23.11.2017 | Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär

Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar.Türkmenistanyň we Owganystanyň ykdysady, taryhy we medeni gatnaşyklary hem-de iki dostlukly goňşy ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrülen Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýol gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, haryt dolanyşygynyň hem-de ýükleriň üstaşyr geçirilmeginiň möçberleriniň artmagy Ähtnamanyň esaslary bolup durýar.

Täze resminama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümlerini giňeltmäge we gatnaşyklary, demir ýol ulgamynda ysnyşykly ulag hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilendir.Aslynda, bu şahanyň ýagaýyny nazara alyp, Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar, özi-de, dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Umuman, eltýän ýollar bilen birlikde, demir ýoluň 13 kilometrini çekmeli, döwrebap düzümi gurnamaly bolar.Munuň özi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer.

Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmak hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmek üçin has oňaýly usula eýe bolýar.Mysal üçin, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylda Turgundy bekediniň üsti bilen 13 müň 202 wagon ýük, 2017-nji ýylyň 10 aýynda 7 müň 886 wagon ýük daşaldy. Ýurtlarymyzyň ysnyşykly demir ýol düzümleriniň ösdürilmegi ugrundaky nobatdaky ädim ýakynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) kesgitlenen tekliplere laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletimiz bilen gatnaşyklara aýratyn üns berip, onuň durnukly ösmegi, sebit we ählumumy işlere doly bahaly goşulmagy, owgan topragynda pugta parahatçylygyň we ylalaşygyň dikeldilmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Owganystanda syýasy düzgünleşdirmäniň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly gazanmak mümkindigine bolan berk ynam türkmen tarapynyň eýerýän düýpli ýörelgesi bolup durýar.Owganystan üçin onuň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi esasy meseledir.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady taýdan ösüş, täze iş orunlarynyň döredilmegi, giň durmuş maksatnamalaryň berjaý edilmegi, durmuş hal ýagdaýynyň, adamlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy bularyň ählisi ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir edýär, günortadaky goňşy döwletde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalanmagyna ýardam berýär diýip hasaplaýar.

Bu ýurduň syýasy taýdan durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan dikeldilmeginiň möhüm ýagdaýy owgan tarapynyň gatnaşmagynda, hususan-da, energetika we ulag ýaly durmuş taýdan möhüm ugurlarda gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýene-de beýleki uly möçberli taslama Türkmenistandan Owganystana demir ýoluny çekmek bolup, onuň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy geçen ýylyň güýzünde tamamlandy.

Häzir taraplar Owganystanyň çäginde polat ýolunyň gurluşygyny dowam etmek meselesi boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.Geljekde bu demir ýoluny Täjigistan bilen serhede çenli dowam edip, ony Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bölegine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Bu taslama Owganystany sebitiň ulag ulgamynyň esasy düzüm bölegi hökmünde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak mümkinçiligi bilen umumy işlere goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu ýurduň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligi döreýär. Şeýle hem şol babatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmegiň geljegi uly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýatlanyp geçilen RECCA VII maslahatynda degişli bäştaraplaýyn ylalaşygyň eýýäm gol çekilmäge taýýardygy habar berildi. Şeýle hem demir ýollaryň, awtoýollaryň gurluşygy bilen birlikde elektrik geçirijileriň hem çekilýändigini bellemek gerek.

Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary nazara alyp, Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmaga taýýar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanyň elektrik energiýasyny alýan ýurtdan ony üstaşyr geçirýän hem-de ondan gelip çykýan oňyn netijeler bilen birlikde sebitiň energetika ulgamyna gös-göni gatnaşýan ýurda öwrülmegini aňladar.

Sebitde energiýa howpsuzlygyny durnuklylygy pugtalandyrmak barada Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslama hem uly ähmiýete eýedir. Ähtnama şu günki gol çekmek dabarasynda owgan tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, Owganystan Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar hoşniýetli özara hereketleriň nusgalyk göreldesi bolup, diňe iki ýurduň däl, eýsem, ondan has giň möçberlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär.

Goňşy döwletiň wekilleri Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ýagdaýlary parahatçylyk ýollar bilen düzgünleşdirmek meselelerinde işjeň orun eýeleýändigi we ägirt uly goşandy üçin Türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýangyç-energetika toplumyndaky, elektroenergetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky iri taslamalaryň wajypdygyny nygtadylar. Şol taslamalar sebit we dünýä möçberinde umumy maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Dabara gatnaşyjylar, şeýle hem RECCA-nyň Aşgabat mejlisiniň ähmiýetini bellediler, ol sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Şu gün gol çekilen Ähtnamanyň işlenip taýýarlanmagy hem şol mejlisiň netijesi boldy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek, bu ýurda nebit önümlerini getirmekden başlap, owgan gök önümlerini hem-de miwelerini, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary we beýleki harytlary eksport etmäge çenli dürli önümleriň iberilmeginiň we ýük dolanyşygynyň artdyrylmagynyň netijesinde kiçi we orta işewürligiň tutýan ornuny güýçlendirmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, Owganystanyň ulag ulgamy çatyrykdaky serhetýaka Turgundy bekediniň üsti bilen Türkmenistanyň demir ýol ulgamyna birikdiriler.

Ol bolsa üçünji ýurtlara çykmaga ýol açýar.Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-logistika strategiýasyna laýyklykda sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
29.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi
Sebitara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
08.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi