Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň, bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmak arkaly maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işleriň dowam etdirilmegini işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we okgunly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredildi, telekeçiler döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz maýa goýmagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň, döwletiň we hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny kemala getirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumynyň Zäkli — Derweze gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň gurluşygynyň taslamasy barada habar berildi.Türkmengaz döwlet konserni tarapyndan Singapuryň GP Global Equipment Pte Ltd kompaniýasy bilen bilelikde guruljak bu desgany 2022-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Munuň özi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň we iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlar boýunça ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Singapura boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda dostlukly ýurduň işewür düzümleri bilen degişli ylalaşygyň gazanylmagy Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik we eksport kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň düzümleýin desgalarynyň ählisiniň döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidigini nygtady. Şolar eksport energetika ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň gaýtadan işleýän kärhanalaryna iberilýän çig malyň ýokary hilli taýýarlanylmagyny üpjün etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, resminamany wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow şu ýylyň 29 — 31-nji awgustynda geçiriljek Türkmengurluşyk — 2019 atly halkara sergä hem-de Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi atly maslahata görülýän taýýarlygyň barşy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Bu çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Giň gerimli sergide gurluşyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary, üstünlikleri we ägirt uly kuwwaty öz beýanyny tapar.Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary halkara bazarda ilerletmäge aýratyn üns berler.Maslahatyň gün tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri, pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meseleleri giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ykdysady kuwwatynyň onuň önümçilik serişdeleriniň artdyrylmagynyň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna pugtalandyrylýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin şu serginiň we maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere şolary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Dünýäniň dürli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Singapur Respublikasy hem bar.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde döwletara gatnaşyklaryň täze ösüşe eýe bolandygy bellenildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ilkinji gezek şol bir wagtda ýurdumyzyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. 2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda Singapur Respublikasy Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýar. Öňümizdäki döwlet saparynyň degişli maksatnamasy taýýarlanyldy.Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny nygtady.
Innowasion ösüşe we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, ylym bilen bagly öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty nazara almak bilen, häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Singapur Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.
Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz türkmen-singapur gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasy goýmaga ýardam etjek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz M.Atajanowy Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu instituta Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary ösdürmekde, deňiz ylmy barlaglaryny geçirmekde, degişli halkara-hukuk we milli resminamalary, usulyýet maglumatlaryny taýýarlamakda möhüm orun degişlidir.
Hazar bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda aýratyn orun eýeleýär.Bu ugurda ýurdumyz, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak bilen, deňhukukly köpugurly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli strategiýany durmuşa geçirýär.
Döwlet Baştutanymyz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini hem-de täsin ekologiýa ulgamyny aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryny rejeli ulanmak ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.Türkmenistan bu ulgamda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, kenarýaka ýurtlar we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda wajyp wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri teklip edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hazarda hil taýdan täze gatnaşyklary kemala getirmek işinde işjeň orny eýeläp, gazanylan ylalaşyklary hem-de kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýändigini we şu strategik sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyny belledi.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça şu aýda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Hazar deňzi institutynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň, onuň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, milli senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek arkaly onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, şolaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurda degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Şeýle hem iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrmak arkaly bu pudaklaýyn önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatynyň ileri tutulýan meselelerine ünsi çekdi.Pudagy depginli ösdürmek üçin zerur çig mal binýady hem-de döwrebap önümçilik düzümleri bilen birlikde, ägirt uly kuwwat bar. Şol düzümleriň ösdürilmegine iri maýa goýumlar gönükdirilýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pudagyň öňünde goýlan möhüm wezipeler hereket edýän kärhanalary has-da döwrebaplaşdyrmakdan we öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň esasynda işleýän täze kärhanalary döretmekden, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmagyň mukdaryny artdyrmakdan, görnüşlerini we eksport edilişiniň çäklerini giňeltmekden, maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ekin meýdanlaryny artdyrmak barada çözgüt kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýetişdirilýän ak altynyň ähli hasylyny ýurdumyzda gaýtadan işlemelidigini we dünýä bazarlaryna alyjylaryň ýokary isleginden peýdalanýan taýýar önümleri ibermelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere bu ugurdaky maksadalaýyk işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady we binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmek, şol sanda onuň täze dolandyryş merkezini döretmegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol taslama boýunça jemgyýetçilik binalaryny, dürli gatly ýaşaýyş jaýlaryny, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Bu giň gerimli durmuş maksatly taslamanyň konsepsiýasy täze şäherde onuň ýaşaýjylary üçin amatly şertleriň döredilmegini, ony ösdürmek üçin has oňaýly ykdysady şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu taslamada Döwlet adam üçindir!diýen şygarda öz beýanyny tapan syýasatyň esasy pikiri aýdyň we ynamly ornaşmalydyr.Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamany ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklary berip, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurulmagynyň Türkmenistanyň durmuşynda taryhy waka bolup, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatyň ähli ilatyny degişli Kararyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Soňra wise-premýer täze okuw möwsüminde okuwçylar üçin zerur harytlaryň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan söwdasy barada habar berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan 1-nji awgustdan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrap merkezlerinde hem-de paýtagtymyzda jemi 475 sany söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň we esbaplarynyň satuw-söwdasy guraldy.
Olar jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda merkezlerinde, dükanlarda, bazarlaryň ýanaşyk ýerlerinde we göçme söwda nokatlarynda hereket edýär.Okuwçylaryň we talyplaryň okuw esbaplaryna, ýörite egin-eşiklere, aýakgaplara, sport, sazçylyk, suratkeşlik we beýleki harytlara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzyň haryt öndüriji kärhanalary, hususy telekeçiler bilen şertnamalary baglaşmak esasynda köp sanly haryt görnüşleri gündelik zerur bolan möçberlerde üpjün edilýär. Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen-singapur işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, bu forum Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde guralar. Şeýle hem şol ýerde duşuşyga gatnaşyjylary ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.
Işewürler maslahatyna Singapuryň nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalyk hem-de azyk senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallaryny, senagat enjamlaryny öndürýän hem-de gämi gurluşyk kompaniýalarynyň, ulag we aragatnaşyk, söwda hem-de bank ulgamlarynda iş alyp barýan, elektron programma üpjünçiligini we inženerçilik hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan tarapyndan degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Forumyň barşynda singapur tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, söwda we maýa goýum syýasaty bilen tanyşdyrylar.
Aragatnaşyk, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda sanly ykdysadyýete geçmegi, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmek, Singapuryň işewürlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrmak göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň çäklerinde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda sorag-jogap alyşmak we ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak işewürler maslahatyny geçirmek barada görkezmeleri berip, şeýle duşuşyklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini hem-de giňeldilmegini, Türkmenistanyň maýa goýum we eksport kuwwatynyň dünýä jemgyýetçiligine görkezilmegini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça taslamalara badalga berilmegini ugur edinýändigini belledi.
Hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalary üçin hut hünär derejesinde esas döredilýär diýip, döwlet Baştutanymyz milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda we türkmen harytlaryny daşarky bazarlara, şol sanda Aziýanyň bazarlaryna ibermekde ýurdumyzyň telekeçilerine uly ornuň degişlidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň hemme okuw mekdeplerinde bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi hem-de olaryň ählisi zerur enjamlar we esbaplar bilen üpjün edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, dünýä tejribesi nazara alnyp, orta mekdepleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalary kämilleşdirildi.
Umumybilim berýän mekdepleriň ähli synplary okuw kitaplary bilen üpjün edildi — täze okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 115 görnüşi neşir edildi. 15 — 17-nji awgust aralygynda etrap hem-de şäher derejelerinde mugallymlar üçin usuly-amaly okuwlar, 19-njy awgustda bilim işgärleriniň etrap we şäher, 21-nji awgustda Aşgabat şäher hem-de welaýat maslahatlary geçirildi. 24-nji awgustda paýtagtymyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahaty geçirmek meýilleşdirildi.
Giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýekşenbe güni, 1-nji sentýabrda ir säher bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi meýilleşdirilýär, şonuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça aýdym-sazly görkezme çykyşlary bolar. Şeýle hem şol gün Aşgabat aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçiriler. 2-nji sentýabrda mekdep okuwçylary we talyplar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýmak dabaralaryna gatnaşarlar.
Orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan dabaraly nyzamlar geçiriler.Bilim edaralarynda ilkinji okuwlar Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýen şygar astynda geçer.Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna, Garaşsyzlygyň 28 ýyly içinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanýar.
Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synp okuwçylaryna milli Liderimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, bilim hem-de terbiýeçilik işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirip bilmegi, aň-düşünje mümkinçiligini artdyryp bilmegi, öz ukyplaryny we zehinlerini amala aşyrmagy üçin hemme şertleri döretmek baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda amala aşyrylýan işler hem-de öňümizdäki baýramçylyklara we şanly senelere gabatlanyp geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna guraljak döredijilik çärelerine hem-de ýylyň jemleri boýunça medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini sylaglamak dabarasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak çäresine taýýarlyk görülýändigi habar berildi. 24-nji awgustda Türkmeniň Altyn asyry atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýän Ýaňlan, Diýarym!
telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler, sentýabr aýynda bolsa zehinli çagalaryň Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşiginiň jemi jemlener.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmak hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmegini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralaryny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz sentýabr aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleri geçirmek, şol sanda döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde şolaryň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary derejede geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Şol çärelerde mähriban halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary we jebisligi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwaty aýdyň beýanyny tapmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni diplomatiýanyň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler ýerleri, tohumlary, enjamlary, tehnikalary we abzallary bugdaý ekişine taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.
Möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmek üçin ýerlerde ýörite toparlar döredilýär.Gowaçanyň hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ak altyn möwsümini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek barada beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, şu möwsümde ýygnaljak hasyly pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de harmanhanalaryň 157-si kabul eder.
Pagta ýygýan kombaýnlaryň 923-si, ýygnalan hasyly daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 1 müň 867-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 877-si ulanylar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy möwsümini has amatly möhletde geçirip, hasylyň doly saklanylmagyny üpjün etmelidigini aýtdy hem-de wise-premýerden ýygymyň barşy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine yzygiderli üns bermegi talap etdi. Şonuň netijeleri obasenagat toplumynda hereket edýän ähli düzümleriň işine beriljek baha bolar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ösdürip ýetişdirmekde, bu ekiniň hasylyny ýokarlandyrmakda ylmy usullary peýdalanmak hem-de ýakyn wagtda başlanjak ekiş möwsümine meýdanlary ýokary hilli taýýarlamak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň kanunçylygy has-da kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.Häzirki wagtda administratiw, arbitraž, jenaýat iş ýörediş kanunçylygy, adwokatlyk işi, adam hukuklary we azatlyklary, durmuş syýasaty, daşky gurşawy goramak meselelerine hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki wajyp ugurlaryna degişli kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işler alnyp barylýar.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, degişli ministrliklerden gelip gowşan teklipler esasynda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, syýahatçylygy ösdürmek, ösümlikleri goramak bilen baglanyşykly kanunlara seljerme işleri geçirilip, şolara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça hukuknamalaryň uly toplumy taýýarlanylýar.
Parlamentiň degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň resminama binýadyny taýýarlamak boýunça geçirýän işleriniň barşy barada habar berildi.Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumat beriş-düşündiriş işlerini geçirýändikleri, ilata Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň, täze kanunçylyk namalarynyň, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini düşündirýändikleri-de bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmakda, durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň möhüm ornuny belläp, deputatlar düzümini kanun çykaryjylyk işinde öňdebaryjy halkara tejribäni ulanmaga ugrukdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisiniň maksatnamasynyň we degişli resminamalarynyň üstünde düýpli işlemegiň hem-de umumymilli forumy iň ýokary derejede geçirmek üçin ähli guramaçylyk meselelerini çözmegiň zerurdygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň netijelerini jemläp, hökümet agzalaryna degişli tabşyryklary berdi, ýakyn geljek üçin maksatlaýyn wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi hem-de munuň ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň bu döwlete ilkinji saparydygyny, şoňa görä-de, onuň Türkmenistanyň Açyk gapylar syýasatyny has-da öňe ilerletmäge, Günorta — Gündogar Aziýanyň bu döwleti bilen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etmelidigini belledi. Öňde boljak şanly senelere hem-de şöhratly baýramçylyklara, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge toplumlaýyn taýýarlyk görülmegi babatda hem anyk tabşyryklar berlip, wezipeler anyk kesgitlenildi.
Halk Maslahaty Türkmenistanyň durmuşynda möhüm syýasy wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu forumyň çözgütleriniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berjekdigini belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.