23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti täze suw arassalaýjy desgany açdy, türkmen halkynyň Milli Lideri Eýrana sapar bilen bardy, Aşgabatda iki sany iri çörek öndürýän zawodyň gurulmagy meýilleşdirilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan Bagtyýarlyk agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar.

Açylyň dabarasynyň çäklerinde döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly, tansly kompozisiýalary ýerine ýetirildi.Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşuryldy. 2.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy paýtagtda ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine dabaraly ýagdaýda iki sany Dialog+ kysymly gemodializ enjamyny sowgat berdi. 3.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi.Sergeý Lebedew GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ol Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy. 4. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Lebedew bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Sergeý Lebedewe GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. 5. 22-nji maýda agşam türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen bardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň dikuçar heläkçiliginde wepat bolmagy sebäpli Tähranda geçirilýän matam çärelerine gatnaşdy. 6.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfizika ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow Rumyniýanyň paýtagtynda geçirilen inženerçilik hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda umumy fizika boýunça halkara olimpiadasynda 1-nji orny eýeledi.

Olimpiada 2 ugry nusgawy we häzirki zaman fizika ugurlaryny öz içine aldy.Gowşut Akmyradow häzirki zaman fizika ugrundaky bäsleşikde ýeňiji boldy. 7.Aşgabatda çörek we çörek önümlerini öndürýän iki sany iri zawod gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmengallaönümleri döwlet birleşigi bu taslamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.Bäsligiň resminamalaryna laýyklykda, ýyllyk kuwwaty 15 müň tonna galypda taýýarlanylan çöregi, 14.5 müň tonna türkmen milli çöregini, 500 tonna çörek we konditer önümlerini hem-de 600 tonna gury hamyrmaýa taýýarlaýan zawod gurmak meýilleşdirilýär.

Dünýäde

8. Ýaponiýanyň 59 ýaşly ýaşaýjysy 62 ýaşly aýalynyň kellesine banan gabygy bilen urandan soň tussag edildi.Aýalyň özi adamsynyň serhoşdygy, ony kemsidilendigi we eýýäm miwe zorlugyny ulanandygy hakynda şikaýat edip, polisiýa ýüzl tutdy.

Wakanyň bolan ýerine gelen hukuk goraýjy işgärler dawa turuzan adamy sorag etdiler we ol utanjyndan günäsini boýun aldy.Bu adam düşünişmezligiň sebäbiniň awtoulagyny olaryň ýerinde nädogry goýan goňşusydygyny düşündirdi.

Ol goňşusy bilen parahatçylyk bilen düşünişmek isledi, ýöne aýaly onuň beýle etmezligi üçin elinden gelenini etdi.Muňa gahary gelip, ilkinji eline ilen zady alyp, oňa zyňdy, bu banan gabygy bolup çykdy. Şeýle hem ol polisiýa bilen dawa-jenjel edip, munuň ýönekeý maşgala meselesi bolandygyny we bu meselä olaryň goşulmaly däldigini aýtdy.

Polisiýa bu wakanyň indi derňelýändigini, bu adamyň hüjüm we maşgala zorlugy üçin hökman jogap berjekdigini aýtdy. 9.Saud Arabystanynda ýurduň taryhynda ilkinji gezek moda sergisi geçirildi, onda modeller ýüzülýän geýimleri görkezdiler. Ýüzülýän geýimleriň toplumyny marokkoly dizaýner Ýasmina Kanzal hödürledi.

Ol gyzyl, gaýmak we gök reňklerdäki birleşdirilen, eginleri açyk we bölekleýin garny açyk geýimleri görkezdi.Düzgün-tertibiň berkdigine garamazdan, dizaýner diňe bir owadan däl, eýsem, arap dünýäsiniň özboluşlylygyny görkezýän ýüzülýän geýimleri tanyşdyrmak kararyna geldi.

Sport habarlary

10. 22-nj maýda Ýewropa ligasynyň final oýny geçirildi.Dublin şäherindäki Awiwa stadionynda geçirilen oýunda Italiýanyň Atalanta kluby Germaniýanyň Baýerini 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňiş gazanan toparyň düzümindäki gollaryň üçüsini hem Ademola Lukman derwezä gönükdirdi.

Baýer şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar bolup, 51 oýunlap dowam eden ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy. 11.Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky futbol boýunça Türkmenistan milli ýygyndysynyň tälimçiler topary iýun aýynda geçiriljek 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna saýlama oýunlary we ondan öňki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin toparyň düzümini yglan etdi.

Giňeldilen sanawda 25 oýunçy bar. Şikes alandyklary sebäpli Gonkongyň Kitçi toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow we Arkadagyň derwezebany Resul Çaryýew öňümizdäki oýunlarda oýnap bilmezler.Milli ýygyndynyň türgenleşigi 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy
Atalanta Ýewropa ligasynyň finalynda Baýeri ýeňdi
11.08.2019 | Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy
Türkmenistan MTS-iň şikaýatlaryndan gorajak aklawçysyny kesgitledi