23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär

Çäreleriň çäginde paýtagt Lefkoşa şäherindäki Atatürk ýadygärliginiň öňünde dabara geçirildi.

Dabarada çykyş eden DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar, milli özygtyýarlylygyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Häkimiýet, öz şahsyýetimiz bilen, gymmatlyklarymyz bilen, milli we ruhy duýgularymyz bilen bu topraklarda barlygymyzy dowam etdirmegiň ýeke-täk kepilligidir" diýip belledi.

DKTR-nyň Gazimagusa, Girne, Güzelýurt, Iskele we Lefke şäherlerinde hem 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Gyrgyzystanda hem 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Türkiyäniň Bişkek şäherindäki ilçihanasy Bişkek Atatürk seýilgähinde Mustafa Kemal Atatürkiň ýadgärliginiň öňümde resmi dabara geçirdi.

Dabara ilçihananyň işgärleri, Türkiyäniň Bişkek şäherindäki edaralaryň resmileri we wekilleri, uniwersitetden myhmanlar, mugallymlar, işewür adamlar, ahyska türkleri we türk raýatlar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Atatürküň Doglan Öýüni Görmäge Her Gün Ýüzlerçe Adam Gelýär
Amasýa Jarnamasy
Estoniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolýar