuň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.
Resminamada işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we awtoulag ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyryň dowamynda ulanmaga bermek bellenildi.Işleriň şol tapgyrlarynyň soňkusy 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklary üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk we Açyk gapylar syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Biz geljekde hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Bu goldaw köpugurly bazar ykdysadyýetini döretmäge hem-de ilatyň durmuş derejesini, onuň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa, biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakyndaky Karara gol çekip, munuň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekde taryhy wakadygyny aýtdy.Häzirki döwürde bolsa telekeçilik hünär ösüşiniň we durmuş jogapkärçiliginiň täze derejesine çykýar. Şu gün Aşgabadyň golaýynda awtobanyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabarada bu taryhy wakanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedow, hormatly ýaşulular gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.Olar döwletimiziň okgunly ösüşe eýe bolan hususy ulgama uly ynam bildirýändigini we ony ýakyndan goldaýandygyny aýratyn bellediler.
Telekeçilik diňe bir ykdysady wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlary bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar hem-de innowasion işleri ilerlediji hökmünde türkmen işewürligine ýurdumyzyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň milli nusgasynda esasy ornuň degişlidigini belleýär.
Dabaranyň çäklerinde halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň köpöwüşginli sergisi, bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň çykyşlary guraldy.Bularyň ählisi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýyp, ýygnananlarda ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ilkinji böleginiň gurluşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan geljekki awtobanyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýere ýygnananlara wideoşekiller görkezildi. Şeýlelikde, Türkmenistanda ýene-de bir giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek işi badalga aldy.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtobanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýollary çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalaryny ulanmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.Milli Liderimiziň tabşyryklary hususy gurluşyk kompaniýalary, taslamany düzüjiler hem-de inženerler üçin ýolgörkeziji boldy.
Işleriň ýokary hilli hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek olar üçin esasy talap bolup durýar.Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar.
Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar.Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.
Awtobanyň ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-si gurlar.Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar. Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar.
Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar.Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.
Awtobanyň ugrunda ýörite telefon ulgamy ýerleşdirilip, olar ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezindäki dolandyryş otagy bilen bagly bolar.Ulgam arkaly ýolagçylara zerur bolan gyssagly hyzmatlar ediler we kömek berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýoluň Aşgabat — Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, Tejen — Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary —Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän Türkmen Awtoban ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça Nusaý ýollary hususy kärhanasy hem-de Hyzmat merkezi, Oguz ýoly, Altyn nesil hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrarlar.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň ýokary hünär ussatlygyna, iş başarjaňlygyna hem-de uly mümkinçiliklerine esaslanyp, olara jogapkärli tabşyryklary ynanýar.Milli Liderimiziň ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň gurluşygyny telekeçilere tabşyrmak baradaky meýlini ilkinji gezek ýurdumyzyň telekeçileri bilen 2018-nji ýylyň martynda beýan edendigini ýatlatmalydyrys. Şonda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2024-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasy kabul edildi.
Bu maksatnama ýurdumyzyň işewürliginiň ösüşini höweslendirmegiň nobatdaky çäresi boldy. Şonda milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ak mermerli paýtagtymyzda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem-de mähriban Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde desgalary gurmaga saldamly goşant goşýandygyny aýdyp, ulanmaga berlen ýüzlerçe durmuş maksatly desgalaryň ýokary hilini belledi. Şolaryň hatarynda kitaphanalar we myhmanhanalar, söwda-dynç alyş merkezleri, täsin sport toplumlary hem-de halkara howa menzilleri we beýleki köp sanly desgalar bar.
Mundan başga-da, telekeçiler ykdysadyýetimiziň täze döredilen pudaklaryny ösdürmäge, şol sanda iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gazylyp alynýan peýdaly gymmatlyklary senagat taýdan gaýtadan işlemäge işjeň gatnaşýarlar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy haryt öndürijileriň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny belleýär.
Olar ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hem-de senagat harytlarynyň aglaba bölegini öndürip we olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyryp, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.
Türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary hem daşarky bazara çykmagy başardylar.Moldowa Respublikasynda çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda wekilhanalarynyň açylmagy Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam edýär.
Hytaýyň Sinin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek, Gruziýanyň Tbilisi hem-de Owganystanyň Mazari-Şarif şäherlerinde türkmen önümlerini ilerledýän söwda öýleri we merkezleri hereket edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ykdysadyýeti ösdürmekde telekeçilere aýratyn orun berip, işewürleri ýerli çig maly ulanmak arkaly ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge çagyrýar. Ýurdumyzyň işewürleriniň Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlary ýatagynda guruljak kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasy hem şeýle bolmalydyr.
Deslapky hasaplamalara görä, bu kärhana ýylda kaliý magdanynyň 3,5 million tonnasyny hem-de hlorly kaliniň 700 müň tonnasyny öndürer.Döwletimiz bu taslama üçin hem ägirt uly serişdeleri goýberýär.
Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna berlendigini aýtmalydyrys.Hormatly Prezidentimiz ýakyn hem-de uly möhletli geljekde bu ädimiň netijeli boljakdygyna bil baglaýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, hut işewürligiň çeýeligi we ykjamlygy, onuň bazaryň ýagdaýyny oňat bilmegi, çalt öwrenmegi, tutanýerliligi hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmegi, özboluşlylygy, ahyrky netijede, okgunly öňe gitmek hem-de gülläp ösüş gazanmak üçin üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerur bolan häsiýetlerdir.
Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur çäreler görüldi, milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen iň batyrgaý meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.Türkmen telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, önümçiligiň hem-de marketingiň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýärler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynda ştrihli kodlaşdyrmak boýunça Milli gurama döredildi.Türkmenistanda öndürilen ştrih-kod önümleri dünýä bazarlarynda işjeň hereket edýär.Türkmen işewürliginiň maddy-enjamlaýyn binýady, hususy önüm öndürijiler ulgamynyň düzümi hem berkidilýär.
Bu ulgam daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Şu ýyl Aşgabatda türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan iri edara-işewürlik hem-de söwda toplumynyň 100-e golaý binasy ulanmaga berildi.
Bu toplumyň açylyşyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şu ýyl, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň işewürliginiň has-da ösjekdigi, onuň täze üstünlikleri gazanjakdygy we belent sepgitlere ýetjekdigi şübhesizdir. Şu gün badalga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem munuň girewi bolup biler.
Bu awtomobil ýoly Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda täze, ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar.
Ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.Bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Bu teklipleriň derwaýyslygy hem-de zerurlygy äşgärdir, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.
Ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoluny, Amyderýanyň üstünden gurlan döwrebap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny, Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portuny nazara alanyňda, ýurdumyzyň üstaşyr gatnawlar ulgamyndaky kuwwaty haýran galdyrýar.
Mundan başga-da, biziň hünärmenlerimiz tarapyndan Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýoly guruldy.Onuň işe girizilmegi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany Türkmenistanyň ulag ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollarynyň ulgamyna birikdirmek babatdaky pikiri iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Geçen ýylyň ahyrynda Lazurit geçelgesi boýunça hereket ýola goýuldy.Ilkinji synag awtoulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden Serhetabada geldi, şol ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna ugrady.Soňra onuň ýoly Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana — Bakuwyň halkara deňiz söwda portuna we şol ýerden Türkiýä dowam etdirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.Munuň özi hem Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde garamak, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.