Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet we Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de BMG-niň ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda Meýletin milli synyň taýýarlanylyşy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şu meýilnama laýyklykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda özara hereketleriň binýadyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak babatda degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Bu taslamany 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biridigini belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli hem-de toplumlaýyn häsiýetde alyp barýandygyny nygtady.Maksatlaryň esasy ugurlary hem-de görkezijileri döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ulanylýar. Şolar eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de üstünlikleri dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär.Bitarap Türkmenistan BMG-niň möhüm Konwensiýalarynyň we resminamalarynyň ençemesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.
Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygyny belläp, döwletimiziň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady hem-de dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmeleriň wajypdygyny belläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek, pudagyň eksport kuwwatyny berkitmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumlarynyň önümlerini dünýä bazarlaryna işjeň ugratmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleri esasynda çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek maksady bilen senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Dokma senagatynda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde dokma pudagynyň innowasiýa taýdan ösdürilmeginiň bellenilen meýilnamalaryny we taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýedir hem-de ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynda möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halk Maslahatynda dokma pudagyny ýurdumyzda öndürilýän ähli pagta süýümini doly gaýtadan işlemäge çaltlandyrylan depginde geçirmek baradaky kabul edilen çözgütlere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda oňyn tejribe toplan, kämil senagat tehnologiýalaryna we işläp taýýarlamalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Marynyň döwlet elektrik bekediniň binýadynda utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik bekedinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan döwlet elektrik beketlerinden tapawutlylykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen bu beketde ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylýar.
Elektrik bekediniň kuwwaty 1574 megawatta barabardyr.Bu ýerde her biriniň kuwwaty 263,25 megawatt bolan 4 sany gaz turbinasy hem-de her biriniň kuwwaty 260,5 megawatt bolan 2 sany bug turbinasy oturdyldy.
Olar Amerikanyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasynyň önümleridir.Iki gurnamanyň sazlaşygy goşmaça elektrik energiýasynyň önümçiligini üpjün edýär.Elektrik bekedi dolulygyna kompýuterleşdirildi.Bu bolsa bekediň dolandyryş merkezinden ähli tehnologik ulgama netijeli gözegçiligi üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalaryň, senagat önümçilikleriniň gurulmagynyň, şol bir wagtyň özünde ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň elektrik energiýasynyň ygtybarlylygyny talap edýändigini belledi.
Bu bolsa pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň zerurdygyny ýüze çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Marynyň döwlet elektrik bekediniň işi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu desganyň işiniň doly kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Munuň özi içerki sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan isleglerini durnukly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurt bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.Milli Liderimiz energiýa geçirijilerini köpugurly esasda ösdürmegiň, täze köpşahaly geçirijiler düzümini döretmegiň energetika hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek üçin möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde energiýa çeşmelerine bolan deňhukukly, bökdençsiz we kepillendirilen elýeterlilik meseleleriniň tutuş dünýäde giň gerime eýe bolýandygyny belläp, şu maksat bilen, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli netijeli başlangyçlaryň öňe sürlendigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde täze serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagynyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Milli Liderimiziň garamagyna Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda, H.Ýasawy köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary gurmagyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şäheriň inžener-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de şolaryň ýerleşjek ýeri bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ýaşaýyş jaýlary gurlanda milli binagärlik tejribesinden ugur alynmalydyr, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde türkmen halkyna mahsus ýörelgeleriň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, şolaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we şu meseleler bilen baglanyşykly ähli wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda-ykdysady toplumda hem-de telekeçilik ulgamynda işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň kuwwatyny artdyrmak babatda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hususan-da, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny artdyrmak, ilaty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň güýji bilen eziz Diýarymyzda öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, ösümlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça kärhanalar gurulýar. “Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar.
Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumyna zerur iým öndüriler.Bu desgalary geljek ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektar giňeltmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini çykarýan, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň ýokary depginde ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi.
Bu babatda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir, munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň tebigat-howa şertlerinde öňdebaryjy işläp taýýarlamalara hem-de ýokary tehnologiýalara esaslanmak arkaly, obasenagat toplumynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň gerimini giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanda günebakar ýagyny öndürmek teklibini makullap, bu ekiniň ýurdumyzyň tebigat-howa şertlerinde ýetişdirilmegi üçin has netijeli görnüşini saýlap almagyň, bu ugurda düýpli ylmy esaslandyrmalaryň zerurdygyna ünsi çekdi, daýhan-kärendeçileriň we ekerançylyk hojalyklarynyň mümkinçiliklerini doly herekete girizmek babatynda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Maslahata dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenleriň, şol sanda ulag kompaniýalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Maksatnama laýyklykda, maslahatyň işi iki plenar mejlisinden ybarat bolup, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde döwletara hyzmatdaşlygyň orny”, “Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistika kompaniýalarynyň ähmiýeti”, “Infrastruktura we ulag mümkinçilikleri”, “Multimodal daşamalar hem-de onuň dolandyrylmagy” ýaly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar guralar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda sergi geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy möçberdäki ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny, şol bir wagtyň özünde bu ugurda birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz dürli derejede, aýratyn-da, halkara guramalaryň çäklerinde geçirilýän maslahatlarda häzirki we geljekki nesiller üçin ähmiýetli bolan möhüm meseleleri öňe sürýär.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde halkara ulag-aragatnaşyk ugrunyň möhüm bölegini emele getirýän demir ýol we awtomobil köprüleri ýaly inženerçilik desgalary, ulag ulgamynyň täze düzümleýin binalary yzygiderli gurulýar.
Bu desgalar Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän sebit we sebitara ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ony netijeli peýdalanmagyň ýolundaky möhüm ädim bolup durýar.Ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň bir bitewi ykdysady düzüme goşulyşmagyna mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan etmäge, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen bu maslahaty geçirmek barada degişli Buýruga gol çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Häzirki wagtda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň garamagynda döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň 7-si hem-de hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 16-sy hereket edýär, şolaryň işleri türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary baý milli mirasymyz hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe baha bermäge, ýurdumyzyň taryhy we tebigy ajaýyplyklaryny giňden wagyz etmek esasynda içerki we daşarky syýahatçylyk ugurlary boýunça işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek hem-de daşary ýurtlara syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň internet-saýtlary peýdalanylýar.
Bu ugur boýunça işler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň wekilleriniň iri halkara sergilere, maslahatlara, beýleki duşuşyklara, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy milli syýahatçylyk mümkinçilikleri daşary ýurtlarda wagyz etmek boýunça işleriň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýar.
Mundan başga-da, işewürlik duşuşyklarynda we gepleşiklerde tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär.Pudagyň öňünde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen şu ýyl Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Ispaniýanyň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikler geçirildi.
Syýahatçylyk ugurlarynyň täzelenilmegi bilen bir hatarda, bu ulgamda hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, şeýle hem Syýahatçylyk ýolbeletleriniň birleşikleriniň Bütindünýä federasiýasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda täze açylan ugurlarda syýahatçylyk ýolbeletlerini taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär, okuwlary tamamlanlara halkara güwänamalar gowşurylar.
Merkezi Aziýada sebitiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 15-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 17-nji ministrler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň “JICA” Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň arasynda iki ýurduň syýahatçylyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek babatynda gepleşikler geçirildi. Ýapon tarapy “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän okuwlary dowam etmek, şonuň çäginde syýahatçylyga aýratyn üns bermek hem-de Ýaponiýada iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramak baradaky teklibi beýan etdi. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň syýahatçylary üçin syýahatçylyk ugurlarynyň tapgyrlaýyn işleri dowam etdiriler, şunda aýry-aýry adamlar üçin hem syýahatçylyk gezelençlerini hödürlemek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň işlenip taýýarlanylýan maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamda peýda bolýan täzelikleri hasaba almak bilen, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk ulgamlarynyň döredilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, ýurdumyza innowasiýa tehnologiýalaryny giňden çekmegiň we milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Milli Liderimiz bu ulgamyň bütin dünýäde iň girdejili ugurlaryň biridigini belläp, ýurdumyzyň täsin taryhy ýadygärlikler we medeni desgalar, beýik şahsyýetler bilen bir hatarda, syýahatçylary çekmek üçin saglygy dikeldiş mümkinçiliklerine hem eýedigini we şonuň doly möçberde peýdalanylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny wagyz etmek, häzirki döwürde täze görnüşde dikeldilýän gadymy halkara ýoluň ugrunda ýerleşýän ajaýyp ýadygärlikleriň üsti bilen täze syýahatçylyk ugurlaryny guramak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleri ýene bir gezek içgin seljermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalary bilen işleri utgaşdyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň kuwwatyny wagyz etmek üçin halkara forumlaryň açýan mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, dünýä syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, ulgamda alymlaryň hem-de hünärmenleriň arasynda tejribeleri alyşmak, sagaldyş-dikeldiş we dynç alyş ulgamynda iň täze gazanylanlary ornaşdyrmak esasynda işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamynda alnyp barylýan işler, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisinde bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw işi ulgamlaryny ösdürmegiň kabul edilen Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde pudaklaýyn düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çözgüdiň zerurdygyny nygtady.
Ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek, adam mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ileri tutulýan wezipesidir.Döwlet Baştutanymyz bilim edaralarynyň, beden we aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekip, täze orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynda degişli desgalaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ýakynlygyny nazara almagyň möhümdigini aýtdy, munuň özi çagalaryň degişli bilim edaralaryna erkin barmagyna ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol desgalaryň bildirilýän talaplara laýyklykda bina edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada hasabat berdi. Şu günler ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda degişli ideg işleri — ilkinji ösüş suwuny tutmak we azotly dökünler bilen iýmitlendirmek, zerur bolan ýerlerde haşal otlara garşy göreş çärelerini ýola goýmak işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, “ak altyny” kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri ýaýbaňlandyryldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna önümçiligiň mukdaryny artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mundan beýläk-de oba hojalyk toplumynda zerur özgertmeleri geçirmegi, ýerlerde dolandyryşyň täze görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy, pudaga hususy ulgamyň wekilleriniň işjeň çekilmegi we telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi bilen bagly wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly tamamlamak, ak ekinlere degişli idegi üpjün etmek we ýaz ekişi möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda möhüm ugurlaryň ösüşi üçin amatly hukuk şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada habar berdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleri dowam edýär.Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ony milli hukuk tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, milli parlamentiň jemgyýetimiziň bähbidine kybap gelýän we döwletimiziň durmuş üpjünçiligini nazarlaýan syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk işiniň sazlaşykly ösdürilmeginiň wajypdygyny belledi.Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipe tutuş ilatyň bähbidini goramakdan, ýerlerdäki ýagdaýa oňyn täsir etmekden, adamlaryň kanuny hukuklarynyň ileri tutulýandygyny tassyk etmekden ybaratdyr.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.