23-nji aprel Halkara iňlis dili güni

Halkara iňlis diliniň güni ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki resmi dilleriniň güni ýaly, 2010-njy ýylda bellenildi.BMG bu senenamada resmi dilleriň her biriniň gününi belleýär.

Iňlis diliniň bellenilen senesi 23-nji aprel.Bu sene beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň iň meşhur dramaturgy William Şekspiriň doglan gününe bagyşlandy. Şahyryň eserleriniň arasynda Romeo we Julýetta, Otello, Hamlet, Daniýanyň şazadasy, Patyşa Lir we başga-da birnäçe eserler ýygyndysy bilen dünýäniň ähli okyjylaryna mälimdir.

Iňlis diliniň giňden ýaýramagy bilen, Şekspiriň eserleriniň muşdaklarynyň köpüsi onuň kitaplarynyň asyl nusgasyny okaýarlar.

Häzirki wagtda iňlis dili “dünýä dili” diýlip hasaplanýar onlarça ýurtda bir milliarddan gowrak adam bu dilde gepleşýärler.Bu diňe bir iňlisleriň däl, ABŞ-nyň, Irlandiýanyň, Kanadanyň, Maltanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylarynyň hem ene dilidir.

Aziýanyň we Afrikanyň käbir ýurtlarynda hem resmi dil hökmünde hem ulanylýar.Bu dilde gepleşýänlere Anglophones diýilýär.Standard English diýip atlandyrylýan arassa iňlis London şiwesi dürli sebitlerde wagtyň geçmegi bilen özgerdi. Şeýlellikde iňlis diliniň başga şiweleri peýda boldy.

Mysal üçin amerikan iňlis dili, awstraliýa iňlis dili ýaly.

Mundan başga-da iňlis dili, fransuz dili bilen birlikde, BMG-niň sekretariýatynyň dili we guramanyň alty resmi diliniň biridir. Häzirki wagtda iňlis dili gününde BMG-niň sekretariýaty dürli çäreleri, tegelek stollary, konferensiýalary, ýaryşlary, meşhur ylmy sergilerini we dil sapaklaryny geçirýärler, bu bolsa, hemmelere iňlis dili we medeniýeti bilen giňden tanyşmaga uly mümkinçilik berýär.

Umyt ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

The post 23-nji aprel – Halkara iňlis dili güni appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Žibek gazak eposy häzirki döwrüň sungat dilinde
Türkmenistanyň baş drama teatrynda Romeo we Julýetta atly sahna eseri görkezildi
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler