23.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklanyny tassykladylar.

Syýasy ulgamda döwletara gatnaşyklary barada aýtmak bilen, söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda iki dostlukly ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar.

Pakistanyň tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan türkmen döwletiniň halkara başlangyçlaryny gollaýandygyny bellemek bilen, Prezident Mamnun Huseýiin biziň ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli teklipleri ilerletmek we ozaly bilen, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça alyp barýan giň gerimli işlerine ýokary baha berdi.

Döredijilikli başlangyçlary durmuşa geçirmekde berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Pakistanyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyna we eýeleýän ähmiýetli ornuna uly hormat bilen garaýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmek maksadynda bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşini fewral aýynyň ikinji ýarymynda geçiriljek çärelere—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Türkmenistanyň öz hasabyna, maddy-enjamlaýyn serişdeleriniň we işgärleriniň hasabyna gurýan Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Mamnun Huseýn çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sebitiň durnukly ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.Pakistanyň energetika ulgamynda, şol sanda elektrik energiýasyny we gazy ibermek babatda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, munuň özi ýurduň energiýa serişdelerine bolan islegi bilen şertlendirilendir.

Dostlukly döwletiň Baştutany TOPH transmilli gazgeçirijisiniň gurulmagynyň ähli ugurlarda diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýä derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.Pakistanyň Baştutany ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, sebitara ulag ýollaryny döretmek meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mamnun Huseýn öz ýurdunyň Türkmenistanyň bu ugurda başyny başlan taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşler hökümetara ylalaşyklaryny amala aşyrmagyň barşyna oňyn baha berip, häzirki ýagdaýlary hem-de geljek üçin döwri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolandygyny belläp, döwlet Baştutanlary geljekde hem Türkmenistan we Pakistan üçin ileri tutulýan ugurlarda tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň baý taryhy we çuňňur däpleri bolup, taraplar şolary ugur edinmek bilen, ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler.

Iki ýurduň Liderleri türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda pikirlerini aýtdylar.Telefon öhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara geljekde hem ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ruhunyň mahsus boljakdygyna ynam bildirip, birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Häzirki zaman özbek edebiýaty
28.05.2019 | Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
08.09.2019 | Milli medeniýetimiziň ösüşine goşant üçin ýokary döwlet sylaglary