23.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.Döwlet Baştutanymyz wideoaragatnaşyk boýunça, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy çagyrdy.

Wise-premýer orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga bilim ministri M.Geldinyýazow hem çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar.

Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar. Şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleri bilen ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň uçurymlaryny işe ýollamak hakynda Düzgünnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykdy.

Bu ugurda daşary ýurtlaryň tejribesi öwrenildi.Hususan-da, orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara ikiýyllyk işe ýollanylýar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere hem-de bilim ministrine geljegi nazara almak bilen, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi boýunça hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy hadysalaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmaga jogapkärli we düýpli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, ady agzalan maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy.Bu ulgam döwlet dolandyryş düzümini onuň ähli derejelerinde birleşdirýär, bu bolsa hökümet edaralarynyň hem-de ýerlerdäki dolandyryş merkezleriniň özara gatnaşyklaryny çaltlandyrýar. 21-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen iş maslahatynda häkimler maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen döwlet Baştutanymyzyň welaýatlarda ýolbaşçylary wezipelere bellemek hakynda resminamalary dessine aldylar. Şu gün bolsa milli Liderimiziň döwlet durmuşynyň käbir meseleleri boýunça gol çeken hem-de sanly görnüşdäki resminamalarda berkidilen çözgütler bada-bat wise-premýerlere baryp gowuşdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýertitremeleriniň öňüni almak we täsirlerini peseltmek babatda ilatyň habarlylygyny gowulandyrmagyň hem-de degişli düzümleriň mümkinçiliklerini berkitmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy.Ministr ýolbaşçylyk edýän edarasynyň we onuň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça ikinji halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden hünärmenleriň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan forumy şu ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirildi. Ýokary derejeli maslahatyň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de degişli ugurda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek hem-de keselleri bejermekde ýöriteleşdirilen kömege elýeterliligi artdyrmak, lukmançylyk edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda, aýratyn-da, obalarda özgertmeleriň geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ilata lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmekde dünýä ylmyna, onuň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribä daýanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz ministre anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Petrotech — 2019 atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bu uly maslahata dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksadynda Türkmengaz döwlet konserniniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de dünýäniň energiýa ulgamyna depginli goşulyşmaga gönükdirilendigini nygtady.

Bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäniň beýleki döwletleri hem-de işewür toparlary bilen hoşniýetli erk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýöriteleşdirilen pudaklaýyn forumlara ähmiýetli orun berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly çäreleriň, ilkinji nobatda, tejribe alyşmak, maýa goýumlary hem-de täze tehnologiýalary çekmek, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Petrotech — 2019 atly halkara nebit we gaz sergisinde hem-de maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we köptaraply mümkinçiligini görkezmäge gönükdirilen iri möçberli milli sergi bölümimizi ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek babatda ýurdumyzyň başlangyçlary esasy ugurlar bolmalydyr. Şol başlangyçlar esasynda türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etjek täze energetika geçirijisi sebitiň ykdysady, möhüm durmuş we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine, diýmek, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna ýetmäge ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra wideoaragatnaşyk boýunça Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew çagyryldy.Ol nebitiň çykarylýan mukdaryny hem-de uglewodorod çig malynyň gorlaryny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze guýulary gurmak hem-de “ýerasty guýulary” düýpli abatlamak, ulanylýan känleriň önümliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň gerimi giňeldi. Şeýle hem geljegi uly nebitgazly täze meýdançalary ýüze çykarmaga gönükdirilen gözleg-barlag işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmennebit döwlet konserniniň buraw turbalary satyn almak barada baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek hakynda teklip hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şol maksatnamalar toplumyň senagat hem-de eksport kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işleri peýdalanmagyň esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewe käýinç yglan etdi.Hormatly Prezidentimiz Türkmennebit döwlet konserniniň buraw turbalary satyn almak barada baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi.

Karar şol bada elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýer M.Meredowa ugradyldy.Soňra wideoaragatnaşyga Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew çagyryldy.Ol TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmengaz döwlet konserniniň alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, M.Arçaýewden bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi, ýurdumyzyň halkara energetika bazarlarynda ornuny berkitmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gözegçilik edýän edaralary tarapyndan bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz şol birwagtda sanly wideoaragatnaşyga maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowy çagyrdy.Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de bahalary emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklip edilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bu meseläniň durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm düzüm bölegidigini belledi.Bu ugurda öz wagtynda netijeli anyk çäreleriň görülmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, kärhanalaryň girdejiligini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere we maliýe we ykdysadyýet ministrine degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny seljermegi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew çagyryldy.Ol bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek hem-de 2019-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak hem-de müşderilere menzilara hyzmat etmek ulgamlar hyzmatyny işjeň ornaşdyrmak arkaly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu babatda bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg edilýär, şol sanda maýsalara ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şular bilen birlikde, ýazda gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinleri ekiljek ýerler sürülýär we tekizlenilýär, pagta arassalaýjy kärhanalarda bolsa öňde boljak ekiş möwsümi üçin tohumlary taýýarlamak işleri dowam edýär.

Wise-premýer ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň döwlet toparlary tarapyndan taýýarlanylan teklipleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.Hususan-da, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we beýleki maksatlar üçin, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bolsa oba hojalyk we beýleki önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny amala aşyrmagyň, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak meselelerine, obasenagat ulgamyna hususy işewürligiň wekilleriniň çekilmegine ilkinji derejede üns berilmelidir.

Obasenagat toplumyny dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny peýdalanmaly, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, häkimliklere hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermäge degişli hödürlenen teklipleri oňlap, ýerleriň maksatlaýyn hem-de netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradow çagyryldy, ol oba hojalyk ýerlerini suwaryş suwy bilen durnukly üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hem-de ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin gyş we ýaz ygallaryny hem-de sil suwlaryny netijeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň hajatlary üçin zerur bolan ätiýaçlyklary döretmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw ýygnamak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz suwy rejeli peýdalanmak, suwarmagyň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagy, şeýle hem täze gidrotehniki desgalaryň, suw süýjediji desgalaryň hem-de arassa agyz suwuny öndürýän zawodlaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory M.Annanepesow, öz nobatynda, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohumyny, genofonduny has-da gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän seçgi-tohumçylyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri, halkara forumlary halkymyzyň iň gowy atçylyk däplerini ösdürmäge, ýurdumyzyň atçylyk we atçylyk sport mekdebiniň halkara atçylyk pudagyna işjeň goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.Bu ugurda amala aşyrylýan işler ylmyň häzirki gazananlaryny nazara almak bilen yzygiderli geçirilmelidir.Munuň özi geljekde hem ýyndamlygy we gözelligi bilen dünýä belli behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew radioelektron serişdeler we ýokary ýygylykly enjamlar hakynda Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Radioýygylyk spektri hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşinde aragatnaşygyň we telekommunikasiýanyň häzirki zaman ulgamlarynyň barha artýan orny nygtaldy.

Bu ulgama ýokary tehnologiýalar we iň täze işläp taýýarlamalar yzygiderli, işjeň ornaşdyrylýar.Hususan-da, öýjükli aragatnaşygyň we internetiň hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek, hilini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, şäher hem-de oba telefon beketleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Guramalary, kärhanalary, okuw mekdeplerini maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün etmegiň derejesi artýar.Ministrlikler we edaralar bilen bilelikde degişli Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şol Düzgünnama ýurdumyzyň çäklerinde radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň dolandyrylyşynyň we olara gözegçilik edilişiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, radioýygylyk spektorynyň Türkmenistanyň milli serişdesidigini, şoňa görä-de, ony oýlanyşykly we netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Ählumumy derejede informatizasiýalaşdyrmak we internetleşdirmek jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda düýpli özgertmelere getirer, köp işler awtomatlaşdyrylar.

Türkmenistanyň hojalygy dolandyrmagyň bazar ulgamyna geçmeginiň şertlerinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny sowatly peýdalanmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de ministre birnäçe tabşyryklary berdi.Soňra göni aragatnaşyga çagyrylan aragatnaşyk ministri B.Öwezow ýolbaşçylyk edýän ministrligindäki işleriň ýagdaýy, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary aragatnaşyk ulgamynda işleri ygtyýarlylandyrmagyň, aragatnaşyk serişdelerini hem-de hyzmatlaryny güwälendirmegiň, Türkmenistanyň gümrük serhedinden radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary geçirmegiň, elektrik aragatnaşyk ulgamynyň eýeleriniň hem-de aragatnaşyk hyzmatynyň milli operatorlarynyň arasynda gatnaşyklary sazlaşdyrýan umumy düzgünleri kesgitleýär.

Soňra Türkmenhowaýollary gullugynyň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işlerini kämilleşdirmek, hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýolagçylara hem-de ýük daşaýjylara howa menzillerindäki hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän howa menzilleriniň we düzümleýin desgalarynyň gurluşygy barada-da habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howa menzillerinde hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelmelidigini belledi.Täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyryp durmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, howa tehnikalary hem-de raýat awiasiýasy ulgamynyň tehnikalary üçin elektron ulgamlaryny işläp taýýarlamakda we öndürmekde ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Thales fransuz kompaniýasy bilen peýdaly innowasion işläp taýýarlamalar boýunça tejribe alşyp durmak zerurdyr.

Milli Liderimiz awia ulgamyny depginli ösdürmegiň möhümdigini belläp, welaýatlarda täze howa menzillerini gurmak işini çaltlandyrmagy talap etdi we edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew çykyşyny Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda dokalmaýan matalaryň (Spansleýs) önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Aşgabat dokma toplumynyň binýadyndaky önümçilik bölüminde ýylda 4 müň 200 tonna pagta süýüm galyndylary işlenilip, şonuň 250 tonnasyndan lukmançylyk we kosmetiki pamyk önümleri öndürilýär, galan bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Şunuň bilen baglylykda, galyndylary işlemek hem-de daşary ýurtlaryň önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli dokalmaýan matany öndürmek boýunça önümçilik bölümini döretmek barada teklip aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşen onlarça kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly kuwwatyna hem-de egsilmez çig mal serişdelerine eýe bolan dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategik wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de bu ugurlarda baý iş tejribä eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginlerini çaltlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimize 2019-njy ýylda ýurdumyzyň sement zawodlaryna zerur bolan demir magdan çig malyny gazyp almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sement önümçiliginiň gurluşyk serişdeleri senagatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleri güýçlendirmegi talap etdi hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Şol önümleriň esasylarynyň biri sementdir.

Hususan-da, milli Liderimiz gurluşyk serişdeleri senagaty pudagynyň kuwwatyny artdyrmaga, sementiň önümçiliginiň mukdaryny köpeltmäge hem-de daşary ýurtlara eksport etmäge aýratyn üns berilmelidigini belläp, wise-premýere gazylyp alynýan çig maly özleşdirmek we möçberini artdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew dürli desgalary gurmak üçin ýer böleklerini saýlap almak baradaky pudagara topary döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabat şäherini düzümleýin ösdürmek, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şäheri abadanlaşdyrmak, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin oňaýly şertleri döretmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Pudagara topar dürli ugurdan hünärmenlerden ybarat bolup, binagärlik-gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamagyň ähli meselelerine toplumlaýyn we yzygiderli esasda seredilmelidir.Toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, geljekki desgalary ekologiýa taýdan meýilleşdirmek, inženerçilik-tehnologik taýdan seljermek, bezemek we beýlekiler şol meseleleriň toparyna girmelidir.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň giň gerimli maksatnamasynyň göz öňünde tutulandygyny belledi.Täze wezipeler kesgitlenip, şolaryň üstünlikli çözülmegi ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen sazlaşykly ösdürmäge ýardam etmelidir.

Göz öňünde tutulan işler ýerine ýetirilende döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik düzümlerini döretmäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere desgalar gurlanda, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurulýan binalarda işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça energetika ministri Ç.Pürçekowyň hasabaty diňlenildi, ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmegiň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berdi.Geçen ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen, bu taslamany amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Çalik Holding A.Ş.

kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.Geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň döwlet we Hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda täze energo köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminamada täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana ugradyljak elektrik energiýasynyň möçberleri kesgitlenildi.Hasabatyň çäklerinde gurluşygyň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri güýçlendirmegi talap etdi hem-de ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Milli Liderimiz maýa goýumlarynyň çekilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.Taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny, ozaly bilen, Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylýan möçberini has-da artdyrmaga ýardam eder. Şol ýerde degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz ministrligiň ýolbaşçysyna işleriň möhletini we hilini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimow öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş we önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň giň gerimli gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda bina edilýän desgalaryň ygtybarlylygyny hem-de mäkämligini artdyrmaga, ekologiýa we seýsmik howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine möhüm ornuň berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň täze, toplumlaýyn meýilnamasy amala aşyrylanda, tizlikli ulag ýollaryny gurmagyň hem-de adamlaryň oňaýly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetini belledi. Ýol gurluşygy ulgamynda Türkmenistan innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ugur edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz ministr S.Selimowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli geçiriljek dabara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz bu ýoly gurmagy hususy kärhanalara — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynandy.

Milli Liderimiz bu iri taslamanyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýetini belläp, ony amala aşyrmaga badalga bermek mynasybetli geçiriljek dabarany ýokary derejede guramak barada görkezme berdi hem-de Türkmenistanyň üstaşyr-ulag düzüminde möhüm halka öwrüljek bu desganyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk boýunça Söwda-senagat edarasynyň başlygy O.Gurbannazarowy hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanowy çagyrdy.Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň aprelinde Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyran wagty gol çekilen iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Türkmen-özbek işewürler geňeşini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Iki ýurduň işewürler birleşmeleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, bilelikdäki maslahatlary we sergileri guramak bu geňeşiň esasy maksatlary bolup durýar. Şol çäreler türkmen önüm öndürijileriniň harytlaryny özbek bazarynda ýerlemäge hem-de telekeçiligi ösdürmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrine hem-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, dostlukly goňşy döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki taslamalar üçin has möhüm ugurlary kesgitlemegiň hem-de özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Häzir ýurdumyzyň işewürliginiň ykdysady kuwwaty onuň önümçilik serişdeleriniň artmagynyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlanýar.Milli Liderimiz döwlete dahylly bolmadyk ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda uly orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda baý tejribäniň toplanandygyny, onuň täze sepgitleri ugur edinýändigini belläp, söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa fewral aýynda geçiriljek çäreleriň we durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli fewral aýynda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary, sahna oýunlarynyň görkezilişini, wagyz-nesihat çärelerini, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyga birbada medeniýet ministri A.Şamyradowy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewi çagyrdy.Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynda işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda üstümizdäki ýylyň Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilmegi hem-de durmuş ähmiýetli desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara ünsi çekip, şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan hem-de dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzünde giňden ýaýmaga, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän medeni çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mertligi we edermenligi, ar-namysy hem-de Watana söýgini alamatlandyrýan bu mukaddes baýramçylyk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çagyryldy, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň depginli ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmek boýunça parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şu babatda milli Liderimiz ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň, şol sanda sanly ykdysadyýet maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda bu ulgamlaryň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady. Öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmek, şolary ornaşdyrmaga şertleri döretmek bu ulgamda biziň öňümizde goýýan baş maksatlarymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Hökümetleriniň arasynda gazanylan döwletara ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, dürli derejelerde geçirilýän açyk, deňhukukly hem-de dostlukly syýasy gepleşikler we yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.Ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda Türkmen-ýapon komitetiniň işine uly orun degişlidir, onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary hem-de dürli ugurlarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň sanawy kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygynda 21-nji ýanwarda iş sapary bilen Aşgabada gelen ýapon wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýetiň berilýändigini belledi. Şunda maýa goýum işini giňeltmäge aýratyn üns bermek gerek diýip, milli Liderimiz nebitgazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudaklarynyň, maliýe-bank toplumynyň, kiçi we orta telekeçiligiň we beýleki ugurlaryň ileri tutulýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanda Ýaponiýanyň ynsanperwer ulgamda öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak mümkinçiligini öwrenmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de suw we ekologiýa diplomatiýalary ýaly möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda hem-de beýleki halkara we sebit forumlarynda öňe süren halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, ýapon tarapy hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

Soňra wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 22-nji ýanwarda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň jemleri barada habar berdi.Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri girizildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Energetika Hartiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekip, soňky ýyllaryň dowamynda esasy energetika döwletleriň biri bolan ýurdumyzyň maksada gönükdirilen daşary syýasatyny amala aşyryp, dünýä bileleşiginiň bu strategik taýdan möhüm ulgamda howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde dürli döwletler bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk döwletleriň durnukly ösmeginiň, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri, Garaşsyz ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa şygary Türkmenistan — rowaçlygyň Watany bolan ýylymyzda gülläp ösüşleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

05.07.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
05.07.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi