23.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýlan, oňyn depgin bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.Umumy pikire görä, ýokary derejedäki işjeň gepleşikler däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasdyr. Şol gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýärler.

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenme bilen çykyş etmegi iki ýurduň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine kybap gelýän halkara derejedäki netijeli gatnaşyklaryň subutnamasyna öwrüldi.

Mejlisiň çäklerinde taraplar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Toparyň agzalary bolan ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň syn beriş häsiýetli çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň mazmuny, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, häzir amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, baý tebigy serişdeler hem-de ägirt uly ykdysady we eksport mümkinçilikleri iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin uly geljegi açýar.

Koreýa Respublikasynyň wekilleri ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde abraýa eýe bolan ýurdumyz bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giňden gyzyklanmalaryny beýan edip, türkmen bazarynyň özüne çekijidigini bellediler.Nygtalyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanmasynyň artmagyna köp babatda daşary ýurt maýasy üçin has amatly şertleriň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan iň oňat dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasaty ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, gaz we nebithimiýa, himiýa pudaklarynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşmagyndaky iri taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny bina etmek taslamalary boldy.

Koreý tarapyndan toparyň agzalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Hususan-da, “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de bu ulgamyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi uly görünýär.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň agramly bölegini eýýäm Koreýada öndürilen awtobuslar we awtomobiller düzýär, şolaryň getirilmegi geljekde-de dowam eder.

Şeýle hem geljegi uly birnäçe beýleki ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, dokma senagatynda, aragatnaşykda, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, suw serişdelerini dolandyrmakda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Taraplar ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, yzygiderli esasda sergileri, maslahatlary, işewür duşuşyklary we forumlary geçirmek teklip edildi.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köptaraply türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Şu gün Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynda daşary döwletler we halkara guramalar bilen maglumat ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini ençeme gezek nygtandygy bellenildi.

Türkmen tarapy Mir DTRK-a ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýän köp millionly tomaşaçysy bolan öňdebaryjy teleradioýaýlyma goýberiş kompaniýalaryň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mir döwletara teleradiokompaniýasynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hereketleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň we Mir DTRK-niň arasynda maglumat syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Mir döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminamalara gol çekilmegi Mir DTRK-niň serişdelerinde täzelikleriň hem-de maglumat-syn beriş materiallaryň ýerleşdirilmegi arkaly türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde möhüm ädimdir.

Şu gün Ženewada onlaýn görnüşde Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalardan, şol sanda Türkmenistandan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi hem-de owgan halkynyň döwletliligini, ykdysady taýdan goşulyşmagyny we abadançylygyny berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalara ýardam bermegi maksat edinýändigi bellenildi.

Türkmenistan bu ugurda anyk çäreleri görýär. Iki goňşy ýurduň hyzmatdaşlygy durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli iri taslamalara we maksatnamalara daýanýar.

Owganystanyň ählitaraplaýyn ösüşi üçin ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň aýratyn ähmiýetini nazarda tutmak bilen, ýurdumyz ençeme iri halkara düzümleýin taslamalaryň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurluşygynyň ilerledilmegine aýratyn ygrarlydygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem ýurdumyz ynsanperwerlik ugry boýunça Owganystan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Köp sanly owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, okuwlaryny tamamlanlar bolsa Owganystanyň dürli döwlet edaralarynda zähmet çekýärler we şunuň bilen hem ýurduň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

2020 — 2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan doganlyk ýurda durmuş maksatly ençeme desganyň gurluşygyny amala aşyrmak arkaly hem kömek berýär. Hususan-da, türkmen tarapy Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bäbekhanany gurup, ulanmaga berdi. Ýakyn wagtda bolsa Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda gurlan 500 orunlyk metjidiň açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Maslahatda getirilen şu mysallar oňa gatnaşyjylar tarapyndan parahatçylyga, durnuklylyga hem-de durnukly ösüşe tarap ynamly gadam basýan Owganystana goldaw bermek işinde köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna çagyryş hökmünde kabul edildi.

Şu gün ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen wideoaragatnaşyk boýunça guralan iş maslahaty 2021-nji ýylyň Iş meýilnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli syýasy ugry, onuň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinmegi BMG bilen özara gatnaşyklaryň aýratyn netijeli häsiýetini kesgitledi.

Häzir bu abraýly guramanyň esasy agentlikleri hem-de düzümleri Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda uzak möhletleýin, strategik hyzmatdaşlar bolup durýar.

BMG-niň wekilleri geljek ýyl üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de esasy çäreleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, türkmen tarapynyň uly işleri geçirýändigini hem-de ynamly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga netijeli çemeleşýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle başlangyçlarynyň geljekde hem täze bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirildi. Olar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädime öwrülip, biziň ýurdumyz şol maksatlary dünýäniň ilkinji döwletleriniň hatarynda milli derejede uýgunlaşdyrdy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan wideomaslahat görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary üçin balyk hojalygy we akwamedeniýet boýunça sebit toparynyň Tehniki maslahat beriş komitetiniň bäşinji mejlisine gatnaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň barşynda balyk tutmak üçin howanyň üýtgemeginiň täsirine köpýyllyk gözegçilikleriň netijeleri hem-de şolary ýumşatmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, pudak dünýäniň köpelýän ilaty üçin azyk önümlerini, netijede, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Howanyň üýtgemegi balyk hojalygyna ýaramaz täsir edýär, şol sanda deňiz suwunyň temperaturasynyň üýtgemegi, adatdan daşary howa hadysalarynyň döremeginiň ýygylygy we tizliginiň artmagy bilen baglylykda, ekologiýa hem-de durmuş-ykdysady meseleleri ýüze çykýar.

Degişli ýagdaýda içerki derýalary we howuzlary, balyk ösdürip ýetişdirmek üçin emeli suw howdanlaryny oýlanyşykly peýdalanmak balyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga ýardam eder. Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz sebiti Aziýa we Ýewropa bazarlarynyň arasynda ýerleşýär. Şonuň üçin FAO bu ýerde akwamedeniýet pudagyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda balyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Balygy senagat möçberinde köpeltmek maksady bilen, ähli welaýatlarda emeli suw howdanlaryny gurmak, balyk inkubatorlaryny döretmek, balygy gaýtadan işleýän hem-de dürli balyk önümlerini öndürýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň innowasion taslamasy howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň mysalydyr.

Özboluşly gidrodesganyň kenarynda döwrebap obalaryň gurulmagy çöllük ýerleri özleşdirmäge itergi berip, bu ýerde balykçylygy ösdürmäge mümkinçilik döreder. Munuň üçin eýýäm esas goýuldy. Häzirki wagtda ekologlaryň maglumatlaryna görä, “Altyn asyr” Türkmen kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşiniň, şol sanda köpçülikleýin awlanylýan görnüşleriniň bolmagy abadan ekologiýanyň, ekoulgamyň durnuklylygynyň görkezijisi bolup durýar.

Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistan Hazaryň gurşawynda deňiz balyk serişdelerini aýawly saklamak, balykçylyk işini düzgünleşdirmek işinde Hazarýaka ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazar deňziniň suw, biologiýa serişdelerini goramak hem-de rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk işlenip taýýarlanyldy we oňa gol çekildi.

Ýurdumyz degişli ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmak bilen, gatnaşyklaryň yzygiderli, toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin, şol sanda BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ähli tagallalary edýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük okuw maslahaty nebitgaz pudagynda ekologiýa dolandyrylyşy hem-de daşky gurşawy goramak baradaky meselä bagyşlandy.

Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ýurdumyzyň birnäçe beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşýan onlaýn okuw maslahatynyň esasy maksady energetika ulgamynda ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamak babatda ÝHHG-ä agza döwletleriň tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýyl rejelenen görnüşi kabul edilen Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky tapgyryny alamatlandyrandygy bellenildi.Bu möhüm resminama BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde” beýan edilen Durnukly ösüş maksatlary hem-de ýurdumyzyň goşulyşan howanyň üýtgemegi barada Pariž Ylalaşygy nazara alnyp, işlenilip taýýarlanyldy.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwleti bolan Türkmenistan nebitgaz senagatyny kämilleşdirmäge hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, kärhanalary döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze tehnologik gurnamalary ýaly taslamalar halkara bilermenler tarapyndan durmuş-ykdysady we ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary netijeli diýlip ykrar edildi.

Innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, bu desgalar gowulandyrylan ekologiýa häsiýetli halkara kadalara hem-de ölçeglere kybap gelýän ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümleriniň çykarylmagyny üpjün edýär, zyýanly galyndylaryň daşky gurşawa bölünip çykmagynyň derejesini azaltmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem hapalaýjy maddalaryň bölünip çykýan möçberine gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullaryny, uly nebit hem-de gaz geçirijilerinde, gaz paýlaýjy ulgamlarda syzmalary we akymlary ýüze çykarmak üçin awtomatik ulgamlary peýdalanmak, nebit känlerinde ugurdaş gazlary we önümçiligiň galyndylaryny gaýtadan netijeli ulanmak we beýlekiler nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan çäreleriň toplumyna girýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýa işlenilip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki okuw maslahatyna gatnaşyjylar beýleki ýurtlar, şol sanda zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda iň oňat çemeleşmeler we tejribeler üstünlikli synag edilip görlen Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

Şu gün ýurdumyzyň bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşdäki iş duşuşyklary boldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň hünärmenleri halkara bilermenler bilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan bu resminama degişli ugurda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň esasy düzgünlerini we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasynyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup, çaganyň irki ösüşi bilen bagly meselelere örän netijeli çemeleşýändigini dünýä bileleşigine görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu meselede netijeli pikir alyşmaga hem-de täze ylmy işleri özleşdirmäge ýardam edýän iş duşuşyklary, maslahatlary we seminarlary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Bellenilişi ýaly, ÝUNISEF bilen özara gatnaşyklaryň bu milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam edýändigi bellenildi. Şonuň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleri çaganyň irki ösüşi hem-de çagany mekdebe taýýarlamagy gowulandyrmak babatda täze usullary ornaşdyrýarlar, innowasion tehnologiýalary giňden özleşdirmegiň, bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmagyň, çagalary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hasabyna mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirýärler.

Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň, Aşgabadyň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işgärleriniň, ÝUNISEF-niň bilermeniniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýokary hilli bilim bermek boýunça 2020-nji ýyl üçin meýilnamany amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerine we ýörelgelerine eýermek bilen, mümkinçilikleri çäkli bolan çagalary goldamaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Munuň üçin hukuk kepillikleri, ykdysady we durmuş çäreleri görülýär. Halkara bileleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda degişli ugurda Türkmenistanyň geçirýän syýasatyna ýokary baha berýär.

Iş duşuşyklaryna gatnaşyjylar ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek meseleleri boýunça özara peýdaly pikir alyşmalary dowam etmek babatda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

DT: Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny ýakyndan 'synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'
DT: Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar
DT: ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri
DT: 'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
DT: Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Dilçi: Adam daşary ýurt dillerini öwrenip, täze dünýäleri açýar - DT
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm) - DT